00:05 Gyzylaýak halypa | |
GYZYLAÝAK HALYPA
Taryhy şahslar
1995-nji ýylyñ tomsunda Türkiýe respublikasynda alty ýurduñ taryhçy alymlary ýygnandy. Türkmenistandan K.Mätgeldiýew bilen bilelikde maña şol ýygnanşyga gatnaşmak miýesser etdi. Biziñ esasy maksadymyz türki ýurtlaryñ liseýleriniñ okuwçylary üçin türki halklaryñ ortalyk umumy taryhyny ýazmakdan ybaratdy. Biz bu işiñ hötdesinden gelendiris diýen ynamymyz bar. Ýöne ýurdumyzyñ Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyñ hemişe taryhçy alymlara sargyt etmeginden ugur alyp, biz türkmen halkynyñ geçmiş taryhyna degişli materiallar we dokumentler bilen hem gyzyklandyk. Şonda Stambul şäherinde ýaşaýan ildeşimiz Sirajetdin Magtym bize köp taryhy maglumatlary berdi. Onuñ asly nebereleri lebap türkmenlerinden bolup, rewolýusiýa döwründe Owganystana gitmäge mejbur bolan eken. Sirajetdin Magtymyñ özi hem türkmen halkynyñ geçmiş taryhy bilen höwesjeñ gyzyklanyp, köp material toplapdyr. Ol bize "Yslam ensiklopediýasynyñ" we "Öwlüýäler ensiklopediýasynyñ" sahypalarynda giñ orun tutan watandaşlarymyz Gyzylaýak halypa, Nejmeddin Kubra, Fahreddin Razy ýaly öz il-gününiñ öñüne düşüp, olaryñ aladasyny eden dini we taryhy şahslar barada käbir materiallar hem berdi. Biz bu makalamyzda "Öwlüýäler ensiklopediýasyndan" alnan käbir maglumatlar esasynda Gyzylaýak halypa bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmakçy bolýarys. Ensiklopediýada Gyzylaýak halypanyñ keramaty hakynda giñişleýin beýan edilen hem bolsa, biz onuñ esasan taryhy keşbini görkezmek bilen çäklenýäris. Galyberse-de, Gyzylaýak halypa barada ýurdumyzyñ merkezi arhiwinde hem häzir dokumentler saklanyp galypdyr. * * * Gadymy türkmen topragynda yslam äleminde giñden tanalýan dini ulamalaryñ we taryhy şahslaryñ birnäçesi döräpdir. Ýöne olaryñ käbiri hakynda entek taryh ylmymyz okyjylar köpçüligine ýeterlik maglumat berip bilenok. Şolaryñ biri-de il-günüñ uly hormatyna mynasyp bolan Gyzylaýak halypa bolmaly. 1877-nji ýylda (hijri 1294) häzirki Lebap welaýatynyñ Kerki etrabynyñ Gyzylaýal obasynda dünýä inipdir. Onuñ hakyky öz ady Abytnazar bolup, oturymly ýeri bilen baglanyşyklylykda soñabaka ony Gyzylaýak halypa diýip atlandyrypdyrlar. Gyzylaýak halypa ilki öz kakasyndan sowat öwrenip, soñra ylmyny dowam etdirmek üçin Buhara gidýär. Ol ýerde talyp bolup, görnükli alymlardan ylym alýar. Aýratynam, şol döwrüñ tanymal alymy Ebul Fazly Siretiniñ berýän sapaklary onda uly täsir galdyrýar. Gyzylaýak halypa örän zehinli talyp hökmünde özüni tanadýar. Şonuñ üçin ol okuwyny tamamlandan soñ Buhara emiri oña şol ýerde galyp, kazy bolmagy teklip edýär. Emma öz il-gününi küýseýän Gyzylaýak halypa bu teklibi kabul etmeýär we dogduk obasyna dolanyp gelýär. Gyzylaýak halypa obasyna gelenden soñ yslam dininiñ sufizm ugruna ýykgyn edipdir we öz agasy Hudaýnazar halypadan köp zady öwrenipdir. Ol Hudaýnazar halypasyna uly hormat goýupdyr. Özüne talyp bolmaga isleg bildirýänleri we medet sorap gelýänleri labul etmeäge razylyk bermändir. Olaryñ hemmesini Hudaýnazar halypasynyñ ýanyna iberipdir. Ýogsam, Hudaýnazar halypa ähli düşünjämi Gyzylaýaga geçirdim diýer eken. Şonda-da ol Hudaýnazar halypasynyñ öñane geçmegi uslyp bilmändir. Gyzylaýak halypa Hudaýnazar halypasy bilen bilelikde uzak we kyn ýollary söküp haja gidýärler. Ýaşy bir çene baran Hudaýnazar halypa üçin bu ýol has hem agyr düşýär. Olar ilki Mekgä, soñra Medinä barýarlar. Medinede Hudaýnazar halypa aradan çykýar. Ony Medinäniñ "Jennetül Baky" diýen sahabalar gonamçylygynda jaýlaýarlar. Gyzylaýak halypa Medinede bolan wagty oña talyp bolmak üçin köp adam ýanyna barypdyr. Emma ol kiçigöwünlilik edip, ilkibada özüni mugallymçylyga mynasyp görmändir we pikirlenmäge wagt sorapdyr. Köp haýyş edilenden soñ, ol Nebewi metjidinde özüniñ ilkinji okuwçysyny kabul edipdir. Sebäbi eýýäm at-abraýy il arasynda ýaýrap başlapdyr. Gyzylaýak halypa hajdan gaýdyp gelenden soñ onuñ ykbaly ýurtdaky syýasy wakalar bilen baglanyşykly bolýar. Ol 1918-1922-nji ýyllarda lebap türkmenleriniñ sowet häkimiýetine garşy alyp baran göreşine işeññir gatnaşypdyr. 1919-njy ýylyñ maý-iýun aýlarynda Kerki şäherini bolşewiklerden halas etmek üçin türkmen otrýadlaryny düzmäge ýardam beripdir. 1920-nji ýylyñ sentýabrynda Buharada emir häkimiýeti ýykylýar we sowet häkimiýeti berkarar edilýär. Rewolýusiýa amala aşyrylan hem bolsa, lebap türkmenleri sowet häkimiýetini ykrar etmek islemändirler we oña garşy tutanýerli göreşipdirler. Ýöne bu ýagdaý hemişe köp adam ýitgileri bilen tamamlanypdyr. Lammada, Burdalykda, Çohpetdede, Kerkide, Gyzylaýakda bolşewikler bilen tutluşykda başyny goýan gerçekleriñ jiger awusyny ýüregine sygdyryp bilmedik Gyzylaýak halypa şeýle diýipdir: "Jemagat, bu ýurtda indi durarlyk galmady. Men diýen ärleriñ nähak dökülen ganyny we gözýaşyny depeläp ýaşap bolmaz". Umuman, Buhara Halk Sowet Respublikasy döredilenden soñ, 40 müñe golaý türkmen ýüz müñlerçe mal bilen öz dogduk mekanyny terk edip, Owganystana gitmäge mejbur bolupdyr. Olaryñ arasynda Gyzylaýak halypa hem bardy. Ol Owganystana geçse-de, bolşewiklere garşy göreş alyp barýan güýçlere başardygyndan kömek berip durupdyr. Taryhy maglumatlara görä, Gyzylaýak halypa Owganystana geçende ilkibada Andhoýyñ Altybölek obasynda ýerleşipdir. Soñra Jüzjan welaýatyna ýakyn bir ýere göçüp barypdyr (ol Şibergen welaýaty bolsa gerek). Wagtyñ geçmegi bilen Gyzylaýak halypanyñ baştutanlygynda Kerkiden baran türkmenler ol ýerde öñ ýaşap oturan ildeşleri bilen bilelikde pagsadan jaý gurupdyrlar. Şeýlelikde, ýuwaş-ýuwaşdan özboluşly türkmen obasy döräpdir. Soñabaka ony Gyzylaýak obasy diýip atlandyrypdyrlar. Gyzylaýak halypanyñ hut özüniñ ýolbaşçylyk etmeginde bu obadan Serpuj welaýatyna çenli Horasan derýasy çekilipdir. Ol öz güýji bilen metjit we medrese saldyrypdyr. Medresede oglan okadylypdyr we dini kadrlar taýýarlanypdyr. Soñabaka Gyzylaýak obasy köp talyplaryñ, alymlaryñ, döwlet işgärleriniñ gelýän ýerine öwrülipdir. Bu oba şol döwrüñ görnükli alymy Şurbazar dagy hem gelip, Gyzylaýak halypa bilen söhbetdeş bolýar eken. Tizara Gyzylaýak halypa Owganystanyñ emiri Amanulla han, Muhammet Nedir şa, Zahir şa dagynyñ uly hormatyna mynasyp bolup, olar bilen gowy aragatnaşyk saklapdyr. Gyzylaýak obasynda gurlan metjit we medrese üçin hökümet tarapyndan maddy kömek berlipdir. Bir gezek Amanulla ham Balhda ýurduñ tanymal adamlary bilen duşuşyk geçirýär we oña Gyzylaýak halypany hem çagyrýar. Haçan-da Gyzylaýak halypa gelende, duşuşyga gatnaşýanlar ony ýerinden turup hormat bilen garşylapdyrlar. Şonda Amanulla han ilki bolup ýerinden turan eken. Soñ ondan näme üçin ilki özüniñ ýerinden turandygyny soranlarynda, ol: "Gyzylaýak halypanyñ her egninde bir arslan gözüme göründi" diýip jogap beripdir. Owganystan döwletini Zahir şa dolandyran döwründe Gyzylaýak halypanyñ gözleri görmän başlaýar we özüni bejertdirmek üçin Kabula gidýär. Ýoluñ ugrunda halk ony topar-topar bolup garşylapdyr we her kim onuñ bilen duşuşmagy özüne uly bagt hasaplapdyr. Kabulda Gyzylaýak halypanyñ hut Zahir şanyñ özi garşylap, oña köp hezzet-hormat edipdir. Şonda ol özüniñ bir gezek betbagtçylyga uçran pursatynda hut Gyzylaýak halypanyñ ýatlandygyny we ondan medet alandygyny oña höwes bilen gürrüñ beripdir. Gyzylaýak halypa Kabulda bolan döwründe Türkiýeden ýörite çagyrylyp getirilen lukmanyñ bejermegi netijesinde onuñ gözleri sagalypdyr. Owganystanda syýasy durnuklylygyñ bolmagyna, musulman ilatynyñ özara düşünişip parahat ýaşaşmagyna hem Gyzylaýak halypanyñ belli bir derejede täsiri ýetipdir. Bir gezek rewolýusiýa döwründe bolşewiklerden ejir çekip Owganystana gelen türki halklar bilen ýerli puştunlaryñ arasynda käbir düşnüşmezlikler, hatda kiçeñräk çaknyşyklar hem ýüze çykypdyr. Bu meseläni oñyn çözmek üçin hut puştunlaryñ baştutanlary Gyzylaýak halypadan maslahat sorapdyrlar. Netijede bu dawa-jenjel parahatçylykly ýol bilen aradan aýrylypdyr. Gyzylaýak halypada adamkärçilik mertebesiniñ ýokary häsiýetleri jemlenipdir. Ol özüni kiçigöwünli hasaplap, hemmeler bilen paýhasly we mylakatly gatnaşypdyr, hatda özüne garşy bolanlara-da gowy niýet bilen garapdyr. Ol uly-kiçi diýmän ilki özi salam berýär eken. Şan-şöhratyñ zyýanlydygyny we "altyn alma, alkyş al"diýen paýhasy hemmelere nesihat berýär eken. Gyzylaýak halypa ömrüniñ soñky üç ýylynda ysmaz keseline duçar bolýar. Şonda-da ol gününe şükür edip, "beterinden Alla gorasyn" diýip doga okaýar eken. Onuñ aýaly Buharadaky Gögeldaş medresesinu öz gudraty bilen gurduran bir işanyñ agtygy eken. Gyzylaýak halypa 1955-nji ýylyñ awgustynda (hijri 1375, şawwan), ýagny aýaly ýogalandan bir gün geçenden soñ dünýäden ötüpdir. Ony jaýlamaga müñlerçe adam ýygnanypdyr. Jynaza namazyna Zahir şa özüniñ ýakyna kömekçilerini iberipdir. Onuñ jesedi Gyzylaýak obasyndaky medresäniñ howlusynda jaýlanyp, üstüne mawzoleý gurdurylypdyr. Ýöne özüniñ wesýet edip gidişi ýaly, mawzoleýiñ depesi açyk galdyrylypdyr. Gyzylaýak halypa dünýäden ötenden soñ onuñ ýoluny ikinji ogly Sirajetdin Möwlana Seýit Abyt dowam etdiripdir. Tizara ol öz duşmanlary tarapyndan zäherlenip öldürilipdir. Onuñ jesedi hem kakasynyñ gapdalynda jaýlanypdyr. Soñra Sirajetdiniñ ogly Nuretdin öz atasynyñ-babasynyñ ýoluny dowam etdirýär we medrese ýene-de öñki meşhurlygyna öwrülýär. Bu ýere alymlar, din wekilleri gelip başlaýarlar. Jüzjanyñ häkimi Muhammet Syddygyñ we ondan soñky häkimi Kerim Fruteniñ ýardam bermeginde metjitdir medreaede restawrasiýa işleri geçirilýär. Ýöne, 1978-nji ýylda Owganystana kommunistik düzgüniñ aralaşmagy bilen Gyzylaýak halypanyñ gurduran metjidi we medresesi sowet awiasiýasy tarapyndan bombalanýar. Şonda samolýotlaryñ biri öz-özünden ot alypdyr diýen maglumat hem bar. Ol ýerdäki dini kitaplary hem-de sowetlere garşy ulanylan ýaraglary sowet esgerleri äkidipdirler. Şondan bir ýyl geçenden soñ 1979-njy ýylda Nuretdin halypa hem sowet esgerleri tarapyndan öldürilipdir. Gyzylaýak halypanyñ "Farzi aýy" diýen kitaby türk we pars dillerinde neşir edilipdir. Onda her bir adamyñ bilmegi hökmany bolan iñ zerur öwüt-nesihatary we başga-da köp maglumat berlipdir. Soñ-soñlaram Gyzylaýak halypanyñ özi we onuñ keramatly gudratlary barada halk arasynda köp gürrüñ saklanyp galypdyr. Onuñ nebereleri häzirem Owganystanda we Türkiýede ýaşaýarlar. Ata NURYÝEW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. "Watan" gazeti, 18.V.1996 ý. | |
|