14:40 Gurban | |
GURBAN
Edebi makalalar
Musulmanlaryñ iki baýramy bar. Biri Oraza baýramy, beýlekisi Gurban baýramy. Gurban baýramynda dinimiziñ kesgitlän haýwanlaryndan gurbanlyk kesilýär. Käbir ylahyýetçiler tarapyndan bolýandygy aýdylan towuk we ş.m. haýwanlar gurbanlyk edilmeýär. Bular ýaly iliñ tersine, sapyk we köpbilmişlik satýan adam tipleri taryhyñ hemme döwründe bolupdyr. Şonuñ üçin bular ýalylaryñ aýdýanlaryna üns berjegem bolup durmañ… "Gurbanlyk etmeli diýen zat ýok" diýýänlerem bar. Bularam diñe öz-özlerini aldaýarlar. Öñden gelýän düzgüni ýykmakda "ökde hünärmenlige" ýeten bular ýaly ylahyýetçileriñ azda-kände "müşderileri-de" bolup biler. "Erkin bazarda" her kim kime gulak gerjegini mazaly saýgarmalydyr. Käbir psihologsyraýanlar bolsa gurbanlyk mal kesilende çaga-çugalary mundan uzagrak tutuñ diýýärlermiş... Gurbanlyk mal kesilende çagalar gorkýarmyş. Bu bolaa psihologiki taýdan çagalara "zyýanlymyş, pylanmyş, pysmydanmyş... Bular ýaly zat ýok... Gaýtam çagalarymyz gurbanlygyñ başynda bolmaly. Biziñ gurbanlyk kesişimizi çagalarymyz hökman göräýmeli. Günälerimize kefaret üçin gurban ganynyñ akyşyny biz bilen birlikde çagalarymyzam bilmelidir… Öýke-kinämiziñ we içimizdäki ýigrenjiñ bu şekilde "gurban" edilşini çagalarymyzam görüp-bilip öwrenmelidir... ADAM - ÄLEMIÑ IÑ ÝOKARY BARLYGYDYR. Barça zat adama hyzmat etmek üçin bar. Haýwanlaram adam üçin. Wegeterianlara mydama haýran galýaryn. Bular "et iýenoklar"... Ýeri, näme iýýärler? Bularyñ iýýänle ot-çöp... Eýse, ot kökünden goparylanokmy? ADAMA GADYR GOÝMAKDA NAÝBAŞY DIN BOLAN YSLAMA UÝÝANLYGYM ÜÇIN ÖZÜMI BAGTLY HASAPLAÝARYN. BIZ ŞEK-ŞÜBHESIZ, MUSULMANDYGYMYZ ÜÇIN IÑÑÄN NESIBELI ADAMLAR... Musulman ene-atanyñ çagasy bolup ulalmak ne belent sagadatdyr bu dünýäde... Azanyñ sesine eýlenen bir ýurtda dogulmak bagtlaryñ iñ ulusydyr. Emma, gynansak-da, musulmanlar soñky iki ýüz ýyl bäri diñe gorag pozisiýasynda. BELKÄM, BU MÜBÄREK GURBAN BAÝRAMY KÜLLI YSLAM JEMGYÝETINI BIR BITEWI ÝÜREGE ÖWRÜLMEGINE SEBÄP BOLAR. Türki halklaryñ öñbaşçylygyndaky bir yslam dünýäsi bardy birmahallar... Şindi näme üçin bolmaly däl? Şeýle dälmi? Muña özümizden uly päsgelçilil barmy? Ömer AKDAG. "İstiklal" gazeti, 10.08.2018 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||