23:44 Gündelikde galanlar -5/ dowamy | |
10.XI.1990.
Ýatlamalar
Düýn, 9-njy noýabrda Çary Aşyrow öýe geldi. Ýanynda giýewsi Kakow, garyndaşy Jumadurdy, hemem meniň obadaşym we mekdep mugallymym Gylyç Hallyýew bar. Öýümizi tapman köp gözläpdirler. Iş güni bolmasa-da “Edebiýat we sungat” gazetine barypdyrlar. Suratçy Omar Sähetgylyjowa duş gelipdirler. Ol meniň radio işe geçenimi aýtmandyr-da, “Oba giden bolaýmasyn” diýipdir. Men 1-nji noýabrdan radioda, edebi-drama gepleşikler redaksiýasynyň baş redaktory bolup işleýänimi aýtdym. Çary aga gutlady. Gylyç mugallym köp oturman, hoşlaşyp gitdi. Ony segseninji ýyllaryň başlarynda kän horladylar. Gazete ýazdylar. Dini ündewçi hökmünde. Onuň bar günäsi, adam ýogalanda däp boýunça ýuwýardy. Men munuň üçin raýon prokurory bilen käýişmeli hem bolupdym. Gylyç mugallym Çary aga ýüzlenip “Şonda meni halas eden Allaýar boldy” diýdi. Ony hatda psihiki keselhana-da salan ekenler. Çary aga bilen gürrüňleşip köp oturdyk. Ol öz başdan geçirenlerini gürrüň bermegi gowy görýär. Bu gürrüňleriň köpüsini ozal maňa aýdyp beripdi: Otuzynjy ýylda ony Garrygala iberipdirler. Mugallymlary okadypdyr. Zawraýona-da Mämmet awamyň inisi eken. Raýon NKWD-siniň başlygy Baýymbet diýen biri eken. Onuň orunbasary hem Begmyrat Pirguly. Bir gün Begmyrat ony öýüne çagyrýar. Şonda Çary aga ýüzlenip: “Meň bir jigim bar. Şony Aşgabada internata ýerleşdirseň” diýýär. Öwez aga diýen nohurly ýaşulam “Meňem gyzymy ýerleşdir” diýýär. Öwez aga gaty mergen eken. “Ol tüpeňi atyp, bir topar towugyň içinden horazy urdy. Özem seçme”. Çary aga nädip ony şeýle atandygyny soranda “Men awç-a” diýip, Öwez aga aýdypdyr. Gaýtjak bolanlarynda Çary aga mugallymlaryň biri “Saňa kostýumlyk mata berjek” diýýär. Çary aga Baýymbete bu hakda aýdýar. Ýöne ýolda barlasalar geçirip bilmejekdigini duýduranda “Meň özüm barladym. Geçireris“ diýýär. Ýöne soň ol “Sen gidiber. Matany özüm Aşgabada gidemde elin gowşyryn” diýýär. Çary aga Annajemal Pirgulyny we Öwez agaň gyzlaryny E.Kulyýewa adyndaky mekdep-internata ýerleşdiripdir. Çary aga soň medtehnikumyň okuw müdiri bolup işleýär. Akuşerçilik bölüminde türkmen gyzlaryny okuwa çekmek kyn eken. Şonda ol direktora iki sany gyzyň bardygyny aýdýar. Şeýdibem bu gyzlar akuşerçilik bölüminde okap başlaýarlar. Çary agaň özi Moskwa aspirantura gidýär. Moskwadan olara hat ýazyp durupdyr. 32-nji ýylda Aşgabatda açlyk başlanýar. Şonda Öwez aga gyzyny okuwdan çykaryp äkidipdir we Eýrandaky garyndaşlarynyň birine durmuşa çykarypdyr. Hatynda Çary aga Annajemala: rabfakda okamagyny maslahat beripdir. Çünki rabfagy gutarsaň, dessine medinstituta girip bolýan eken. Annajemalam şeýdipdir. 1935-nji ýylda Moskwada Atabaýewe Lenin ordeni gowşurylýar. Muny eşiden Çary aga ýoldaşlarynyň biri bilen “Metropol” myhmanhanasyna barýar. Atabaýew, Gurban Sähedow bilen söhbetdeş bolýar. “Gurban Sähedow sowatly adamdy. Şonda ol Leniniň kadrlar hakdaky bir sitatasyny getirip, onuň haýsy sahypadadygyny hem aýtdy. Atabaýew degşip: “Çary şony kitap bilen barla. Ol bizem aldap ýören bolaýmasyn” diýdi. Men öýe gelip, kitaby barlasam, gabat gelip dur. Atabaýew maňa: “Sen hemişelik wekilhana baryp, Butinyň ýanyna bar. Salam berseň bor, galanyny özi düzeder” diýdi. Men onuň aýdyşy ýaly bardym. “Salam” diýenimden ol maňa “Saňa birlaý egin-eşik alyp bermeli” diýdi. Uniwermaga bardyk. Geýdirip, özi hem töledi. Maňa Atabaýew: "Sen Aşgabada gelmeli. Sowadyňy çykypsyň. O ýerde narkomlara çenli sowatsyz. Bize sowatly adam gerek. Men özüm seň ylmy ýolbaşçyňy Aşgabada çagyraryn” diýdi. O wagtlar men aspiranturanyň teoretiki bölümini tamamlap, SSSR Halk Komissarlar Sowetinde terjimeçi bolup işleýärdim. Iş dolandyryjy Miroşnikowyň ýanyna baramda ol meniň elime hat tutduryp, naprawleniýe berdi. Daşkende gelemde Ahunbabaýewiň dagy halk duşmany hökmünde tutulandygyny eşitdim. Çärjewde Atabaýew, Aýtakow dagynyň tutulandygyny eşitdim. Şoň üçinem maňa berlen naprawleniýäni bada-bat ýyrtdym. Aşgabada gelip, “Turkmenkult” institutynda işläp başladym. Annajemal bilenem durmuş gurduk. Kireýine bir jaýda ýaşaýas. Bir gün institutyň partorgy ýanyma gelip, “Seň üstüňden üç sany arza bar” diýdi. Üstüňden arza bolsa-da o wagtlar halk duşmany edýärdiler. Men Annajemal bilen nikadan aýrylyşýandygymyz hakda kagyz aldym. O wagtlar üç manat töleseň, “nikadan aýrylyşdy” diýip hat berýärdiler. Annajemalam “Sen ýene Moskwa gitjeksiň. Başga birine öýlenjeksiň” diýip aglaýar. Men oňa “Şu haty komsomol biletiň içinde goý” diýip tabşyrýan. Annajemaly halk duşmanynyň aýaly hökmünde komsomoldan, okuwdan çykarmaly edýärler. Bileti uzadanda içinden ýaňky hat çykýar. Şeýdibem, ol okuwda, komsomolda galýar. Meniň üstümden ýazanlar “Lingwistik gurultaýyň dil reformasyna Çary Aşyr garşy” diýipdirler. Meni gorkomkomsomolyň býurosyna çagyrdylar. Indi meni şo ýerden ýygnajaklar. “Men dil reformasyna garşy. Sebäbi ony geçirmäge gatnaşanlaryň ählisi diýen ýaly – Poseluýewskem, Bogdanowa-da... halk duşmany hökmünde tutuldylar” diýdim. Olaryň duşman däldigini bilip durun. Ýöne çykalga tapmalydy. Şeýdibem men türmeden halas boldum. Şo döwürde Hally Şahberdä hem günä ýöňkeldi. Bir gün ol meniň öňümden çykdy. Men sowuldym. “Sen halk duşmany” diýdim. Agşam öýüne baryp, arak içdik. Haçanda maňa günä ýöňkelende ol bir gün meniň öňümden çykdy-da: “Sen halk duşmany” diýip, sowlup geçdi. Agşam öýe geldi. Degşip, arak içdik, oturdyk. Meni ýamanlanlaryň biri neşirýatda işlämde golastymda işledi. Şoňa-da “Sen meni ýamanladyň” diýip ýekeje gezegem azar bermedim. Bir gün ol meň ýanyma gelip, “Çary, şu gün men ýaramok. Bilim açylypdyr” diýdi. “Bilimi gypjadypdyryn“ diýmeli-dä welin. Soň muňa köp gülüşdik. Meni ýamanlanlaryň üçüsini hem bildim. Ýöne üçüsine-de syr bildirtmedim” diýip gürrüň berdi. Şol gün Çary aga “Nohurlylar gaty adamkärçilikli. Myhmansöýer” diýip, olaryň şanyna birnäçe gezek tost göterdi. Ol maňa öz obaňdan daçalyk ýer al” diýip maslahat beripdi. Men onuň maslahatyna gulak asdym. Raýispolkomdan ýer berjek diýip hat alanymy eşidende begendi. Ýerini bile gidip belläp gaýdaly. Gazygyny özüm kakjak” diýdi. 26. XII. 90. TKP MK-nyň sekretarynyň çagyrmagy boýunça men onuň ýanynda boldum. Ol menden taryhy oçerkleri ýazanymda, nähili işleýändigim bilen gyzyklandy. Arhiwde işleýändigimi, ýaşuly adamlar bilen söhbetdeş bolýandygymy... aýtdym. Syýasy tarapdan aklanmadyk adamlar hakynda ýazamda, özleri bilen maslahatlaşmagymy maslahat berdi. Suhan Babaýew hakda ýazamda TKP MK-nyň birinji sekretary S.A.Nyýazowdan sorandygymy, onuň rugsat berendigini aýtdym. Balyş Öwezow bilen baglanyşykly ýazan materialym hakda gürrüň etdik. “Ýüregiň emri bilen” atly kitabymy peşgeş berdim. “Indi kimler hakda” ýazjakdygymy sorady. Ellinji ýyllarda TKP MK-nyň sekretary bolup işlän Nurjemal Durdyýewa hakda material toplaýandygymy aýtdym. Şeýle sekretaryň işlänliginden onuň habary ýok eken. Gaýdamda, ol meniň bilen gadyrly hoşlaşdy. Täze ýyl bilen gutlady 6. I. 91. Şu gün Baýar Öwezowyň ogly filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Tagan Öwezowyň öýünde ellinji ýyllaryň ahyrlarynda partiýanyň Daşhowuz obkomynyň birinji sekretary bolup işlän Baýramdurdy Ataýew bilen söhbetdeş bolduk. Suhan Babaýew bilen Şaja Batyrowa gaty arassa adamlar hökmünde baha berdi. “Suhan Babaýew maşyndan düşüp, eşekli gowaçaly atyzlara aýlanardy” diýdi. Ol kyrkynjy ýyllaryň başlarynda TSSR Döwlet ontrollygy halk komissarlygynda bile işleşipdir. B.Ataýew baş kontrolýor, S.Babaýew halk komissary eken. Uruş döwründe narkomatyň işgärlerine (bary-ýogy elli adam) bron berlipdir. Özüni S.Babaýewiň frontdan alyp galyşy, harby komissara buýruk berşi gyzykly. "Babaýew stoluna eýelik edip bilýän adamdy” diýdi. Bir gezek Muhitdinow ( SSKP MK-nyň sekretary –A.Ç.) Moskwada S.Babaýew bilen Üljebaýewi (Gyrgyzystan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary –A.Ç.) öýüne çagyryp, arak beripdir. Üljebaýew içipdir. S.Babaýew içmändir. Muhitdinow „Respublika 400 müň tonna bersin” diýse, S.Babaýew 350 müň – öz planymyzy bereris” diýipdir. Üljebaýew artyk bermäge söz beripdir. Muhitdinow: „Men Hruşewa söz berdim” diýse-de, S.Babaýew oňa göwnemändir. Soň işden aýrylmagyna Muhitdinowyň hemaýaty ýetipdir. S.Babaýew Amerika gidende ol Aşgabada gelip, bir aý töweregi bolupdyr. Dildüwşük guralypdyr. Soň Muhitdinow Sentrosoýuzda işleýän wagty Aşgabada gelipdir. Büzmeýine baryp, S.Babaýewiň kabinetinde iki sagatlap gürrüň edipdir. “Balyş Öwez kabul etmedi meni” diýse, S.Babaýew ”Öz dostuň ahyryn” diýip jogap beripdir. Baýramdurdy Ataýew 75 ýaşynda. Ol Moskwada partiýa mekdebinde Öwez Orazow, Juma Köýnekow, Ata Atajanow, Nobat Piriýew, Nurjemal Durdyýewa... dagy bilen bile okapdyr. (Öwez Orazow biziň agamyzdy. Ol ellinji ýyllarda söwda ministri hem bolup işläpdi. Uruş ýyllary Aşgabat oblispolkomynyň başlygy, et-süýt senagaty halk komissary, TSSR Ministrler Sowetiniň iş dolandyryjysy ýaly uly wezipelerde abraý bilen işläpdi. Ýöne men diýen ýaşynda şol döwürdäki hökümet ýolbaşçylarynyň intrigasynyň pidasy bolupdy. Munuň üçin ol köp wagtlap ruhy ejir çekipdi. Nähak töhmete çydaman ýürek dört gezek infarkt bolupdy. Bu özbaşyna gürrüň- A.Ç.). Baýramdurdy aga oňa: “Öwezjan diýip adyny tutýadyk” diýdi. Balyş Öwezowyň aýrylmagynda TKP MK-nyň ikinji sekretary Rykowyň roly uly diýdi. Çünki Moskwada düşünişmezlik ýüze çykanda Gylyjowa hat ýazyp beren Rykow. Gylyjow oňa gol çekipdir. Baýramdurdy Ataýew 1939-njy ýylyň 5-nji maýynda Gyzylarbatda partiýa hataryna kabul edilipdir. Şo wagt partiýa girmek üçin üç adam rekomendasiýa bermeli eken. Hersiniň partiýa stažy 10 ýyl bolmaly eken. Özem ikisi işçi, biri başga kärde işlese-de bolýan eken. Şol adamlar başga ýerde-de işlese bolýan eken. Hökman bir edarada işlemeli däl eken. 15. II. 91. Birküç günlükde Gurbandurdy Gurbansähedow telefonda gürrüň edip, “Balyş Öwez hakda gazetde çykan materialyň üçin akademiýadan kyrk adamyň goly bilen Merkezi Komitete arza ýazylypdyr” diýdi. TKP MK-nyň sekretarynyň meni ýanyna çagyryp soramagy hem akademiýaň işgärleriniň haty bilen baglanyşykly bolsa gerek. Şeýle hatyň ýazylmagynyň inisiatory akademik Bibi Pälwanowa bolsa gerek. Oňa akademik diýmäge-de diliň baranok. Eý, Hudaý... Bir gezek ol Goskomizdatyň başlyry Nury Baýramsähedowa jaň edip, “Ýer çeken Çüriýew diýip biri taryhy bulaşdyryp ýör. Men, ine, 37-iň tutha-tutlugyndan kitap ýazdym (kitap diýýänem 100 sahypa eken)” diýipdir. Soň neşirýat (“Türkmenistan”) oňa jogap ýazypdyr. Çüriýewiň kitabynyň 1991-nji ýylda çykýanlygy üçin siziňkini çykaryp biljek däl diýen mazmunda. *** Şu gün Ýazyjylar soýuzyna bardym. “Litgazetiň” Türkmenistan boýunça habarçysy Ikar Pasewýewiň kabinetinde Seýitnyýaz Ataýew oturan eken. Giremden “Saňa ýaşululaň adyndan köp sag bolsun aýdýan. Nurjemal Durdyýewa hakdaky gepleşigiňi diňledik. Gowy etdiň. Ýaşululaň hemmesi seni goldaýar. Ýöne içinde ýek-tük haňk-huňk edýänleri bar. Olara-da “otur” diýýäs” diýdi. Arada men “Sowet Türkmenistan” gazetine baramda, redaktoryň orunbasary Hojamyrat Goçmyradow bilen gürrüňdeş boldum. Olam “Saňa hüjüm edýänler-ä bar. Tanaýanlarymyza “sür” diýýäs, tanamadyklarymyza-da “göreris” diýip jogap berýäs. Gowy iş edýäň. Ýazyber. Goldarys“ diýdi. 17. 04. 91. Şu gün irden respublikanyň premýer-ministri Han Ahmedowa jaň etdim (tel.: 25-11-27). Sekretar gelin: “Ol şumat işli. Özüm size jaň ederin” diýip, telefon nomerimi alyp galdy. Öýlän ýene jaň etsem, ol “Siz gowsy wertuşkadan jaň ediň” diýdi. “Weçerniý Aşhabad” gazetiniň redaktory Ýuriý Wasilýewiç Trubaçýowyň hökümet telefonyndan onuň özüne jaň etdim (tel. - 1-25). Özümi tanatdym. “Syýasy söhbetdeş” žurnalynyň baş redaktory Ýusubowanyň (men 8-nji noýabr, 1991 ýyldan şol žurnalyň baş redaktorynyň orunbasary bolup işleýän) özi bilen gürleşip, interwýu bermäge göwnändigini aýtdym. Han Ahmet “Şony soňa goýaly” diýdi. Menem “Bolýa. Soň men ýene jaň ederin” diýdim. 26. 07. 91. Şo gün LKSMT MK-nyň býurosy boldy. Maňa “Ýüregiň emri bilen” atly kitabym üçin Türkmenistan Lenin komsomoly baýragynyň laureaty diýen at berildi. 5-nji maýdan 12-nji maý aralygynda Owganystanda bolup geldim. SSSR Žurnalistler soýuzynyň delegasiýasynyň düzüminde üç adam boldy. Belorussiýanyň Žurnalistler soýuzynyň başlygynyň birinji orinbasary Aleksandr Wikentýewiç, Başgyrdystanyň žurnalistleriniň başlygy, halk deputaty Rizwan Zakirhanowiç Hajyýew hemem men. Owganystan we SSSR Žurnalistler soýuzlarynyň arasyndaky ilkinji ylalaşyga gol çekdik. * * * 19. 08. 91. SSSR-iň Prezidenti M.S.Gorbaçýowyň saglyk ýagdaýy sebäpli işden aýrylanlygy hakda radio habar berdi. Ertir Soýuz şertnamasyna gol çekilmelidi. Adatdan daşary ýagdaý döwlet komiteti döredilipdir. Ýurtdaky ýagdaý düzeler diýip pikir edýärin. * * * 12. 11. 91. 9-njy noýabrda Turanyň toýuny geçirdik. Köp adam gatnaşdy. Juma Köýnekow, Oraz Nazarowiç Orazmuhammedow, professor Kakajan Muhammetberdiýew, ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew, Ata Ablyýew we beýlekiler çykyp gutladylar. 12-nji noýabrda, sagat 11-e 10-15 minut galanda Prezidentiň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Annageldi Orazdurdyýew jaň edip, 10 minutdan gelmelidigini aýtdy. Prezidentiň kabulhanasynyň daşynda Hudaýberdi Durdyýew dagy garaşyp duran eken. Atamyrat Atabaýew geldi. “Allaýar, toýuň gaty gowy geçdi” diýip gutlady. Sagat 11-lerde Prezident S.Nyýazow kabul etdi. Nyýazow 3-4 ýyllykda Garrygalada dagda ýangyn bolandygyny, şonda bir ene gaplaňyň öz iki sany çagasyny gorap, üstlerine saýa bolandygyny, özi heläk bolup, çagalarynyň halas bolandygyny aýdyp, şuny goşgy etseňizem bolýar” diýdi. Garrygala hakda gürrüň gitdi. “Allaýaram arada telewizorda goşgy bilen çykyş edip, çagyrdy” diýip degişdi. Ol meniň kakama bagyşlan goşgymy göz öňünde tutýar. Atamyradam gürrüňe goşulyp, “Allaýarlarda üç günläp bolduk. Gowy ýerler” diýdi. Köp gürrüň edildi. Gürrüň şo wagtky “Türkmenistan kommunisti” žurnaly bilen biziň işlerýän “Syýasy söhbetdeş” žurnaliymizi birlşdirip, “Diýar” žurnalyny çykarmak hakynda barýardy. (Men şonda biziň žurnalymyzy şu at bilen gazete öwrüp, täze döredilýän Demokratik partiýanyň organy hökmünde ulanmak hakdaky teklibi hem orta atdym.. Ahyrsoňunda bu şeýle-de boldy.) Sagat 1-lerde Prezidentiň ýanyndan çykdyk. Belli bir netijä gelinmänsoň “Ýene birki günden ýygnanyşyň. Akbibi-de (Akbibi Ýusubowa “Syýasy söhbetdeş” žurnalynyň baş redaktory, men hem baş redaktoryň orunbasarydym. Akbibi şo wagtlar zähmet dynç alşyndady – A.Ç.) gelsin. Allaýaram gatnaşsyn. Bir netijä geliň. Men karara gol çekerin. Serediň, golýazmalar soň arhiwe gidýändir” diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||
| |||||