12:04 Gündelikde galanlar -1: Artek depderi | |
GÜNDELIKDE GALANLAR
Ýatlamalar
(Kakam Çüri Çary oglunyň, ejem Oguldurdy Hudaýberen serdar gyzynyň ýagty ýadygärligine) Ýyllar geçýär. Bireýýäm yzda galan oglanlykdyr ýigitlik döwürlerinde başyňdan geçiren wakalaryň birtopary ýadyňdan çykyşypdyr, birnäçesi bolsa häli-häzirem hakydaňda ýaşamagyny dowam etdirýär. Gürrüňsiz, elbetde, bular seniň durmuşyň. Geçen ýoluň bir bölegi. Gizläp nätjek, olaryň käbirini mähribanlyk bilen ýatlaýarsyň, käbirlerini bolsa ýatlamak agyr düşýär. Hawa-da haýsy röwüşde bolsa-da, hakyda ýaşasa gowy! Men hem şol wakalaryň birnäçesini ýatlap, başardygymdan kagyza geçireýin diýdim. Ýadyma düşüşi ýaly ýazdym. Olary owadanlajagam bolmadym, ýülmejegem. Ýaňky aýdyşym ýaly, ýadyma düşüşi ýalam kagyza geçirdim. Çünki şeýle bolanda wakalar öz tebigylygyny saklaýar diýip pikir etdim. • Artek depderi 1961-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlary maňa Krymda, Bütinsoýuz «Artek» pioner lagerinde kyrk günläp dynç almak miýesser bolupdy. Türkmenistandan 40 sany pioner oglan-gyzlar bolup biz «Kiparisnyý» atly lageriň dürli otrýadlarynda dynç alypdyk. Deňzi men şonda ilkinji gezek görşümdi. Lagere agşamlyk baranymyz üçin men deňzi oňat synlap bilmändim. Ýöne onuň uzak gijesi bilen kenara urýan tolkunlarynyň täsin sesi şu wagta çenli mahal-mahal gulagymdan gidenok. Men lagerde ýaşyma görä däl-de,menden uly ýaşlylaryň otrýadyna, has takygy, 2-nji otrýada düşüpdim. Maňa otrýadyň baýdagyny götermek ynanylypdy. Men nirä gezelenje gitsek-de, ýörişiň öň hatarynda baýdak göterip barýardym. Sewastopola gezelenje gidenimizde-de şeýle boldy. Panorama, diorama diýen zady men ilkinji gezek şo ýerde görüpdim. Lageriň her otrýadynyň baýdak göterijileri bolup düşüren suratymyzy men arhiwimde aýawly saklaýaryn. Starşiý pionerwožatymyz wolgogradly Lýubow...... nämüçindir meni gowy görýärdi. Belki-de, otrýaddakylaryň arasynda iň ýaşy bolanym üçindir. Bir gezek bizi «Morskoý» diýlip atlandyrylýan lagere äkitdiler. Bu ýere ähli artekçiler ýygnanypdy. Duşuşykda biziň garaşmaýan zadymyz boldy – pionerleriň öňünde ilkinji kosmonawt Ýuriý Alekseýewiç Gagarin çykyş etdi. Bu biziň çaga ýüreklerimizde uly täsir galdyrypdy. Aradan wagt geçmänkä, onuň ýene-de biziň bilen duşuşygymyzy guradylar. Ol Krymda aýaly bilen dynç alýan eken. Soň biz kosmonawtlar Popow we Nikolaýew bilenem duşuşdyk. «Artekde» dynç alan günlerimiz biz köp zadyň şaýady bolduk. Şonda ýöreden depder gündeligim maňa köp zatlary ýatladýar. Mahal-mahal artekdeş dostlarymy mähir bilen ýatlaýaryn. Olar ozalky SSSR atly beýik ýurduň hersi bir ýerinden gelenlerdi. Ýadymda, bir gyrgyz oglany diwar gazeti üçin meniň bilen söhbetdeş boldy. Men serhet gyrasynda ýaşaýandygymy, esgerler bilen dostlaşyp, olara kömek berşimiz barada, bir serhet bozujyny tutuşymyz hakda gürrüň berdim. Habarçy oglanyň «Ol serhet bozujy nireden gelen eken?» diýen sowalyna men näme diýjegimi bilmän, «aňyrdan» diýipdirin. Olam «Ankaradanmy?» diýip, düşünmän ikilenji gezek sorady. Aý, garaz, biz onuň bilen düşünişmän galdyk. Meniň bilen söhbetdeşlikde barybir «Ankaradan» diýip gidipdir. Ýalňyşmasam, ol habarçy oglanyň ady Kubandy. Meniň bilen bile Artekde bolanlaryň soňky ykbaly hakda hiç hili habarym ýok. Bir otrýadda däl-de, başga otrýadda bolanlardan Agageldi Allanazarow bilen häli-şindi görüşýäris. Ol ýurdumyzda belli ýazyjy. Başga-da Marydan şahyr Ata Abdyrahmanowyň ogly Gurban bilen dostlaşypdyk. Häzir-ä ony köpden bäri göremok. Ol, ýalňyşmasam, Moskwada okap gelip, kinostudiýada-da işläpdi. Artekden gelenimizden soň biz birnäçe wagtlap Agageldi bilenem, Gurban bilenem hat alyşýardyk. Birek-birek bilen dostlukly hatlaryny alyşmak şo döwrüň çagalaryna mahsusdy. Maňa Soýuzyň başga ýerlerindenem hat gelýärdi. Azerbaýjanyň Salýan raýonyndan Safaly Guseýnow, onuň dosty Mahmyt Kulyýew bilenem köp ýyllap hat ýazyşdyk. Şol raýonyň gazetinde çap edilen «Çar tarapda dostlarym bar» atly makalam hem okuwçy döwrüm ýazylypdy. Häzir belli çagalar şahyry Hemra Şirow bilenem hat alşanymyz ýadymda. Gynançly ýeri, men şol hatlary saklamandyryn. 1973-nji ýylda Moskwa okuwa gideminde, bir çemodan hatlarym ýok edilenligine şumadam gynanyp ýörün. Gowusy, geliň, siz 10-12 ýaşly boýny gyzyl galstukly pioner oglanyň «Artekde» ýöreden gündeligine gulak goýuň. Gündelik nämeler hakda söhbet açýar?! 15.09.62 Biz Bäherden raýonyndan 15-nji sentýabrda irden sagat 8-de «wilis» ýeňil maşyny bilen Aşgabada tarap ugradyk. Ýolda bir gezek durup, takmynan 3 sagada golaý wagtda Aşgabada geldik. Bu ýerde bizi oňat garşyladylar. Biz Aşgabadyň myhmanhanasynda birneme dynjymyzy alyp, nahara gitdik. Gijesine bolsa telewizorda kino görüp, «Türkmenistan» myhmanhanasynyň 75-nji otagynda ýatdyk. 16.09.62 Ip bilen turup, el-ýüzümizi ýuwup, ertirligimizi edindik. Ondan soň Pionerler köşgüne bardyk. Ol ýerde bize Artek barada gürrüň berdiler. Soň bizi haýwanat baguna äkitdiler. Bu ýerde her hili haýwanlara tomaşa etdik we şonuň bilen birlikde biz Aşgabadyň birnäçe ýerleri bilen tanyş bolduk. Magtymguly teatryny gördük. Günortanlar gelip nahar iýdik we ýatdyk. 20.09.62 Ertir ir bilen turup, zarýadka etdik. Nahar edinip, ekskursiýa gitdik. Biz şonda Çehowyň maşgalasynyň ýaşaýan ýerini gördük. Artekde dagyň içinde gowak bar, onuň uzynlygy 30 metre golaý bar. Ekskursiýadan soň sanitarlar ýygnak geçirdiler. Ekskursiýa barmazdan öň, sanitarlar biziň bolýan ýerimiziň arassalygyny barladylar. Gün ýaşan wagtynda stadiona baryp, basketbol we başga oýunlary oýnadyk. Ondan soň otrýad lineýkasyny geçirdik. Agşam sagat 9-da «Onüçler» diýen kinony gördük. Ol kino gyzykly eken. Ertir ir bilen doktoryň jaýynda saglygymyzy barlatdyk. Sagat 10-da biz öz bolýan ýerimizi arassaladyk. Ondan soň biz deňze suwa düşmäge gitdik. Ol ýerde bizi 40 minutlap Günüň astynda ýatyrdylar. Şondan soň 2 minut deňze suwa düşdük. Ýatmazymyzyň öň ýanynda družina lineýkasyny geçirdik. Soň her kim öz terjimehalyny aýtdy. Şol gün agşamaralar bizden 2 kilometrlikde ýerleşen «Morskoý» lagerine-- Gagaryny görmäge gitdik. Ol ýere öz aýaly bilen hem-de Moskwa estrady hem geldi. Ony artistler görkezdiler. Konsert gyzykly geçdi. Soň Ý.A.Gagarin azajyk söz sözledi. Suratçylar surat aldylar. Şonuň bilen birlikde, Gagarin hem-de artistler gaýtdylar. Biz Gagarini garşylap, Gagarina degişli we pionere degişli aýdymlar aýtdyk. Artistler oýun oýnadylar. Bu oýny Maýakowskiý ýazypdyr. Artistler onuň «Ýagşy näme – ýaman näme» diýen oýnuny oýnadylar. 22.09.62 22-nji sentýabrda howa çygly boldy. 23.09.62 Hiç hili üýtgeşiklik ýok. 24.09.62 10-11-lerde družina lineýkasy geçirildi. Lineýka general-maýor we başga ýoldaşlar geldi. Olara gül desseleri gowşuryldy. Sagat 4-lerde biz «Morskoý» lagerine gitdik. Ol ýerde biz ýene Gagarini garşyladyk. Soň soldatlar oýun görkezdiler we saz çaldylar. Oýunda bir şpion granisi bozup, sowet araçäginden geçýär. Soň bir soldat iti bilen granisi barlamaga gelýär. Şonda adamyň aýagynyň yzyny görýär. Ol soldat awtomat atýar. Soldatlar ýetişýärler. Ol ýerde atyşýarlar. Soň ol şpiony tutýarlar. Agşam družina lineýkasy geçirildi, soň tans etdik. 25.09.62 Biz sagat 4-lerde mekdebe bardyk. 25-nji sentýabrdan mekdebe gatnap başladyk. Bizi rusça okadýarlar. Şol gün 4 sagat okadyk. 25-nji sentýabrdaky okuw raspisaniýesi: rus dili, zoologiýa, fizika, algebra. 26.09.62. Ertir ir bilen turup, granisi barlamaga gitdik. Birinji otrýad niräni goramaly, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-nji otrýadlar niräni goramalydygyny aýtdylar. Soň druzina lineýkasy boldy. Podýom -7-de. Zarýadka -7-05-de. Otrýadnaýa lin.- 8-20-de. Druž. lin. -8-30-da. Obed -13-de. Şkola. Užun --19-da. Druž. lin.--21-10-da. Otboý --22-de. Agşam kinofilm gördük. 27.09.62. Howa çyglyrak boldy. Sagat 14-lerde biz plýažda bolduk. Katerde hem-de gämide gezelenç etdik. Kapitan çämi hakynda gyzykly gürrüň berdi. Agşam «45 kwadrat» diýen kinofilme tomaşa etdik. 28.09.62. Sagat 12-lerde stadionda woleýbol, basketbol we başga oýunlary oýnadyk. 29.09.62. Sagat 10-larda mekdebe bardyk. Ýç sagat okadyk. Agşamara birinji zastawa hem-de ikinji zastawa bolup ýaryş geçirdik. Oýunda birinji zastawa utdy. 30.09.62. Ir bilen zarýadka geçirdik. Şunuň ýaly zarýadkany her gün geçirýäris. Şu gün hem iki tarap bolup «snaýper» diýen oýny oýnadyk. Bu sapar hem 2:0 hasaby bilen birinji zastawa utdy. Agşam kinofilm gördük. 1-nji oktýabr. 9-sagat 40 min. Plýaž boldy. Biz öňünçe köçäniň ugrundaky ýolkalaryň düýbüni ýumşatdyk. Olary ýumşadyp bolanymyzdan soň katerli gezelenje gitdik. Deňziň ortasyndaky gaýany synladyk.Onuň içinde restoran ýerleşýän eken. . Ol gadymdan galypdyr. Katerli çezelençden soň gaýdyp gelip,Çara deňziň kenarynda suwa düşdük. Agşam rüsça täze aýdym öwrendik. 2-nji oktýabr. Ertir ir bilen družina lineýkasy geçirildi. Oňa bizi okadýan birnäçe mugallymlar hem gatnaşdy. Wožatylaryň başlygy çykyş etdi. Biz agşamky öwrenen aýdymymyzy aýtdyk. Radio boýunça lineýka geçirdik. Bu dabaraly lineýkadan soň stadionda ýaryş geçirdik. Soň plýažda bolduk. 3-nji oktýabr. Irden 5-lerde turduk. Ertirlik edinip, sagat 7-lerde Sewaastopl şäherine ekskursiýa gitdik. Ekskursiýa başlan ýerimiz Çernomorskoýe muzeýi boldy. Bu muzeýde her hili zatlar bar eken. Muzeýde tüpeň, pulemýot, minamýot, posly naganlar, mauzer, puşka, köne ýyrtyk baýdak goýlupdyr. Owalky ofiserleriň geýýän geýimleri hem-de matroslaryň geýimleri bar eken. Köne gylyçlar hem bu muzeýde saklanypdyr. Owadan nagyşly gynlary hem-de patyşalaryň ýüzügi hem medallary bar. 1941-nji ýylyň urşundaky zyňlan we galan posly naganlar, gylyçlar, ýyrtyk baýdaklar, köne granatlar, bombalar bar. Şol uruşdaky partizanlaryň suratlary bar. Biz muzeýden çykyp, parahodlaryň duran ýerine bardyk. Ol taýda suwasty gämisini gördük we ullakan parohodlara tomaşa etdik. Şeýle hem 4 gahrymanyň münüp giden parohodyny gördük. Ýadigärlikleri synladyk. Restoranda nahar edindik. Soň balyk saklanylýan ýere bardyk. O taýda her tüýsli balyklar gördük. Şolaryň içinde uzynlygy 1metre ýetýän balygy hem gördük hem-de her tüýsli leňňeçlere haýran galyjylyk bilen seretdik. Mundan çykyp, Pionerler köşgüne bardyk. Köşgüň içinde oktýabrýatlar üçin gurjak teatry bar eken. Soň şäherdäki panorama bardyk. Panoramany birnäçe rus hudožnigi döredipdir. Ol panaoramada köne wagtda bolan söweşler janlandyrylypdyr. Panoramadaky ähli zat-- bassyrmalar, toplar, purgunlar, purguna daňylgy atlar, söweş meýdany, söweşijiler... barysy janly ýalydy. Ýanýan agaçlary edil ýanyp duran köz ýaly edipdirler. Panoramadan çykyp, Dioramo äkitdiler. Ol ýerde biz ilki bilen družina lineýkasyny geçirdik. Muzeýe syýahat etdik. Dioramanyň wakalary Beýik Watançylyk urşy hakynda. Swestopolda ullakan hem uzaga çeken uruş bolupdyr. Partizanlar gahrymançylyk görkezipdirler. Diaramo-da bizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Dioramadan çykyp, şäher muzeýine aýlandyk. Birküç erde ýadygärlik surata düşdük. Yzymyza gaýdyşyn awtobusly dört sagat ýol ýöredik. Sewastopol bilen Artegiň arasy 200 kilometre golaý. 4-nji oktýabr. Ir bilen granisi barlamaga gitdik. Agşam Simferopoldan gelen soldatlar oýun görkezdiler. 5 –nji oktýabr. Irden plýaž boldy. Agşamy «Tyssa boýynda» atly kinofilme tomaşa etdik. Ondan öňinçe köpçülik bolup aýdym aýtdyk. 6-nji oktýabr. Şeýle bir gyzykly gün boldy. Kosmonowtlar Popowiç hem Nikolaýew bilen «Morskoý» lagerde duşuşyk boldy. Pionerler olara dürli oýun görkezdiler. Soň kosmonawtlar çykyş etdiler – ilki Popowiç, soň Nikolaýew. «Snaýper» ýaryşyna «kiparisnililer» bilen 2-nji lagerdäkiler çatnaşdylar. Biziňkiler – «Kiparisniý» utdy. Popowiç bilen Nikolaýew ýeňijilere sowgat gowşurdylar. Ýüp çekmek ýaruşunda da biziň komandamyz ýeňiş gazandy. Şol gün bizi awtobus maşynlaryna mündürip, Krymyň bell Botanika bagyna äkitdiler.Gadymy baglary görüp, haýran galdyk. 7-nji oktýabr. Hiç hili geň zat bolmady. 8-nji oktýabr. Biz sagat 6-larda turup, kostýor ýakjak meýdançamyzy giňeltdik. Bir sagat töweregi işledik. Agşam kostýor ýakdyk. Gürrüň Dzeržin¬skiý barada boldy. 9-njy oktýabr. Sagat 5-lerde turup, kostýor ýakylýan meýdançada işledik. Soň Moldawiýadan gelen kinoçylar žurnal üçin surata düşürdiler. Oňa bäş sany pioner çatnaşdy. Munda olaryň nädip içalyny ele salyşlary barada gürrüň edilýär. Şol bäş pioneriň biri hem men. Şol gün biz serhet goragynda hem bolduk. 10-njy oktýabr. Naharhanada nobatçylyk etdik. Družina lineýkasy geçirildi. Kinoçylar surata düşürdiler. 11-nji oktýabr. Hiç hili üýtgeşiklik ýok. 12-nji oktýabr. 1-2-nji zastawadan başga zastawalar Aýudaga ekskursiýa gitdiler. 2-nji zastawa stadionda oýun oýnady. 13-nji oktýabr. Ýaryşa taýýarlyk gördüler. 14-nji oktýabr. «Morskoý», «lazurnyý» we «Kiparisniý» lageleriniň arasynda ýaryş başlandy. 15-nji oktýabr. Ýaryş dowam edýär. Bu günki ýaryşa «Morskoý» lageri gat¬naşmady. «Kiparisniý» birinji orna mynasyp boldy. 16, 17, 18-nji oktýabrda hiç hili ýütgeşiklik bolmady. 19-njy oktýabr. Ikinji we üçünji zastawalylar Aýy dagyna gitmeli günleri. Otrýad lineýkasyny geçirenimizden soň, Aýy dagyna tarap ýola düşdük. Dagyň beýikligi 500 metrden gowrak diýdiler. Aýy dagy gür tokaýlyga bürenip otyr. Biz dagyň başynda ot ýakdyk. Ýolda bir gezek sykylyk çalynsa sessiz ýöremelidik. Ikinji gezek çalnanda durmalydyk. Üçünji gezekde özara gürrüň edibermelidik. Dagyň başynda bir garry dubuň köwegine hat ýazyp taşladyk.»Artekde» bu öňden gelýän däp eken. Yzymyza gaýtdyk. Gelip öýlänlik nahar edinip,ukladyk. Şol gün her zastawadan saýlap, göreldeli pionerjeri pioner baýdagynyň as¬tynda ýadygärlik suratyna düşürdiler. Şolaryň arasynda men hem bar. 20-nji oktýabr. Öýlän Pionerler köşgüne bardyk. Ol ýerde döşi orden-medaldan doly bir adam bijen duşuşyk boldy.Ony bize «ýojdaş Smolin» diýip tanyşdyrdylar. Ol özi hakynda gürrüň berdi. Şonda biz onuň 160-a golaý serhet bozujyny tutandygyny bildik. Ol häzir starşina, özem «Tissa boýunda» atly kinofilmiň baş gahrymanynyň prototipi. Soň kino görkezdiler. 21-nji oktýabr. Ertir ir bilen agramymyzy çekdiler. Meniň agramym 30 kilogram 800 gram çykdy. Artege gelenimde 27 kilogramdym. Şoj gün stadionda ýaryş başlandy. Ýene-de «Lazurniý» bilen «Kiparisniý» lageri oýnady. Utanlara sylag hem-de altyn medal , kubok gowşurdyjar. 22-nji oktýabr. Agşam tans boldy. 23-nji oktýabr. Hoşlaşyk dabarasy boldy. Agşam «Morskoý» lagerinde uly kostýor ýakyldy. Soň ýagty atyldy. Pograniçnikler oýun oýnadylar. Olara munuň üçin altyn medal gowşurdylar. Agşamky naharda pirožki hem-de her adama bäş almadan, iki kemputdan paýladylar. Şol gün okuw bolmady. 24-nji oktýabr. Agşam hoşlaşyk tansy boldy. 25-nji oktýabr. Družina lineýkasyndan soň, otrýad baýdaklarymyzy, depreklerimizi hem-de tüýdüklerimizi tabşyrdyk. Soň mekdebe bardyk. Ol ýerde okuw tabellerimizi berdiler. Ermenistalylr bilen Moldawiýadan gelenler şu gün öýlerine gaýtdylar. Pionerler köşgüne baryp, kinofilme tomaşa etdik. 26-njy oktýabr. Sagat 4-de biz türkmenistanlylar öýe gatmak ýçin ýola düşdük. Ilki Krasnodara, soň Mineralnoe Woda, soň Krasnowodsk, soňam Aşgabat. Simferopldan Krasnodara 45 minutda, Krasnodardan Mineralniý Woda hem 45 minutda, Mineralniý Wodadan Krasnowodskä 2 sagatda geldik. Krasnowodsk bilen Aşgabadyň arasy 45 minutlyk 7- eken. «Oktýabr» myhmanhanasynda aç-suwsuz ýatyrdylar. 27-nji oktýabr. Bäherdenden, Gökdepeden hem-de Bagyrdan gelen oglanlar maşynly gaýtdylar. Bagyrdan bir, Gökdepeden bir gyz, Bäherdenden iki oglan, Garrygaladan iki oglan. Agşam ýagyş ýagdy. 28-nji oktýabr. Samolýotly gitjek çagalar irden altylarda aeroporta bardylar. Sagat 9-dan işlände iki adamlyk samolýotda Garrygala uçdyk. Samolýot 10-larda Garrygala gondy. 28-nji oktýabr. Garrygalada ýatdym. 29-njy oktýabr. Garrygaladan öýe tarap kolhoz maşynynda gaýtdym. • Artekdeş dostlarymyň adresleri USSR , Surhandarinskaýa oblast, Termizskaýa raýon, kolhoz «40 let Oktýabrýa», brigada 5, Elemonow Gurmat. TSSR, r-n Tagtabazar, k/z Kirow,vul. Moskwa, dom №8, Allanazarow Aga. Aşhabad r-n, s/s Gami, s. Gýawurs, k/z «1-go maýa», Berdiýew Aman. Kirowskaýa oblast, Slobodskoý r-n, Kruglowskoýe, p/od. b-Moçaşko, Zýankinu Gennadiýu. KASSR. Sižskiý r-on, p-o Reboly, internat, Zaharowu Anatoliýu—Tole. USSR, Çernowiskaýa obl. Nowoseleskiý r-n, s. Tarasowsiý, Sirotýanu Wasiliýu Iwan. Kirg. SSR, Džety – Oguzskiý r-n, s. Barskaun, Karbozow Kuban. RSFSR, Çitinskaýa obl. Kyrinskiý r-on, s. Mangut. şkola 8 kl. Bogomolow Kolýa. ARM .SSR , Oktemberýanskiý r-on,selo Aradap, Aýrapetýan Benik USSR. Stanislawskaýa obl. s. Bur ul.» 1-go Maýa», 93 kw.5.Kolum¬baýewa Ýulýa. USSR, Stanislawskaýa obl. g. Burgityn, ul. Şewçenko, Rega Olýa. USSR, Stanislawskaýa obl. g. Burgityn, ul. Kolhoznaýa, Nikolaýko Nikolaý. Lwowskaýa obl.Mostisskiý r-n, s. Şegini, w/ç 2144 «U», Tokarçuk L.A. USSR, Zakarpatskaýa obl. g. Užgorod, pl. Teatralnaýa 4/4, Sadowskaýa Tane. TSSR, g. Kuşka. w/ç 2072 «B», Žukowoý Lýude. USSR,Çerpowiskaýa obl. Glubokskiý r-on,s. Porubne, şkola-in.Onar Lena. BSSR, Brestskaýa obl. Brestskiý r-on, pos. Tomaşewka, Panasýuk Anatoliý. TSSR, Mary, ul. Poltaraskaýa, d.74, kw. 12 ,Ataýew Kurban. Posýolok Bäharden, ul. Nowaýy, dom 10, Bäşiýew Baýmurat. Aşhabadskaýa obl. Bäherdenskiý r/n, detdom №11, Şahyrow Batyr. Arm. SSR, st. Eçmiadzin,Adžýan Ž. Uzbekskaýa SSR, Surhandarýanskaýa obl. Angorskiý raýon, kolhoz im. Kuýbyşewa, şk. №17 im. Nizami, Çariýew Faýzulla. M.S.S.R.,Glodýanskiý r/n,s.Bolotino, Poçumban Lýuda. Arm. SSR, stansiýa Eçmiadzin, Martirosýan Agabek. USSR, Lwowskaýa obl., g. Rawa-Russkaýa, ul. Žowtnewa 2, Brik Nadežda. KSSR, g.Alma-Ata, l.Krasnoarmeýskaýa,dom 24. kw. 8, Gibak Kate. BSSR, ul. Gorkogo,d. 16. kw.6, Maçuýskiý B. Wolgograd, ul. Mira 26. kw. 98. Nowikowa Любовь Алексеевна • Aýdym Расскажу я вам ребята ой, ёёёй Как попал я изолятр Фут и грех какой Припев. Тарарара чирик-чик-чик Тарарара Два часа води сидели ой-ёёй и конечно осинели фут и грех какой Припев. Раз зелезли в сад колхози Там парвали груш зелёных Фут и грех какой Припев. Надо этому случится ой-ёёёй Нам вожатий подвернулся Фути грех какой Припев. Не советую ребята ой-ёёй Попадатся в изoлятр Фути грех какой *** Okuwçy döwrümizde bolan bir waka hiç ýadymdan çykanok. Ol dramaturg Güseýin Muhtarow bilen baglanyşykly. Men dostum Sapar bilen maslahatlaşyp,oňa hat ýazmak kararyna geldik. Ýazan hatymyz mende saklanyp galypdyr. «Türkmen sowet dramaturgy Güseýin Muhtarowa ýalkymly salam! Şu haty Gyzylarbat oba raýonyndaky 7-nji onbirýyllyk mek¬debiniň 8-nji klas okuwçylary ýazyp iberýärler. Biz häzir edebiýatdan Siziň döredijiligiňizi öwrenýäris. Şonuň üçin bizi Siziň çagalyk döwrüňiz, durmuşyňyz, döre¬dijiligiňize nähili başlanyňyz, ýakyn hem geljek wagtda nähili eser ýazjakdygyňyz bizi örän köp gyzyklandyrýar. Şonuň üçinem Size şu haty iberýäris. Siz şu haty alanyňyzdan soň bize kanagatlanarly jogap ibermegiňize biz garaşýarys. Siziň her bir işde üstünlik gazanmagyňyzy uly arzuw edýäris. 8-nji klas okuwçylarynyň tarapyndan şu haty ýazan 8-nji klas okuwçylary Allaýar Çüriýew we Sapar Annamuhammedow. 1964. 5/2. (5-nji fewral—A.Ç.)» Soňy nähili bolandyr öýdýärsiňiz? Dramaturgyň bize ýazan jogap haty nämçindir mekdep direktorymyz Oraz Meredowyň eline düşüpdir. Olam «Näme üçin hat ýazdyňyz?» diýip, günä bir iş eden ýaly bize käýäp goýberdi. Bar bolany şol! | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||