08:35 Käbäniñ ymamy | |
KÄBÄNIÑ YMAMY
Jemgyýetçilik tankydy
Käbäniñ ymamy Südeýsi “Häzir Saud Arabystany bilen ABŞ dünýäniñ iki parçasy. Allaha hamdy-senalar bolsun, dünýäni birlikde dolandyrýarlar” diýipdir. Bu kişi Käbeýi-Muazzamanyñ ymamy, şeýlemi? Häý, siziñ pormyñyz gursun, baryñyzyñ! ABŞ-nyñ dünýäni dolandyrmaga "çytraşýandygy" dogrudyr. "Demokratiýa" getirýän diýip, Yragy niçiksi hala salandygyny-da bilmeýän ýok. Dünýäde gan akmazdan geçýän gün ýok, dökülýän ganlar boýdan aşdy, ABŞ-nyñ burnunyñ gyly gymyldanok. Arakanda genosid bar, Azerbaýjanda ermeniler gyrgynçylyk edýär, Ysraýyl palestinalylara gan gusdurýar. Mekgäniñ ymamy diýilýän biri bolsa "Hudaýa şükür, dünýäni dolandyrýarys!" diýýär. Bu ne masgaraçylyk, bu ne gaflat we ýoluny ýitirenlik?! Mekgäniñ ymamynyñ akla-huşa sygmaýan we akmaklygyñ nyşany bolan sözlerine nähili düşünmeli?! Ýogsa-da “Hadimül-Haremeýn” eýesizmi? Biz türk halky ol ýerlerden daşlaşdyrylandygymyz sebäpli şular ýaly ham sözler aýdylýarmyka? Görşüñiz ýaly, müñ ýyldan gowrak wagt yslama hyzmat eden türki halklaryñ barsy jem bolup, gaýtadan mukaddes topraklar bilen ýakyndan gyzyklanmasa bolmajaga meñzeýär. "Hadimül Haremeýn" bir köñül meselesidir. Pygamber söýgüsiniñ sap alkyşnamasydyr. "Tanzimatdan" soñ köklerinden uzaklaşdyrylmaga çalşylan milletimiziñ uçran hyýanatlary bilen ol topraklaryñ boýny bükükdir. Milletimiz haýdan-haý aslyna dolanmaly we mukaddes topraklary azatlyga çykarmalydyr. “Hamdy-senalar bolsun, ABŞ dünýäni dolandyrýar” diýýän biriniñ yzynda durup namaz okap bolarmy, dürsmükä beri? Zulma razylyk - zulum dälmi näme? Türk milleti jem bolup, içimizdäki sapy bizden bolan paltalary iñ gysga wagtda ýok edip, asyl kimligimize dolanmalydyrys. Bu hususda millet hökmünde hemleler ýok däl. Türk dünýäsi we yslam dünýäsi atasy Ýawuz bolan, Kanuny bolan we Fatih Mämmet bolan dag ýürekli ýigitlere garaşýar. Maddy baýlyga göz gyzdyrmaýan ahlaga eýe we ýyldyrymlary howada gysymlap biljek nesillere mätäçligimiz bar. Ömer AKDAG. "İstiklal" gazeti, 21.09.2017 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||