09:17 Gündeligimde galanlar -3 / dowamy | |
...“Edebiýat we sungat” gazetiniň jogapkär sekretarydym. Kabinetde ýeke özüm. Telefon jyňňyrdady. Trubkany göterdim. Tanyş ses. Kerim Gurbannepesow! Saglyk-amanlykdan soň Kerim aga: “Bir owadan gelin täze çykan kitabyňy sorady. “Tapyp bererin” diýip, boýun aldym. Kitabyňy iber” diýip, özüne mahsus ýarym degişme, ýarym çyn äheňde aýtdy (Gürrüň meniň golaýlarda neşir edilen “Ýüregiň emri bilen” atly kitabym hakda barýardy. Ertesi men Kerim agalara bardym. Ozalam men bu gadyrly öýüň birnäçe gezek myhmany bolupdym. Şo gezek onuň beren bir gürrüňi ýadymda galypdyr. Onuň bir ýaş şahyrdan göwni galan ekeni. Ol ýigit öň Kerim aga bilen gaty gadyrly görüşýän ekeni. Bu sapar ol Metbugat öýüniň zalynda Kerim aga bilen pete-pet gelse-de, badyhowalyk bilen görmediksirän bolupdyr. Ussat ol ýaş ýigidiň bu hereketlerine düşünmän galandygyna ýüregini agyrdyp gürrüň berdi. Men ony özümçe köşeşdirjek boldum. Şol çaý içişlikden soň bir aý töweregi geçse-geçendir-de, Halypanyň “ýogaldy” habary ýüreklerimizi elendirdi. * * * Segseninji ýyllaryň ortalary bolmagam ahmal. Telewideniýede işleýärdim. “Kerim aga keselhanada ýatyr” diýseler, soramaga bardym. Täze çykan şo günki gazet-žurnallardan ýüklenipdim. Kompozitor Nury Halmämmedow hem ýaraman keselhanada ekeni. Eşitmändim. Kerim aganyň yzyndan eli zatly baryp, Nura-da boş baranyma utanmanam durmadym. Soň soramana baramda bu säwligi düzetdimem-le. Şu ýerde Nury bilen baglanyşykly bir zady aýdasym gelýär. Beýik kompozitor bilen men ýetmiş birinji ýyldan bäri tanyşlygym bardy. Şo döwürde men uniwersiteti ýaňy tamamlap, ýaşlar gazeti bolan “Ýaş kommunistde” işe başlapdym. Näme üçindir şo wagtlarda Nury hakda hiç kim hiç zat ýazanokdy. Şonuň üçinem men ol hakda makala ýazmagy ýüregime düwdüm. Kän wagt geçmänem gazetde “Sazy Nury Halmämmedowyňky” diýen uly makala onuň suraty bilen çap edilipdi. Nury Halmämmedow altynjy palatada akademik Tagan Berdiýew bilen bile bolýan ekeni. Ikisem obadaşdy. Garrygalanyň Daýna obasyndan. Ol biziň goňşy obamyzdy. Soň-soňlar baýry magaryf işgäri, obamyzda juda sylanýan Orazmämmet aga Öwezow Nurynyň çagalygy hakda bir gürrüň beripdi. Orazmämmet aga uruş ýyllary Daýna obasyndaky mekdebe ýolbaşçylyk edipdir. Şol günleriň birinde Nury we onuň doganlary bir günüň içinde ata-eneden jyda düşüpdirler. Nätmeli? Ýetim çagalara kim seretmeli. Her kim öz maşgalasyny oňarsa zor boldugy. Şol günleriň birinde oba ýaşulusy Taňryberdi aga Bäherdene iş bilen gitmeli bolýar. Şonda Orazmämmet aga ýaşajyk Nuryny hem etrap merkezindäki ýetimler öýüne tabşyrmagy ondan haýyş edipdir. Çaganyň egin-başyny oda atsaň tütejek däl. Şonda Orazmämmet aga çaga dözmän, işe geýýän ýeke-täk akja köýnegini çykaryp, oglanjyga geýdirýär. «Bar gardaş, alnyňy hak açsyn, bu günlerem geçer» diýip, oglana ak pata beripdir. Eşege artlaşyp münen ýaşuly bilen ýaş oglanjygyň uzak dag ýodasyny külterläp baryşlary, oglanjygyň bütin dünýäni unudyp, ilkinji sapar Tagarow daglarynyň gözelligine nebsewürlik bilen synlap barşy gözümiň öňünde. Onuň ömür başlangyjynyň Taňryberdi aga bilen başlanyp, ömür ýolunyň ahyrynyň hem şol maşgala bilen baglanyşykly bolandygyna haýranlar galýaryn. Ýaňy Nurynyň soňky gezek keselhanada akademik Tagan Berdiýew bilen bile bir palatada ýatandygyny aýdypdym. Olaryň “ýogalypdyr” ajy habarlarynyň arasyna onçakly uzak wagt düşmändi. Beýik kompozitor jaýlanandan soň, onuň başujunda öz obasyndan getirip, ýaşajyk agaç nahallaryny ekipdim. * * * Şahyr Mämmet Seýidowyň halypa kemi ýokdy. Meniň deň-duş kärdeşlerimiň ondan tälim almadygy, maslahat soramadygy az bolsa gerek. Menem şolaryň biridim. Täze ýazan goşgular toplumymy okamak üçin halypa beripdim. Ýalňyşmasam, şenbedi. Salamlaşmak üçin, hemem goşgularym hakda onuň pikirini bilmek üçin onuň öýüne bardym. Illeňki ýaly, oňam kaşaň iş otagyny görmekçidim. Öýüň içindäki hemme zat ýönekeýdi. Has takygy, biziň oglan döwrümiz obada gözümiziň öwrenişen zatlarydy. Hakyky zehin üçin kaşaň zatlaryň möhüm däldigine ozalam gözüm ýetikdi weli, bu gezek oňa hasam ynanypdym. Mämmet agany bimaza edýänligim üçin ondan ötünç sorap, sypaýyçylyk etdim. “Wah, seňki ýagşy-la (Başga bir golýazmany görkezip), täzeden ýazmaly bolýar” diýdi. Onuň awtoryny aýtmasa-da, men onuň kimligini aňladym. Ol ady belli şahyrlaryň biridi. * * * Kerim aga söze gadyr goýup bilýän ussatdy. Ýadyma düşýär, ýetmişinji ýyllaryň ahyrlarydy. Ol biziň redaksiýamyza “Edebiýat we sungata”, (o wagtlar men baş redaktoryň orunbasarydym) uly goşgular toplumyny getirdi. Toplumyň içinde birki bent goşgy bardy, ol goşgy baş redaktorymyz, ussat publisist Kakaly Berdiýewiň ýazan, şol döwürde okyjylarda uly gyzyklanma döreden makalasynyň täsirinden döräpdi. Başga bir redaktor bolanlygynda şonuň üçinem toplum bada-bat gazetde çap edilmelidi. Emma Kakaly agada özüne ýeterlik redaktorlyk nazarýeti bardy. Ol toplumyň içindäki goşgularyň biri hakda öz pikirini aýtdy. Göräýmäge, ol pikir ýerliksizem däldi. Kerim aga baş redaktoryň pikiri bilen ylalaşmady, gol çekilip, ýygnamaga taýýar edilen täze goşgular toplumyny yzyna aldy. Ýöne bu iki halypanyň bir-birlerinden öýke saklamandyklary, öz pikirlerini ýüz görmän aýdandyklary biz ýaşlar üçin uly döredijilik sapakdy, durmuş sapagydy. * * * Moskwada, žurnalistika ugrundan ýokary mekdebi tamamlap, çagalar gazeti bolan “Mydam taýýarda” jogapkär sekretar bolup işläp ýördüm. Bir gün Kerim aga meniň ýanyma geldi. Öňki degişgenligi. “Şol oglan gazeti gurjak ýaly bezeýär diýip, gerekli ýerlerde seni öwüp ýörün. Seniň hakyky ýeriň şumat şu ýeri. Gaýrat et-de, işläber. Edebiýat gazetine geçirýärmişler diýip eşitdim. O ýer entäk seniň ýeriň däldir. Sen ýaş. Birazajyk taplan. Süňküňi berkit. O ýerde sen azy ýaran adamlar bilen iş salyşmaly borsuň. Garşydaşlaryň köpeler...” – diýip, bir topar halypa maslahatyny berdi. Men onuň biynjalyk bolanda sakawlaýanyny öň görmändim. Elbetde, o wagtlar men ýaş oglan. Ýaşlarda-da özüne göwnüýetijilik güýçli bolýar. Mende-de wezipe höwesi ýok däl. Halypanyň diýenini edip bilmedim. Çünki mesele eýýäm çözülipdi. Ýöne Kerim aganyň janygyp aýdanlarynyň dogrulygyna soň göz ýetiripdim. * * * Uniwersitetiň talybydym. Ýokarlandyrylan talyp aýlygyny alýardym. Ine-de, nobatdaky gyş okuw synagy-da ýetip geldi. Dialektologiýa hem-de sintaksis sapaklary boýunça tejribeli mugallymlarymyz Juma Amansaryýew bilen Ýazly Çöňňäýew ikisiniň öňünden geçmelidik. Girip, degişli soraglara jogap berdim. Baha goýulýan depderçäme dörtlük goýjak bolanda, Juma Amansaryýew ýoldaşyna ýüzlenip: “Jogaby oňat. Oňat baha-da goý” diýdi. Daşyndan hyýrsyzrak görünýän bu adam hakda gürrüň gidende elmydama men bu wakany we ýaşuly mugallymlarymyzy mähribanlyk bilen ýatlaýaryn. * * * Altmyşynjy ýyllaryň ahyrydy. “Gel, obamyň lälesi” atly ilkinji ýazan aýdymymyz (sazyny kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarow ýazdy), il içinde uly meşhurlyk gazanypdy. Özümem 2-nji kursuň studenti.. Bir gezek şahyr Gurbannazar Ezizow bilen çaý başynda oturmak miýesser etdi. Bu biziň ilkinji tanyşlygymyz bolsa-da ahmal. Şonda meni ýoldaşym Derýa Baýramgulyýew “Ine, “Gel, obamyň lälesiniň” awtory” diýip tanyşdyrdy. Gurbannazar aýdym hakda öwgüli sözleri aýtdy. Aýratynam onuň: Joralaryň bilen çyksaň, Sähramyza seýrana. Hemmelerden saýlanýarsyň, Meni goýup haýrana. – diýen bendindäki “seýrana-haýrana” sözleriniň örän sazlaşykly bolandygyny belledi. Gurbanazar Ezizow ýaly uly şahyrdan ýaňy öwrenje awtoryň öz goşgusy hakda hoş sözleri eşitmegi depämi gök diräpdi. Ýeri gelende aýtsam, ussat şahyr soň özüniň “Türkmen sährasy” atly goşgusynda ýaňky sazlaşýan sözleri örän ýerlikli ulanypdyr. “Gel, obamyň lälesiniň” bagtly ykbaly bar ekeni. Aýdym altmyş sekizinji ýyldan şu günki güne çenli aýdylyp gelinýär. 1969-njy ýylda Bolgariýada geçirilen bütindünýä festiwalynda şu aýdymy aýdan Myrat Sadykow diploma mynasyp bolup watana dolanyp gelipdi. * * * Bir gezek ýaş kompozitor Baýram Hudaýnazarow ýaşlaryň goşgular ýygyndysynda Annaberdi Agabaýewiň iki bent goşgusyny okandygyny, arman aýdym üçin iki bendiň azlyk edýändigini aýtdy. “Muny Annaberdiň özüne aýdaý” diýsem, ol: “Men ony tanamok” diýdi. Şol günleriň birinde “Oktýabr” myhmanhanasynyň restoranyndan naharlanyp, çykdyk weli zalyň ugrunda öňümizden Annaberdi çykdy. Ol gyssanmaçdy. Men Baýrama: “Anha, Annaberdiň özem gelýär” diýdim. Onuň ýany myhmanlydy. Megerem olar merkezden gelen žurnalistler hem bolmagy ahmal. Baýram bada-bat ony saklap, ýagdaýy düşündirdi. Baýram şonda oňa özüniň iş sapary bilen ertir ýigrimi günlük Daşoguz welaýatyna gidýändigini, goşgynyň üçünji bendi taýýar bolsa ony almagy menden haýyş edendigini hem aýtdy. Annaberdi Agabaýew şol wagtlar “Komsomoles Turkmenistana” gazetiniň redaktorydy. Birnäçe gün geçenden soň men A. Agabaýewiň iş telefonyny tapyp, oňa til kakdym. Goşgynyň täze bendi taýýar ekeni. Ol “Hany galam-kagyzyň bolsa ýazyp al” diýdi. Megerem, ol aýdymyň “Magrupdan Maşryga dolsana bagşy” diýen bendi bolsa gerek. Bu iki awtoryň döreden “Çalsana, bagşy” aýdymy wagtyň synagyndan geçdi. Häzirem ol aýdym aýdylyp ýör. Şu aýdymyň döredilişinde özümiň hem kiçijik dahylymyň bardygyna az begenemok. * * * Biziň maşgalamyz uludy. Kakamyz muňa garamazdan, juda myhmansöýer adamdy. Mahlasy, öýümiziň myhmansyz güni ýokdy. Etrap, welaýat merkezlerinden, paýtagtymyzdan iş sapary bilen uzak dag obasyna gelýän adamlaryň biziň öýümiziň duzuny datmadyklary az-az bolsa gerek. Ulusy bolansoň, myhmanlara nahary men çekmeli bolýardym. Günde myhman, ýadamanam duramokdym. Ýene-de bir ýadymda galan zat, sürüjilere aýratyn nahar çekýärdim. Kakam bize ilki bilen şol myhmanlara seretmegi, olary çaý-nahardan kem etmeli däldigini sargaýardy. Myhman bolup gelýänleriň arasynda dürli kärdäki adamlar bardy. Kakam: “Myhman ataňdan uly” diýen pähime eýerýärdi. Ol bize – çagalaryna hemişe gowy öwüt-ündew berip, “Pul keseline bir duçar bolmaň” diýerdi. Näme, oturylyşyk bar ýerinde gürrüňem bolýar. Gaýybana öwülýänem bolýar, döwülýänem. Ol bize: “Näme üçin adamlar meniň öýüme höwes bilen düşýärler? Sebäbi edilen gürrüň öýde-de galýardy” diýip aýdýardy. Ozal bu gürrüňe känbir ähmiýet bermesem-de, soň-soňlar görüp otursam, onuň uly bir manysy bar ekeni. Kakam ýogalanda obadaşymyz, bir aýagyny uruş meýdanynda goýup gaýdan Meret aganyň: “Çynarymyz ýykyldy” diýen sözlerini tolgunman ýatlap bilemok. Häzir-häzirem öýümizde myhman bolup gidenleriň birine tötänlikde gabat gelsem, ol adamyň ýüzüniň açylyp, kakamyz hakda süýji ýatlamalara çümüşini göremde, göwnüm göterilýär. “Çüri aga saçakly adamdy” diýýärler. Hawa-da, “Bir gün duza müň gün salam” diýlip ýöne ýere aýdylmandyr ahbetin! * * * Segsen bäşinji ýylyň sentýabrynyň başlarynda akademik Tagan Berdiýew maňa şeýle bir wakany gürrüň beripdi: – 1938-nji ýylda bizi – Aga Garry (soň belli taryhçy, professor) ikimizi Türkmenistanyň Daşkentdäki wekilhanasyny ýapmak üçin iberdiler. Aga meni şäheriň eteginde ýerleşýän bir ýerlerik äkitdi. Öý eýesi garry aýal. Özem peltekläp gürleýär. Gyzlary-ogullary bar. Aga şonda maňa: “Bular Gökdepe urşundan şu ýere düşenler” – diýdi. Ýöne garry türkmençe çalgyrdrak gürleýärdi... 1942-nji ýyl. Türkmenistanyň magaryf halk komissarydym. Komissarlygyň işi bilen Moskwa gitmeli boldy. Urşuň aldym-berdimli wagty. Gije sagat 10-dan soň köçä çykmak gadagan. Ýörite rugsat kagyzyň bolmaly. Öňümden enkewedäniň eşiginde biri gelýär. Çyra ýanyp dur. Ol meniň deňimde saklandy-da, ýüzüme äňedip: “Sen meni tanamadyňmy?” diýip sorady. “Men siziň bilen narkomprosda bile işläpdim” diýip, özüniň Týuşindigini aýtdy. Gadyrly salamlaşdyk. Soň ol meni myhmançylyga çagyrdy. Moskwanyň eteginde daýzasy ýaşaýan ekeni. Şolaňka äkitdi. Hödür-kerem etdiler. Öýüň eýesi garry adam. Ýüz gram içenden soň kellesi göçdi. Serhoş boldy. Men içemok. Bulgury agzyma degirýän-de, goýýan. Meniň türkmendigimi bilip, hasam hyjuwly gepläp başlady: “Ýa znaýu etih turkestansew. Ýa uçastnik zawoýewanii tekinskogo oazisa» diýip döşüne kakýardy, gedemlik edýärdi. Men bu ýerde özümiň myhmandygymy bilip, türkmene mahsus edepliligimi sakladym. Ýogsam oňa diýäýmeli zatlar bardy. Arman, ýeri däldi-dä... * * * Segsen dokuzynjy ýylyň sentýabrydy. Görnükli alym Mämmetdurdy aga Annagurdow redaksiýamyza geldi. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, ýaşuly redaksiýa bilen gatnaşyk saklaýardy. Biz onuň gürrüňlerini höwes bilen diňleýärdik. Çünki ol “janly ensiklopediýa” diýilýänlerdendi. Ýatkeşligine haýranlar galýardyk. – Otuz ýedinji ýylda meni Aşgabat şäherkomynyň sekretary Dementýew çagyrdy, üstümden arza düşendigini aýtdy. Hamana meniň aýalym Töre hanyň gyzymyşyn. Men birsalym oýlanyp durdum-da, Töre hanyň sowatsyz adamdygyny aýtdym. Eger gerek bolsa, wezipäni berjekdigimi hem duýdurdym (şol wagtlar men neşirýatyň baş redaktorydym). – Aýalym Töre hanyň gyzy däl, ýöne obadaş bolmagy mümkin – diýdim. Şondan soň ol maňa kän azar bermedi. Mämmetdurdy aga şol gürrüňçilikde otuz ýedide gaty kän adamyň nähak basylandygyny aýdypdy. Bir ýazyjynyň öz süýtdeş agasyny ýamanlap, türmä basdyrandygyny hem bilýändigini aýtdy. – Oňa men ýogalmazyndan üç-dört ýyl öň köçede gabat geldim. Meni tanamady. Akly üýtgän ekeni. Soň aýalyny görüp sorasam: “Ýagdaýy şeýle” diýdi. “Nahar berseňem, iýip bolansoň, “Meň garnym aç” diýýä. Ýa öýe gelip maňa: “Sen kim¬?” diýip soraýar” diýdi. Aýaly onuň özünden bir ýyl öň ýogaldy. Agasynyň aýaly pahyr oňa zol gargaýardy. “Görüňde dik oturanyňy bir görsedim” diýip aglaýardy. Ol häzir diri. Muny men bir gezek Marydan awtobusly gaýdamda giýewsinden eşitdim. Ol: “Men pylanynyň gyzynyň adamsy. Tejende ýaşaýan. Gelnejeň bolsa sowhozda ýaşaýar” diýdi. * * * Ýarajyly, ýaşy ýetmişden birçak geçen Weli aga diýseň gürrüňçil adam. Asly käri traktorçy eken. Kyrkynjy ýyllaryň ahyrynda etraba gelen dizel bilen işleýän iki sany traktory hem ilkinji bolup süren adam. Soň Baýramalydan tä Gökdepä çenli aralykda Garagum derýasynda işläpdir. Şu döwrüň içinde dutaryny birjik-de elden düşürmändir. Sazam çalypdyr, bagşyçylygam edipdir. Ussat Sahy Jepbar dagam Bäherden topragyna düşse: “Weli Kömegi tapyň” diýýän ekeni. Ol Mylly aga, Pürli Sary dagy bilenem gatnaşypdyr, oturyşypdyr. – Öten asyrlarda Ötäýi diýen şahyr ýaşap geçen. Ine, şolam biziň ata-babalarymyzdan. Paýhasly adam ekeni. Nurberdi han onuň akylyna sarpa goýupdyr. Han aga kärizini gazdyranda, gaýa ýaly bolup ýatan daşa gabat gelýärler. Şonda kärizçiler Ötäýä sala salýarlar. Ol gurap ýatan kerkaw odunyny ýakyp, daşy gyzdyrmagy, şeýdibem ony ýuwaş-ýuwaşdan degirmen daşy ýaly edip owratmagy maslahat beripdir. Kärizçiler onuň aýdyşy ýaly edipdirler. Şol äpet daşy owradyp deşibem, käriziň ýoluny dowam etdiripdirler. Şo ýer “Ötäýiň ötügi” diýip at alan. Han aga şahyra giden bir ýer eçilip: “Käriziňem iki günlük suwy seniňki bolsun” diýýär. Şonda şahyr dogrusyndan gelipdir: “Sylag-serpaýyňa taňryýalkasyn, han. Ýöne men muny edip biljek däl. Sebäbi meniň Ahmet diýip ýekeje oglum bar. Oňam ýer-suw bilen, mal-gara bilen işi ýok. Häzir men ol ýerleri, suwy alyp, soňam harlasam, men ölemden soňam günä gazanaryn, ýöne maňa berjek ýeriňden önen zatlardan mahal-mahal az-owlak dadyryp dursalar, şo maňa bes» diýip, ol hana özüniň ak göwünliligini bildiripdir. Ine, biziň atamyz Ötäýi şahyr şeýle pisint adam bolupdyr. Weli aga ýaşlygyndan köpi gören garrylaryň gürrüňlerini ýadaman-ýaltanman diňläpdir. Ol 1951-nji ýylda daglyk Könegümmeý obasynyň bugdaýlyk ýerini traktor bilen sürende, Mämmet aga atly bir gojanyň gürrüňleri ýadynda. Ol şonda: “Men 108 ýaşymda” diýýän ekeni. Emma şol obanyň Abdyrahman aga diýip bir ýaşulusy: “Diýse diýibersin. Mämmet aga 112 ýaşynda bolmaly. Sebäbi üç-dört ýyl myndan öňem 108 ýaşadym diýýärdi” diýip degişýän ekeni. Mämmet aga: “Men Siriýada, Owganystanda, Eýranda, Özbegistanda ýaşadym” diýýärdi. Mämmet aga: “1854-nji ýylda Ahala Nurberdini han saýlanlarynda Garaoglan han Ýedagajyň düzünde ýedi gije-gündiz toý tutdy. Bagşy aýtdyrylyp, bedew atlar çapdyrylanda, şo toýda men çapyksuwarlyk edipdim” – diýip gürrüň berer ekeni. Mämmet aganyň Gökdepe wakalaryndan beren ýürek elendiriji gürrüňleri bolsa Weli aganyň ömürlik ýadynda galypdyr. – 1982-nji ýyl. Gökdepe urşunyň ýüz ýyllygyna taýýarlyk görýärdiler. Meýletinlik hakynda gürrüň etdiler. Heýem, ol ýerde meýletinlik bolarmy? Niçeme janlaryň gara guma garylan ýerinde, gyzyl ganlaryň aryk bolup akan ýerinde-de bir meýletinlik bolarmy? Asyl kellede sygdyrar ýaly däl. Ine, şol günleriň birinde-de, gijäniň ýarymynda, saňa ýalan-maňa çyn, biri aýagyma kakyp turzan ýaly, tisginip oýanypdyryn. Elime galam alyp, goşgy setirlerini ýetişibildiginden kagyza geçirdim. Goşgynyň özi otuz alty bent. Ýöne şonuň otuz bendini şo gije, birdemde ýazdym. Şondan bärem ýaňy-ýaňylara çenlem “Gökdepe mukamynyň” heňine goşup, dost-ýarlar bilen oturylyşyklarda, ýa haýyş edenlerinde aýdýardym. Eşidişime görä, şo goşgynyň alty-ýedi bendi ýygyndylaryň birinde çykypdyr. Watan üçin, kelam üçin, din üçin, Jan goýdular toprak üçin, il üçin. Namys üçin, ferheň üçin, müýn üçin, Ah, armanly köýen ar ýatyr munda... * * * Türkmen zenanlarynyň arasynda biologiýa ylmy ugrundan ilkinji doktor, professor Anna Aşyrowa bilen segsen altynjy ýylyň aprelinde söhbetdeş bolupdyk. Ol otuz ýediň ajy şarpygyny dadanlaryň biridi. – Otuz ýedinji ýylyň sentýabry gaty yssy boldy. Ine, şo yssy gijeleriň birinde enkewede işgärleri gapymyzy kakdylar. Şol gün adamym Garry Kulyýewiň ejesini uly oglunyňkyda goýup gaýdypdym. Öýümizi döküp oturan wagtlary ol: “Gülüm, ejemiň bolmany hem gowy boldy” diýdi. Öýümizi agdar-düňder edip oturanlaryň biri türkmen ýigididi. Men ony tanaýardym. Adamymy äkitdiler. Ol ýigit şondan soň maňa göz gyzdyryp başlady. “Urnanyň üstüne durna” diýleni-dä. Alty aýlap sorag etdiler. Özünem diňe gijesine sorag edýärler. Bir gezek meni soraga äkidenlerinde bir gapyny açdylar. Meniň ýaňky diýýänim ýeňini çermäp, birini aýak astyna alyp oturan ekeni. Ol bizi gördi-de: – Swoloç, sen ony nirä getirýäň. Ýok bol – diýip azgyryldy. “Meň bu zatlarda hiç hili günäm ýok” diýip aýtsa aýdybersin, onuň azgynlygyny men öz gözüm bilen gördüm. Soň bu hakda şo döwrüň eden-etdiligi paş edilenden soň Moskwa ýörite hat ýazdym. Ol adam, elbetde, almytyny hem aldy. Ýöne ol öz wagtynda gaty köp adamy gyrdy-da. Anna Aşyrowna uzak durmuş ýoluny geçipdi. Kemsidilmelerem az bolmandy. Ol sowet döwrüniň eden-etdiligi hakda janygyp gürrüň beripdi. Onuň adamsy halk komissary Garry Kulyýew otuz ýedinji ýylyň nähak pidasy bolupdy. Türkmeniň gerçek ogullarynyň biri bolan bu rewolýusioner hakynda taryhy oçerk hem ýazypdym. 1989-njy ýylda neşir edilen “Ýüregiň emri bilen” atly kitabymda Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Halmyrat Sähetmyrador, Nikolaý Paskuskiý, Mihail Fonin, Gurban Sähedow, Hajy we Öwezgeldi Atabaýewler, Çary Wellekow we başga-da birnäçe gerçeklerimiz hakda ýazylan oçerkler bilen deň hatarda Garry Kulyýew hakyndaky oçerkimiz hem mynasyp ornuny tapdy. P.S. Otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugynda A.Aşyrowanyň döken gözýaşlaryna sebäp bolan şol türkmen Oraz Orazowiç Şyhmyradowdy... * * * Segsen ýedinji ýylyň otuz birinji maýynda (ýekşenbe güni) irden “Mämmet Seýit ýogalypdyr” diýen ajy habary eşidip, şahyr Azat Rahmanow bilen halypany iň soňky ýoluna ugratmaga bardyk. Sagat onkilerde ony öz dogduk obasy Durunda jaýlamak üçin “Gaz-24” maşyna salyp