07:09 Tolstoý öýüni kart oýnap utduran eken | |
TOLSTOÝ ÖÝÜNI KART OÝNAP UTDURAN EKEN
Edebi makalalar
Beýik rus ýazyjysy Lew Nikolaýewiç Tolstoý 1828-nji ýylda baý maşgalanyñ çagasy bolup, Ýasnaýa Polýanada dünýä indi. Kakasy graf bolan Tolstoý "Anna Karenina", "Hajymyrat", "Uruş we parahatçylyk", "Ölümden soñky direliş" ýaly ölmez-ýitmez eserleri bilen dünýä edebiýatynyñ altyn hazynasyna hemişelik girmegi başardy. • Humarbaz Rus aristokratlarynyñ we baýlarynyñ arasynda endik bolan pully kart derdine Tolstoý hem ýolugypdyr. Bir gezek ol kart oýnanda goñşusy Gorohow bilen oýnan oýnunda Ýasnaýa Polýanadaky mülküni elden gideripdir. Goñşusy şobada onuñ öýüni öz adyna geçiripdir. Çünki onuñ öýi ýönekeý öý däldi. Tolstoý şu öýde doglupdy we çagalyk ýyllaryny şol ýerde geçiripdi. Öýüni elden gideren humaryndan soñ ömürboýy ökünip gezen ýazyjy birnäçe gezek yzyna satyn almaga synanyşanam bolsa, käbir sebäplerden ötri öýüni alyp bilmändir. • Beýik söýgi Tolstoý 48 ýyllap bile ýaşaşan aýaly Sofýa Bers bilen 34 ýaşyndaka tanşypdyr. Sofýa Andreýewna Lew Tolstoýyñ diñe aýaly däl, şol bir wagtyñ özünde hakyky dosty we edebi ylham beriji söýgüsidi. Ýaşaşan başky ýigrimi ýyly aralary sazdy, juda bagtlydylar. Emma soñabaka Tolstoýyñ ýaşaýyş-durmuş formasy Sofýa Andreýewnanyñ göwnüne ýaraman, ýygy-ýygydan dawalaşyp başlaýarlar. 2014-nji ýylda Tolstoýyñ neslinden 350 adamyñ bardygy we 25 ýurtda ýaşaýandygy hasaba alnypdyr. • Gandiniñ halypasy Tolstoý Hindistan we esasanam filosofiýa bilen aýratyn gyzyklanypdyr. Ýazyjynyñ "Hudaýyñ içimizdäki patyşalygy" eserinde gozgalýan pikirler ýaş Mahatma Gandä ýiti täsirini ýetiripdir. Geljekde Mahatma Gandi halk hereketine ýolbaşçylyk edipdir we parahatçylykly gepleşikleriñ dowamynda 1947-nji ýylda Hindistanyñ garaşsyzlygyny Angliýadan almagy başarypdyr. • "Uruş we parahatçylyk Tolstoýyñ "Uruş we parahatçylyk" romanynyñ başky ady "1805-nji ýyl" eken, soñ "Gowy bolan hemme zat gowy gutarar" edipdir. Edebiýaty öwreniji alymlaryñ aýtmagyna görä, roman sekiz gezek täzeden ýazylypdyr we aýry-aýry bölümlerine bolsa ýigrimi bäş gezekdenem köp düzediş girizilipdir. Ýazyjy ýazan bu romany boýunça özüni tankyt etmegi diýseñ halapdyr. Ol hemişe gozgan pikirleriniñ beýle gymmatly bolup çykjagyny pikir etmändigini nygtapdyr. • Beýik ýolgörkeziji Tolstoý daşary ýurtlardaky bilim-terbiýäni görmek hem-de Günbatar medeniýetini ýakyndan tanamak maksady bilen iki gezek Ýewropa syýahatyna çykypdyr. Birinjisini 1857-nji ýylda, ikinjisini 1860-1861-nji ýyllarda eden syýahatynyñ dowamynda eden deñeşdirmeleriniñ, geçiren barlaglarynyñ netijesi rus bilim sistemasynda düýpli kemçilikleruñ bardygyny ýüze çykarypdyr. Ýazyjy döredijiligini taşlap, mekdep açypdyr. Şol bir wagtyñ özünde öz bilim metodikalaryny gürrüñ berýän ylmy-pedagogiki žurnal çykarypdyr we munuñ ýany bilen başlangyç bilim berýän okuw kitaplaryny çap edipdir. • Tolstoý we beýleki ýazyjylar Tolstoý Çehow we Gorkiý bilen gowy düşünişipdir. Şol bir wagtyñ özünde Turgenew bilen dostluk gatnaşygyny saklapdyr. Emma Turgenew bilen arasynda pikir düşünişmezligi döräp, duel bilen gutaryp biljek dawa turupdyr. • Wegetarian 1885-nji ýylda Tolstoýyñ ýanyna wegetarian ýazyjy Uilýam Fraý gelipdir. Tolstoý Fraý gelip-gidenden soñ adamyñ daşky gurluşynyñ we iýmit siñdiriş sistemasynyñ işleýşiniñ et iýip ýaşamak üçin gurnalmandygyny duýupdyr we wegetarian bolmagy makul bilipdur. Tolstoýyñ bu hereketinden soñ gyzlary Tatýanadyr Mariýa hem wegetarian bolupdyr. Belki-de, şonuñ üçin olar Russiýada ilkinji wegetarian maşgala hökmünde taryha giripdir. • Tolstoýçylyk Prawoslaw buthanasyndan gyrakladylandygyna garamazdan ömrüniñ soñky pursatlaryna çenli Lew Tolstoý özüniñ hristiandygyny aýdypdyr. Prawoslaw buthanasy bilen arasynyñ ýaramazdygyna garamazdan dini eserler tapgyryny ýazypdyr we muña "Tolstoýçylyk" diýip at goýupdyr. Onuñ bu eserindäki öñe sürýän pikirlerinden Mihail Bulgakow "Ussat we Margarita" romanyny ýazanda täsirlenipdir. Tolstoý aýaly bilen tersleşip öýden çykyp gaýdandan soñ syýahata çykypdyr we şol syýahatynyñ dowamynda aradan çykypdyr. Lew Nikolaýewiç otluda gidip barýarka saglygy ýaramazlaşyp, Astapowo stansiýasynda düşüp galdy we stansiýa müdiriniñ öýünde 1910-njy ýylyñ 7-nji noýabrynda aradan çykdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |