21:14 Hanguly Tañryberdiýew - edebi tankytçy | |
HANGULY TAŇRYBERDIÝEW – EDEBI TANKYTÇY
Edebi tankyt
Belli edebiýat tankytçysy Hanguly Taňryberdiýew 1933-nji ýylda Çärjew oblastynyň Garabekewül raýonynyň Lamma obasynda dünýä inýär. Ol 1957-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlikli tamamlandan soň, şol ýerde işe galdyrylýar. Ol türkmen edebiýaty kafedrasynda ilki mugallym, soňra starşiý mugallym, dosent bolup, tä ömrüniň ahyryna çenli işleýär. Hanguly Taňryberdiýew studentlik ýyllarynda edebi tankyda meýil edip ugraýar. Onuň ilkinji makalalary şol ýyllarda metbugat sahypalarynda peýda bolýar. Onuň deslapky ýazan makaladyr synlary edebi tankydymyza ezber elli zehiniň gelendigini habar berýärdi. Hanguly Taňryberdiýew uniwersitetde işläp başlandan soň, edebiýat ylmy, edebi tankyt bilen içgin meşgullanyp başlaýar. Onuň köp sanly makalalary, "Seýdiniň döredijiligi“, "Edebiýatymyzyň gül-gunçalary“, "Berdi Kerbabaýew söz ussady“, "Prozamyzyň käbir problemalary“, "Söweşjeň şahyr“, "Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy“ ýaly kitaplary çap edilýär. Bulardan başga-da onuň B.Kerbabaýewiň döredijiligi hakynda O.Kuzmin bilen bilelikde ýazan işi rus dilinde "Karwanbaşi turkmenskoý literatury“ diýen at bilen neşir edilýär. H.Taňryberdiýew ýokary mekdepler üçin döredilen "Türkmen sowet edebiýaty“ (1972, 1983) diýen iki tomluk okuw kitabynyň, 10-njy klaslar üçin edebiýatdan okuw kitabynyň awtorlarynyň biridir. Onuň edebi tankydy, ylmy işleriniň agramly bölegi B.Kerbabaýewiň, serkerde şahyr Seýdiniň döredijiligini öwrenmäge bagyşlandy. Hanguly Taňryberdiýew Berdi Kerbabaýewiň döredijiligini öwrenmek işine ýazyjynyň meşhur "Aýgytly ädim“ romanynyň döreýiş taryhyny yzarlamakdan başlaýar. Tankytçy "Irginsiz zähmetiň miwesi“ atly makalasynda "Aýgytly ädim“ romanynyň diňe ýazyjynyň öz üstünligi däl-de, eýsemm SSSR halklary edebiýatynyň uly üstünliklerinden bir hasaplaýar. Hanguly Taňryberdiýew makalasynda „Aýgytly ädimiň“ döredilmegini diňe edebi täsire syrykdyrýan tankytçylar bilen jedele girişýär. Romanyň kämilleşmeginde edebi täsiriň uly ähmiýetini inkär etmezden, eseriň döredilmeginde durmuş hakykatynyň esasy rol oýnandygyny dogry tassyklaýar. Tankytçy bu romanyň başlangyçlarynyň 30-njy ýyllaryň başlarydygyny, ýazyjynyň "1916-njy ýyl“ powestiniň, "Açlyk“ (1930) hekaýasynyň gönüden-güni "Aýgytly ädimiň“ temasyna degişlidigini, bu eserleriň romanyň ilkinji şineleridigini, material taýynlygydygyny ykarar edýär. Makalanyň awtory bu powestdir hekaýadaky wakalary, gahrymanlary siňňitli analizleýar. Ol wakalaryň, gahrymanlaryň "Aýgytly ädimde“ täzeden işlenişini, olaryň sosial-synpy mazmunlarynyň çuňlaşdyrylyşyny, çeperçilik derejesiniň ýokarlandyrylyşyny açyp görkezýär. Makalada ýazyjynyň uly roman ýazmak üçin tejribe toplaýyşy, ussatlygyny artdyryşy hakynda ýörite gürrüň edilýär. Ýazyjynyň 30-njy ýyllarda oçerklerdir hekaýalar ýazmak, dünýä, rus we beýleki doganlyk halklaryň uly söz ussatlarynyň eserlerini terjime etmek, olardan öwrenmek arkaly tejribe toplamak işini dowam etdirendigi makalada anyk mysallar bilen görkezilýär. Tankytçy awtoryň "Baýram“ powestini töwerekleýin analizlemek bilen ýazyjynyň realistik proza eserlerini ýazmagyň tilsimlerini ele almakda ep-esli tejribe topplandygyny subut edýär. H.Taňryberdiýew romanyň golýazmasyny we 1949-1946 ýyllarda "Sowet edebiýaty“ žurnalynda çap edilen baplaryny onuň 1949-njy ýylda doly çapdan çykan warianty bilen giňden deňeşdirýär. Bu babatdaky tankytçynyň getirýän faktlaryna, siňňitli derňewlerine seredeniňde ýazyjynyň golýazmany, romanyň žurnal wariantyny täzeden ýugrup ýazmakda ägirt uly işler edendigini göz öňüne getirmek mümkin. Tankytçy "Romanyň neşirlerini deňeşdireniňde, onuň soňky görnüşinde täzelik girizilmedik ýekeje bap hem ýok diýerlikdir“ diýip dogry tassyklaýar. Makalada rus halkynyň wekilleriniň obrazlarynyň kämilleşdiriliş prosesi aýratyn çuňdan derňelýär. Tankytçy Iwan Çernyşowyň, Kartoşowyň, Artamanowyň, Tiçenkonyň, W.Kuýbyşewiň, Poltoraskiniň we beýlekileriň obrazlaryna ýazyjynyň girizen täzeliklerini birin-birin görkezýär. Iwan Çernyşowyň obrazynyň ýazyjy tarapyndan kämilleşdiriliş prosesini has hem giňden yzarlaýar. Şeýlelikde, makalada Iwan Çernyşowyň passiw gahrymandan aktiw gahrymana öwrülişi obrazynyň janlandyrylyşy, hereketleriniň has ynandyryjy delillendirilişi, rewolýusion göreşijiniň esasy sypatlaryny özüne siňdirişi, maksada okgunlylyk ýaly sypatlarynyň çuňlaşdyrylyşy aýyl-saýyl bolup aýdyňlaşýar. Dürli neşirlerde romanyň kompozisiýasyny, sýužetini kämilleşdirmekde ýazyjynyň girizen täzelikleri-de makalada giňden görkezilipdir. Bu barada tankytçy şeýle ýazýar: "Romanda suratlandyrylýan wakalary, epizodlary, detallary tebigat kortinallaryny täzeçe syntgylapdyr, olary eseriň sýužetiniň ösmegine hyzmat etdirmäge çalşypdyr. Romanyň öňki neşirlerindäki sýužetiň ösüşini haýallandyrýan käbir uzyn-uzyn beýan etmeleri, köp sözlügi, artykmaç epizodlary, çeperçilik agramy pes bolan detallary, sýužet bilen gysgaldyp, olary köplenç ykjam, janly suratlandyrypdyr.“ (Edebiýatymyzyň gül-gunçalary, 1963, 70 sah.). Tankytçy şu diýenlerini anyk mysallar bilen delillendirýär. Makalanyň awtory golýazmada, romanyň žurnal wariantynda biri-birleri bilen garyşyp, bulam-bujar bolýan garşylykly liniýalarynyň eseriň soňky neşirinde aýyl-saýyl edilýändigini, gahrymanlaryň arasynda döreýän garşylyklaryň düýpli delillendirilýändigi hem ýitileşdirilýändigini anyk faktlarda subut edýär. Tankytçy romandaky aýry-aýry wakalaryň, sahnalaryň eseriň soňky neşirinde dartgynlylyk, janlylyk derejesiniň ýokarlandyrylýandygyny, idea – mazmunyň çuňlaşdyrylýandygyny, olaryň täze reňk, täze öwüşgün alandygyny umumy ideany güýçlendirmegiň ähtibarly serişdesine öwrülýändigini täsin mysallar arkaly ýüze çykarýar. "Ýere nähili timar berseň, hasyly berşi ýaly, eseri näçe işleseň, şonça gowulanýar“ diýen pikir B.Kerbabaýewe degişli. "Aýgytly ädimiň“ golýazmasynyň, neşirleriniň üstünde işlände, ýazyjyjynyň şu pähiminden ugur alandygy makalada ýerlikli bellenilýär. Hanguly Taňryberdiýew "Türkmen prozasynyň Aýgyt ädimi“ atly uly makalasynda, has takygy saldamly ylmy işinde "Aýgytly ädim“ romanynyň gutarnykly wariantyny çuňdan analizleýär. Romanyň temasyny, ideýasyny, obrazlaryny, çeperçilik aýratynlygyny giňden derňeýär. Türkmen halkynyň rewolýusiýa gelşini, kommnistik partiýanyň ýolbaşçylygynda synpsyz jemgyýet gurmak ugrunda alyp baran göreşini sypatlandyrmak üçin, ýazyjynyň romanda döwürň tipik gahrymanlaryny saýlap alandygy, olaryň synpy sosial matlaplaryny, edim-gylymlaryny çartaraply açyp görkezendigi makalada ýerlikli bellenilýär. Hanguly Taňryberdiýewiň düýpli üns beren temalarynyň biri-de XIX asyr türkmen klassyk şahyry Seýitnazar Seýdiniň döredijiligidir. Tankytçy uzak ýyllar dowamynda Türkmen döwlet uniwersitetinde XIX asyr türkmen edebiýatyndan sapak berdi. Seýdiniň ömür we döredijilik ýoluny şol döwrüň edebi durmuşynyň, tejribesiniň gazananlary bilen utgaşykly barlap, şahyr hakynda çuň tekstologik hem teoretik esaslara daýanýan iki sany monografiýany miras galdyrdy. Tankytçynyň "Seýdiniň döredijiligi“ atly ilkinji kitabyndaky öňe süren pikirleri onuň "Söweşjeň şahyr“ (1979) atly soňky monografiýasynda giňden öz beýanyny tapdy. Bu monografiýada Seýdiniň döredijilik ýoluna tutuş XIX asyr türkmen poeziýasynyň ösüşi bilen berk baglylykda nazar salynýar. Tankytçy bu döwrüň poeziýasynyň ösüş ugurlaryny häsiýetlendirip, şeýle ýazýar: "Milli poeziýa dini-mifologiki hadysalardan, fantastik elementlerden, abstrakt hyýalbentlikden, standartlykdan hem ündewçilikden köp derejede saplandy“. Awtor özüniň bu pikirlerini Seýdiniň döredijiliginiň mysalynda tassyklaýar. Tankytçy monografiýadaky "Watan üçin çykdym gyr at üstüne“, "Garyp üçin bagryn geren“, ýaly makalalarynda şahyryň hyýalbentlikden, gökden injek gudrata bil baglamakdan el üzüşini, ondaky zeýrenç duýgularynyň ornuny göreşmeklik, aktiw hereket etmeklik duýgularynyň eýeleýşini, ot bolup çabraýşyny, özüniň umyt-arzuwlaryny ýerdäki real adamlara baglaýşyny ynandyryjy görkezýär. Agzalan makalalarda biz Seýdini, onuň liriki gahrymanyny sosial süteme, adalatsyzlyga garşy aç-açan baş göteren, öz mähriban ýurdy, il-gününiň bähbidi, erkana durmuşy, asudalygy üçin janyndan geçmäge taýýar söweşjeň şahyr, gaýduwsyz watançy hökmünde göz öňüne getirýäris. Makalada Seýdiniň şahsyýet hökmünde gelşini açyp görkezmeklige üns berilýär. Monografiýadaky "Dostlugyň gudraty“, "Däli köňül joşanda“ ýaly makalalarda şahyryň dünýägaraýşynyň kem-kemden ösüşi, aýdyňlaşyşy, baýlaşyşy siňňitli yzarlanýar. Şeýlelikde, "Barsaň bir merdiň ýanyna“ atly makalada Seýdiniň keşbi ägirt uly şahsyýet, giň gözýetimli şahyr hökmünde janlanýar. Bu ýerde Seýdi poeziýanyň mukaddes borjuna çuň düşünýän şahyr, öz iliniň ýanbermez watançysy hökmünde Göroglynyň "Mert bolmasa, iliň işi harapdyr“ diýen sözlerini ýörelge edinýär we şu pikiri öz döredijiligine siňdirýär. Kitapda Seýdiniň şahsy ykbalyny görkezmäge uly orun berlipdir. Bu-da ýerine düşüpdir. Sebäbi Seýdiniň şahsy ykbaly öz halkynyň ykbaly, döredijilik gözlegleri bilen aýylmaz baglanyşykly. Ol il-ýurdunyň ykbalyna öz ajy durmuş tejribeleri arkaly göz ýetiripdir. Onuň dünýä, döwür hakdaky pikirleri öz şahsy ykbaly bilen berk baglylykda ýüze çykypdyr. Ondan soň hem bu meselä üns berilmegi "...şahyryň şahsy gamyna basmarlap, il gamyna ses goşup, Watan aladasy bilen ýaşamaga güýç tapandygyny“ äşgär etmekde-de uly ähmiýete eýedir. Monografiýadaky "Dür seçen şahyr“ atly makalada Seýdiniň döredijilik özboluşlylygy derňelýär. Tankytçy Seýdiniň döredijilik aýratynlyklarynyň ençemesine anyk faktlaryň mysalynda ýüze çykarýar. Bu makalada tankytçy şahyryň mazmuna laýyk forma agtarandygyny, hatda çeperçilik serişdellerini saýlanda-da her bir goşgynyň mazmunyna, ruhuna bap gelýän serişdäni tapmaga üns berendigini nygtaýar. Bu meselede şahyryň watançylyk lirikasynyň beýlekilerden tapawutlanýandygyny, onda intonasiýa, ritmika ýykgyn edendigini, okgunlylyk häsiýetine eýe bolan otlukly sözleri saýlamaga üns berendigini belleýär. Monografiýadaky bu makala şahyryň döredijilik ýüzüni açyp görkezmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Hanguly Taňryberdiýew edebi prosesiň beýleki meselelerinden, problemalaryndan hem çetde durmady. Onuň ilkinji ýazan makalalarynyň biri "Ykbal“ romanynyň çeperçiligi hakynda“ diýlip atlandyrylýar. Tankytçy bu makalasynda H.Derýaýewiň "Ykbal“ romanynda gahrymanlarynyň häsiýetlerini tipik ýagdaýlar bilen baglanyşdyryp sypatlandyrmaga ýykgyn edenligini, olaryň içki dünýälerini inçeden açmak üçin ençeme çeper tärden peýdalanandygyny tassyklaýar. Şonuň netijesinde eser okyjyny tolgunmaga, oýlanmaga, hyjuwlanmaga mejbur edýän sahnalaryň, epizodlaryň az däldigini belleýär. Makalada romanyň kemter taraplary has giňden görkezilýär. Eserde inçe sypatkeşligiň yzygider däldigi, mahal-mahal dessançylyk däplerinden daşlaşmaýan guraksy beýan edijilige ýykgyn edilýändigi gerekmejek düşündirişleriň, jikme-jikleriň aşa köpdügi anyk mysallar bilen subut edilýär. Tankytçy romanyň baş gahrymany Uzugyň häsiýetleriniň romanyň başlarynda kem-kemden ösüş prosesinde görkezilýändigini ykrar edýär. Emma bu möhüm meselede logiki yzygiderliligiň ýokdugyny, Bekmyrat baýlaryň eline düşmek bilen onuň göreşijilik ruhunyň ösmegini bes edýändigini, Berdiniň hem ikinji kitapda edýän herekleriň birinji kitapdaky hereketleri bilen deňeşdireniňde has solukdygyny ynandyryjy delillendirýär. | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||