16:13 Düşnüksiz pikirler | |
DÜŞNÜKSIZ PIKIRLER
Goşgular
"Gözlerim ýum" diýip, uky gelmezden, Höwessiz ýazylmaz, ýarylmaz tenem. Ähli zat tapylsa tapylýar ýerden, Aladasyz halyňa tapylýar derdem. Meni ne günlere goýan pikirlem, Ýazmakdan öň müň mertebe pikirlen. Özümden öň ýola düşer setirlem, Redaksiýadan yza gaýdan setirlem, Ýetmedik ýerini sözde ýetirlen, Tankydy bol, takaty ýok ertirleň... Gözel gyza goýup gaýdan ýüregim, Şygyrýetde söýgi boldy diregim, Ýene başym bu topraga diredim, Mukaddes enäniň mukaddesligi hakynda ýazmadym duýýanym üçin. Duýmaýan zadymyň zaryn mesligi, Ýüregime düşende ýazmadymmy kyn. Şoň üçin düşnüksiz ýazylan ýollaň Ädimden aýrylyp, maýyp galany. Bir ugurda oňuşmadyk goşgulaň, Ak kagyzda ýazylşy deý nalady... Ähli zady ugur alyp durmuşda, Gelmedik serimden çykardym many. Asmanda ganaty bolmadyk guşda, Uçmagy başarmaz, bilmez durmany... Şol sebäpli redaksiýalaň gapysy Tankytlaryn meň beýnime urmagy, Bu düşnüksiz, Bu gabahat setirler Gazetler gatynda asla durmady... ✍AHALLY | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |