21:18 Halal akabanyň gözbaşy | |
HALAL AKABANYÑ GÖZBAŞY
Teatr we kino sungaty
Kimler ony kino artisti, ýene birleri bolsa teatr režissýory hem artisti hökmünde tanaýarlar. Onuň ussatlygyna, adamkärçiligine hormat goýýarlar. Meniň üçin, bolsa ol — durmuş mugallymym... Men onuň bilen ilkinji gezek 1985-nji ýylyň tomsunda Aşgabatda duşuşdym. Öňki medeni aň-bilim tehnikumynyň jaýynda Ş.Rustaweli adyndaky Gruzin döwlet teatral institutynda okamak üçin oglan-gyzlardan ekzamen alýan komissiýanyň agzalarynyň arasynda ilkinji gezek gördüm. Soňra ol bizi şol instituta sahna dilinden okatdy. Görüp otursak, onuň özem şol wagt biziň inistitutymyzda ýokary režissýorçylyk kursunda okaýan ekeni. Ol bizi bary-ýogy bir ýyl ýaly okadyp, Türkmenistana, Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna režissýor bolup işe gaýtdy. Biz instituty tamamlap, Aşgabada geleňimizsoňam, Çary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolduk. Hemmämizem oňa: «Mugallym» diýip ýüzlenerdik. Häzirem şeýle ýüzlenýäris. Çünki ol ýönekeý söhbetdeşlikde many-mazmunly gürrüňleri bilen hemaýat hem täsir etmegi başarýar. Onda öz pikirini «şiresi» bilen ýanyndaka geçirmek, garşydaşynda gyzyklanma döretmek ýaly üýtgeşik ukyp bar. Okap ýören döwrüm men onuň öz döreden çaklaňja kyssa eserleriniň, has dogrusy, miniatýuralarynyň bardygyna-da şaýat boldym. Çary Işangulyýew soňky döwürde «Nejep oglan» dessany esasynda bir drama eserini hem ýazdy. Adamzat Ýaşaýşynyň özeni, dünýä gurluşy, durmuş psihologiýasynyň inçe derňewi ...— ine, onuň dramasynyň öňe sürýän ideýalary. Bu dramanyň sahnada janlanjak pursatynyň o diýen uzak bolmazlygy bolsa, awtora bagly. Belki, eserini onuň özi sahnalaşdyrar?!. Geçen ýylyň oktýabr aýynda, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň üç ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda gürkezilen «Beset bilen Depegöz» spektakly teatr muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi. «Gorkut ata» eposynyň «Beset bilen Depegöz boýy», esasynda ýazyjy Hemra Şirowyň ýazan bu spektaklyny Çary Işangulyýew sahnalaşdyrdy. Spektakl dürli pikirleriň, jedelli çekişmeleriň döremegine sebäp boldy. Köpler bu işi Çary Işangulyýewiň režissýorlygynyň kämil etapy hasapladylar. Köpçülügiň bu pikirini inkär etmezden, şu ýerde birazrak yza çekilesim gelýär. Çary Işangulyýewiň kämillik etapyna çenli bolan durmuş ýoluna umumy göz aýlap, okyjylaryň onuň döredijilik dünýäsi bilen gysgadan içgin tanyşdyrmak isleýärin. Şol sebäpli men onuň bilen ýörite söhbetdeş hem boldum. — Men 1949-njy ýylyň 26-njy maýynda doguldym — diýip. ol ýatlaýar. — Kakam diýseň wäşi adamdy. Oňa okaman artist bolan diýseň-de boljak. Dogrusy, nämäniň sebäp bolanyn-a aýdyp biljek däl. Megerem, meniň içki hyjuwymdyr — artist bolmak höwesi döredi. Mekdebiň 11-nji klasyny gutarymsoň, agalarym meniň uinwersitetde okamagymy islediler. Men welin Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna hat ýazdym. Okuwa girmek hakdaky doly maglumat berýän jogap hatyny alybam, ýola şaýlandym. Ýadymda, bir akja köýnegim bardy. Ugramakçy bolup durka ejemiň şol küýnegimi düzedişi henizem göz öňümde dur. Bu 1965-nji ýylda bolupdy. Hawa, men Aşgabada gelip, ekzamen tabşyrdym. Ekzamenden geçenleriň spisogyna seretsem welin, adym ýok. Direktoryň ýanyna baryp aýtdym: «Maňa aýdymçy bol diýýärler» diýip. Ol hem meni teatr bölümine geçmäge kömek etdi. 1968-nji ýylda Moskwanyň Kiçi teatrnyň garamagyndaky Şepkin adyndaky teatr uçilişesine ekzamen berdim. Ýöne meni şertli ýagdaýda aldylar. Okuw döwründe pes baha mynasyp bolsam, okuw bilen hoşlaşaýmalydym. B.B.Monahowyň ýolbaşçylygynda okap ýörşümize 1-nji kursy tamaladyk. Şonda meniň ýanyma mugallymymyz B.K.Smirnow gelip, şeýle diýdi: «Bizde iň ýokary baha dörtlük. Şonam saňa goýýas». Bu — eýýam meniň okuwymy dowam etdirmegime berlen doly hukukdy... Okuwymy tamamlap, Mollanepes alyndaky akademiki drama teatrynda işläp başladym. Ilkinji oýnan rolum — G.Muhtarowyň «30-njy ýyllar» spektakylyndaky Kör bagşynyň roludy. Şonda, stol başynyň repetisiýasy wagtynda G.Muhtarow gelip: «Bu Kör bagşyňyz bolanok» diýdi. Men ilki gözümi açyp oýnasam-da. soň ýumup oýnadym. Maňa dramaturg ynam etmesede, rol erbet çykmady. Hatda Täçbibi Gapurowa ýaly ussat artist zenandan hem «Kör bagşyny gowy oýnadyň» diýip. uly baha alypdym. Kemine spektaklynda köpçülik sahnasynda çykyş ederdik. Bazar aga Gedaýyň rolunda oýnardy. Men öz ýanymdan şol roly oýnap görmegi arzuw ederdim. Saklanyp bilmän, režissýora-da duýdurdym. Emma ol: «Saňa entek ir» diýdi. «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýlişi ýaly, ahyrsoňy şol roly oýnadym. Bu şeýle boldy: Gökdepede oýnamaly bolanda, Bazar aga näsaglady. Spektakly goýbolsun etmekçi bolanlarynda, men şol roly oýnamaga döwtalapdygymy aýtdym. Şeýdibem, arzuwyma ýetdim. Özüne derek oýnanlygymy, onda-da üstünlikli çykyş edenimi eşden Bazar aga soň bir gezek oýnaýşymy görüp, göwni ýetendir-dä, ýanyma gelip: «Şu rol seňki, oýnaber» diýdi. Soň A.Alowow şol spektakly goýanda, maňa Keminäniň roluny berdi. Garaz, Gedaýdan Kemina çenli gaty köp spektakllarda oýnaldy. O.Hajymyradow, A.Gulmämmedow, A.Gurbandurdyýew. A.Alowow dagy bilen işleşdim. A.Alowowyň köp spektakllarynda (11 dagy bar öýdýän) režissýoryň assistenti boldum. «Ömür dawasyndaky» Merdanyň roly uçin 1978-nji ýylda ýaşlar baýragy berildi. Işleýänine ýaňy bäş ýyl bolan artist üçin bu baýrak uly zatdy... Soň N.Gullaýewiň «Nesimi» spektaklyny goýdy. Spektaklda men Nesimini oýnap, öň aýdyp bilmedik zatlarymy aýtmaga synanyşdym. Nesiminiň ýanynda göterýän haly sumkasyna öz elim bilen «Nesimi» diýip, arapça ýazgyny dokadym. Pýesa gaty agyrdy. Şol agyrlygam soňky döredijiligime oňaýly täsir etdi. Almaata şäherinde geçen festiwala-da «Nesimi» spektakly gatnaşyp, maňa «Iň gowy ýerine ýetirilen rol», üçin» diýlen baýrak berildi. Tbilisi şäherinde režissýorlyk kursuny tamamlanymdan seniň habaryň bar. «Ýediň enesi», «Garry oýnasa...», «Gang gyzy», «Bally molla», «Ene», «Beset bilen Depegöz» — bu pýesalaryň ählisinem Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda goýdum. Gowy goýlupmy ýa erbet — oňa, goý, tomaşaçylar baha kessin... «Beset bilen Depegöz» spektakly hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi «Gorkut ata» eposyna ilkinji bolup ýüzlenenem Kakajan Aşyrowdan tapawutlylykda, Çary Işangulyýewiň režissýorlyk çözgüdini bilmek gyzyklydy. Geliň, gowusy, bu oýna gysgaça analiz bermäge synanyşalyň. Spektaklda hereket edýän gahrymanlaryň geýim-gejimi üýtgeşik: milli türkmen egin başy däl. Bu bolsa spektakyldaky bolup geçýän wakanyň bütin Ýer şaryna degişlidiginden habar berýär. Soňam, spektaklda esasy hereket edýän gahryman Beset hem däl, Depegözem. Spektakly esasy herekete getiriji güýç, üns merkeziniň özeni — Goňurja Sary. Režissýor spektaklyň bar labyryny bu obrazyn üstüne atmak üstünligiň açarynyň nämededigine örän gowy akyl ýetiripdir. Çünki Perini zorlap. külli günä gazanyp, öz halkynyň başyna agyr külpet salýan-da, soň öz döreden şer işiniň — Depegözüň pidasy bolýan-da Goňurja Sary. Ol ilden çykarylyp, kowlup goýberilýär. Iň soňunda lal bolýar, dälireýär. Öz haramlygy bilen «eräp», ýok bolup gidýär. Günimizden gelsek, bu roly ýerine ýetrýän artist Maksat Hydyrowa «berekella» diýäýmeli. Oýnuň başyndan, tä ahyryna çenli tomaşaçylary yzyna düşürip, spektaklyň bitewiligini gazanyp, edil hala gol çiten ýaly edipdir. Spektaklda esasy göze ilýän ýene bir detal bar — elek. Ol şol wagtky «elenip» duran dünýäni-de, şer sallançagyny-da. gabahatlyk üçin niýetleni-len türmäni-de ýatladyp dur. Depegüz elegiň üstünde ýaşaýar. Ol — Depegözüň dünýäsi. Sebäbi, elek elenip, halallyk aşaga düşse-de, hapa-haramlyk elegiň içinde galýar! Spektaklyň bütün dowamynda ýanyp duran şemler — ýaşaýşy aňladýar. Öňdäki planda sahnanyň her tarapynda oturan aýal bilen erkek bolsa, biziň aslymyz — Adam ata bilen How enänin prototipi. Oýnuň soňundaky kulminasion nokat hem özboluşly. Şer bolsa, hökmany onuň garşysyna göreşjek Haýyr hem bolaýmaly. Depegözüň garşysyna Beset dünýä inýär. (Onuň ady hem, ähli şer işleriň, tire-taýpa dawa-jenjelleriniň, urşuň bes bolmagyny isläp halkyň ýürek arzuwy). Beset Depegözi bary-ýogy ýönekeý naýza (ýa peýkam) bilen öldürýär. «Şeýle uly adam iýji mahlugy nädip kiçijek zat— naýza bilen öldürip bolar?» diýip ikirjiňleýänler, elbetde, ýalnyşypdylar. Olara käbir zatlary ýatlatmak isleýärin. Birinjiden, naýza — bu bir çöp diýeli. Arasyna «çöp» atylan doganlaryň nähili güne düşýänini hemmeler bilýändir. Ikinjiden, naýza — bu — külli halkyň gahar gazabynyň gargyşydyr agyr näletiniň simwoly. Onuň öňünde durjak güýç bolsa taryhda ýok we bolup hem bilmez. Ýene-de bir bellemeli gowy zat — Depegöz bütünleý ýek bolup gidenok. Ol ölýär. Ölýän zatlaryň bolsa, hökman dowamy bolýar. Depegözüň ýene janlanaýmagy ýa-da şoňa meňzeş bir zadyň döremegi gaty mümkindir. Bu — durmuş hakykaty haýyr işler azalanda, namys-wyždan harlananda ýüze çykjagy ikuçsyzdyr — ine, režissýor şeýle pikiriň üsti bilen, bütün adamzat jemgyýetini uly howpdan habardar bolmaga çagyrýar. Spektaklyň ýetmez tarapy barada aýdylanda bolsa, aktýorlaryň käbirlerniň entegem doly «açylyp» bilmändigi mese-mälim duýulýar. Gahrymanlaryň sözleýiş äheňlerinde içki «hereket», ruhy-ýaşaýyş, duýgy alamatlary kemterlik edýär. «Beset bilen Depegöz» spektakly hakynda jemläp aýtsak, Çary Işangulyýew bu oýun arkaly teatr sungatyndaky tema ownukçyllygynyň soňuna çykypdyr. Gözellige hyýanat edilende nähili aýylganç hadysalaryň ýüze çykjaklygy, özem, ýekeje adamyň eden şahsy ýalňyşlygy zerarly bütin älem üçin öwezini dolup bolmajak betbagtçylygyň Döräp biljekdigi aýdyň obrazlarda, mysallarda anyk görkezilipdir. ...Çary Işangulyýew häzir A.Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda aktýorlara ýolbaşçylyk edýär. Gaýyp JUMAÝEW. # "Diýar" žurnaly, 1995 ý, N"4. Kril harpyndan häzirki zaman latyn harpyna geçiren: Gurban Geldiýew. | |
|