09:59 Gylyçlaşmagyñ türkmen nusgalary | |
GYLYÇLAŞMAGYŇ TÜRKMEN NUSGALARY
Taryhy makalalar
Dünýä taryhynyň ähli döwürlerinde goşundaky söweşijileriň ýarag ulanyş ezberligine, ýaraga erk edip bilmek başarnygyna aýratyn üns berlipdir. Türkmenler sowuk hem-de beýleki ýaraglary ulanmakda örän ussat esgerler bolupdyrlar. Türkmenler çagalygyndan başlap ýaraglaryň dürli görnüşleri bilen ýakyndan tanşypdyrlar, köp ýyllaryň dowamynda tutanýerli türgenleşikleri amala aşyryp, ýaragy ulanmagyň ägirt tejribesini toplapdyrlar we ussatlyga ýetipdirler. Harby zehiniň ähli döredijilik ukybyny ulanyp, ruhubelentlik bilen türgenleşen halkymyz ýarag ulanylyşynyň tärlerini kämil öwrenmäge bütin ömrüni sarp edipdirler. Munuň özi türkmenleriň «Uruş» we «Döwüş» sungatlarynyň dürli ugurlaryny ussatlykda öwrenmeklige barýan ýoldaky ädimler bolupdyr. Halk arasynda «Döwüşseň mert bilen döwüş» diýen aýtgy diýseň ýörgünli bolupdyr. Bu halk pähimi biziň nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda hem öz ornuny tapypdyr. Türkmenler üçin söweş ýaraglary ýöne bir söweşde ýa-da goranyşda ulanylýan söweş enjamy bolman, eýsem, ol onuň ýaşaýyş-durmuşynyň, howpsuzlygynyň kämil guraly, harby başarjaňlygynyň we güýç-kuwwatynyň nyşany bolupdyr. Taryhyň has irki zamanlaryndan gözbaş alyp, asyrlarboýy ýöredilip gelinýän türkmen töresine, ýagny, halkymyzyň milli ýol-ýörelgesine baglylykda, her bir türkmen ýigdiniň harby ýarag-enjamlaryndan ýakyndan habarly bolmagy, olary ulanmagy başarmaklygy hökmany bolupdyr. (Türkmenleriň ýaşan dürli ýerlerine baglylykda ýarag ulanmaklyga ussat kişilere obalarda Turany dilde «Uruşgan», Eýrany dilde «Jeňbaz» diýlipdir.) Şeýle bolanynda, türkmenlere özleriniň häkimliginiň berkararlygyny, syýasy hem-de milli howpsuzlygyny saklamaklyk has aňsat bolupdyr. Türkmenleriň ulanan ýaraglarynyň içinde gylyjyň ähmiýetli orny bolupdyr. Türkmen begzadalygynyň nyşany hasaplanan gylyç halkyň nesilden-nesle, arkadan-arka geçirip gelen, atadan-ogla miras galdyrylan mukaddes ýaragy, maşgalanyň gymmatly hazynasy bolupdyr. Gylyç ulanmak sungatyny halkymyz «gylyçlaşma» diýip atlandyrypdyrlar we häzirem şeýle atlandyrýarlar. Milli gylyçlarymyzyň şan-şöhraty türkmeniň goç ýigitleriniň we gylyçlaşmagyň üsti bilen dünýä ýaýylypdyr. Türkmen gylyçlaşmasy dünýäniň beýleki halklarynyň «sablya», «şaşka», «palaşa», «rapira», «şpaga», «espadrona» ýaly ýaraglarynyň käbirleriniň ulanylyşyndan düýpli tapawutlanýandygy ýazylýar, käbirleriniň bolsa peýda bolmagynda türkmen gylyjynyň ähmiýetli ornunyň bardygy sebäpli, onuň oýnalyşynda hem meňzeşligi bardyr. Bu aýdylanlar at üstünde ulanylýan gylyç görnüşindäki sowuk ýaraglara gönüden-göni degişlidir. Türkmen ýigitleri gylyçlaşma ezberliginiň üsti bilen hormat we şan-şöhrat gazanypdyrlar, beglik derejesine ýetipdirler. Ýagny, özleriniň tiredir boýlarynyň öňbaşçysy bolan beglige ýetipdirler. Hormatdyr şöhrat olara dogduk ýurduny, il-ulusyny, obasyny, Watanyny goramak üçin amala aşyrylan söweşlerde gazanan üstünlikleriniň netijesinde gelipdir. Gylyç oýnamaklykda at alyp, gylyç bilen baglanyşykly meşhurlyk gazanan kişiler maşgalasyndaky täze dogan ogullaryna-da «Gylyçly», «Gylyçarslan», «Gylyçmyrat», «Gylyçnyýaz», «Gylyçdurdy» we şuňa meňzeş atlary-da dakypdyrlar. Türkmenleriň ýaşan her bir obasynda gylyçlaşmagy öwredýän merkezler bolupdyr. Olarda ýörite ýarag ulanmagy we gylyçlaşmagy öwredýän «uruşgan» diýlen ussat halypalar bolupdyrlar. Çagalara öýlerinde kakasydyr agalary ýaraglary tanadypdyrlar we ýarag ulanmak başarjaňlygyny artdyrmaga ýardam edipdirler. Gylyçlaşma merkezleri bolan türkmen obalarynda ýaraglaryň dürli görnüşleriniň ulanylyşy, esasan hem gylyçlaşmak öwredilipdir. Asylzadalara bolsa çagalygyndan başlap köşklerde gylyçlaşmak we beýleki ýaraglary ulanmaklyga ussat halypalar ýarag ulanmak tärlerini öwredipdirler. Uruşganlygy öwretmekligi «atalyk» wezipesi berilen atabegler ýa-da oba merkezlerinden çykan begler ýerine ýetiripdirler. Atabegler çagalara dünýä dillerini, aýratyn hem söweş we serkerdelik tilsimatlaryny öwredipdirler. Şeýle bolansoň, türkmenler az sanly goşun bilen özlerinden on-ýigrimi esse artyk duşmanlary hem ýeňmegi başarypdyrlar. Olaryň deňsiz-taýsyz ýeňişleri gazanmaklaryna atabegleriň öwreden tilsimatlary kömek edipdir. «Atabeg» boljak, uruşmaga we jeňbazlyga ussat kişiler şazadalara tälim bermek üçin hökümdarlar tarapyndan, emeldarlaryň çagalaryna bolsa uruşganlyga ussat we ýarag ulanmaklyga ezber begler, asylzadalar, begzadalar tarapyndan ýörite saýlanyp alnypdyr we saraýlaradyr köşklere çagyrylyp getirilipdir. Ussat halypalar, uruşganlar tarapyndan tälim alýanlara gylyçlaşmagyň öwredilmegi hakyky söweşlere ýakyn ýagdaýda geçirilipdir. Türgenleşikler tyglarynda kesiji ýüzi bolmaýan, gylyjyň sudury berlen demirler bilen goraýjy esbaplar geýilmezden amala aşyrylypdyr. Käbir ýaraglaşma merkezlerinde galkan ulanylmandyr, käbir mekdeplerde bolsa ulanylypdyr. Türgenleşiklerde hakyky gylyçlaryň ýerine gylyja meňzedilen agaçlar ulanylypdyr. Oňa türkmenleriň «taýak» diýýändikleri sebäpli, bu türgenleşige ilat arasynda «taýaklaşma» diýlipdir. Türkmenler gylyçlaşmak hereketlerini pyýada ýagdaýda we at üstünde amala aşyrypdyrlar. Şol sebäpli harby tälim maksady bilen, gylyçlaşma mekdeplerinde gylyç ulanmak bilen baglanyşykly pyýada we at üstünde oýunlar oýnalypdyr. Bu oýunlaryň hatarynda «Taýaklaşma», «Gylyç çaldy» we beýleki pyýada oýnalan hem-de «Çybyk kesdi», «Är agdarma», «Telpek aldy» we beýlekiler ýaly at üstünde oýnalan oýunlary görkezmek bolar. Dürli görnüşli ýaraglaryň ulanylan türgenleşiklerinde islendik ýaragyň oýnalyşyny ezber öwrenen uruşgan kişi hökmany suratda gylyç oýnamaga ussat bir kişiniň garşysyna çykyp, özüniň mydama ulanýan ýaragy bilen çaknyşmaly bolupdyr. Muňa, uruşganlaryň dürli ýaragdaky çaknyşygy bolandygy üçin, belli bir ýaragyň ady görkezilmän umumylykda «Ýaraglaşma» diýlipdir. Belli bir ýarag bilen çaknyşylan ýagdaýynda, ol şol ýaragyň ady bilen baglylykda: «Taýaklaşma», «Gylyçlaşma», «Pyçaklaşma», «Naýzalaşma», «Jyzalaşma», «Gönderleşme», «Paltalaşma», «Gürzüleşme» we