13:45 Hakykatyñ yzynda: Lew Tolstoýyñ ömri we pikirleri | |
HAKYKATYÑ YZYNDA: LEW TOLSTOÝYÑ ÖMRI we PIKIRLERI
Edebi makalalar
Dünýä inen gününden bäri ykbalyñ oýun meýdanynda tans edip gelýän Lew Nikolaýewiç Tolstoýyñ ömri adam ruhunyñ çuñluklaryndaky gözlegleriñ we hakykatyñ ugrundaky tutanýerliligiñ uçgunlaryny öz içine alýar. Bir asyr mundan öñ "Gynanyp bilýän bolsañ, içiñde janyñ bardyr. Başgalaryñ gynanjyny duýup bilýän bolsañ, onda sen adamsyñ" diýip, adamlaryñ kalbynda hemişelik tagt guran beýik ýazyjy, filosof, akyldar Lew Nikolaýewiç Tolstoý 1828-nji ýylyñ tomsunyñ soñky günlerinde Moskwanyñ Tula şäherinde baý we medeniýetli maşgalanyñ dördünji çagasy bolup dünýä inipdir. Moskwanyñ ümsüm köçelerinde, baý we medeniýetli maşgalanyñ gujagynda kemala gelen Tolstoý eýýäm ömrüniñ ilkinji ýyllarynda gynanjy-da, begenji-de, ýitgini-de, gazanmagy-da bilmäge ýetişipdir. Ejesiniñ bimahal ölümi we kakasynyñ yzyndan galdyran mirasy oña dünýewi baýluklar bilen birlikde içki ruhy boşlugy-da serpaý edipdir. Iki ýaşynda ejesi, şondan ýedi ýyl soñam kakasy aradan çykypdyr. Onuñ okuwyna ýakynlary göz-gulak bolupdyr. Kazan uniwersitetiniñ Gündogary öwreniş fakultetiniñ Arap-türk dili we edebiýaty bölümine giren Tolstoýyñ mugallymy onuñ adatdan daşary dil öwrenmek ukybyna haýran galypdyr. Entek çagaka nemes, fransuz, yzyndanam iñlis, latyn, grek, tatar, ibrany, türk dillerini öwrenipdir. Hemişde gözlegde bolan Tolstoý uniwersitete öwrenişip gidibermändir we okuwyny taşlap gaýdypdyr. Okuwyny az wagtlap hukuk fakultetinde dowam etdiripdir, ol ýerde-de saklanyp bilmän gaýdypdyr. Soñ özünde ýiti täsirleri galdyran Kawkaza gidipdir. Ýaşlyk ýyllarynda, okuw-bilim bilen geçen günlerinde Tolstoýyñ ruhy ylym-bilime we täze açyşlara teşne deñiz deýin soñsuzlyga sary ýol alypdyr. Uniwersitetde okap ýörkä arap-türk edebiýaty bilen tanyşsa-da, öñden dowam edip gelýän terbiýesi onuñ erkin ruhuny agyzdyryklap saklapdyr. Soñra hukuk fakultetinde okanam bolsa, içindäki ot-ýalyn ony Kawkazyñ çuñ dereli daglyklaryna iteripdir. Ol ýerde uruşyñ bir gyrasynda adamzadyñ çuñlugyny we gynanjyny tanapdyr. Kawkaz halklarynyñ hekaýatlary onuñ galamynda ýaşapdyr, romanlarynda we hekaýalarynda janlanypdyr. Agasynyñ sözi bilen harby gulluga ýazylypdyr. Krym uruşynda ofiser bolup gulluk edipdir. Kawkaz halklaryny ýakyndan tanapdyr, olaryñ yaşaýşy Tolstoýda ýiti täsirleri galdyrypdyr. Kawkaz halklarynyñ durmuşyndan söz açýan "Hajymyrat", "Kazaklar" powestlerini, Krym uruşyndan başdan geçirenlerini gürrüñ berýän "Sewastopol hekaýalaryny" ýazypdyr. Goşunda kän wagt bolmandyr. Peterburga gaýdyp gelipdir. Ýewropa ýurtlaryna syýahat edipdir. Ýewropa intelligensiýasynyñ görnükli wekilleri we ýazyjylary bilen tanşypdyr. Soñra Russiýa gaýdyp gelip, Moskwanyñ tanymal lukmanlaryndan Bersiñ gyzy Sofiýa bilen durmuş gurupdyr. Mundan soñ obadaky mülküne çekilip, ýönekeý durmuşda ýaşap başlapdyr. Özüni edebi döredijilik işine bagyşlapdyr. Dünýäniñ iñ meşhur epopeýalaryndan "Uruş we parahatçylygy" ýedi ýylyñ dowamynda şu ýerde ýazyp gutarypdyr. "Anna Kareninany" ýazmaga başlapdyr. Şol geçen wagtyñ içinde üç çagasyny heniz bäbekkä, beýlekilerini bäş we ýedi ýaşynda, agasyny we ýakynlaryny ýitirmegi Tolstoýyñ ruhunda çuññur yzlaryny goýupdyr. Ruhy näsazlyklary başdan geçirip, mahal-mahal öz janyna kast etmäge synanyşan gezekleri az bolmandyr. Ýewropa intelligensiýasynyñ wekilleri bilen duşuşan günlerinde pikirleriñ tansyndan ruhy gananam bolsa, Tolstoýyñ hakyky ýoly dogduk ýurduna gaýdyp gelenden soñ, öz obasynda başlapdyr. Ýönekeý durmuş, mal-gara, ekin-dikin işlerine höwrügen we edebiýata bagyş edilen ömür onuñ üçin hakyky baýlygy añladypdyr. "Uruş we parahatçylyk", "Anna Karenina" ýaly klassyky eserlerini ýazanda esasy uruşy adamyñ öz içindäki şübhedir derñemeler bilen alyp barypdyr. Tolstoý hemişe gözlegde bolupdyr. Durmuşyñ manysy näme? Nireden geldim? Nämä ynanýaryn? Nirä barýaryn? Ine, ol şu soraglaryñ töwereginde ömrüni geçiripdir. Hristianlygy derñäpdir, buthanany derñäpdir. Isa pygamberiñ hudaý däldigini, munuñ hristianlygyñ düýp taglymatyna ters gelýändigini aýdypdyr. Munuñ üçin buthana ony aforoz edipdir (dinden çykan diýip yglan edipdir). Şonuñ üçin ýazyjynyñ kandidatlygy görkezilenem bolsa, Nobel baýragy berilmändir. Ýazyjy musulmanlary Kawkazda ýakyndan tanapdyr we ömrüniñ dürli döwürlerinde olar bilen gatnaşykda bolupdyr. Tolstoý ömrüniñ her bir pursatynda ruhy-magnawy çuñluklarda ýüzüpdir. Buthananyñ berk dogmatlaryna garşy çykypdyr, hristianlyk we yslamyýet bilen ýüzleşipdir. Ruhunyñ garañky labirintlerinde gezim edende, maşgalasy bilenem ýygy-ýygydan tersleşipdir. Baýlygyny, mal-garasyny garyp-gasarlara paýlajak bolmagy-da onuñ adamzada we adalata bolan çuñ söýgüsiniñ alamatydyr. Tolstoý "Hristian taglymatyny hemme zatdan ýokarda gören we kabul eden biri hökmünde, muny aýtmak geñem bolsa, yslamyýetiñ şek-şübhesiz ajaýyplyga eýedigini görnüp duran hakykatdyr. Yslamyýet hristianlykdan alty ýüz ýyl soñ adamzadyñ problemalaryna jogap berip biljek kämillikde gelipdir" diýip ýazýar. Tolstoý öz obasynyñ adyny goýup çykarýan "Ясная Поляна" žurnalynyñ oktýabr aýyndaky sanynda Muhammet pygamberiñ (s.a.w) hadyslarynyñ toplanan kitapçasyny çap edipdir. Kitapça sözbaşy hem ýazypdyr. Tolstoý ömrüniñ soñky ýyllarynda maşgalasy bilen ymykly tersleşipdir. Ol eýelik edýän bar baýlygyny garyplara berjek bolupdyr. Gizlinlik bilen ýanyna lukmanyny alyp obasyndan çykyp gaýdypdyr. Gezime çykandan birnäçe gün geçenden soñ Astopowa stansiýasynda segsen iki ýaşynda pnewmaniýa ýolugyp aradan çykypdyr. Iñ soñky ýolagçylygyna çykan wagtam Tolstoýyñ ruhy gözlegde bolupdyr. Ol ajal gaşyna gelen wagty-da hakykatyñ yzyndan ylgapdyr, adama berilen iñ uly serpaý hökmünde ömrüñ gymmatyna añ edip, adamzadyñ mukaddes gymmatlyklaryny beýgeldipdir. Lew Nikolaýewiç Tolstoý ömrüniñ her bir pursatynda adamzadyñ umumy gözlegleriniñ bir parçasy bolupdyr. Onuñ galamy, ruhy, pikirleri wagtdan ozan miras galdyryp, adamzadyñ hemmetaraplaýyn paýhas goruna goşant goşýar. Ol hakykatyñ yzynda ýörän, adamyñ kalbyndaky gizlin materikleri açan beýik kapitandyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |