11:07 Nikolaý Ilminskiý | |
NIKOLAÝ ILMINSKIÝ
Edebi makalalar
XX asyryñ başlarynda türki dünýäsini parçalamagy maksat edinen Nikolaý Ilminskiý diýilýän rus missioneri bardy. Ol şeýle diýýärdi: "Bir kowmuñ düşünje terzi onuñ ene diline baglydyr. Her ilde aýry elipbiý, aýry dil bolar ýaly etmeli, goý, olar hiç agzyny birikdirip bilmesinler". Ynha, Osmanlynyñ soñky ýyllarynda şu aýdylanlar amal edildi. Aradan ýüz ýyl geçdi. Şindi (türki halklar) bir-birimiz bilen dil babatda arkaýyn gepleşip bilýärismi? Soñky segsen ýylda "ýönekeýleşdirme" ady bilen bir pudak öñe çykarylmadymy? "Ýönekeýleşdirilen" eserler" ýigrimi ýyl geçip-geçmänkä, ikilenç ýene "ýönekeýleşdirilmedimi"? "Ýönekeýleşdirme näme?" diýip sorag berýärin, berilen jogap şu: "düşünilmesini añsatlaşdyrmak". Üns beriñ, bir jemgyýet biri-birine düşünmezlik üçin segsen-togsan ýyl kejeñekligine tutýar, şeýlemi? Ruslar türki halklary basyp almalarynyñ üstünden bir asyr geçensoñ, olaryñ arasyny ýaragyñ güýji bilen bölmegiñ mümkin däldigine göz ýetirdiler. Ine, şonuñ üçinem ara N.Ilminskiý girdi. N.Ilminskiý XIX asyryñ ahyrlarynda basybalyjy Patyşa Russiýasyna "agzyny alart-da, höküm sür!" taktikasyny öwretdi. Bolşwesitik Russiýa hem hut şu taktikany dowam etdirdi. Netijede türk dünýäsi parçalandy. Dilimize zerurlyk bolanda daşary ýurt dillerinden sözler geçýär. Muña päsgelçilik döretmek mümkin däl. Emma ulanyp ýören sözlerimiziñ (öñ pylan dilden geçenmiş diýip) "şapbatlanyp" dilimizden çykarmak näderejede dogry? Mysal üçin, "internet" sözüne näme diýersiñiz? Islesegem, islemesegem ulanýarys. Muña manydaş söz tapmak mümkinem däl. Uzyn gepiñ keltesi, geçen asyryñ başynda param-parça edilen türk dünýäsinden sapak alsak dogry bolmazmy? "Taryh gaýtalanýar" diýip, täze Ilminskileriñ döremegini islämzok. Ömer AKDAG. "İstiklal" gazeti, 15.06.2019 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |