18:19 Günümiziň modasy näme? | |
Annabeg Aýmakowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Duşenbe, 05.06.2023 ý. Ömür döwürlere bölünip dowam edýär. Her döwür özüniň öňe sürýän haýsam bolsa bir zady bilen ýatda galýar. Soň ýatlamalaryň içinde şol döwür şol zat modady ýada şol döwür şeýtmek modady diýlen jümleler köp ulanýan sözlemlerimiz. Pikirlenip oturýan, biziň döwrümiziň modasy nämekä? Kitap okamakmy? Şygyrmy? Söýgümi? Tehnologiýa enjamlary we telefonmy? Internet sahypalaryny yzarlamak arkaly soragymyza aňsat jogap tapmak bolar. Ýaşlaryň arasynda bellibir toparlar emele gelip her kim öz gyzyklanýan zatlaryny paýlaşýar. Meselem, kimler kitaply-kitap tekjeli öýleriň suratyny paýlaşýar, kimler çagajyklaryň gelinlik geýen ýada bir birine taý bolan jübütleriň suratyny, ýene kimler goşgulary kimler maşynlaryň suratyny, kimlerdir giden ýerleriniň, kafeleriň, toýlaryň suratyny paýlaşýar. Özara dostlukly gatnaşyklarda-da biz daş-töweregimize syn etsek, her kimiň özüne pikirdeşler bilen gatnaşýandygyny görýäris. Gynandyrýan ýagdaý bolsa kitapsöýerleriň ýada şygyr okamagy halaýanlaryň sany beýlekileriň ýanynda ujypsyzja. Günümiziň modasy kitap okamak ýada şygyr ýazmak, şygyr okamak däldigi ikuçsyz. Global meseleleriň biri hökmünde gozgalmaga mynasyp bolan bu gürrüňiň üstünde biraz durup geçeliň. Ýaşlar ýokary bilimli bolmagy arzuw edýärler. Düşünjeli görünmek daş-töweregindäkilere özüni sylatmak hem ýaşlaryň gowy görýän zatlaryndan. Emma munuň üçin ellerinden kitaby goýman okamalydyklaryny bolsa boýun alaslary gelenok. Kitap okamagy ýaşlara endik etdirmek üçin nähili çäreleri geçirip bolar? Bu soraga mysal getirmek arkaly jogap beresim gelýär. Meselem, ýokary okuw jaýlarynda, dil merkezlerinde geçirilýän kitapsöýerleriň bwsleşigini köpräk geçirmek arkaly ýaşlary kitap okamaga höweslendirip bolar. Ýeňijilere özleri üçin gerek bolan zatlaryny sowgat bermek edaralaryň adyndan her gatnaşyja hormat hatlaryny diplomlary gowşurmak ýeňiji bolan ýaşlary köpçülikleýin sylaglandyrmak olary jemgyýetçilik ýerlerinde öwmek gowy netije görkezer. Elimizden goýman ulanýan telefonlarymyza kitaplaryň elektron nusgalaryny ýüklemek, her dürli temalardan peýdaly we gyzykly kitaplary okamak üçin ýörite programmalary düzmek oýunlary kitaplar bilen baglanyşdyryp düzmegem ýaşlaryň ünsüni çekip biler. Umuman alynanda, döwrümize kitap okamagy moda etmek üçin her birimiz jogapkärçilikli çemeleşsek, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini oýaryp boljakdygyna ynanýaryn. Iň esasy zat bolsa görelde. Ilki bilen özümizde kitap okamak endigini has-da ösdürmeli. Geliň, bedenimiziň üçünji gözi - kalp gözümizi batyllykdan halas etmek üçin kitaplar bilen dostlaşalyň! | |
|