18:31 Gündelikde galanlar -10/ dowamy | |
12.07.2003.
Ýatlamalar
Sapar Begliýew: – 1952-nji ýylda Aşgabat etrabyna üsti çadyrly “Pobeda” maşyny berildi. Raýkompartiýaň býurosynda o maşyny “Ýalkym” kolhozynyň başlygy, soň Zähmet Gahrymany Amangeldi aga bermeli edildi. Kolhoz hojalyklarynyň gülläp ösüşi hakdaky tekst bilen radioda çykyş edilmeli. Tekst býuroda tassyk edildi. Ol çykyş pars dilinde bolmaly -- goňşy ýurt üçindi. Men raýkomkomsomolyň I sekretary. Motorym bar. O motoram umumy puldan alypdym. Şoň üçin meni tasdan işden çykarypdylar. Jeren Mämmedowa dadyma ýetişäýdi. “Özi üçin almandyr. Umumy bähbit üçin” diýdi. Hawa, onsoň meni Amangeldi agaň ýanyna ugratdylar. Bardym. Näme ýumuş bilen gelenligimi aýtdym. “Men o maşyny alyp biljek däl. Haçanda oba adamlary münmek üçin eşekleri ýokka men nädip maşyn müneýin? Adamlar näme diýer?” diýip, almady. Raýkomyň birinji sekteraryna Hoşgeldiýew diýerdiler. Ol-da “Magtym Gaýybyň ýanyna git” diýdi. Olam başlyk. Gahryman. Olam edil şeýle jogap berdi. Ýene bir Gahryman kolhoz başlygynyň ýanyna ugratdylar. Olam şeýle diýdi. Gelip Hoşgeldiýewe aýtsam, stoluny ýumruklap “Iş oňaraňok” diýdi. “Wagt ýok. Agşam şo tekst bilen radioda habar gitmeli. Çagyryň Amangeldi agany” diýdi. Şeýdip zor bilen şo maşyny Amangeldi aga berdiler. Şo döwürde Bagyr internatynda okaýan gyzlary okuwa çekmek üçin hytaý žemperlerini mugt bersegem almaýardylar. “Wa-eý, bular kapyr” diýerdiler. Indi tüweleme, türkmen gyzlarynyň geýnişini bir görsene! Sähetli Kakabaý bilen bile işleşdik. Ol Sport komitetiň başlygydy. Men Aşgabat oblast sport jemgyýetiniň başlygy. Soň ol başlygyň orunbasary boldy. Grişaýenkow ( MK-nyň II sekretary) öz giýewsi Iwanowy Orsyýetden çagyryp, şo wezipäni berdi. Ine, bir gün men Sähetli bilen öýde otyrdyk. Agşam 10-a çenli oturýar. Bir gün goýbermedim, 12-de gaýtdy. Barsa aýaly Mariýa ony gapydan goýbermändir. Sähetlem kellesini tutup: “Eý, dünýä!” diýip oturjak bolanda aýaly “Hä, indi seniň Dunýaňam barmy¬?” diýip, ýüzüne şarpyk çalypdyr. 22.07.2003. Durmuşda eden günäleriň boýunça almytyňy hem alýarsyň. Ýaňy bir zat hakda oýlandym: 1992-nji ýylyň 15-nji iýulynda (doglan günüm) inim Röwşeni ýygnadylar. (Ol Köpetdag häkimliginde işleýärdi). Häkimi Haldurdy Dowodow, orunbasarynyň ady ýadyma düşenok, maryly ýigit. Ine, şol, Röwşene 100 sany gapak (banka) al diýip tabşyrýar. “Puluny berme, özleri bilýändir” – diýýär. Para aldyň bahanasy bilen ony 10-15 adam bolup ors bazarynda daşyna geçýärler.. Muny gurnanyň Aşgabat şäheriniň şo wagtky häkimi Batyr Saryjaýewdigi belli. Sebäbi muny ol öz kabinetinde birine käýäp otyrka, “Meň edişim ýaly ediň” (söwda bölümi) diýip durka biziň tanşymyz ýanynda oturan eken. Soň Saryjaýewiň ýüzi gyzarypdyr. Men şo günler Aşgabat şäher prokurory (nohurly) Oraz Seýitmyradowyň ýanyna ýagdaýy anyklamak üçin baramda kömek etjekdigini aýtdy. Kömek etmedi. Şo günleriň birinde Röwşeni sülçiniň ýanyna getirenlerinde Oraz sülçä jaň edip, Röwşeniň adyny paýyş söz bilen tutup, “Her zat ediň, boýun aldyryň” diýenini Röwşen telefonda eşidipdir. Röwşeniň tutulmagy gurnalan. Sebäbi şo wagt Saryjaýewi işden boşatmak hakda gürrüň boldy. Oň ýerine-de Dowodow hödürlenen. Röwşenem Dowodowyň işgäri. Indi pikir edip otyryn: Saryjaýew geçen ýyl eden pyssy-pyjurlyklary üçin 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Aýaly öldi. Öýi dargady. Oraz Seýitmyradow işden kowuldy. Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasarynyň bolsa aýaly öldi. 3-4 çagasy galdy. Eýsem-de bolsa, şol adamlaryňam ömründe sogap işlerem bolandyr-a?! Emma barybir nähak iş edip, günä gazanmak agyr. Ony sogap işleriň ýuwup bilmeýär. 01. 07. 2003. Sapar Begliýew (80 ýaş): – 1999-njy ýylda aýalym ýogaldy. Kyrkyny belledik. Şo gün Muhammetnazar Gapurow öýde boldy. Öýländen soň ol: “Sapar, rugsat berseň men turjak. Daça taşlaýsalar” diýdi. Men oglum Begenje “Muhammetnazary äkit” diýdim. Olar bilen Gäwersden iki adam bardy. Olaram maşyna mündüler. Gapurow Berzeňňä daçasyna baryp olara “Maşyndan düşüň. Tüňçe çaýyny içeliň” diýip goýbermändir. Gije onuň ýüregi agyrýar. Ogluny çagyrýança 40 minut dagy geçýär. Şeýdibem pahyr ýogalýar. Ertesi maňa Seýitnyýaz Ataýew muny habar berdi. “Irden ýolbaşçylar hoşlaşmaga geljek. Sen gijiräk geläý” diýdi. Soň ol jaň edip: “Olar gelenok. Hoşlaşmaga gel” diýdi. Irden bardym. Daşynda aýaly, garyndaşlary, Aýnabat Begenjowa. Soň adam gaty köp geldi. Gökdepeden, Gypjakdan, Gökjeden... Ýaşulular maşyn-maşyn bolup hoşlaşmaga geldiler. 02. 08. 2003. Şu gün irden Oraz aga Nepesow bilen jygyllyk bazaryna gitdik. Bir ýomut gelinden satýan kemerleriniň bahasyny soradyk. 35 müňden eken. “Köpräk aljak, 30-dan berjekmi?” diýip, Oraz aga sorady. 5 kemeri 30 müňden berdi. Hasaplaşyp durkak şo gelin: “Men şo pullara begenemok. Siziň ýaşap ýöreniňize begenip, şo bahadan berýän” diýip aýtdy. Gör, nähili many bar! Men ömrümde birinji gezek söwdagär gelinden şeýle sözleri eşitdim. 03. 07. 2003. Rejepnazar Garajaýew, uruş weterany, 80 ýaşlarynda: – Murgapda bir kolhoz başlygy muny maňa gürrüň berdi. Suhan Babaýew bir gezek onuň ýolbaşçylyk edýän kolhozyna baryp, pyýada ekin meýdanlaryna aýlanýar. Keýtikläp ýörese-de, bizden daýaw ýöreýär diýýär. Aýlanyp-aýlanyp yzyna dolanýar. Nahar wagtam bolupdyr. Şofýory Suhan Babaýewiň häsiýetine belet. Derrew çöregini, kolbasasyny, termosdaky çaýyny taýýarlaýar. Saçak başyna geçip, töweregindäkilere mürähet edýär. Kolhoz başlygy şu bela, “Öýe gireli”¬ diýse-de edenok. “Ine, işleriňi gowy ýola goýarsyň. Şonda öýüňden çaý içeris” diýip aýdypdyr. “Eger ýüzüme garap erbet sögen bolsa, şundan gaty gowy bolardy” diýip, kolhoz başlygy aýtdy. “Onuň bu sözi bize uly sapak boldy” diýip, ol Suhan Babaýewi minnetdarlyk bilen ýatlady. * * * Ýokary Sowetde işleýän döwrüm sessiýa döwründe biz mejlisiň geçjek ýerinde nobatçylyk edýäris. Gurbandurdy aga-da deputat, ýygnaga gelipdir. Daşarda dur. Töwereginde-de aýal-gyzlar gurşap alypdyr. Mary oblispolkomynyň başlygyna-da Çernýaýew diýýärdiler. Çernýaýew geldi-de, “Gurbandurdy aga bu agşam Pöwrizä gidýäsmi?” diýdi. “Pöwrizede näme bar?”. “Aý, o ýerde dynç alarys. Aýal-gyzlar köp”. Şonda Gurbandurdy aga: “Aýal-gyz şu ýerde-de köp. Şulaň haýsy birine diýeňde ýok diýýär” diýdi. Aýal-gyzlar hezil edip gülüşdiler. Gurbandurdy aga Ýokary Sowetden öýlerine jaň edýär. “Çagalara näme almaly?” diýip aýalyndan soraýandyr-da. O-bi. Aýaly: “Uly gyzyň Olýa-da pylan zat al” diýýändir-dä. Şonda Gurbandurdy aga: “Agşam ýorganyňa girmeli bolanda mugallym girmeli, zat almalam bolsa menmi?” diýdi. 09. 09. 2003. Oraz aga Nepesow: – Terjimeçi Allaýar Hydyrow marksizm-leninimzm institutynda işleýärdi. Bir meselede (has takygy, partiýa wznoslaryny tölemek (naçisleniýeden) barada näsazlyk goýberilende) institutyň direktory Oraz Orazowiç Şyhmyradow Oraz Nepes, Sapa Baýryýew...bilen bilelikde Allaýar aga-da käýemeli bolupdyr. Oraz Şyhmyrat Allaýar aganyň adyny tutup, “käýemeli” diýende, Allaýar aga zöwwe ýerinden galyp: “Käýäliň, käýäliň, käýäliň” diýip, başlapdyr. Şondan soňam onuň lakamy “käýeliň” galypdyr. 23. 08. 2003. Awaza Oraz aga Nepesowyň aýdany: – “Türkmenistan” gazetinde Durdy Sähet diýip kiçiräk boýly bir ýoldaşymyz işleýärdi. Ol Aşyr Aman bilen bir bölümde işleýärdiler. Durdy Aşyr agadan 10-15 ýaş kiçi. Bir gün ikisi gürleşip otyrkalar, Durdyň bir aýdan zady ýaşulyň göwnüne ýaramandyr-da: – Bokuňy iýmesene – diýipdir. Durdam: – Aý, Aşyr aga, şony maňa özüň çeýnäbem berdiň weli iýmedim ahyry – diýip bada-bat jogap berdi. * * * Aşyr Amanyň dili diýseň duzludy. Jogaby nagtdy. Muny maňa onuň özi gürrüň berdi. Bir gün Aşyr aga awtobusa münende tötänlikden bir gyzyň aýagyny basypdyr. Gyzam: – Düýäňem dört aýagy aşagyna sygýar – diýip hüňürdäpdir. Şonda Aşyr Aman 80 ýaşlydygyna garamazdan: – Keýgim, seňem aşagyňa mundanam uly zat sygýandyr – diýip jogap beripdir. 20. 08. 2003. Nebitdag. Nebitdagly gelin Meňlitäjiň Aşyr aga hakda aýdany: “Özi ölüp ýatyr, göti gülüp ýatyr”. 28. 08. 2003. Awaza. Oraz aga: – 1939-njy ýylda Aşgabatdaky uçilişä okuwa girdim. Oglanlar okaýardy. Munda iki aý okap, öýe gaçyp geldim. Agam Şaly käýedi. Birki hepde geçdi. Kolhozyň kontorynyň ýanynda durdum. Edebiýat mugallymymyz hem mekdep müdiri Kadyr aga (özi magtym) gabat geldi. Salam berdim. – Oraz, sen bärde näme işleýäň? – diýip sorady. Ýalan sözläp bilemok: -- Aý, ýoldaş mugallym, gaçyp gaýtdym - diýdim. – Näme üçin? – Sebäbinem bilemok. – Şeýlemi? Onda men ertir sagat 9-da siziň öýüňize bararyn – diýip, gitdi. Ertir aýdan wagty ol öýe gelip, menem aldy-da, şähere gaýtdyk. Maşynam ýok, araba-da. Demir ýoldan geldik. Gelibem meni gyzlar peduçilişesine tabşyrdy. Dili bilemok. Orusça. 42 gyzyň içinde ýeke özüm oglan. Olar bilen iki ýyl bile okadym. Soň oglanlar bilen gyzlar uçilişesini birikdirdiler. Meň bilen okan gyzlaryň arasynda Dykma serdaryň agtygymy ýa çowlugy Tokga diýip bir gyz okady. Ondan bäri 62 ýyl geçipdir. Ogulgözel atly bile okan gyzym şumat Kakada ýaşaýar. Diri diýdiler ( Oraz aga 2004-nji ýylyň fewral aýynda Aga Garaja bilen Kaka duşuşyga baranda Ogulgözeli görüpdir. Ol bir bada tanamandyr. Üzümli wakany ýatlanda tanapdyr). Ejeş – gypjakly gelin: -- Berdi Çaryýew (Sowminiň başlygynyň orunbasary – medeniýet ugrundan) kakamdan ulusy. Türkmen aýaly bardy. Soň orsa öýlendi. Moskwa göçüp gitdiler. Soň geldi. Ýogalanda Gypjakda jaýladyk. Aýalyna habar etdik. Mazaryny açyp, jesedini Moskwa äkitjek boldy. Guburynyň başujuna köwşüniň bagjygyny daňyp goýupdyr. Birki sany alkaşa-da arak berip magazinden çelek satyn aldyryp, ogrynça äkitjek boldy. Ýedisini geçirýänçek ol bize iş boldy. Gutly aga-da (S. Nyýazowyň agasy – A Ç.) ýogaldy. Jaýlaman bir gün sakladylar. Gelermikän diýip. Gelmedi. Aý, näbileýin. Sandykly gürrüňem bar. Annamyrat Geldiýew meň agam. 2003-iň ýanwarynyň 26-synda ýogaldy. Jeren. Gypjagyň aýal wraçy: – Annamyrat kakamy meň özüm Nyýazow bolnisasyna äkitdim. Professor Amannazarowyň ýanyna. Iki böwreginde-de daş bardy. Bagry-da kesel. Operasiýa edildi. Ýagdaýy gowudy. Ertir daňdan ogly öýe jaň edýär. “Biziň öýümize bar. Kakamy bolnisadan çykardylar. Ejem gorkar” diýdi. Ejeş: – Onuň alty ogly, iki gyzy bar. 5 gelin bir gapydan girip çykýar. Plan jaýy, 4 otagly. Özi üçin alada eden adam däl. Nähak çykarylanyny ýokuş gördi. 9. 09. 2003. Oraz aga Nepesow: – Bir gezek Allaýar aga bilen içip, maşynly gaýtdyk. Allaýar aga ruluň başynda. Birinji seýil bagynyň çatrygyna ýetip-ýetmänkä awtoinspektor saklady. Ol prawany soranda “Požaluýsta, požaluýsta” diýip berdi. Soňam “Spasibo, spasibo” diýdi. Ertir irden bolsa GAI-den “Prawaňy äkit” diýip jaň edipdirler. Onuň bir garyndaşy MWD-de işleýän eken. Ol içende şampanskini, likýory, konýagy, piwony araga garyp içýärdi. Muňa “Ýalyn çabratmak” diýýärdik. Ol ýer titrände arak içmeýän eken. Ýer titrände ol 11 sany çagasyny ýere duwlapdyr. Diňe Bäşim diýen inisi bilen galypdyrlar. (Bäşim Hydyrow ýurdumyzda iň ökde hirurglaryň biridi). 12. 09. 2003. O gün edara Atajan Tagan geldi. Meniň uruş weteranlary guramasynda işleýändigimi Oraz Ýagmyr aýdypdyr. Hoşlaşanymyzda “Men seni örän gowy görýändirin” diýdi. 13. 09. 2003. Gürrüň neşekeşler hakda gitdi. Aşyr aga: – Bir ýaşuly gürrüň berdi. Namaz okamak üçin daşarda kündükli täret kylyp otyrka, aýagyna suw akydyp, kündügi gütüledip goýanymam şol weli, oglum kündügimi ogurlap gaçdy – diýýär. Düýn biz Oraz aga, Aşyr aga, Rejep aga dagy bilen Babaarabyň üzümçiligine bardyk. Üzüm eýesi Pygamberguly atly bir daýhan ýigit eken. Oraz aga 300 kilo üzüm satyn aldy. Kilosy 1 müň manatdan. Ine, şonda daýhan ýigit obada neşekeşleriň köpdüginden, gijede ýatman goramaly bolýandyklaryndan zeýrendi. 16. 09. 2003. Öten agşam sagat 10-yň ýarynda kompozitor Weli Muhadow jaň etdi. Ýerinden galsa başynyň aýlanýanlygyndan zeýrendi. Golaýda täze simfoniýasyny tamamlapdyr. Alp-Arslan hakda. “Sen şahyr, ýazyjylykdan başga-da, uly publisist. Öň men seniň ýazýan uly makalalaryňy yzygider okaýardym” diýdi. “Meniň ýaşymda simfoniýa ýazan kompozitoryň bolandygyny men-ä bilemok. (Ýaşuly 85 ýaşdan geçen). Şu ýaşda roman ýazýan barmy?” – diýip sorady. Menem “Çary Aşyr roman ýazdy” diýsem, “Türkmenlerden soramok. Olary men tanaýan-a. Dünýä boýunça” diýip sorady. “Aşyrowa men belet. “Ganly saka” operasyny ýazanda onuň nähili ýazyjydygyna göz ýetirdim. Onuň librettosynyň sýužeti özümiňki. Olar ariýa näme, libretto näme, bilýän adamlar däl. Muny men seniň bilmegiň üçin aýdýan” – diýdi. 17. 09. 2003. Oraz aga Nepesow: – Marksizm-leninizm institutynda işläp ýörün. Orazmämmet Meredow diýip terjimeçi ýaşuly meniň adymy “doňuz, eşek” diýip tutýar. Adymy tutan wagty ýok. Bir gün irden işe geldi. Göni otludan düşüp (çagalary Maryda) işe gelipdir. Ýüz-gözi görer ýaly däl. Içipdir. Dyrnaklaryna seretdim. – Oramet kaka, dyrnaklaryňy alsaň bolmadymy? – diýsem, – Näme çaýyňa düşer öýdýäňmi? – diýdi. Ýene bir günem irden gelip, meniň ýanymda oturdy. Ol: – Hany, eşek, meni aýlyk alar ýaly et – diýdi. Men pul soraýarmyka diýip, elimi jübime sokdum. – Ýok – diýdi. Şükür Eminem (Kakaly Berdiň lakamy) tap, maşynyňy al, häzir bir ýerik gitmeli. Kakaly Berdinem alyp, köne aeroportdaky naharhana geldik. Nahar aldyk, arak alyp stakanlara guýuşdyrdym. Oramet kaka elleri sandyraklap ne iýip bilýär, ne stakany göterip bilýär. Men onuň stakanly elinden tutup, içmäge kömek etdim. Az-owlak sandyraklamasy galan ýaly boldy. Ikinji gezegem kömek etdim. Şeýdip ol özüne geldi. Meniň ýanyma gelmänkä, ol aýlygyny almak üçin edaramyzyň kassasyna baryp, wedomosta gol çekjek bolsa bolanok. Ruçkany tutup bilenok. Şonuň üçinem ol meniň ýanyma geldigi eken. Arak içip, özüne gelenden soň, men onuň “Aýlyk alar ýaly et” diýmesine düşünip galdym. * * * Allaýar aga Hydyrow, Sapa Baýry, men ,ýene 6-7 adam bolup, arakesmeden soň edaramyza gelýärdik. Hemmämizem içgili. Konýak içipdik. Edaranyň öňünde bize institutyň direktory Oraz Orazowiç Şyhmyradow gabat geldi. (Ozalam arakesmede mahal-mahal içýändigimizi biri oňa habar beren bolmaly). Ol bizi kabinetine çagyrdy. – Ýigitler, men sizi käýemäge çagyrdym – diýenden, Allaýar aga: – Käýäliň, käýälň, käýäliň... – diýip, gaýtalady durdy. Muňa hemmämiz gülüşdik. Direktoram durup bilmän güldi. Käýelişimizem şol boldy. 16. 09. 2003. Aga Garajaýew (81 ýaş): – 1951–1953-nji ýyllarda men partşkolda okadym. Men çagalar bilen şumatky Harby institutyň ýerleşýän ýerinde kireýine ýaşaýardyk. Mylly aganyň ýaşaýan ýeri-de bizden daşda däl. Men onuň ýöräp gelşine seredip durardym. Başy telpekli, hywa donly, aşagynda-da ýene bir don, orta boýly Mylly aga tüýs türkmen ýaşulusydy. SK-nyň jaýynyň ýanynda partşkola gatnaýan awtobus durýardy. Biz şo ýerden awtobusa münüp gatnaýardyk. Atda Bada-da şo ýerden gatnaýardy. Şonda awtobusda oturan orus adamlaryň öz aralarynda “Nähili peşeneli ýaşuly” diýip geň galyşlary şü günki ýaly ýadymda. Ol SK-nyň köçesinde işleýän ýerine – radio işe gatnaýardy. 28. 09. 2003. Düýn (27. 09. 2003) Aşyr Öwezow, Rejep Gylyjow bilen Köşä gitdik. Aşyr agaň agasynyň gyzy 50 ýaşlarynda ýogalypdyr. Uly howly. Sapargeldi Annasähedow hem otyr. Ýogalanyň adamsy onuň doganynyň ogly eken. Ýolda Rejep aga şeýle gürrüň berdi: – Oba hojalyk institutynda okamda kafedra müdirimiz gazakdy (familiýasynam aýtdy. Ýadymdan çykdy). Dewkin diýibem student ýoldaşymyz bardy. Ýady aňrybaşdy. Ekzamende biledi çekip aýdardy. Gazak bilen gepi azaşdy. Komissiýa üstüne komissiýa döredi. Ahyry soňky komissiýada gazak oňa bir sorag berdi: – Düýe nähili sagylýar? Şonda Dewkin oňly jogap berip bilmedi. “Oba hojalygynda işlejek adam şoň ýaly zadam bilenok” bahanasy bilen gazak ony ýene ýykdy. Bolmajagyny bilip, Dewkin okuwyny taşlady. Soň Bakuwyň bir institutyny oňat bahalar bilen gutaryp geldi. 11. 10. 2003. Köpetdag etrabynyň uruş weteranlarynyň guramasynyň geňeşiniň başlygyny işden aýyrjak bolup alty aýlap çekeleşdiler. Onuň arkasynda bir daýaw adam bar. Ol Merkezi geňeşiň başlygy Oraz Nepesowy näçe gezek köşeşdirjek boldy. Oraz aganyň äsgermänden soň göwnüne degilen ýaşuly onuň bilen ylalaşman, onuň kemçiliklerini aýtdy. Daýaw pyýada ýeň berer ýaly däl. Aý, garaz Oraz aga örän erjellik bilen işi soňuna çenli alyp bardy. Ol gedem adam işden kowuldy. Soň ertesi onuň arkasyny çalýan adama Oraz aga jaň edipdir. “Oňarypsyňyz. Öňem raýkomyň birinji sekretaryka men-menlik eden eken” diýip, başga heň çalyp otyr diýýär. Aşyr aga: – Arada öýde ýeke özüm otyrdym. Çagalar toýa gitdi. Bir geýnüwli orus aýal gyzjagazy bilen gapydan girdiler. “Çörek almaga pulumyz ýok. Ine, şu halyçany näçe alsaňyz alyň¬” diýip, telefonyň aşagynda goýulýan el ýaly halyçany hödür etdi. Ýanymda bary-ýogy bäş müň manadym bar. Onam howla biri gelse, çilime ibereýin diýip durdum. “Hiç zadyň gerek däl. Me üç müň manat” diýip, oňa hödür etdim. Alkyş okap çykyp barýarkalar, „Alyň, galan iki müňüme-de hiç zat düşenok – diýip, ol iki müň manadam berip goýberdim. Olar gidensoňlar, ynanyň, agladym men. * * * Öňki agşam düýş gördüm. Maşynym ogurlanypdyr diýýän. Gynanyp oýanypdyryn. Düýşümdigini bilip begendim. Ýöne ertesi howlymyzda maşynyň gapysyny syrdyrdym. 14. 10. 2003. Oraz aga: – 1959-njy ýylam bolmagy ahmal. SSSR Ýokary Sowetiniň sessiýasy döwründe 1 aý, 1,5 aýlap Moskwada işlemeli bolýardy. Sessiýanyň materiallaryny terjime edýärdik. Bu gezegem biz – halypam Sapa Baýry bilen myhmanhanada bolýardyk. Bir gün gijesi bilen oturypdyrys. Işe ýarajak däl. Sapa-da şeýle. Ol maňa “Sen şumat Boris Iwanowiçe (Hudaýberdi Gurdow, Ýokary Sowetde işleýärdi) jaň et, özüňem asgyran, üsgüren bol” diýdi. Şonda ol Boris Iwanowiçiň näme aýtjagyna çenli öňünden aýtdy. Jaň etdim. – Sesiň gyryk-la – diýdi. --Näme bolýar? – Bütin myhmanhana öýün-öýün ýatyr. Grip - diýdim. – Haý, zalywat, trubkany goý, maňa ýapyşdyrarsyň – diýip, trubkany goýdy. Bize geregem şo-da! Baý, gülüşdik. Bir gezegem Boris Iwanowiç Aşgabada görme-görşe geldi. Men Ýokary Sowetde işleýän. Nobatçy maşyn bize ýetenok. Men ony awtobusa mündürdim. Maşyn ýola düşdi. Tozan. Konditer fabrigine ýetdik. Duralgada düşen düşdi. Münen mündi. Bir ostanowska geçdim welin, ýoldaşym Boris Iwanowiç ýok. Düşdüm-de yzyma ýöredim. Boris Iwanowiç ýöräp gelýär: – A-how, bu nähili boldy? – diýip, sorasam, -- Maşynyň içi tozan – diýdi. – Boris Iwanowiç bu tozan ýörite edilýär. Ol mikrop gyrýan tozan – diýdim, Şoňa ynanýar-da. Aý, şeýle bir sada adamdy. “Moskwada, Ýokary Sowetde işlemek üçin terjimeçi gerek” diýdiler. Men Allabaý diýen bir çowdur oglany hödürledim. Geçdi. Işläp ýörün diýýär. Dynç alyş rugsadyna çykmaly weli hiç goýbermändir. Ahyry ol: „Obamyzdaky ýaşulymyz garrady. Bu güni bar, ertesi ýok. Özem näsag. Şony görüp gaýtmasam boljak däl” diýensoň, “Bolýa. Ýöne bir şert bilen. Moskwadan çykma” diýýär. “Beýle bolmaz-a” – diýse-de “ýok” diýýär. “Onda bir zat edeli, sen gowusy o ýaşula ýa hat, ýa-da jaň et. Özi Moskwa gelsin” diýip aýdýar. 21. 10. 2003. Oraz aga Nepesow: – Bibi Pälwanowa, Baýmyrat Halmyradow (ýene biriniň adyny tutdy weli, şumat ýadyma düşenok. Olam tanalýan adam – A. Ç.) üçüsi çykan. B. Halmyrat diýen ir wagtlar neşirýatyň direktory bolup işledi. Ol Sowet döwründe Watan dönügi diýlen, “Azatlyk” radiosynyň işgäri (ady ýadyma düşenok – A. Ç.) Halmyrat bilen ikisi dogan eken. 29. 11. 2003 ý. Şu gije düýş gördüm: täze balak zakaz edipdirin. Balagy geýip gördüm. Ýarady. Ýöne tikinçi onuň penjeginem tikjek diýýär. Penjek üçin pul ýetjek däl. Birinden karz almaly. Şoň aladasy bilen oýanypdyryn. Görsem düýşüm. Ertir işe gitdim. Penjegimiň içki jübüsindäki ruçkanyň çernili dökülipdir. Ýuwmak üçin işdäki gyza berdim. Özi “ýuwaýyn” diýdi. Ýuwup, ýanyp duran gazda guratjak bolupdyr. Az-owlak ýerini ýakypdyr. Geýer ýaly etmändir. Ine, gören düýşüm gündiz aýan boldy. 05. 12. 2003. Şu gije düýşüme žurnalist ýoldaşymyz we dostumyz Saparmyrat Gurbanow giripdir. Ýalňyşmasam, ol 1981-iň 1-nji martynda 40 ýaşynda ýogalypdy. Şondan bäri bir gezegem düýşüme girenokdy. Öňküsi ýaly. *** Oraz aga Nepesow: – Marksizm-leninizm institutynda işleýärdik. Direktory Oraz Orazowiç Şyhmyradowdy. Edarada tokly çäýnegi ulanmagy gadagan etdi. Bir gezek Sapa Baýryýewiçiň iş otagynda üýşüp otyrdyk. Gapydan direktor salam berip girdi. Sapa Baýryýewiç stoluň üstündäki çäýnegi eline alyp oýnap başlady. – Häzir biz baýra gidip, şu çäýnegi gömüp gaýtjak – diýdi. Oraz Orazowiç hiç zat diýmän, çykyp gitdi. Bir gezegem üýşüp Sapa Baýryýewiçiň kabinetinde otyrys. Oraz Orazowiç girdi. – Näme işleýäňiz? Sapa Baýryýewiç: – Gizlin ýygnak geçirýän – diýdi. Oraz Şyhmyradow: – Aý, sen maňa başartjak däl – diýdi-de, daş çykdy. 23. XII. 2003. Oraz Nepes: – Allaýar agany (Allaýar Hydyrow, terjimeçi, 1905-nji ýylda doglan) “Ýalyn çabradaly” diýdigi araga piwo, çakyr, konýak... goşup içeli diýdigidi. Özi hezil edip, “Ýalyn çabradýardy”. Ol araga ýer titremesinden soň (1948 ý.) içip başlapdyr. Şoňa çenli arak dadan adam däl. Ýer titremesinde maşgalasyndan 11 adamy jaýlapdyr. Özi, onsoňam medinstitutda okaýan Bäşim (Bäşim Hydyrow) galypdyr. Soň Allaýar aga Marydan Abadan atly gelne öýlendi. Çagalary bolmady. Geň galmaly, Bäşimiň aýalynyň ady Abadandy. Ine, Bäşimden bolan oglanjygy Allaýar aga özüne ogullyk edýär. Ýalňyşmasam, ol politinstitutda prorektor bolmaly. (Serdar Allaýarowiç Hydyrow). 4. 01. 2004. Daňdanlar merhum kompozitor Nury Halmämmedow düýşüme giripdir. Gyrgyzystanly bir kompozitor hem ýanynda. Ol “Men Ata Esadowy gowy tanaýan” diýýär. Şo wagtam telefon jyňňyrdady. Oýandym. Trubkany alsam goýupdyrlar. Jaň eden Serdar, oglum bolmaly. Özümi oňaýsyz duýdum. Gerekli däri-dermany içdim. Ýatyp galypdyryn. Düýşem şonda gören ekenim. 7. 01. 2004. Aga Garajaýew: – Annamyrat Potra türkmenleriň arasynda ilkinji bolup söweşjeň “Gyzyl Baýdak” ordenini alan adam. Kronştdat söweşine gatnaşypdyr. Bir gezek işde otyrdym. O wagtlar (1972 ý.) men Aşgabat şäherkomynyň partiýa-guramaçylyk bölüminiň müdiridim, ady gowy ýadymda däl, Ýolly bolaýmagam mümkin, özi KGB-niň işgäridi, şol adam maňa ikinji bolup söweşjeň “Gyzyl Baýdak” ordenini alan adamyň häzir diridigini, ýöne onuň pensiýasynyň hem ýokdugyny aýtdy. Men ol adam bilen gyzyklanyp başladym. “Ony meniň ýanyma getirip biljekmi?” diýip soradym. Ony meniň ýanyma getirdi. Gürrüň edilýän adamyň egin-eşigi meňki diýer ýaly däldi. Sakgaly ösgündi. Ýalňyşmasam, onuň ady Ataçary Saryýew bolmaly. Şo wagt biziň gürrüňimize Sapar Begliýew goşulýar. Sapar aga: – Ataçary Saryýew diýýäňizmi? Men ony tanaýan. 1952-nji ýylda men Aşgabat oba raýonynyň komsomolynyň birinji sekretarydym. Parkompartiýaňam býuro çleni. Şonda Ataçarynyň meselesi býuroda garaldy. Ol raýonyň KGB-synyň başlygydy. Podpolkownikdi. Ogly sowet goşunynda gulluk eden ýeri Bakuda ölüpdir. Getirip jaýlapdyr. Jynaza edip, türkmen däbi boýunça jaýlapdyr. Býuroda jynaza duranlaryň suratyny görkezdiler. Raýkomyň birinji sekretaryna Hoşgeldiýew diýýärdiler. Partiýa hataryndan çykarmaly etdiler. Men şonda çykyş edip, “Hudaý gargany, pygamber hasasy bilen dürter” etmäliň. Onsuzam ol ogluny ýitiripdir” diýip çykyş etdim. Meni hiç kim diňlemedi. Hoşgeldiýew knopkany basdy. Gapydan girip Ataçaryny äkitdiler. Tutdular. Ol Leningrad -- Çapaew köçeleriniň ugrunda ýaşady. Ýogaldy. Aga Garajaýew: – Hawa, onsoň men onuň dokumentleri bilen gyzyklandym. Oňa respublikan ähmýetli 120 m. möçberinde pensiýa berilmegini gazandym. TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Başlygy Annamugammet Gylyjowyň ýanyna girip, oňa 100 manat berilmegini gazandym. TKP MK-nyň birinji sekretary Muhammetnazar Gapurowa jaň edip, ondanam 100 manat aldym. Ol “Arzany SSSR Ýokary Sowetiniň deputatygynyň adyna ýazyň. Özem “liçno” diýip ýazmasaňyz, maňa gowuşmaz” – diýdi. Men Gapurow bilen 40-njy ýyllaryň ahyrlaryndan bäri tanyş. Ol-a Çärjew obkom komsomolyň sekretary, menem Baýramaly raýkomynyň sekretarydym. Aşgabada ýygnaga gaýdanymyzda otluda bile gaýdan wagtlarymyzam bolupdy. Bir gezegem bir adamy iki aýaly bar diýip partiýadan çykarmaly edildi. Býuroda seretdik. Men çykyş etdim. – Birinji gezek öýlenende çagasy bolmandyr. Soň çagam bolar diýip ikinji gezek öýlenipdir. Ondanam çagasy bolmandyr. Indem ýaşy birçene baran – diýdim. Partiýada goýduk. Soň ol meni öýüne çagyrdy. Bardym. Howlusyndaky jaýda bir ýaş owadan zenan ýaşaýan eken. Ol adam bilen bir çüýşe aragy boşatdyk. Ol maňa şonda “Eger isleseň, şol gelin seniňki” diýdi. Men kellämi galdyrdym. Aýalymyň, çagalarymyň bardygyny aýtdym. Şondan soň ol adamy bir gezegem görmedim. Görüň-ä, aýal meselesi bilen ony býuroda partiýadan çykarjak bolýarlar. Menem ýüregim awap onuň arkasyny çalýan, soňam ol maňa aýal hödürleýär. Toba etmändir! 13. 01. 2004. Çerkez Şamyradow, režissýor: – Muny maňa Ata Alowow gürrüň berdi. Aman Gulmämmet Lenin hakyndaky spektakly sahnada goýýar. Rollarda Ata Durdyýew, Gylyç Berdiýew, Muhammet Çerkezow ýaly sahna ussatlary oýnaýar. Aman aga sahna çykyp, kimiň nähili oýnamalydygy hakda iki ýana hasanaklap, janygyp düşündirdi diýýär. Sahnadan düşüp, gelip “Doganyňy ..... , şu zatlaň hemmesine çyndyr öýdýändirler-de” diýip, maňlaýyndaky derini eli bilen syrdy diýýär. 21. 01. 2004. Gurbanmyrat Nobatow: – Raýon merkezinde Sapbyja diýip ýigit bardy. Çişlik bişirýärdi. Obadan gelen adamlar çişlik iýmekçi. Sapbyjanyňam golunda gyzyl daňysy bar. Adatça ony ýokardan daňýarlar. Onuňky el goşarynyň ýanynda. Soraýarlar. – Sapbyja, bu daňy näme? – Aý, şu gün bir gyz bilen duşuşmaly. Ýadymdan çykmasyn – diýdim. Ýaşulularyň biri onuň süwümsizligine durup bilmän: – Ejeň pahyr-a şuň ýaly bolanda balagynyň ujuny çöwüräýýärdi – diýipdir. 22. 01. 2004. Aga Garajaýew: – Halk kontrollygynda saglyk, medeniýet meselelerine seredýärdim. Türkmeniň üç ýaşulusyna – Berdi Kerbabaýewe, Aman Gulmämmede, Sahy Jepbara “Ýalňyşlyk goýberäýende-de degip bolmaz” – diýdim. Bu aýdan sözlerim olaň gulagyna degipdir. Berdi aga Aşyr Nazara “Sag bolsun” diýip aýdaýyň diýipdir. Aman aga iş bilen teatra baranda minnetdarlyk bildirip, “Teatryň gapysy seň üçin elmydam açykdyr” diýdi. Sahy agaň özi meň ýanyma geldi. 22. 01. 2004. Mele Badaýew: – Yslamlar bilen goňşy ýaşadyk. Häzir onuň körpe jigisi Çary aklawjy bolup işleýär. Yslam gürrüň berýär: – Çarynyň aýaly çörek bişirip satýar. Yslam geçip barýarka ondan bir çörek sorapdyr. Gelin uly gaýynagasyna çörek bermändir. Açlyk ýyllarynda şeýdilmändir. Häzir açlyk ýok, zat ýok. Dogan dogana çörek berenok. 15. 02. 2004. Men keselhanada, gan basyşym 270-e ýetdi. Şu gün öýlän öýe geldim – ýuwunmak üçin. Rus ýazyjysy Nikolaý Tihonowyň oçerkiniň gahrymany (otuzynjy ýyllar) obadaşymyz, könekesirli milisioner Nury Seýitgulyýewiň inisi Baýrammyrat Seýitgulyýew uzaga çeken agyr keselden (bagyrdan) soň aradan çykdy. Ony irden jaýlapdyrlar. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Baýram! 25. 02. 2004. Işiň ahyrlarynda men şahyr dostum Azat Rahmanowa (“Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolup işleýär) jaň etdim. Şol gün ol meni sorap jaň eden eken. Aga ýaşuly muny maňa gijräk aýtdy. Azat şu gün “Türkmen dili” gazetinde meniň rubagylarymyň çap edilendigi bilen buşlady. Edaradan şo gazeti sorasam, beýleki gazetler gelipdir, şol ýok eken. Iş wagty tamamlanyp, öýe geldim. Howluda maşynyň yzky bagažynda birnäçe gazet ýatyr. Men beýle ýagdaýa ozal gabat gelmändim. “Meň gözleýän gazetim ýokmuka?” diýip seretsem, dogrudanam şo gazet bar. Töweregime seretdim, adam gara ýok. Goňşulaň haýsy birinden sorajagymy bilmedim. Gazeti alyp gaýtdym. Bu ahwalata gaty geň galdym. Azat o gün Stendalyň 12 tomluk kitabyny 110 müň manada satyn alandygyny gürrüň berdi. Häzir bir kitabyň bahasy 100 müňden geçýär. Bir garry mama pul gerek bolup satan bolmaly. Çünki kitabyň ýüzünde “babulýa” diýlip ýazylypdyr eken. Azat “Şo babulýa ýüregim awap kitaplary satyn aldym” diýip aýdýar. Ýogsam bolmasa, öýde kitap goýar ýaly ýer ýok diýýär. 23. 03. 04. Oraz Nepesow: – Abdyreýim Soltanmyradow bilen Ýokary Sowetde bile işledik. Ol ýaşuly adamdy. Öz ýazan ertekiler kitabyny hem çap etdiripdi. Ine, şol adam türkmençe stenogrammasynyň harplaryny düzen adam. Boýny gyl ýaly, arryk adamy görse, “şoň aýaly tambowly bolmaly” diýerdi. Sebäbi onuň öz aýaly Tambowdandy. Haçan görseň, “waý, ölýän” diýip zeýrener ýörer eken. Bu häsiýet Abdyreýim aganyň halys ýüregine düşüpdir. “Jögülik edýändigini bir zatdan... bildim” diýip gürrüň bererdi. 16. 04. 2004. Balkan Nurgeldiýew, lukman: – Medinstitutda okaýan. Meniň okaýan toparym bary gyz, ýeke özüm oglan. Gigiýenadan ekzamen tabşyrýas. Mugallymymyz Eke Saparmämmedow. Gysga boýly adam. Gyzlaň bary ekzamenden ýykylyp çykdylar. Auditoriýa girenlerinde medisina bedresi dur. Olara “şoňa tüýkür” diýýär. Olaram tüýkürýär weli, “git” diýip, çykaryp goýberýär. Menem girdim. Maňa-da “tüýkür” diýdi. Görsem, stolunyň üstünde elýaglyk dur. “Elýaglygy almak mümkinmi?” diýip soradym. “Al” diýdi. Men ony alyp, şoňa tüýkürdim. Ol hiç zat diýmedi-de, synag kitapçama baha goýdy. “Gidiber” diýdi. Gapa ýöneldim weli, yzymdam kitapçamy zyňyp goýberdi. Gaty göwni ýeten bolmaga çemeli. Şonda ol ýykylan gyzlaryň ählisine gowy baha goýdy. Ýöne mugallym meniň bu hereketime garaşmandygy bellidi. 16. 04. 2004. Aga Garajaýew (1923 ý.d.) – Biziň obamyza Müjewürler obasy diýýärdiler. Häzirem şeýle. Baýramalyda Annadurdy aga diýip bir ýaşuly adam bardy. Ol at çapyşygynda atlar bilen ýaryşa girýän eken. Atdan öňe geçmese-de , pellehana atdan yza galman gelýän eken. Başga bir pälwan adam bardy. Teke aga diýerdiler. Ony men gördüm. 105 ýaşap öldi. Ýoldaşlydy. Gahary gelse 10 adam, 15 adam bolaýsyn, şolaryň hemmesini ýykyp bilýän eken. Ony men 75 ýaşlyka gördüm. Hoja Nuretdin gonamçylygynda görüpdim. Pyýada gelýän eken. Ýöne muny ejemem, başga bir pälwan garyndaşym Ýakup pälwan bardy, olaram “Onuň aýdany dogrudyr, ol guduzdyr” diýipdiler. Berdi Seýdi diýip bir adamyň boýy 2 metrden geçýärdi. Hoja Nuretdiniň pagsadan haýaty bardy. Boýy dört pagsadan ybaratdy. Her pagsanyňam boýy 80 santimetr dagy bardy. Bir gün oglanlar bilen üýşüp durduk. Erik, alma, her hili miweli agaçlar bar, Ol “Men haýata çykyp, miwe ýolaýynmy¬?” diýdi. Haýata nähili çykmak? Merdiwan bolmasa, çykar ýaly däldi. “Çykaryn” diýdi. Ol aňyrdan bat alyp geldi-de, keseleýin bir hili edip haýata çykdy. Haýran galdyk. 17. 05. 2004. Oraz aga Nepesow: – Agam Şalynyň Woroşilow kolhozyna (kohoz başlygy Çary Myrat) wekil edip iberipdirler. Şonda ýygnakda bir kör adam çykyş edip, şeýle diýipdir: – Jübimde karz pulam dursa, kör halyma suwly ýapdan böküp geçerin. 19. 05. 2004. Ýazmyrat Sopyýew, žurnalist, uruş weterany, 82 ýaşly. – Geçen ýyl men Annagulyny (baýry žurnalist Annaguly Mämmetgulyýew) gördüm. 92 ýaşynda. “Sen şeýle uzak ýaşy nähili gazandyň?” diýip soradym. Ol “Her gün naharyň ýany bilen ýüz gram arak içýän” diýdi. 19. 05. 2004. Oraz aganyň gürrüň bermegine görä, şumatky Krasnoýarsk ülkesiniň gubernatory Aman Tüleýew terjimeçi Orazly Tüýliýewiň ogly bolmaly. Uruşdan soň Orazly bir rus gyzyna öýlenipdir. Aşgabat ýer titremesinde ol kesegiň astynda galypdyr. Onuň hem bir gyz jigisi ýanynda bolýan eken. Orazlynyň hossarlary o gyzy sygdyrmandyrlar. Şonuň üçinem ol gyz çagany alýar-da, Krasnowodsk şäherine hossarlarynyň ýanyna gidýär. Aman ösüp-ulalýar. Adam bolýar. Ýöne ol öz kakasynyň Orazly agadygyny bilmeýär. Orazly aga gypjakly Gündogdy baýyň agtygymy ýa-da çowlugy bolmaly. Baý aga gaty gysyk bolupdyr diýip gürrüň edýärler. Onuň aýdyşlaryna görä, 40 sürüsi dagy bolmaly. Bir gün ony goňşy oba çagyrýarlar. Ertesi irden öýüne gelse çagalary ertirlik edinip otyrlar diýýär. Öňlerinde çal, sogan, çörek. Baý muny görüp: “Oglan-a, heýem bir üç hurşlugy birden bermek bolarmy?” diýip, aýalyna käýinipdir diýýärler. Deň-duşlarynyň aýtmagyna görä, Oraz aga Nepesow, “Orazly gaty gysykdyr. Jübüsinde bir manatdan artyk pul götermez. O pulam balagynyň güman edilmeýän ýerindäki kiçijik jübüsinden 5-6 gezek eplengi çykarar” diýýär. 20. 05. 2004. Şu gün öýlän edaramyza – uruş weteranlarynyň guramasynyň merkezi geňeşiniň jaýyna SSSR-iň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa geldi. Aga Garajaýew bilen ikimiz işläp otyrys. Öňdenem betgelşik, ind-ä hasam betgelşik, bir gysym, horja geýnen. Eli köne gara sumkaly aýal. Alyn dişleri ýok. Bir dişi sallanyp dur. Men ussat aýdymçyny güler ýüz bilen garşyladym. Aga ýaşulam ony tanap: “Maýajan” diýip elleşdi. Ol Saparmyrat Türkmenbaşynyň edaramyza beren awtobusyny gutlamak üçin gelipdir. Munuň üçin ol biziň her birimize 10 müň manatdan berdi. “Maşyna ýelmemeli” diýdi. Almajak bolsagam, berdi. Oraz aganam gutlady. Aga ýaşuly meni şahyr diýip tanyşdyrdy. Ol şahyra-ýazyja uly sarpasynyň bardygyny mälim etdi. – Gastrol döwründe Sergeý Ýeseniniň watanynda konsert bermeli bolduk. Ýeseniniň dogduk obasyny, ýaşan öýüni ine-gana synlajak, görjek bolup iki gündäki konserti bir günde berdim. Özüm haýyş etdim. Uzakly gün men onuň ýaşan öýünde bolup köp oturdym. Meň şahyra sarpam uly. Özüm ýazyp bilemok. Olaryň sungatyna baş egýän – diýdi. *** Aga Garajaýew: – Men Halk kontrollygy komitetinde 8 ýyl işledim. Başlygymyz Astan Işangulyýew. Onuň bir mejlisinde TSSR Kommunal hogalyjy ministrliginiň işini seljermeli boldy. Onuň ministriniň orunbasaryna käýinç yglan etmek kararyna gelindi. Şonda ministr Kakabaý Ataýew ýerinden turup, “Men Ministrligiň ähli işi üçin men kelläm bilen jogap berýän. Işgärler günäkär däl, käýinç berseňiz maňa beriň” diýip çykyş etdi. Şondan soň hiç kime käýinç bermediler. Ünsi çekdiler. Aýtjak bolýan zadym, şo işlän döwrümiň içinde günäni öz boýnuna alan ýekeje adamy gördüm. 22. 05. 2004. Şenbe. Kompozitor Weli Muhadowlara bardym. Ýaşuly bilen salamlaşdym. “Pasport boýunça ýaşym 88, hakyky ýaşym 85” diýdi. Başy aýlanýar. Gulagy huwlaýar. “Şo horlaýar” diýdi. Gülälek Amanowa, Türkmenistan profsoýuzlarynyň başlygynyň orunbasary: – Kakam Nurjan Amanow, baýry žurnalist, radiokomitetiň başlygydy. (Ýalňyşmasam 1972-nji ýylda aradan çykdy – A.Ç.). Ol mejlisiň öň ýany bizi – çagalaryny daşyna üýşürdi. “Men sizden haýyş edýän, hiç wagt ýokary işlere höwes etmäň” diýip, wesýet etdi. Şu işden sag-aman abraý bilen boşasam, Hudaýýoly berjek. 27. 05. 2004. Nurtäç Annamyradowa köne halyçy, sowet häkimiýeti ýyllarynda köp wagtlap ministr bolup işledi. Uruş weteranlary guramasynda işlämsoň, ony ýatlap, edaradan sowgat ýazylansoň, gowşurmak üçin öýüne bardym. --Gözüniň görüşiniň ugry ýok. Ýeke özi eken. “Oraz Nepes salam aýtdy. Şu sowgadam iberdi” diýdim. Meniň hem şol edarada işleýänligimi soransoň, men özümi tanyşdyrmaly boldum. - Allaýar Çüriýew. - Sen şo şahyrmy?- diýdi. - Hawa. - Ýaňy ýarym sagat öň birinden telefonda soradym: “Gowy goşgulary bardy. Soňky döwürde sesi çykanok” diýsem, ol: “Ýaraman ýatdy. Öldi” diýip jogap berdi. Men güldüm. --Eli hasaly baýrak alanyňy telewizorda görüpdim - diýdi. Hoşlaşyp gaýtdym. Soň frontçy ýazyjy Çary Aşyrlara bardym. Ogulnabat gelneje: “Kimsiň?” diýip sorady. Men özümi tanatdym. Iki gözem görenok. “Çary 93 ýaşynda ýogaldy. Ýöne hakyky ýaşy 94 bolmaly. Ödünde rak bar eken. Muny maňa ony jaýlap gelenlerinden soň, ertesi gyzym Gözel aýtdy. Wraç bir aý ýaşar” diýipdir. Keselhanadan getirdiler. Üç aý ýaşady. Ölmezinden öň zol “Eje, eje” diýip gaýtalady. “Ogulnabat, ýör gaýdaly” diýýär. Menem: “Çary, bu ýer öz öýümiz-ä“ diýýän. “Hä, şeýlemi?” diýýär. “Mollany çagyryň” diýdim. Molla gelip okansoň köşeşdi. Soňam ýuwaş-ýuwaşdan jan berdi. 13. 06. 2004. Obada 73 ýaşynda daýzamyz ýogaldy. Birnäçe wagtlap Aşgabatda däri-derman etdiler. Soňky gezek şu aýyň başynda hassahana ýerleşdirmänkem ogullarynyň birine: “Oglum, meni şu aýyň 11-ne hopba edip äkit. Ýöne oba, öýümize äkidiwer” diýen eken. Hassahanadan çykardylar. Beýnisine gan urupdyr. “Tiz kömek” bilen şo gün oba äkidildi. Birnäçe gün özüni bilmän ýatdy. 11-ne-de ýogalypdyr pahyr. 13. 06. 2004 12-ne sagat 6-da (irden) Gowşuda gitdik. Berdi aga Annaweliýew 80 ýaşynyň sadakasyny berýär. “Oraz Nepes, Aga Garaja gelsin” diýip habar edipdir. Olar menem ýanlaryna aldylar. Berdi aga köne partiýa işgäri. “Men Şaja Batyryň bir garyndaşynyň öýüne barýardym. Şonda şo ýerik Şajanyňam ejesi myhmançylyga gelýärdi. “Birinji türkmen gelnim (ol Aşgabat ýer titremesinde ýogalan) orus gelnimden gowudy” diýerdi. Türkmenden Şajanyň iki ogly, iki gyzy bar eken. Onuň bir gyzy Çärjewe durmuşa çykypdyr. Şonda Şaja Batyr: “Orsa durmuşa çykanam bolsa gowy bordy” diýip, ejesiniň aýdany ýadymda. Berdi aga ellinji ýyllarda Moskwada, Ýokary partiýa mekdebinde okapdyr. “Bir gezek Oraz Aşgabatdan Moskwa gelende aýalym ondan nagyşly galstuk, tiken tahýasyny iberipdir. Men ony bile okaýan Fýodorow diýen dostuma berdim. Onuň bir ogly, bir gyzy bar eken. Fýodorow diýýäni partizan, özem Sowet Soýuzynyň iki gezek Gahrymany. Ol hakda birnäçe seriýadan ybarat örän şowly çykan köp seriýaly çeper telefilm hem bardy” diýdi 30. 06. 2004 Aga Garajaýew: – Obamyzda pagta ýyglyşynyň her günki maglumaty oba Sowetine berilýärdi. Bir gün maglumat ýygnaýan kontoryň işgäri maglumat deregine “Ýaşylbaş” diýen aýdymyň sözlerini ýazypdyr. Şol günem Baýramaly raýispolkomynyň başlygy kolhoza gelen. Biziň kolhozymyz “Gyzyl daýhan”. Agşamky ýygnakda oňa swodkany uzadypdyrlar. Okap görse “Ýaşylbaş”. Ilk-ä gaharlary gelýär. Soň köşeşýärler. 01. 09. 2004 Mälik Hojanyýazow (83 ýaşynda): – Meň doglan ýerim Ýasmansalyk obasy. 6 ýaşymda ejem başga bir ýere äre çykdy. Kakam sakgally adamdy. Meni kakam Büzmeýindäki ýetimler öýüne tabşyrdy. Ejem yzymdan birküç sapar geldi. Ýöne “Şol aýaly görseň, gaç” diýip, kakam berk tabşyransoň men ondan gaçýardym. Soň bir gezegem görüp bilmedim. Ýogalypdyr diýdiler. Ýetimler öýünden soň meni morze ugrundan okuwa saldylar. Gulagyň gowy eşidenok diýip, o ýerden çykardylar. Soň üç ýyl aragatnaşyk ugrundan okadym. Gutaramsoň, Tejene işe iberdiler. Frontdan gelemsoň meni Tejeniň aragatnaşyk uzeliniň başlygy etdiler. Bir gezek raýon planyny dolduryp, Aşgabada, SK telegramma iberýärler. Biziňkiler „Aragatnaşyk ýok” diýip, kabul etmändirler. Mundan meniň habarym ýok. Aslynda şeýle ýagdaýda raýkom meni habarly etmeli. Raýkomdan jaň gelýär. Gaharly çagyrýar. Raýkomyň býurosy gidip duran eken. Birinji ýarylaýjak bolýar. “Näme üçin kabul etmediňiz?” diýip soraýar. Meňem dilime geleni “Bordok işlänok”. Bordok diýýänim apparat. Birinji hasam güýjeýär. “Nirede şol bordok. Getir ony meniň ýanyma?”. Men çykyp, poçta jaýyna bardym. Gyzlar maňa telegrammanyň iberilendigini aýtdylar. Men şo ýerden birinjä jaň edýän. “Ol deýýus. Bordok işlemän nirede gezip ýör. Çäresini gör” diýip, trubkadan onuň gaharly sesi gelýär. 18. 11. 2004 Nurberdi Guşlyýew, Beýik Watançylyk urşunyň weterany, 84 ýaşly: – Büzmeýinden birinji jahan urşuna gatnaşan obadaşymyz ýany bilen nemes gyzyny getirdi. Oňa öýlendi. Olardan üç ogul boldy. Biriniň ady Girmandy. Şo wagt uruş weterany 82 ýaşly Geldi Bäşimow söze goşuldy: – Men Aşgabat oba raýonynyň sudýasy bolup işlän döwrümde (ellinji ýyllaryň başlary) Aman atly bir aýal oturdaş bolýardy. Saryýagyz. Şol aýal hem siziň obadaşyňyzyň aýaly eken. Nurberdi aga: – Otuzynjy ýyllarda Han çaýşyk diýip bir adam goşgy ýazyp kemçilikleri tankyt edýärdi. Ine, Han şolaryň garyndaşydy. Torgaý gitdi hyzlap, Üç günden soň yzyn yzlap, Uçgur bilen dyzlap, Näçe kakdyň torgaýy, Saryjan... Ýa-da: “Sektor kadr saňa sözlerim şudur”... – diýen ýaly setirleri häzirem ýadymda – diýdi. --Jeň pälwan biziň garyndaşymyz. Ogly Gurbandurdy Jeňow, bagşy. Jeň pälwan birinji jahan urşuna gatnaşdy. 86 ýaşlarynda ýogaldy. Bilegi meniň budum ýalydy. Birinji jahan urşuna inisi bilen gidipdir. Şo ýerde bir gazak gyzy bilen göreşde (baýyň gyzy) birinji gezek ýeňlipdir. Atyny gideripdir. Ýene göreşe çykyp, inisiniň atyny goýupdyr. Ikinji gezek gyzy ýeňipdir. Atyny yzyna alypdyr. Hruşow Aşgabada gelende Jeň pälwan onuň bilen görüşdi. Ol Änew tarapda kolhozyň meýdanlarynda garawuldy. “Men wengerleri gylyçdan geçirdim” diýende, Hruşow: “O... o... o” diýdi. Jeň ir wagtlar bir ussadan hepbik (guş tutýan, gapan-öküziň süňkünden ýasaýardylar) aldy. Kyrk torgaýa. “Sen onça torgaýy nähili tutjak?” diýip soranlarynda “Näme, men hepbik alamda torgaý berer öýdýäňizmi?” diýdi. Bermedi. Lakamy hem – jenjelçi manysynda. 19. 11. 2004 Şahyr dostumyz Azat Rahmanowyň eneligi ýogalypdyr. Üçi öňki “Kyrk ýyllyk” kolhozyna – Büzmeýin obasyna gitdik. O ýerden çykyp, şo ýerde ýaşaýan žurnalist Baýram Mämmedowy (žurnalist Sahy Mämmedowyň agasy) soradyk. Ysmaz bolup ýatan eken. Oraz Nepesow, Baýram aganyň giýewsi Kakow, sürüjimiz Halmyrat Muhammedow. Bardyk, görüşdik. “Muny tanaýarmyň?” diýip, Oraz aga meni görkezdi.“Tanajak bolýan” diýdi. Ýogsam, biz onuň bilen 80-nji ýyllaryň başlarynda telewideniýede bile işläpdik. Oraz aga: “Allaýar Çüriýew” diýdi. Ol begendi. Arkanlygyna ýatan adam gobsundy-da, dikiräk oturyp, elini uzadyp, meniň bilen ikinji gezek görüşdi. Onuň başujunda birtopar gazet ýatyr. Ol gazeti eline aldy. Gazetde meniň suratym, rubagylarym çap edilen gazet. Olaryň çap edilenine, belki, ýarym ýyldan gowrak wagt geçendir. “Edebiýat we sungat” gazeti. “Men seniň şu rubagylaryňy günde birnäçe gezek okaýan” diýdi. “Bu durmuşymy?” diýip sorady. Menem: “Hawa” diýdim. “Durmuşymy” diýmegine men öz başyňdan geçen zatlarmy diýip düşündim. Ýazýan adam üçin şundan uly zat barmykan? Ömri düşege baglanan adam seniň goşgularyňdan ruh alýandygyny gözüň bilen görmek nähili bagt! 04. 12. 2004. Ýaňy professor Sähet Rejebowyň “Ömür ýolundan bir parça” atly ýatlamalarynyň golýazmasyny okadym. Ol ony 1991-nji ýylda ýazypdyr. Döwlet arhiwine tabşyrypdyr. Sähet aga 90-njy ýyllaryň başlarynda “Öýe gel. Çaýlaşaly. Ýatlamamy okap gör” diýip, kän gezek mürähet edipdi. Her gezegem söz berip, onuň çakylygyna baryp bilmändim. Arada Sähet aga şol golýazmany getirip, “Okap gör” diýdi. Ony birdemde okadym. Hakykat üçin göreşip, näçe horluk görse-de ýaýaplamadyk bu adama hormatym ýene-de artdy. Çärjew pedinstitutyny barlap, (MK-nyň ikinji sekterary Pykowyň gizlin tabşyrygy) iki sany wezipeli adama – Sownarhozyň başlygynyň orunbasary, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Oraz Annaberdiýew bilen SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty A.Meredowa (Marydan), MK-nyň birinji sekretary Balyş Öwezowyň tabşyrygy bilen instituty gaýybana gutardy diýip diplom almaklarynyň üstüni açýar. Şo wagt institutyň rektory Hangeldi Bekmyradow eken. Soň ony bu işi üçin türmä basýarlar. Ýatlamada gaty köp adamlar hakda aýdylýar.Öwrenere, bilere zat kän... Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||