äkitdiler. Dynç alyş güni bolansoň, ýazyjy-şahyrlaryň köpüsi we beýleki döredijilik wekilleri halypany ugradyp bilmediler. Ýazyjylardan Aşyr Nazarowyň, Arap Gurbanowyň, Kakabaý Ylýasowyň, Kaýum Taňrygulyýewiň, Ata Atajanowyň, Rejep Allanazarowyň, Ýagmyr Pirgulyýewiň, Hudaýberdi Diwangulyýewiň, Atajan Taganyň, Sapar Öräýewiň, Baýram Jütdiýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Muhammetmyrat Kömekowyň, bilemok weli, ýene-de üç-dört sany kärdeşimiziň bardygy ýadymda. Mämmet aga ýogalmazyndan birki gün öň Metbugat öýüne gelip, redaksiýalara aýlanypdyr. Azat bilen gürleşip, birsalym oturypdyr. Meni sorapdyr. Men ýok ekenim. Şol günki görme-görüşlik iň soňky hoşlaşyk ekeni. * * * Ýetmişinji ýyllaryň ortalarynda gazet-žurnallaryň birnäçesi Kemine köçesiniň ugrunda ýerleşýärdi. Bir gezek iş kabinetinden çykyp, şahyr Mämmet Seýidow bilen salamlaşaýyn diýip, goňşy kabinete girdim. Gapyny açsam, o ýerde ýazyjy Beki Seýtäkow hem oturan ekeni. Salam berip girdim-de, bir gyrada oturdym. Soň Beki aga meniň bilen gyzyklandy. Kimligimi sorady. Aýtdylar. Ol meniň Garrygaladandygymy bilip, özüniň o ýerde bolandygyny, özünde gowy täsirleriň galandygyny aýtdy. “Aý, ýöne o ýerde ýylan gaty kän ekeni” diýdi. Onuň ýylandan şeýle gaty gorkýandygyny soň-soňlar bilip galdym. Ony maňa baýry žurnalist Kakabaý Gurbanow gürrüň berdi. Kakabaý aga kyrkynjy ýyllaryň aýaklarynda “Mydam taýýaryň” redaksiýasynda işe başlanda, gazetiň redaktory Beki aga ekeni. Halypa ýazyjy ýaş işgäriň işeňňirligine, işe jogapkärli ýapyşyşyna göwni ýetipdir. Ojuk-bujuk şahsy ýumuşlaryny hem Kakabaýa ynanypdyr. Soň-soňlar Beki aga Kakabaý Gurbanowiçe şeýle bir wakany gürrüň beripdir. – Men çagakam bir toýa baramda meni it ýardy. Şonda gaty gorkdum. Adamlar wagtynda ýetişmedik bolsalar, meniň näme boljagym näbellidi. Şondan soň gorkudan ýaňa gijeler ýatyp bilmedim. Ýaňy bir irkildigimmikäm diýsem, her goltugymyň aşagynda bir ýylan bar ýaly. Hany, onsoň ýat-da sen. Tä kyrk ýaşyma çenli şeýle gorkuda ýaşadym. * * * Şahyr Şäher Borjak alawaňňyrakdy. Bir gezek “Edebiýat we sungatyň” baş redaktory Kakaly Berdä jaň etdi. Redaktoryň özi şo wagt kabinetinde bolmansoň, kabulhanadaky trubkany gazetiň jogapkär sekretary göterdi. Redaktoryň ýoklugyny bilensoň, ol “Şäher jaň etdi” diýip, oňa aýdyň” diýdi. Soňundanam ol gürleşip duran işgärimiziň adyny tutup: “Seniň adyň nämed-ä?” – diýip sorady. Biz muňa soň hezil edip gülüşdik. * * * Türkmen telewideniýesinde işleýärkäm (1985), Kerim Gurbannepesow bilen Türkmenistanyň halk hojalyk institutynda şol okuw jaýynyň studentleriniň arasynda döredijilik duşuşygyny guradyk. Ony hem göçme telewizion stansiýa bilen ýazga geçirdik. Şahyr şonda Gökdepe wakalaryna bagyşlap ýazan täze poemasyndan parçalar okady. Duşuşyk hemişekisi ýaly şowly geçdi. Indi ýazgyny montaž edip, efire bermelidi. Kerim aga şol gün režissýordyr redaktor bilen bile oturyp gepleşigi montaž etmäge gatnaşdy. Bu biziň işimizde seýrek bolýardy. * * * Adyny agzap durjak däl, demir ýol otlusynda prowodnik bolup işleýän bir tanşym bardy. Şäheriň çetinde goňşurak bolup ýaşaýardyk. Bu dünýä ömürlik gelen ýaly, nebsine “haý” diýip bilmeýärdi. Hakyna kaýyl däldi. Gepiň küle ýeri haramylyga baş urupdy. Mesligine çydaman, aýalyny kowup, başga bir ýaşrak gelin aldy, bir topar çagany ýetim goýdy. Garry ejesine bolsa häli-şindi azgyrylýardy. Günleriň bir güni, organ işgärleri duýdansyz gelip, onuň öýüni dökdi. Öýünden çykan zatlaryň hetdi bar-hasaby ýok. Üýşüp duran goňşy-golamlar munça zada haýran galyp seredýärdiler. Agasyna inisiniň öýüniň dökülendigini habar beripdirler. Öýi dökülýän inisi organ işgärlerine bir zatlar düşündirjek bolýardy. Agasyndan haraý gözleýäne meňzeýärdi. Şonda agasy jübüsinden ullakan bir düýp sogany çykardy-da: “Adamlar, men ine, şu sogan bilen öz çagalarymy ekleýän” diýip yzyna dolandy. Dogrudanam, ol halal ýaşaýardy. Montýordy. Inisine näçe sapar akyl berip-akyl berip, dili syrylansoň, halys paltasy daşa degipdi. Zehinini ýakan inisine bu günki gün onuň haýpy gelenokdy. Emma doňýürek oglunyň düşen ýagdaýyna dözmän, garry ene iki ýana zowzanaklaýardy. Şo wagt enäniň perişan halyny bir görsediňiz! Agasy bolsa “Eliň bilen etdiňmi, egniň bilenem çek” diýipdi. Başda onuň bu hereketlerini geňräk görenem bolsam, soň-soňlar onuň ýagdaýyna bek düşündim. Akmaga akyl bermek hebesdir. Oňa janyňy ýakmagam hebesdir. Hakyňa kaýyl bolmaly. Aç öleniň mazary ýog-a! * * * Geçen asyryň 80-nji ýyllary söwdada işleýän obadaşymyzy gapjadylar. Türmeden boşap gelensoň, ol bir ahwalaty gürrüň berdi. Düýşüne aksakal goja girip: “Oglum, gam-gussa batyp oturma, enşalla boşajak günüňem uzakda däl” diýip, gözden gaýyp bolanmyş. Soň ol maşgalasyny zadyny alyp, bizem oba gezelenç ederis diýip ýola düşdük. Gürrüňi edilýän piriň gubury beýik daglary ýassanyp ýatan Şyhattar gonamçylygynda ýerleşýärdi. Kimde-kim Şyhattara zyýarata gelse, hökman şo pire-de sežde edýärdi. Bardyk. Şyhattar orta asyrlardan galan enaýy mawzoleý. Ol ikinji müňýyllygyň başlarynda ýaşap geçen beýik adamyň – filosofyň, şahyryň, lukmanyň... hatyrasyna bina edilen bolmaly. Onuň şeýle ýadygärligi Samarkantda-da, Eýranda-da bar diýdiler. Hawa, zyýarat edip, piriň başujunda-da aýat okaly diýdik. Ýaňky obadaşymyz maşynynyň o ýerine-bu ýerine seredeýin bahanasy bilen galarman boldy. Menem oňa kömekleşmeli boldum. Ol maşynyň aşagyna girenem şoldy welin, eňeşak edilip goýlan maşyn öz-özünden gozganyp başlady. Bolsa-da obadaşymyz maşynyň aşagyndan çykmaga ýetişdi. Maşyn öňünde ösüp oturan daýaw agaja özüni urdy. Şol agaç bolmadyk bolsa, maşyny bu günde-ertede çukurdan çykarar ýaly däldi. Menem, maşynyň eýesem bu ahwalata haýranlar galdyk. Ýörite zyýarata diýip gelibem, şoňa ýaltanan obadaşymyza tebigat göz görkezäýdi öýdýän. Başga näme diýjek?! * * * Babyş aga iliň-günüň derdine ýaraýan ýaşuludy. Mahal-mahal ikimiz söhbetdeş bolýardyk. Ýazyjy-şahyrlardan hem tanaýany az däldi. Köplenç Ata Atajanow hakda soraýardy. Dünýä wakalaryndanam gürrüň açyberýärdi. Üýtgedip gurmak döwri başlandy. Bir gezek oňa öýüniň ýanynda gabat geldim. Gürrüňimiz gyzyşdy. Gojanyň asly Bäherden tarapdandy. Haýsy obasyndandygy ýadymda däl. – Bolşewik gelende biz ýaş oglandyk. Obamyzda Gara hoja diýip uly iliň sylaýan ýaşulusy bardy. Ine, şoň aýdany ýadymda: “Adamlar, darykmaň. Bu bir gara ýeldir, geçer gider” diýipdi pahyr. Inim, bu wakalara ser salsaň, Gara hojaň aýdany çynyrgajak ýaly bolup dur – diýdi. Dowamy bar >> | |
|