23:40 Günbatarly ýaranlary Ukrainany ikinji gezek bölünmekden halas edip bilmedi | |
GÜNBATARLY ÝARANLARY UKRAINANY IKINJI GEZEK BÖLÜNMEKDEN HALAS EDIP BILMEDI
Publisistika
Kremliñ metbugat wekili Dmitriý Peskowdan "Baýdeniñ soñky beren beýannamasy boýunça Putiniñ näme pikirdedigi" soralanda, ol "Putin işlidi, Baýdeniñ çykyşyny diñlemedi" diýip jogap berdi. Aslynda bu simwoliki taýdan soñky konfliktde Russiýanyñ durýan pozisiýasyny örän gowy görkezýär. Ýagny, "ABŞ bolanda-da, başgalaryñ näme pikirdedigi bizi gyzyklandyranok" diýildigi bolýar. Russiýanyñ bildirýän ähli talaplaryna Günbatar "agyr ykdysady sanksiýalary goýarys" diýip jogap berýär. Bolmanda-da soñky bir aý bäri Günbatar bilen Russiýanyñ dialogy "kör bilen keriñ" biri-birini garşylaýşyna meñzeýärdi. Gelinen ýagdaýda şu wagta deñiç Ukraina konfliktiniñ çözülmegi üçin ýeke-täk çykalga bolan Minsk ylalaşyklary indi güýjüni ýitirdi. Russiýany hemlesini urdy. Indi üýtgeşmeleriñ ugry Ukraina we onuñ ýaranlarynyñ ätjek ädimine bagly. Meseläniñ has owal Garabag we häzirem dowam edýän Günortq Osetiýw we Abhaziýa mysalynda bolşy ýaly doñdurylmagy taraplar üçin iñ hakyky senariýa bolup görünýär. Tebigy taýdan bu "doñma" prosesini Kiýew güýjüni jemlemäge we Moskwanyñ üstündäki gysyşlary artdyrmaga jan edip geçirer. Emma garşyñdaky güýjem Russiýa. Ol saña Ermenistan däl, şol ikiarada olam Ukraina näçe güýç toplanda-da, ahyrynda ýene uly güýç Russiýa bolup durýandygy üçin elden gideren ýerlerini ikilenç öz çäklerine birikdirmegi indi mümkin däl. Teoretiki taýdan ykrar edip, hakykatda "Donesk we Lugansk respublikalary" bilen konfederatiw gurluş döretmek ähtimallygy bar, ýöne aýdyşym ýaly: diñe teoretiki taýdan. Russiýa bolsa Günbatarda soñky günlerde kän bir üstünde durmaýan, başdan sowýan diplomatik prosesini bu gezegem hernäçe Günbatar aşakdan aýlamak islese-de, gaýtadan işjeñleşdirmek islär. Eger eýle ýa-da beýle başlanjak diplomatik prosesde Günbataryñ tutumynda gysga wagtda ýumşama bolmajagyny duýsalar, özem muny NATO-nyñ giñelmegi manysynda aýdýaryn, onda düýn ädilen ädimiñ dowamyny getirip biljek hemleler urlar. Başga bir tarapdan wakalara obýektiw, sowukganly seredilende, Ukraina aslynda "de facto" hökmünde" gözegçilik edip bilmeýän we yzygiderli kelleagyry bolup durýan oblastynyñ meselelerinden wagtlaýynam bolsa, gutulma mümkinçiligini tapar. Şol döwürde etjekdiklerini bolsa ýokarda belläp geçdim. Bolmanda-da soñky döwürlerde şeýledi, emma mundan soñ-a Moskwanyñ basdaşynyñ Kiýewden zyýada Waşingtondygy hasam belli boldy. Bu konflikt "uly söwdalaşygyñ" diñe bir bölegi. Şol sanda Ýakyn Gündogardan Hytaý-Taýwan meselesije çenli syçrap biljek global tarapy-da bar. Russiýa-Ukraina oñşuksyzlygynyñ döreden konfliktiniñ getiren netijeleri esasan geosyýasy prosesler şu wagta çenli bolandygyndan ötri, has çalt dinamikada öñe gider. Bolup geçen wakalarda kimiñ günäkärdiginiñ gözlenmegi real syýasat tarapdan alanda hiç zady añlatmaýar. Rus tarapy tankydy pikir bilen ýanaşýanlara Günbataryñ Ýugoslawiýada eden bulam-bujarlyklaryny mysal berýär we şeýle diýýär: "Olar edende bolýan bolsa, diýmek, biziñem şeýtmäge hakymyz bar. Çünki eger şu gün şu ädimleri ätmesem, üstüme sürünmekden el çekjek däller. Bolýar, goý onda, ýüp inçelen ýerinden üzülsin." SSSR dargan wagty Ukraina ýadro güýji bolmakdan el çekse, onuñ territorial bitewiliginiñ kepilligini Russiýa we Günbatar ýurtlary boýnuna alypdy. Günbatar Krym hadysasyndan soñ ikinji gezek oýnamaly roluny oýnamady. Bu ýagdaý Moskwanyñ soñky hemlesi bir wagtyñ özünde öñki sowet respublikalarynyñ hemmesini şu signaly bermegine-de şert döredýär: "Territorial bitewiligiñizi meni garşyñyza alýan geosyýasy sazlaşyklara girmek bilen däl-de, diñe meniñ endişelerime üns bermek bilen üpjün edip bilersiñiz." Şu manyda Ylham Alyýewiñ düýnki Moskwa sapary we baglaşylan şertnamalar hem-ä wagt peýlemek, hemem mazmun taýdan üns bererlikli. Dr. Ikbal DURRE, Moskwa Döwlet uniwersiteti. 23.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |