23:13 Gündelikde galanlar -4/ dowamy | |
* * * 8. IX. 89. Anna. Rahman Öwezowiç bilen Juma Köýneklere Hajymyrat hakdaky materialyny okatmaga gitdik. Onuň ikinji aýaly Jahan Hojamyradowa Hajymyradyň gyzy. Aýaly garşylady. Juma Köýnek wannada eken. Garaşdyk. Juma Köýnek Şaja Batyrowyň dosty. – 48-nji ýylda Türkmenistan komsomolynyň gurultaýy boldy. Çärjewiň, Daşhowuzyň obkom komsomolynyň birinji sekretarlary rus dilinde çykyş etdiler. Maňa söz berildi. Menem çykyşymy rusça başladym. Şonda Prezidiumda Şaja Batyrowyň sesi eşidildi: – Eý, maryly. Türkmen dilinde gürle – diýdi. Men birhili boldum. Çünki çykyş ruçsa taýýarlanandy. 2 minut dagy tribunada sesimi çykarman durdum. Soňam türkmençe çykyş etmäge başladym. 10-15 minutlap gepledim. Bolup, prezidiumdaky ýerime geçdim. Şonda Şaja Batyrow meni ýanyna çagyrdy. «Berekella» diýip arkama kakdy. Oňardyň – diýdi. Häzir ýolbaşçylaryň köpüsi dilini bilenok. Häzirki Sowminiň başlygy A.Hojamyradowyň iki dile-de gowşakdygyny aýtdy. * * * 2. VIII. 89. 2-nji awgust güni, (duşenbe) TKP MK-nyň birinji sekretary Saрarmyrat Аtaýewiç Nyýаzow redaksiýa (“Edebiýat we sungat” gazeti) geldi. Sagat 10-dan 10-15 minut işleýärdi. Redaktoryň sekretary Akjemal howsalaly ýagdaýda meniň kabinetime girip, «Nyýazow geldi» diýdi. Görsem, ol Ýоwşаnyň, Kakаbaýyň we Gözeliň oturýan kabinetinde, Gözeliň stolunyň başynda otyr. Ýanynda Ýоwşаn, Аnnаguly, Оmar, ýalňyşmasam Pirnеpes hem bar ýalydy. Gapyny çalaja açdym-da ýapdym. Omar meni görüp, yzymdan gygyrdy. Kabinete girdim. Saparmyrat Ataýewiç meniň adymy tutup, ýerinden turup görüşdi. Işgärleriň sanyny sorady. Tirkiş Jumagеldiýewiçiň (baş redaktor) şu günden otpuska çykandygyny aýtdym. Soňundan men ony baş redaktoryň kabinetine geçmegini soradym. Işgärleriň barlaryny ýygnadyk. «Tirkişiň otpuskadadygyny bilen bolsam, gelmezdim» diýdi. TKP MK-nyň neşirýatynyň direktory Meret Kulyýewiç hem geldi. Men Akjemala Rahman Öwezowiçiň (baş redaktoryň orunbasary) öýlerine jaň edip, gyssagly gelmelidigini aýtdym. Duşuşykda Gözel Şakulyýewa, Ýоwşаn Аnnаgurbаnow, Аnnaguly Nurmämmеdow, Gurbаndurdy Orazow, Annаmeret Durdymämmеdow we beýlekiler boldy. Ýarym sagat töweregi geçensoň partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň birinji sekretary Baleşew, TKP NK-nyň Iş dolandyryjysy O.Žаdаn geldi. Nyýazow «Meniň bärdedigini nirden bildiňiz?» diýip degişdi. Ol özüniň daşary ýurda gidişi, gören zatlary hakda gürrüň berdi. Respublikada üýtgedip gurmagyň gidişini gürrüň berdi. Gapurowdan gürrüň çykdy. Ol ony häsiýetlendirip: «Şu gün-ä gujaklaýandyr, ertir bolsa ýere ýazylyp ýatansyň» diýdi. Şmidt, Akgаýew ýaly adamlaryň ýagşylygy bilmeýändiklerini, olaryň üýtgedip gurmaga ýaramaz täsir etjek bolýandyklarynyň faktyny getirdi. Gözel özüniň maşynynyň ogurlanandygyny aýtdy. Men Suhаn Bаbaýew hakda material toplaýandygymy aýtdym. Ol «Halk gowy görer. Onuň çykarylan plenumynyň materialy bilen tanşandygyny, edilen gürrüňleriň hemmesiniň gybatdygyny aýtdy we özi bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň berdi. “11-nji mikroraýonda altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda gaz turbasynyň açylyş dabarasy boldy. Menem şonda çykyş etdim. Inžener bolup işleýärdim. Suhan Babaýew ýanynda duran adamlaryň birine meni görkezip “Geljekde şundan bir zat çykar” diýip aýdypdyr. Onuň Büzmeýinde işleýän wagtynam bilýän. Keýtikläp, aýallary gowy görerdi” diýip degişdi. Nyýazow “Stоliçnyý” çilim çekýän ekeni. Men soň Rahman Öwezowy at gazanan medeniýet işgärligine hödürländigimizi, protokolyň SK-nyň bölüminde ýatandygyny, Rahman Öwezowyň abraýynyň kollektiwde uludygyny aýtdym. Rahman Öwezowyň özi hem bardy şonda. Nyýazow kollektiwe “Niçik görýäňiz?” diýip sala saldy. Kollektiw göwünjeňlik bilen jogap berdi. Daça meselesi ýüze çykdy. “Menem siziň ýanyňyzda – Berzeňňiden jaý saldyrjak, güýzde mesele çözüler” diýdi. Pöwrizeden gatnaýan. Öz jaýyň däl. Şoň üçin pil depesiň gelenok” – diýdi. “Ruhdan düşmeli däl. Käwagt mende-de şeýle ýagdaý bolýar. Soň öz-özüme “Bir ýyl işle, ýöne bürgüt bolup ýaşa” diýip, öz-özüme göwünlik berýän” – diýdi. Duşuşyk sagat 12-ä çenli dowam etdi. Rahman Öwezow bilen men ony ugratdyk. Ugradanymyzdan soň, Metbugat öýüniň girelgesinde Rahman aga meni saklap, maňlaýymdan öpdi. Bu onuň tañryýalkasynydy. * * * 20. XI. 89. Sagat üçde TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi boldy. Oňa TKP MK-nyň Ideologiýa bölüminiň müdiri Baýramnur Söýünow, Aşgabat şäher Proletar raýkomynyň sekretary Täçgözel Aşyrowa gatnaşdy. Prawleniýe başlanmazyndan öň Täçgözel Aşyrowa meň bilen salamlaşyp “Näme, okuwa gidýäňmi? Bize sen hakda otzyw ýazdyrdylar” diýdi. Men “habarym ýok” diýdim. Prawleniýede TSSR halk deputatlygyna Annaberdi Agabaýewiň kandidaturasy görkezildi. Rаhym Esenow çykyş edip “Ýaňy Berdinazar Hudaýnazarow: “Annaberdiň gyzmaçlygy aýrylypdyr. Sowukganly” diýdi. Men adamyň häsiýeti üýtgäpdir diýseler ynanman. Haçanda Annaberdini prawleniýede başlyklyga tassyklamyzda onuň bir erbet häsiýeti (içgi – A.Ç.) hakda aýdypdylar. Emma ol şol erbet häsiýetini taşlamasa, onuň soňy özi üçin erbet gutarar. Onuň şeýle bolandygyny ondan öňki işlänleriň mysalynda gowy bilýäs. Onuň bu häsiýetini taşlamandygynyň faktynyň soýuzyň partorgyna, başlygyň orunbasaryna ozal duýdurypdym” – diýdi. Nargylyç Hojageldiýew Agabaýew geçeli bäri işiň has gowşandygyny sowetleriň ýatyrylandygy bilen düşündirdi. Köp adam çykyş edip, Agabaýewiň kandidaturasyny goldadylar. Soň ozal prezidiumda gizlin ses bilen çlenlige geçip bilmedik Meret Haladow, Albert Polýakowskiý, Ýоwşаn Аnnаgurbаnоw, Osman Ödäýew, Ogulnabat Çaryýarowa, Durdуmuhammet Gurbanow çlenlige açyk ses bilen geçirildi. * * * 25. XI. 89. Krasnyý Krest. Ikinji ierapewt. 11-nji palata. Döwletgeldi Ökdürow. Ýanynda iki ogly bar. Sagat 10 töweregi. Horlanypdyr. Düýnki “Edebiýat we sungatda” çykan makala hakda Hally bagşy däl-de, Muhy bagşyň pata berendigini aýtdy. Gürrüňleşip kän oturdyk. “Ýegen, senden bir haýyş” diýdi. – Golaýlap gelýär – diýdi. Men: “Näme?” diýip düşünmän sorag berdim. Birsalym kellesinde pikir aýlap, “Narodnyý obrazowaniýe hödürlediler. Delo raýkomda ýatyr. Şo çyksa, suratym bilen, söýgüli bagşymyz diýen ýaly habar ber. Şo senden haýyş” diýdi. Menem „Ony hökman ederis. Suratyňy öýden alarys” – diýdim. Suratyňy öýden alarys diýenimiň sebäbi, ol şo bir suraty berýäňiz diýipdi. Soň ýanyna ýaş wraç oglan geldi, esengulyly oglan eken. Maksat. Düýn ol maňa Döwletgeldiň haýyşy boýunça jaň etdi. Hally bagşy däl-de, Muhy bagşy ak pata beren bolmaly – diýdi. Döwletgeldä men oň üçin indiki nomerde takyklama berýändigimizi aýtdym. Wraça “Bir sekret aýdaýyn” – diýdi. – Çepime ýatsam, sag tarapymda gyzgynlyk, sagyma ýatsam, çep tarapymda gyzgynlyk emele gelýär – diýip aýtdy. Wraç oglan “Bilip goýaýmaly zat” – diýdi. Gürleşip otyrkak, onuň inisi Alyhan Ökdürow penjireden seredip, oturyber diýen yşarat edip gitdi. Öňki güni ol ýanyma gelip, “Ýegen bar. Belki, saňa aýtjak-goýjak zatlary bardyr” – diýdi. Setdar Garajaýew Döwletgeldä «Men başga guramada durýan, zatlammy çykarmazlar” diýen eken. Soň makala çykansoň, Allaýar Çüriýew çykardandyr – diýipdir. Muny Döwletgeldi maňa aýtdy. Dogrudanam men makalany okap, Rahman Öwezowa “Döwletgeldiň ýagdaýy agyr. Makalany gyssagly bermesek ýetişmezligimiz hem mümkin” – diýdim. Olam Tirkişe aýtdy. Şeýtdip makalany nomere berdik. Soň men Kakabaý Ylýasowyň ogul agtygyny gutlamak üçin Köşä bardym. Özi ýok eken. Gutlap, öýe geldim. Soň Rahman Öwezowyň öýüne bardym. Nury Baýramsähedowa 2-ä çenli garaşdyk. Şadurdy Çaryýew, Rahman Öwezow, men. Soň otyrkak, 3-lerde Nury geldi. Dil hakda maslahat bolupdyr. Nury meni öýe taşlady. * * * 4. XII. 89. Irden ýüzümiň ugruna Döwletgeldi Ökdürowy soramak hem-de gazetde suratyny bermek üçin öýüne sowuldym. Öýde ýatan ekeni. Kakasynyň ady goýlany aýaklaryny owkalap duran ekeni. Aýaly Ogultäç “Allaýar geldi” diýensoň ol “Geliber ýegen” diýip çasly seslendi. Oturdyk. – Kän horluk gördük. Matadan köwüş bardy. Şony kakam ikimiz gezekleşip geýerdik. Garda men mekdebe geýip giderdim. Öýe baramsoň kakam geýerdi” diýdi. Oglanlar gelip “Näme göwnüň isleýä. Tapaly” diýýäler. Menem “Tapyp bilmersiňiz” diýýän. Aýt-da, aýt boluşýalar. Menem: “Keýik alma iýesim gelýä” diýýän. Nirden tapsynlar. Ol aprelde bişýä. Gaty tagamly. Agzyňda eräp gidýä. Ýegen, keýik alma iýip görüpmidiň? – diýdi. Menem “Ýok” diýip jogap berdim. Sesini çykarmady. Surat albomyndan iki sany suratyny saýladyk. Biri göwnüme ýarady. Ony men alyp gaýtdym. Oňa at gazanan halk magaryf işgäri dilen at berleni üçin suratly bermekçi. Onuň maňa öz haýyşy şeýle. “Mugallymlar gazeti” Türkmeninformyň habaryny berip çäklenipdir – diýdi. Bäý bi Dörtgulynyň içigaradygyny – diýdi. Hoşlaşyp gaýtdym. “Ýegen, gel-de dur” – diýdi. * * * 7. XII. 89. Işden soň öýe gelip, Döwletgeldi Ökdürowyň öýüne bardym. Ýanynda Meret Gurbandurdyýew, Öwez (garyndaşy) oturan eken. Döwletgeldiň ugry ýok. Sakgalyny hem almandyr. Men oňa ertir ýaýramaly “Edebiýat we sungaty” görkezdim. "Gutlagyň mübärek bolsun!” – suraty bilen. Okady. Soň uludan dem aldy. “Sag bol, ýegen!” diýdi. Kän oturman hoşlaşdyk. “Suraty getirmediňmi?” – diýdi. “Getirerin” diýdim. Çagalary onuň suratly gazetini görüp begendiler. * * * 2. I. 1990. Sagat 12-ler töwereginde Oraz Gojaýew gelip, şu gün Hudaýberdi Durdyýewiň ejesiniň 7-sidigini aýtdy. Rahman Öwezowiçiň kabinetinde polosa okap otyrdyk. Soňundanam Döwletgeldi Ökdürowyň ýogalandygyny, sagat 4-de çykarjakdyklaryny habar berdi. Jaýlamaga bardyk. Adam gaty kän gelipdir. Şu gün ir sagat 9-yň ýarlarynda jan beripdir. Alyhan jesedi göterip gonamçylyga çykyp barýarkak “Ýegen, Döwletgeldi hakynda sen ýazmaly. Ýazjak kändir. Ýöne sen ýaz” diýdi. Ony Köşi gonamçylygygynda jaýladyk. Howa sowuk. Miting boldy. Atadurdy Gurbanow, Sapar Öräýew, institutyň prorektory Oleg Leontowiç we beýlekiler çykyş etdiler. Sapar aglap diýen ýaly Döwletgeldä bagyşlap ýazan goşgusyny okady. 6-dan 10 minut işlänlerinde gaýdyşdyk. Öýüne geldik. * * * 5. II. 90. Redaksiýa Nohurdan Çary Döliýew atly ýaşuly geldi. “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 10-njy sanynda çykan M.Annanepesowyň makalasy hakda sorady. Nohurda Muhammetguly Atabaýewiň mekdep saldyryşy hakda eşidenlerini aýtdy. Ol ilki mekdebi medreseleriň garşysynda saldyrjak bolýar. Kakasy Atabaý arçyn muny unamansoň, onuň düýbi häzirki ýerinde tutulýar. Ekeli diýen bir ussa bilen gürleşýär. Ekeli işe başlaýar. Ýöne kän wagt geçmän, 16-17 ýaşlaryndaky ogly wepat bolýar. Ol şondan soň işden boýun towlaýar. Muhammetguly Atabaýew Aşgabada gelip, kürtdür pars ussalary bilen gürleşýär. Jaý ýeteňkirläberende hem özi kesele duçar bolýar. Mollalary okadaly diýseler razy bolanok. Aşgabatda keselini bejerdýär. Günlerde bir gün Nohura bir ýaşuly gelýär. Hiç kim onuň diline düşünmändir. Diňe Mäti molla gürleşipdir. Ol “Muhammetgulyny şu gün gelip alýalar. Men ony bejerip biljek” diýipdir. Ol owgan eken. Emma muňa-da razy bolanok. Şo gün agşam Muhammetguly Atabaýew Gurban bagşyny we onuň sazandasyny öýe çagyrdýar. Aýdym aýtdyrýar. Wagt birçene baranda keseli tutýar. Şo wagtam ýogalýar. (Bu wakany Çary aga Abdylla molla, ýagny Mäti mollanyň ogly gürrüň beripdir). Aba dynç hakda, Goçmyrat ahun hakda-da aýtdy. Muhammetguly Atabaýew ölensoň onuň aýalyny Goçmyrat ahun alypdyr. Mämi kör tüpeňli topulyp barypdyr. * * * 3. IV. 1990 ý. Irden sagat 9-laryň ýarynda Çary Aşyr hakdaky dokumental filmi surata düşürmek üçin Garrygala, Könekesir obasyna ugradyk. 1. Çary Aşyr. 2. Ogulnabat Aşyrowa – aýaly (1927 ý. d.) 3. Gözel Aşyrowa – gyzy, wraç. (1956 ý.) 4. Allaýar Çüriýew – senariñ awtory. 5. Çerkez Şamyradow – režissýor. 6. Lewon Tangýan – operator. 7. Durdy Döwletow – ses režissýory. 8. Wolodýa – şofýor. Biz – Çary aga, aýaly, men “Gaz-24”-de (D-33-35 AŞ) maşyny Gözel sürýär. Bäherdene ýetmäkäk, “Jemalyň daragty” diýen ýere sowuldyk. Garrygalada raýkoma bardyk. Raýkomyň birinji sekretary Kakaly Gurbanow, II sekretar Annamyrat Çagylow, III sekretary, ýalňyşmasam, Seýitgulyýewa. Üçüsem oturan eken. Çary aga öz haýyşyny aýtdy. Öňki aýaly Annajemalyň dogany Begmyrat Pirguly Garrygalada GPU ugrunda işleýän eken. Çary aga 30-njy ýylda Garrygala gelende şoň öýünde myhmançylykda bolupdyr. 37-nji ýylda ol Nohurda ýüpekçilik ugrunda işleýän eken. Tutulmazynyň öňüsyrasy Aşgabatda Çary aganyň öýünde myhmançylykda bolýar. Hoşlaşjak bolanda ol uludan demini alypdyr. “Indi soňky gezek görşüşimiz şü bolaýsa” diýen ýaly äheňde gürläpdir. Ony halk duşmany hökmünde basýarlar. Häzir onuň Berdi atly ogly bar. Ýaşuly adam. Şol Garrygalada ýaşan jaýlaryny özlerine gaýtaryp berilmegi üçin haýyşnama bilen ýüz tutupdyr. Çary aga şu mesele hakda raýkoma aýtdy. Kakaly Gurbanow öz bloknotyna belledi. Soň biz öz maksadymyzy aýtdyk. Ýaşululary ýygnamaga kömek ederis diýdiler. Propusk hakynda-da haýyş etdik. Ýöne biziň özümizem otrýadyň naçalnigi we politotdeliň naçalnigini gördük. Kän eglenmän ýola düşdük. Ýolda 15-20 minutlyk dynç alyp geçdik. Agşam sagat ýedilere oba bardyk. Kakam öýde ekeni. Ejem syrkaw. Ertesi mekdepde ýaşululary ýygnap surata düşürdik. Çaryýaryňkyda myhmançylykda bolduk. Gowy oturypdyrys. Oba bagşysy Mahmyt Agaberdiýewiň aýdan halk aýdymlaryny Çary aga birnäçe gezek bozulyp diňledi. Durdy Döwletow bu aýdymlary lenta ýazyp aldy. Ýolboýy Çary aga öz başdan geçiren wakalary dogrusynda köp gürrüň edip berdi. Ol Moskwa okuwa giden ilkinji aspirantlaryň biri eken. Orazmämmet Abdalow ikisi aspiranturada okapdyrlar. Ilki Çary aga Litinstituta okuwa girýär. Soň görsem o ýerde okadylýan zatlar kileň eşiden, okan zatlarym eken diýýä. Onsoň ol haýyş edip şoň aspiranturasyna girýär. Stipendiýasyz ýaşaýar. Gar artyp gün görýär. Kirow atylyp öldürilende türkmen studentleri Nunna Myradowy (biolog), Möjegi (familiýasy ýadyma düşenok, özi maryly. Himik), Kerim Maşrykowy dagy Moskwada okap ýörkäler basypdyrlar. Nunna Myradow türmede oturypdyr, Möjegi atypdyrlar. Ol gaty bilimli ýigit eken. • Metroda Bir gezek Çary aga Moskwa metrosynyň Transport bölüminiň naçalnigi Baýja Garaýewe jaň edýär. Olam maşynyny onuň yzyndan iberýär. Soň olar metro münüp, tä şäheriň merkezine çenli gelipdiler. Şo wagt metro heniz ulanylmaga berilmän eken. Metro ilkinji mündük – diýdi. Baýja Garaýew diýýäni pensiýa çykyp, Aşgabada gelipdir. 30-njy mikroraýonda ýaşapdyr. Ýeke özi ýaşaýan ekeni. – Bir gezek bir gowy görüşýän ýoldaşym gelip, ýör myhmançylyga gideli – diýdi. Gitdik. Barsak, bir ýaşuly adam. Ol adam meni derrew tanap: – Bo-ow Çaryjan, bi senmi? – diýip, meni gujaklady. Ol Baýja Garaýew eken. Ol şu golaýda ölüpdir. Özüniň asly Krasnowodsk tarapdan bolmaly. • Altybaýewa bilen Garryýew Altybaýewa dagy Leningradda okaýan eken. Adamsy Krasnowodsk tarapyndan. Ol Moskwa gelipdir. Altybaýewa-da Leningraddan gelipdir. Bular Moskwada duşuşýarlar. Altybaýewa gowy palaw bişirýän eken. Aga Garry hem şo ýerde okapdyr. Altybaýewanyň äri bilen Aga Garry aralaryndan gyl geçmeýän dost ekenler. Onuň adamsyny halk duşmany hökmünde basýarlar. On ýyl oturýar. Ärine garaşman ol Aga Garra durmuşa çykýar. Türmeden gelmeziniň öňinçäsi Aga Garry ol aýal bilen aýrylyşyp, tatar aýala öýlenýär. Bir gezek TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Akmämmet Saryýew oturylyşyk edýär. Çary Aşyr bilen Aman Kekilem çagyrýar. Aga Garry-da şol oturylyşykda bar eken. Içilenden soň, Çary Aşyr Garryýewe sögüp başlaýar. Sen dostuň aýalyna öýlendiň, adamçylygyň ýok eken we ş.m. Köşeşdirjek bolunsa-da, köşeşmeýärler. “Daşary çyk-da, daşary çyk” boluşýarlar. Soň her kim dagaşansoň Çary Aşyr özüniň nämüçin oňa gaharynyň gelendigini gürrüň berýär. • Spirt Çary Aşyr frontda komandir rota bolýar. Adtýutanty ýaş, rus oglany eken. Kuzin diýen ýaly familiýasy bolmaly. Çary Aşyr soldat flýagasynyň agzyndan spirt içýär. Bir eli bilen flýagany tutýar. Çep eli bilenem gulagyny tutýar. Içip bolansoň, zakuska hökmünde gary ýalaýar. O garam gyzyl gan eken. Adýutanty ondan “Näme üçin gulagyňy tutduň?” diýip soraýar. “Näçe içenimi biljek boldum” diýip jogap berýär. • Orazmämmet Abdalow Çary aga bilen Orazmämmet Abdalow Moskwada okan ilkinji türkmen aspirantlary bolmaly. Soň Abdalowy rak diýip keselhanada ýerleşdiripdirler. Keselhana soramaga barýar. “Rak diýip aýtdylar” diýýä. Çary aga ony keselhanadan alyp çykýar. Öňlerinden Ata Atajan çykýar. (Abdalowyň ogly Atajanowyň gyzyna öýlenen). “Ýörüň, öýde guşuň eti bar. Biziňkä gideliň” diýýär. Barýalar. Ýanlarynda Nunna Myradow hem bar eken. Myhmançylykdan öýe gaýdýarlar. Ýolda Myradow öýlerine sowulýar. Şonda Abdalow Çary aga: – Şu adama hiç ynanmaň. Türmede ýatamyzda hemmämizi satandyr – diýdi. Atylan Möjegem şo satan bolmaly. * * * 07. V. 90. Sagat 1400-da “Çary Aşyrow” dokumental filminiň kabul edişliligi bolýar. Režissýor Çerkez Şamyradow bu hakda Çary agany habardar etmegi maňa tabşyrdy. Ýüzümiň ugruna Žurnalistler soýuzyna sowulyp, papkalarymy aldym. O ýerde maňa Mämmet Badaýew gabat geldi. Salamlaşdyk. “Gowy ýazýaň. Köpräk ýaz” diýdi. Çary aga Pöwrizede eken. Agtygyna “habar ýetir” diýip gaýtdym. Sagat göni birde telestudiýa, montažna bardym. Ç.Şamyradow bilen ýene bir gezek filme seretdik. Tekstini okap berdim. 2-ä 10-15 minut galanda Çary aganyň gyzy Gözel jaň edip, Pöwrizeden gelendiklerini aýtdy. Çary agany garşyladyk. Ikiçäk galamyzda, “filmden soň Pöwrizä gideli” – diýdi. “Ertir ýygnak bar” diýsem, – Agşam Gözeliň maşynynda gaýdybersiň ýa-da soňky awtobus bilen Aşgabada gaýdarsyň – diýdi. Filmi gördük. Tekstini okadym. Klimenkow Wladimir Afanasýewiç Çary aga we onuň aýaly Ogulnabat gelnejeden – Nähili? Film ýaradymy? – diýip sorady. – Film erbet çykmandyr – diýdiler. Çary agany ugratdym. Soň filmi obsuždeniý etdik. Bellik etdiler. Düýpli bellik ýok. Soň Klimenkow çykyş edip “Gutlaýan, film gowy çykypdyr” diýdi. Käbir belliklerini aýtdy. * * * 24. VII. 90. Türkmen telewideniýesinde (23. VII. 90. 2130) “Işjeň duşuşyklar klubunda” SSKP-niň gurultaýynyň delegatlary Sergeý Mihaýlowiç Nesterenko (TKK MK-nyň 2-nji sekterary), Bаtyr Gurbаnowiç Sаryjаýеw (partiýanyň Aşgabat şäherkomynyň I sekretary), Agajan Geldiýewiç Babaýew (TSST YA-nyň prezidenti), Meret Baýramowiç Orazow (Türkmenistan halk hojalyk institutynyň rektory), Ogulgerek Ataýewa (Tejenden, kolhoz başlygy) çykyş etdiler. Alypbaryjylaryň biri Mergen Amanow otuz ýediň repressiýasy hakda sorag berdi. S.M.Nesterenko repressiýanyň adamlary aklamak hakda birtopar işleriň alnyp barylýanlygy hakda aýtdy we “Turkmenskaýa iskra“ gazetinde meniň Mahmyt Tumanlow hakda ýazan makalam dogrusynda hem ýatlap geçdi. Ol makalany gowy hasaplady. Şo wagt A.Babaýew hem özüniň repressiýa hakda bir makala ýazandygyny, oňa ýerlerden hat gelendigini aýtdy. * * * 10. VIII. 90. 8-nji awgustda (üçünji gün) gazet polosalaryny okap bolup, üçden işlände Teke bazaryndan taksi tutup, Arçmana gitdim. Şlagbaumda daýnaly oglan gabat geldi. Şoň maşynyny Hamyd atly nohurly oglan bilen (arbaplardan) Noruha bardyk. Kakabaý Ýagşymyradyň öýüne barsam, Nury Baýramsähedow, Baýram Nuryýew, Şamuhammet (Şajan) Kakabaýyň inisi Garrygala giden ekenler. Maşgalasy gowy garşylady. Agşam sagat sekizlerde geldiler. Ertesi Könekesire gitdik. Agşamara geldik, Kakabaýyň özi Krasnowodskiden gelmändir. Aşyrmuhammet Seýitnurow agşam myhman çagyrypdy. Şolarda oturyp, gelip, Kakabaýlarda ýatdyk. Irden Kakabaýyň özi geldi. Gyzbibini gördük. Goçmyrat ahunyň üstüne gowy mawzoleý salypdyrlar. Proýekti Kakabaý çyzypdyr. Gaýdyşyn ýolda Saparmyrat aga gabat geldik. Öýüne baryp çaý-suw içdik. Şonda ol bir zady gürrüň berdi: – Aşgabatda ýer titrände ýaş oglan eken. Birküç adam bilen Jülgä (Könekesire) agryşa giden ekenler. Könegümmeýiň ýanynda Söwütliň ýanynda bir çeşmeden suw içjek bolanlarynda, suw deregine gara mazut nebit akyp duran eken. Şo çeşmeden üç günläp nebit akdy. Suw içip bilmedik – diýdi. Başga bir zat, olam Kelet dagynyň üstünde bir wagtlar gaty köp ilatyň ýaşanlygy. Oňa diňe eşek ýa-da at bilen baryp bolýar. Ol ýaş wagty Nohurdan biri Eýrana gidip gelen eken. Şonda o ýerde 90-95 ýaşlaryndaky bir kürt aýaly “Keletde ýaşaýardyk. Göçhä-göçlük bolanda pylan baýyň gaty köp gyzyl-kümüşi bardy. Hemmesini ýany bilen almaga ýetişmedi. Şo ýerde galdy” diýip gürrüň beripdir. Saparmyrat aga häzir şo dagyň üstünde 200-300 töweregi mazaryň bardygyny hem aýtdy. 10-njy awgustda Aşgabada geldik. * * * 19. IX. 90. (üçünji gün) Işden soň sagat 7-ä on minut galanda Hojabaý Ataberdiň öýüne bardym. Balyş Öwezow hakda makala ýazamsoň, gazetde çap bolmanka onuň ogly Batyr Öwezow dagy bilen okap çykaly, bellik zat bolsa düzeder ýaly diýdim. Batyr 8-e 15-20 minut galanda geldi. Materialy okap berdim. Ikisine-de ýarady. Hojabaý hapa bolup agladam. Ýolda Batyryň maşyny bilen öýe gelýärkäk, Batyr “gaty gowy ýazypsyň” diýip birnäçe gezek gaýtalady. Öýde otyrkak, Hojabaý meň bilmeýän zadymy aýtdy. Balyşyň hakyky ady Ýazmuhammet, familiýasy Öweznyýazow bolmaly. Özem Jüneýit han bilen doganoglan. Bulaň kakasy bäş erkek dogan. Hojanyýaz, Öweznyýaz, Gulnyýaz we ýene-de ýadymdan çykypdyr, iki dogan. Jüneýit Hojanyýazyň ogly bolmaly. Balyş Öweznyýazyňky. Doganlary Jüneýit sebäpli 1929-njy ýylda tutup, Sibiremi ýa-da başga ýere sürgün edýärler. Çagalaryna-da atalaryňyzdan ýüz öwürseňiz, günäňizi geçýäs diýýäler. Ysmamyt atanyň piri şonda “Ýüz öwürip goýberiň-aý” diýýä, çagalykda “Ballym, Ballym” diýlensoň ol öz adyny Balyş, familiýasynam Öwezow ýazdyrýar. Häzir 96 ýaşly Tuwakmämmet aga diýýän ýaşuly Hojabaýa “Jüneýidi 800 atlysy bilen Etrekde garşylap, özümiz Eýrana ugradyp goýberdik” diýip aýdypdyr. Tuwakmämmet aganyň asly Bedirkentden bolmaly. “Özem biziň bütin aslymyzy tanaýar” diýdi. * * * 30. IX. 90 ý. Öten agşam Merkezi telewideniýesi Geýdar Alyýew (SSKP MK-nyň Syýasy býurosynyň öňki çleni, SSSR Ministrler Sowetiniň başlygynyň birinji orunbasary, häzir pensioner) bilen interwýuny görkezdi. Ol Azerbaýjanyň halk deputatlygyna kandidat görkezilipdir. Reportýoryň sowalyna ol: – Men Gorbaçýowy baş sekretarlyga ilkinji hödürlänleriň biri. Ýöne Gorbaçýow biziň ynamymyzy ödäp bilmedi (neoprawdal naşu nadeždu). Häzir onuň töwereginde köne işgärlerden ýekejesi-de ýok. Ýolbaşçy wezipelere mynasyp däl adamlar çekilýär. Özüm babatynda bolsa – adalatsyzlyk etdiler. Men 47 ýyldan bäri ak ýürek bilen partiýa gulluk edip gelýän. Men onuň ýönekeý esgeridim – diýdi. Moskwaly alypbaryjynyň häzirki çilim gytçylygyny hem Alyýewiň günäsi bilen düşündirmegi kän bir ynandyryjy däl. Alyýew 1987-nji ýylda işden giden adam. Häzir bolsa togsanynjy ýyl aýaklap barýar. * * * * * * 20. X. 90. Şu günki “Sowet Türkmenistany” gazetinde täze goşgularym çap edildi. Şenbe güni. Öýe taryh ylymlarynyň doktory Kakajan Muhammetberdiýew jaň etdi. Goşgularymy okandygyny, olaryň iki bendini depderine ýazyp alandygyny aýtdy. ... Bir ýanda ýaňlanýan belent aýdymlar, Bir ýanda iňleýän belent adamlar. Doly üstün çykan sosializm. Agyr maňa ýazmak goşgynyň yzyn... (1937). Hem-de: Şahyr şahyr däldir arz edip ýörse, Erkek erkek däldir karz edip ýörse. Halk başyna towkudyr ol hökümdar, Akmagyň işini dürs edip ýörse. (Rubagylar). Beýleki goşgularyň hem gowy çykandygyny aýtdy, ýöne şu iki bendiň özüne has gowy ýarandygyny belläp, “doly” sözüni “ýeňip” sözi bilen çalşyrylsa, “şahyr” sözüne derek “şahs” sözi ulanylsa gowy boljakdygyny aýtdy. Men onuň belligini göz öňünde tutjakdygymy bildirdim. K.Muhammetberdiýewiň özi bilen ozal ýekeje gezek salamlaşypdym. Golaýda Döwlet arhiwinde intellensiýa wekilleri bilen otuz ýedinji ýylda nähak pida bolan görnükli partiýa we döwlet işgärleriniň çagalary bilen duşuşyk guralypdy. Bu duşuşyga Moskwadan Gaýgysyz Atabaýewiň, Nikolaý Paskuskiniň gyzlary, Leningraddan Halmyrat Sähetmyradowyň gyzy Pöwrize, Aşgabatdan Anna Muhammedowyň ogly Serdar Muhammedow dagy gatnaşypdy. Şonda Serdar Muhammedow çykyş edip, kakasyny ýatlap makala ýazandygym üçin minnetdarlyk bildiripdi. Duşuşykdan soň bir ýaşuly gelip meniň bilen salamlaşdy. Men ony birinji gezek görşümdi. Şonda men onuň taryhçy alym Kakajan Muhammetberdiýewdigini bilip galdym. Men bu duşuşyga gaty begendim. Çünki onuň ady meniň üçin nätanyş däldi. Ony öň görmänligimiň sebäbi onuň üýtgedip gurmak döwrüne çenli mejbury ýagdaýda respublikadan daşarda işlemeli we ýaşamaly bolupdy. Daş çykamyzda onuň özi tanyşlyk berdi. Kakajan aga bu gezek jaň edip,ýazýan taryhy oçerklerimi okaýandygyny, uly iş edýändigimi, işlerimi ýygnap, taryh ylymlarynyň doktorlygy üçin taýýarlamalydygymy aýtdy. Men muy geňräk görsem-de, onuň çynydygygy duýmak kyn däldi. Suhan Babaýew hakda ýazan zadymda ýalňyşlyk goýberendigimi aýtdy. Onuň öwmeli adam däldigini, özüniň şonuň döwründe götergilenendigine garamazdan, ol köpleriň tutulmagyna ýol berendigini belledi. Meniň ýalňyşym S.Babaýewiň işlän döwründe goýberen kemçiliklerini tankytlamazlygym. Muny biziň şertimizde edäýmek aňsat däl. Galyberse-de, ol heniz ýaşap ýören adam. K.Muhammetberdiýew Şaja Batyrow bilen hem bile işleşipdir. ...Gürrüňinden ol örän sowatly adam. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||