şuňa meňzeş atlandyrmalar bilen atlandyrylypdyr. Ýaragsyz amala aşyrylan «Döwüş» sungatynda bolsa, «Ýumruklaşma», «Depişme», «Süsüşme» ýaly çaknyşyklar bolupdyr. Özlerine söweşlerde hemra boljak sowuk ýaraglary saýlap alanlarynda gylyjy saýlap alan, gylyjy ezber ulanmakda taryhda meşhurlyk gazanan müňlerçe türkmen ýigitlerimiz, beglerimiz bolupdyr. Meşhur dessany gahrymanymyz Görogly beg hem, «Görogly» şadessanynyň «Kyrk müňler» şahasynda özüne hemra bolan ýigitlerine söweş ýaraglarynyň ulanylyş häsiýetini şygyryň üsti bilen taryplap ýüzlenende türkmen gylyjy barada şeýle diýýär: «Gylyç aýdar, men alaýam, Parlap howadan geleýem, Ganymy iki böleýem, Ala polat bolan çagda». Türkmen halkynyň her bir erkek göbekli oglunyň il-ulusyň howpsuzlygy üçin gylyç oýnamaklyga ussat, uruşgan kişi bolmaklygy zerur bolupdyr. Asylzadalaryň, begleriň, batyr ýigitleriň ýarag ulanmaga werziş bolşy ýaly, ömrüni ylahyýete bagyşlan derwüş kişiler-de, maşgalasyny saglam saklamaklyga bagyşlan aýal-maşgalalarda gylyçlaşmagy öwrenmekligi özlerine uýgun görüpdirler. Muňa mysal hökmünde, türkmenleriň göçüp baran dünýäniň dürli künjeklerinde dini wagyz edip ýören türkmen derwüşleriniň hem özlerine mahsus gylyçlaşma mekdepleriniň bolandygyny görkezmek bolar. Halypa şyhlar öz talyplaryna, şägirtlerine özleriniň düşen ylmy we mezhep ýoluny öwretmek bilen bir hatarda, olara ýagy çozan ýagdaýynda ilaty gorap jeňlere gatnaşmaklygy ýa-da syýahat ýolunda garakçydan goranmaklygy we beýleki maksatlar üçin «gylyçlaşmagyň», «pyçaklaşmagyň» we «teberleşmäniň» (teber – söweş paltasy) tärdir usullaryny ýakynlarynyň arasynda bar bolan ussat uruşgana öwretdiripdirler. Olar donlarynyň içinde ýa-da gynynyň daşyna ýaglyk oranyp gizlin göterilen gysga tygly «girme gylyçlary» ulanypdyrlar. Türkmenlerde gylyçlaşma hereketleri iki görnüşde, atly hem pyýada ýagdaýda amala aşyrylypdyr. Gylyçlaşmagyň bu iki ugry, ulanylyşyna görä ýöriteleşdirilen özboluşly aýratynlygy bilen biri-birinden tapawutlanypdyr. Pyýada ýagdaýda gylyçlaşmak. Pyýada gylyçlaşmak – jaýlaryň, köşkleriň içinde, meýdanlarda, atly baryp bolmajak ýerlerde, has takygy, at üstünde söweş edip bolmajak ýagdaýlarda amala aşyrylýan ýarag ulanmak hereketidir. Gylyçlaşmagyň pyýada ýagdaýynda, gylyçlaşýan kişi hüşgär, ünsli, sak bolmaly bolupdyr. Ol garşydaşynyň edýän hereketlerinden gözüni aýyrmandyr. Urşujy çaknyşyk mahalynda elinde taýýar halda saklap duran ýalaňaç gylyjyny islendik wagtda herekete girizip bilipdir. Iki garşydaş biri-biriniň garşysynda ýaraglaryny ulanmaga häzir halda garaşyp durupdyrlar. Olaryň haýsy-da bolsa biri uzak garaşmaga kanagat etmän çala säwlik goýberdigi, beýleki urşujy aýgytlaýjy urgyny amala aşyryp ony heläkläpdir. Gylyçlaşmak örän çakgan hereketleriň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Türkmenleriň diňe pyýada gylyçlaşmagynda ulanylýan emelleriniň sany ýüzlerçe bolupdyr. Olar şu hereketler takyk öwrenilen ýagdaýynda, ýeňiş gazanylyp bilner hasap edipdirler. Ussatlar öz şägirtlerine topulyp bedeniň dürli ýerlerine urgy edip, ýaralamagy öwredipdirler. Her bir mekdebiň ýa-da ussadyň özboluşly ýaralamak usuly bolupdyr. Käbir gylyçlaşma mekdeplerinde iki gylyçly, ýagny uly we kiçi gylyçly gylyçlaşmak hem öwredilipdir. Şeýle ussatlar çaknyşykda örän howply bolupdyrlar. Taryhda iki (uly) gylyç göteren soltanlarymyz hem bolupdyr. Muňa, Beýik Seljuk türkmenleriniň meşhur soltanlary Togrul begi we Mälik şany mysal görkezmek bolar. Olar iki gylyjy resmi halda göteripdirler. Ol gylyçlaryň biri gylyçlaşmaga ussat bolan uruşgan halypa tarapyndan berlen bolsa, ikinjisi musulmanlaryň halypasy – Abbasylar neberesinden bolan halyf tarapyndan berlipdir. Türkmenlerde, gylyçly ýigitlerden iki gylyçly bolsun ýa-da bir gylyçly bolsun, tapawudy ýok, gylyç oýnamagyň ýokary ussatlygy talap edilipdir. Hatda, ussat gylyçgäriň ýokardan gaçan suw damjasyny gylyjy bilen ikä bölüp, damjalar ýere gaçýança-da gylyjyny gynyna salyp ýetişmeli bolandygy agzalýar. Atly ýagdaýda gylyçlaşmak. Goja taryhyň menzilleri içinde türkmenleriň esasy harby güýji atly goşunlar bolupdyr. Türkmen ýigitleri bolsa dogabitdi ussat atly goşun esgerleri bolupdyr we at üstünde dürli ýaraglary ulanyp bilipdirler. Bu ýaraglaryň esasylarynyň biri bolsa gylyçdyr. Türkmenler islendik görnüşli gylyçlary at üstünde ulanmagy başarypdyrlar. Atyň üstünde esasan egri gylyçlar ulanylypdyr. Atly gylyçlaşmagyň pyýada gylyçlaşmakdan tapawutlanýan özboluşly tilsimleri, emelleri bolupdyr. Gylyç oýnatmakda atyň çapyp baryş tizligine görä, atlynyň ýerine ýetirmeli usullary we tilsimleri bolupdyr. Çapyp barýan atyň üstünde urulan ýiti gylyç tygynyň atyň gidiş tizligine görä, duşman bedenine degen ýerini ýalmap gitmegi, şol usullaryň bir görnüşidir. Şeýle söweş tilsimleriniň netijesinde çaknyşyklarda ýeňiş gazanylypdyr. Türkmenleriň atly gylyçlaşmakda ulanan emelleriniň birnäçe görnüşi bolupdyr. Her bir türkmen obasynda atly gylyçlaşmagy ýetginjekleredir ýigitlere öwrediş merkezi bolupdyr. Gylyçlaryň görnüşlerine görä, her merkeziň usulyýeti biri-birinden tapawutlanypdyr. Her obadan öz gylyçlaşma merkezleriniň abraýyny galdyryp biljek, gylyjy ezber oýnap biljek ýigitler çykypdyr. Ussat türkmen ýigitleri gylyçlaşmagy öwreden halypalarynyň şol merkezlere degişli syrly tilsimlerini kämil öwrenip, ony ezberlik bilen ulanypdyrlar hem-de gorap saklapdyrlar. Halkymyzyň gylyçlaşmaga bolan ussatlygy, söweşjeňlik ukyby, gaýduwsyz batyrlygy we gazanan ýeňişleri türkmenleri harby käre ussat millet hökmünde dünýä tanadypdyr. Hormatly Prezidentimiz hem türkmenleriň geçmişde deňsiz-taýsyz edermenligi, batyrlygy, ýarag ulanmaga ezberligi hem-de gaýduwsyzlygy bilen özlerini dünýä tanadandygyny öz çykyşlarynda yzygiderli belläp geçýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda merdana halkymyzyň şöhratly taryhynyň dabaralanmagy babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Kakajan BAÝRAMOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri. #milligosun | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |