07:27 Gürji aýdymy | |
GÜRJI AÝDYMY
Goşgular
Kapas haremhanada ýaşajyk gürji gyzy, Saralýardy, solýardy bilmän gije-gündizi. Gamyñ, hasratyñ perzendi, Söýginiñ almazy, düri ~ Gara gözlerden syrygdy, Ine, günleriñ bir güni. Wah, juwan gyza buýsanýar Eñki giden çal ermeni. Gözeliñ degre-daşy diñe gymmatbaha daş, Ýöne welin ol gözel neçüýn dökmesin gözýaş Oñ ýaşajyk tenin gelip Sypasa gojañ elleri. Kölge deý dursa gizlenip Dünýäden gyz gözelligi. Gözeliñ gününe eý-waý! Bu näme boldugy, Hudaý! Ätiýaç edýär goja biwepalyk howpundan, Gözeli çykarmaýar gala deý howlusyndan. Yşkyñ heseri ýetişdi, Söýgi täzeden tutaşdy. Üýtgäp barýar, günbe-günden Ýañaklary ýandy gyzyñ. Gözýaşlary kirpiginden Syryganok indi gyzyñ... Emma bu mekirligi bir gün ermeni duýdy, Dönüklik, biwepalyk üstünden atlap guýdy. Heý, çekip bormy bu derdi? Ýok, diñe ar almak gerek. Öz ömründe ilki gezek Şum hasraty dadyp gördi. Biwepa gyzyñ jesedin Tolkunlañ gujagna berdi. Mihail Ýurýewiç LERMONTOW. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW | |
|
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Dowamat / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Bir millet / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |