16:57 Edebiýatyñ güýji / hekaýa | |
EDEBIÝATYŇ GÜÝJI
Hekaýalar
Awtordan: Käbir adamlar sähel kynçylyk zerarly dünýäden geçmegi saýlaýarlar, ýöne durmuş nähilem bolsa dowam edýär, geljegi görmek gerek; çünki, biziň dünýämiz üstünliklerden we täsinliklerden doly. I. Ol adam ýatan ýerinden iki gün ozal bolan zady ýadyna saljak boldy. Ýöne kellesiniň agyrsy zerarly kän bir pikir edip bilmedi, has dogrusy başarmady. Başarmaýan zadyny bolsa etmek hem islemedi. Dem dürsär salymdan soňra özüniň hassahanada ýatandygyny bildi. Özüni binjalyk duýdy. Duýmaýan elini, aýagyny hereket etdirjek boldy janykdy, emma ysgynsyz synalar ol zatlary etmän, hereketsiz ýatyrdy. Öz ýanyndan “gurşandyr, ýa-da gan aýlanşygymdandyr” diýip oýlady. Dünýäni ilkinji gezek görýän dek ýatan ýerinden daş-töweregini içgin göz bilen birlaý synlap başlady. Patalokdaky çyra seretmekden başga alaç tapmady. Az salymdan soň ýatan otagynyň gapysy emaý bilen kakyldy: Gir! — diýip, ysgynsyz adam ysgynsyz ýagdaýda gürledi. Sözleri hem özi ýaly ysgynsyz çykdy. Bar güýji bilen diýen sözüni hat-da özü-de zordan eşitdi. Şol pursat hem gapydan onuň aýaly bilen ýakyn dosty häzir boldy. Gelenler bilen ýatan hassa diňe dilden, gysgajyk hal-ahwal soraşdy. Bu ýagdaý üçin hiç kim ondan kine etmedi. Kine etmek mümkin-de däldi. Hal-ahwal soraşan dosty aýaly ikisini başa-baş goýmak niýeti bilen bir bahana tapyp oňa ýüzlendi-de:”rugsat sorap” otagdan çykyp gitdi. Ysgynsyz adam aýalyny hiç wagt görmedik ýaly gödeksi seredip, gözüniň ýiti garaýşy bilen ony iýäýjek bolýardy. Bu bakyş näzik, ak bedeni rugsatsyz gorkudan titredýärdi. Gerekmejek pikirleri zenan düşünjelerine getirip-äkidýärdi. Ýöne ähli hadysadan ysgynsyz adamyň özi hakdaky islegi güýçli bolup çykdy. Ysgynsyz adam aýalyna öňki nazaryny birjikde gowşatman, özi barada sorag bilen ýüzlendi. Ol: Maňa näm bolly, men bu ýerlere nädip düşdüm, men näçe gün bäri bu ýerde? — diýip, yzygider soraglar bilen özüniň güýjüni tüketdi. Soňra özüne zor salyp gürläni üçin yzygider hopugyp, uludan-uludan dem aldy, yzygider üsgürdi. Üsgürse-de üsgürdi welin bütin organlarynyň agyrsy ysgynsyz adamy mazaly awyndyrdy. Bu ýagdaý aýalyny gorkuzmanam durmady. Birdenem ysgynsyz adam aýalyna seretdi, onuň gözündäki iki düwme ýaşy gördi. Görmezlige saljak boldy, başarmady, çünki ol gözýaşda bir syryň bardygyny onuň gözünden aňdy: Näm bolly, nämüçin... gözüňde ýaş... uhhe uhe uuufff...—onuň bu gezekgi üsgürşi gaty gorkunçdy, onda-da ol sözüni dowam etmegi başardy — ýaş bar... seň gözüňde? Sözüni tamamlan dessine aýalynyň elinden tutjak boldy, ony hem başarmady. Muňa ysgynsyz adamyň gelen gahary dişini pugta gysmaga mejbur etdi. Ýumrugyny düwüp birzatlary ýumruklasy geldi. Aýalynyň bolsa, gözgyny halda ýatan ýoldaşyna hakykaty nädip aýtmalydygy hakda özüni zorlaýardy. Ol içinden:”Ýa häzir aýtsa gowumy, ýa-da aýtmasa gowumy, aýtmasa bir göwnüne däldi, aýtsada, oňa nähili täsir etjek. Häzirki ýagdaýy gözöňünde tutanyňda onuň haly bu habary eşderden diýseň perişandy, ejizdi. Ol aýdaýyn diýen-de çemini, ugruny tapmalydy, sözi şol tarapa syrykdyrmalydy, ony bolsa başarmakdan aýaly şu wagt gaty ejizdi. Ahyry hem belli netijä gelip bilmän kösenip durşuna ysgynsyz adamyň soragyna jogap bermäge synanyşdy: Senmi... sen hassahanada ýatyrsyň — aýalynyň bokurdagy doldy, ýöne bildirmezlik maksady bilen özüni çaltlyk bilen özüni ele aldy, az wagtda köşeşdi-de aýtmasa bolmajakdygyny aňynda aýlady — Sen hassahanada, seniň bu ýere getirleniňe indi iki gün geçdi. Üçülenji gün seniň özüňe gelip durşuň. Aýalynyň haly nähilem bolsa ýuwaş-ýuwaş köşeşdi. Munuň tersine ysgynsyz adamyň bilesigeljiligi artyp başlady. Bu adam entegem, aýalyndan nazaryny sowman oňa seredip durdy: Maňa näm bolly? — diýip, agyrlyk bilen ýuwdundy. Saňamy?... Saňa... neme, sen ol gije serhoşdyň; çäksiz köp içipdiň... Içgiden aklyňy ýitiripdiň... – Ysgynsyz adam mundan artyk aýalynyň aýlawly sözlerini diňlemek islemedi, gödeksi äheňde ýüzlendi: Maňa näm bolly? Sen ulag heläkçiligine uçradyň — diýip, aýaly gönümelligi saýlady. Ýoldaşyna seredip sözüni soňlajak ýaly etdi, emma ol ýene sözüni ýene dowam etdirdi — Seni hassahana getirleňde gaty agyr ýagdaýdadyň. Ýöne Hudaýa şükür indi nähili hem bolsa, ýagdaýyň şol günden gowy oňatlaşdy. “Hudaý” diýen ýerimiz bar eken. “Allajan demiňe degmedi” muňa müň kerem razydyryn. Aýaly özüni näçe arkaýynlyga salsa-da, indiki beriljek soragdan çyny bilen gorkýardy. Ol gorky ýaş zenanyň ellerini titretdi. Meniň ýagdaýym nähili, lukmanlar näme diýýärler — diýip, ysgynsyz adam sag eliniň barmaklaryny zorluk bilen ýumrugyny düwüp ýene açdy. Seniň ýagdaýyň gowy ýöne lukmanlar... — şu ýerde onuň bokurdagy doldy, ejizledi, özüne zor salyp sözüni dowam etjek boldy, başarmady. Ysgynsyz adam bir zatlaryň bolandygyny bütin akly bilen duýdy. Özüne aýdylmaýany üçin bolsa gaharlandy. Näm bolly aýt bol, menden zat gizleýänmi ýa? — diýip, janyýanjylyk bilen aýalyna azgyrlyp gürledi. Sen şol heläkçilikden soň elli göterim “ysmaz” keseline uçradyň. Sen indi “ysmaz” bolduň... Seň kelläň çep tarapyna zeper ýetipdir, sen indi bir tarap synaňy ýitirdiň, içgi senden bedeniňi ýarsyny ogurlady... Aýalynyň agysyna bat berip aýdan jogaby ysgynsyz adamy “güň” ýaly bolmagyna getirdi. Ol soňra hiç zat gürlemedi, eşitmek hem islemedi. Şundan soň ol dünýäden doýan ynsanlaryň hataryna geçdi. Ysgynsyz adam aýdylýan zada ynanasy gelmedi, arman indi näme üçin bedeniniň gymyldamaýandygyna aýdyň düşündi. Ysgynsyz adamyň aýaly hem öz derdini, agysyna goşup, gözýaşlaryny gaýgyrman ýere paýlaýardy. Çünki ol äriniň ýaňy otuz bäş ýaşda beýle ýagdaýda ýatmagyna tutuş bedeni bilen, tutuş duýgulary bilen ýürekden gynanýardy, gynançlary ony aglaýardy. Arman ol agy hiç zady düzetmeýärdi. Düzederden diýseň giçdi... II. Awtordan: Adamlar gorkyny ýeňmegi netijesinde, ejizlemek duýgusyndan üstün çykarlar. Ejizlemeýän adama bolsa, kynçylyk az zeper ýetirer. Diýmek ähli zatda iň gorkýan zadyňy ýeňmek zerur bolup durýar. Ysmaz keseline duş bolan adamyň öýe gelenine indi on günden köp wagt geçdi. Şol geçen günleň dowamynda ne gürledi, ne-de güldi. Halyny sorap gelen goňşydyr garyndaş bilen bolsa sowuk-sala görüşdi. Her gezek hem aýalyny çagyryp: hiç kim bilen görüşmek isleginiň ýokdugyny açyk aýdyp; hiç kimi otagyna salmazlygyny berk tabşyrardy. Biçäre aýaly bolsa gelýänlere “näme diýjegini bilmän?” diýseň kyn ýagdaýa düşýärdi. Gün geçdigiçe ol özünden önen çagalaryny hem söýmek, görmek islegini-de ýitirip başlady. Oňa tebigatyň gözelligi-de öz suduryny ýitiren ýalydy. Gün dogsun, ýagyş ýagsyn, ýel össün... oňa birjikde parhy ýokdy. Jemläp aýdaňda ol indi dünýäden doýan ynsandy. Şeýle günler bilen ýaşap ýören ysmaz adam terkidünýälige özüni mejbury ýykgyn edýärdi. Çünki onuň dünýäde ýaşamak höwesi diýseň azalypdy. Ol ýatan düşeginde ölmegi ýürekden isleýärdi. Ajal bolsa entekler gelmejekdendi. Naçar aýaly bolsa ýoldaşy üçin janserekdi. Bu ýagdaýda alaçsyz aýaly iş, çagalary, öý işleriniň üstüne ýoldaşy üçin hem aýratyn wagt tapmaly bolýardy. Bu zatlary hije saýýan aýaly terkidünýä ýoldaşynyň güler ýüzüne, mährine, ruhy tarapdan berjek goldawyna diýseň zardy. Ýoldaşynyň durmuşa bolan ýitgisini doldurmagyň tarapdary bolsa-da häzirki güne çenli başarmandy. Birnäçe gün geçenden soň aýalynyň hiç garaşmaýan agşamsy onuň bar islegleri puç bolup, zenan duýgularynyň üstüne ýykyldy oturyberdi... Ol gije ýoldaşy aýalynyň adyny başardygyndan gygyryp öz ýatýan otagynyň penjiresini ýapmagy aýtdy. Şeýle gödek we çirkin sese aýaly ziňkildäp gitdi, hamala diýersiň ysmaz adam jan derdinden asgyn gelene meňzetdi. Alňasap ýoldaşynyň otagyna ýöneldi. Baran badyna adamsy aýalyna azgyrylyp başlady: - Näme üçin penjirämi munça wagt açyk goýduň, näme üçin öňki wagtynda ýapylmady, bu ýagdaýda ýatan ysmaz är kime gerek diýip, menden ýadap başladyňmy? Ýa bu janyma munuňky näme diýýäňmi... bilýän sen indi maňa seretmegi kyn görýäň, sen menden ýadadyň – diýdi. Ýöne näme üçindir soňky sözleri ysmaz adamyň sandyrap çykdy. Dodaklary gürleýän wagty sandyramakdan sözlerini zordan tamamlady. Ýöne bu sözler ýoldaşy üçin jan edýän zenana gaty agyr degdi. Başda bu sözleriň ýoldaşynyň diýýändigine ynanmady, gulaklary hem özüni aldaýandyr öýtdi. Iňkise galan zenan doňan ýaly bolup gözlerinden çogup duran ajy damjalary bygtyýar ýaňakdan akdyrmaly boldy. Muny bilgeşleýin etmedi, damjalaryň özi ol gözden akmak isledi. Özi azajykda bolsa dürsän aýaly: - Sen muny maňa nädip diýersiň, nädip başyňy saklap, söýgüläp ýörkäm maňa bu sözleri diýersiň, eger gitmek islesedim onda sen heniz hassahanaň içinde hassa ýatagyndakaň seni ýalňyz galdyrardym. Emma muny men etmedim, çünki meniň edebim, maňa berilen terbiýäm, içimdäki wyždanym muňa rugsat etmedi. Bir ýassyga baş goýup, ömrümi ömrüňe beren soňum senden gitmek islemändim. Çagalarmyz üçin, seň üçin, abraýym üçin saklandym. A, sen bolsa “menden doýduň, menden ýadadyň” diýýäň! Sen ýatyrkaň hasrat çekýäň düşünýän, emma meniň hasratlarym hakynda pikir etdiňmi? Sen oýakaň hasrat çekýänsiň, muňa-da düşünýän, ýöne unutma men düşlerimde hem hasratlara gaplanýan. Eýsem, bu sözleri diýýän wagtyň ýüregiň, wyždanyň syzlamadymy? – ýoldaşy aýalynyň bu sözleri diňleýän wagty pikirlenýän ýaly hem bolsa, onuň sözleri bu gezek has-da gödek temadan gopdy. – Meniň üçin özüňi horlama ýekeje minudam saklanmada meni terk et... men barybarybir edilenini bilmen... – ysmaz adam bu sözleri soňlap bilmedi. Başarmazdam. Çünki ol ömründe beýle ejizlemändi. Eger ejizläýen bolsa-da sanlyja gezek ejizländir. Ejizlikden ýeňleni üçin ysmaz adamyň gözündenem ýagyş damjalaryna kybapdaş göz ýaşlary akýardy. Aýaly hem bu sözleriň şookyndan aýrylman panikada titreýärdi. Barybir aýaly öz ýoldaşyny jogapsyz galdyrmady. - Eger isleseň men giderin! Ýöne maşgalany ýykmakaň köp gezek oýlanmalysyň!!! Şol heläkçilikli gijeden bäri bu maşgalanyň ruhy ýagdaýy gaty dagynykdy. Mundan beýläk hem şeýle boljaga meňzeýärdi. Aýaly keýpsiz halyna käbir eşiklerini ýygnap goýmagy ýüregine düwdi. Emma uklap ýatan çagalaryna gözi düşende welin, perzentleriniň atasyz galjagy ýadyna düşende bolsa, özüniň samsyk pikirlerinden düýpli el çekdi. Çünki özi hem çagalygyndan kakasyz ulalypdy. Kakasyz ulalmagyň neneňsi ajydygyna gowy düşünýärdi. Şol sebäpli hem ýoldaşynyň näme diýse-de igenjini çekip ýaşamaly diýen karara geldi. Iň bolmanda çagalarynyň hatyrasy üçin maşgala abraýyny saklamak barada uzak gije pikir etdi. Şol gije ysmaz adam hem ýatman pikir derýasynda gämili her ýana ýüzýärdi... III. Awtordan: Nähili ýagdaý bolsa-da, ähli şatlygy we päsgelçiligi pursatlary bilen ýaşamagy başaryň! Gara bulutlary depesinden aýyrmaýan maşgala nähili ýagdaý bolsa hem ýykylmazlyga tagalla edýärdi. Her günüň tapawutlydygyna berk ynanaýan zenan ýüregi bu ýagdaýlaryň uzak dowam etmejekdigine bil baglaýardy. Ýöne nädip, nähili ýol bilen ysmaz adamy durmuşa höweslendirmelidiginiň ugur-ýolyny agtarýardy. Çünki ysmaz adam aýaly bilen günüň dowamynda hiç “gürleşmeýän, dertleşmeýän” diýen ýalydy. Ýoldaşy öz durmuşyny dymmak duýgusyna düýpli beripdi. Ýekeligiň ýandyryjy derdini hiç kime dökmeýän zenan göwni püre-pürlenipdi. Ol öz içinden edýän “her güni ýaşamaly, belki olam üýtgär...” diýen düşünjeleri ertirlerine azajygam bolsa umyt berýärdi. Ýoldaşyndan asla umydyny üzenokdy. Günler bolsa, ugruny üýtgetmeýän derýa ýaly birugurly akyp ýatyrdy. Öý işlerini irräk boldum eden hojalykçy zenan özüniň kitap tekjesinden heniz okamadyk kitaplaryna seretdi. Kitaplaryň içinden ýazyjy Anna Paýtygyň “Darkaş” romanyna has ünsi gitdi, okamak niýeti bilen eline aldy. Çagalaryny ýatyrdym edenden soňra esli wagt çeper eser okaýan mugallym zenan bu gün hem köne endigine eýerip, kitap okamaga durdy. Ýazyjynyň eserlerine çäksiz hormat goýup, ýüregi bilen okaýan zenan bu eseriň içine hem girenini duýman galypdy. Emma dünýäni unudan zenany ýene-de ysmaz adam özüne getirdi. Ýoldaşynyň bulaşyk sesi zenan hereketlerini çaltlaşdyrdy. Aýaly otaga giren dessine näme üçin çagyrylýandygyna düşünip, penjirä tarap ýöneldi. Penjiräni ýapyp durka, ysmaz adam aýalyna öz ýanyna gelmegini haýyş etdi. Ýanyna baryp oturan aýalyna özüni ýatagyň ýokarragyna çekmegi, biraz dikelip oturmak isleýändigini aýtdy. Ýassyklaryny gowlap duran aýalyna bakan ysmaz adam söze nähili başlajagyny bilmän “hyh..juh...” edip durdy. Bu ýagdaýy aýaly derrew aňyp, gapdaldaky oturgyja ýerleşdi. Ara biraz dymyşlyk düşenem bolsa ysmaz adam pyşyrdap diýen ýaly: Köp pikirlendim... Ählisi üçin minnetdar! Bolan ýagdaýlar üçin hem ýüregimden ötünç soraýan – diýdi. Dessine hem suw uzatmagyny sorady. Çünki ýoldaşy uzak gürlese bokurdagy guraýardy. Ençeme wagt bäri gürleşmeýän hat-da, ýekeje sözi hem agzyndan çykarmaýan ysmaz adamdan bu sözleri eşden aýaly ilki gulaklaryna ynanmady, soňra bolsa özüni asmanda guş bolup uçýan ýaly duýdy. Ýoldaşynyň ýanyndan nädip ýatak jaýyna baranyny hem bilenokdy. Dünýäsi täze bir mana eýe bolan zenan duýgulary ýoldaşy üçin täzeden güýçlendi. Özüni edermen ýigit ýaly gaýduwsyz hasaplady. Aýalyndan ötünç soramagy niçe gün bäri ýüregine düwen ysmaz adam bu gün şol aladasyndan dyndy. Aýaly gidenden soňra töweregine başardygyndan göz gezdirdi. Birdenem stoluň üstündäki kitaba gözi düşdi. Ony almak isledi. Sag eline zor salyp, kitaby aldam. Oňa kän göz gezdirmän okamaga durdy. Şol okap oturşyna hem sagada garaman gijäň ýary bialaç uka batdy. ... Işden gelen mugallym zenan ýoldaşynyň otagyna bardy. Kitaby goýanja ýerinde üýtgewsiz durdy, emma ýoldaşy aýalyna kitap barada sorag berdi: “ Anna Paýtygyň we edebiýatyň gowy eserlerini okaýan ekeniň...” diýenden aýaly ýoldaşyna sözüni soňlatmady, “ählisini okaýdyňmy..?” diýip, geňgalyjy ýagdaýda ysmaz adama seretdi. Ysmaz adam bolsa, baş atmak bilen aýalyna jogap berdi. Şol günden soňra ysmaz adam wagtyny kitap okamak bilen geçirýärdi. Başga iş edeýin diýende-de başarjak däldi. ...Birnäçe günden soňra aýaly giçden soň, ýoldaşynyň otagyna girdi, görse ýoldaşy süýji ukuda ýatypdy, oýarmady. Üstüni örtdi. Çyrany söndürjek wagty stoluň üstündäki ýazgyly kagyza gözi düşdi. “Allajanlarym bu nämekä?” diýip agyr oýlanmalar bilen kagyzy eline aldy, görse pikir edişi ýaly gorkuly hem däl eken. Ol dört bent goşgydygyna bada-bat okap başlanyndan düşündi. Kagyzy alyp otagdan aýryldy. Aradan bir hepde mazaly geçenden soňra, aýaly eli gazetli ysmaz adamyň ýanyna geldi. Ýoldaşyna güler ýüz bilen: --Indi gazetlere hem wagtyňy aýyrmalysyň çünki, gowy eserler ilki gazetlerde çap edilýär. Saňa-da maslahat berýän – gazet okasaň, elimdäki gazetlerden okap başlamalysyň! – diýdi. Ýoldaşy diňe baş atmak bilen jogap berip oňaýdy. Aýaly öý işlerine meşgul wagty ysmaz adam maslahata eýerip, gazet okamaga durdy. Näçe kynam bolsa gazet gatyny agdaryp durka, duýdansyz gazetdäki goşga aýratyn syny düşdi. Aşagyna seretse, öz ady familiýasy goşgyň awtory hökmünde görkezilipdir. Bu ýagdaýa ysmaz adam çäksiz begenýärkä, aýaly ogryn gapydan seredip, ýoldaşynyň begenjine özüniň ap-arassa duýgulary bilen sessizje şatlyk gözýaşlaryna bulkuldadyp syrygdyrýardy. Çünki bu zenan ýoldaşynyň güler ýüzüne niçe aý zar bolup gezipdi. Owadan gözler bu günleri görmek üçin niçeme gijeleri gussa bilen ýalňyzlykda aglap geçiripdi... Mundan soňra wagtyny ysmaz adam okamakdan köp ýazmaga bagyş etdi. Ol birnäçe ýyldan soňra dünýä belli bolmasa-da, öz ýurdunyň zehinli ýazyjylarynyň biri hökmünde tanaldy. Diýseň ajaýypdan ajaýyp eserler döretdi, halkynyň söýgüsini eserleri bilen ýürekden gazananlaryň biri bolupdy... Şol hupbatly günler ýaşalýan wagtlary heniz ýazuwa girişmänkä, ysmaz adam ýaňy otuz bäş ýaşlaryndady. Ol edebiýata girenden soňra, çeper mülküň taýsyz yşgy ony ýazyjy etdi, diňe bir ýazyjam däl, onda durmuşa çäksiz söýgi hem döretdi. Ynanylmaz ýeri bolsa, şol adam aýalyndanam iki ýyl artyk ýaşady, has takygy ýene otuz bäş ýyl ýaşandan soňra dünýäden ötdi. ✍ AHALLY. | |
|
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||