MEN SENI AK BILIP...
Men seni ak bilip, bagtyyar saýdym,
Söýdüm,
Saňa söýgüm çäksizdi örän.
Ne kiloň,
Ne-de kilometriň ölçärinden kän.
Ber elleriň,
Tut gollarymy berkiräk,
Aladasyz ýaşaýyn ýitirmeklikden.
Söýgüme erkliräk,
Saňa bolsa
Teniň ýaly bolaýyn päk.
Men saňa "Gün" ýaly çogum bereýin,
Arkaýyn dynç al,
Aladasyz ýaşa!
Göwnüňde näm bolsa,
Sözläber mahal!
Çünki seň gitseň,
Ýalňyzlyk basmagy ahmal.
Seň bilen bagtly ýaşaýan mydam,
Bermek isleýän,
Bolsa-da kyn
Ähli amanady,
Erkimi.
...Häzirem gynanyp- oýlanyp ýörün,
Hudaýa bermeli "ýürek" bergimi,
Seniň jemalyňa berenim üçin.
✏Ahally
Goşgular