09:14 Haruki Murakami: "Haçan men bişip ýetişerkäm?" | |
HARUKI MURAKAMI: "HAÇAN MEN BIŞIP ÝETIŞERKÄM?"
Söhbetdeşlik
- Söhbetdeşlige gaýtmazymdan öň moskwaly talyplardan: «Sizi Murakaminiň kitaplarynda näme özüne çekýär?» diyip soradym. Ine, olaryň jogaplary sanynyň azalyşyna görä şeýle tertipde: 1). Olar hamala gutarylmadyk ýaly, özüň oýlanyp üstüni yetirmeli bolýarsyň, belli bir möçberde aýdylmadyk zat galýar. 2). Olar nähilidir bir matala, tapmaça meňzeýär. 3). Ýazyjy Ýaponiýa hakynda ýazsa-da, ýaponlaryň hem edil özümiz ýalydygyny duýup geň galýarsyň, şonuň üçin hem gyzykly. 4). Ýeňil stili bar, kän bir kelle döwüp oturmasaň-da bolýar. 5). Ähli kişi okansoň men hem okadym. Siz bu jogaplary neneň görýärsiniz? - Iñ soňky jogap hakynda aýtsam, şeýle adamlar Eer yüzünde aşa köp. Beýan ediliş hakyndaky pikirim: nusgawy görnüşde - öňi, wakanyň ösüşi we soñy yzygiderlilikde ýazylan eserleri kän halamaýaryn. Öñi-soňy bildirmeýän zatlary gowy görýärin. Şonuň üçin, netijäni, ahyrky pikiri açyk goýýaryn. Goý, muny okyjynyň özi kesgitlesin, bu hakynda oýlansyn. - Siziň gahrymanlaryňyz köplenç Kantyň "Arassa aňyň tankydyny" okaýarlar. Siziň özüňíz hem ol kitaby gowy görýäňizmi ýa-da bu edebi usulmy? - Ony okamagy juda gowy görýän... - Ýatmazyňyzyň öň ýanyndamy? - Ýok, meniň çynym. Men umuman kitap okamagy we olardan mysal getirmegi halaýaryn. Saz bilen hem edil şonuň ýaly - saz hakynda-da köp ýazýaryn. Haçanda ýazýan wagtyň saz eşdilip dursa tebigy bolýar. - Siziň eserleriňize "tebigy" diýer ýaly däl. Olar toslamalardan, fantastika meňzeş wakalardan doly. - Men esere kitaba degişli dal zatlary salmagy halaýaryn. Eger kitapda diñe oňa degişli zatlar bolsa, onda daryşganlyk hem dymyklyk dörär. Dahylsyz ýaly görünýän zatlary yzly-yzyna yerleşdiriberseň sergin şemal ösen ýaly bolýar. - Kitaplaryňyzyň birinde adam özi bilen beýlekileriň arasyndaky uzaklygy has-da daşlaşdırmak üçin yazýar diýilýär. Siziň gahrymanlaryňyz umuman, aşa ýalňyz, beýleki adamlardan üzňe. Ýeňlesligim üçin bagyşlaň, ýöne öz halyňyzy ýazýarsyňyzmy? Ýa-da bu ýaponlylaryň häzirki ýagdaýynyň beýanymy? - Dogrymy aytsam, bu meniň öz halym. - Bagyşlaň, siz öýlenenmi? - Hawa, onda-da 35 ýyl bäri. - Nikaňyzy hiç bozmadyňyzmy? - Ýok, häzirlikçe bir gezegem bozamok. - Muny soraýanymyň sebäbi siziň gahrymanlaryňyz ýalňyz, aýrylyşan ýa-da aýrylyşjak bolup duran. Olaryň şahsy gatnaşyklary nähilidir birhili, wagtlaýyn. Bu näme üçin beýle? Belki, siz öz kitaplaryňyzda başgaça ýaşamak hyýalyňyza gowuşýansyňyz? - Ýok, beýle dal. Gahrymanlarym maňa diñe gytaklaýyn degişli. Olar eserde döreýärler we özbaşdak ýaşaýarlar. Meniň aýtjak bolýanym, dünýä eseriňe bitarap garamaly. Eger şahsy islegler bolsa - aýalyň, çagalaryň diýen ýaly - onda beyan edişiň dykylar durar. Şonuň üçin bitarap bolmaly, biparh nazar bilen garamaly, mümkin boldugyça hususy durmuşyň taga- myny esere garmaly däl. Özüm ýazanymda şeýle nukdaýnazardan ugur alýan. - Ýazan wagtyňyz kitabyňyzy kimleriň okajagy barada oýlanýarsyňyzmy? - Ýok. - Orsýetde-hä pikir soraşmalara görä, sizi 20 ýaşa çenliler we 50-den geçenler okaýar. Orta ýaşly diýilýänler siziň kitaplaryňyzy okamaýarlar. - Ýaponiyada meniň okyjylarym 20 we 30 ýaşdan geçenler. Häzir 55 ýaşadym, emma okyjylarym ilki bilen ýaşlar. Geň ýeri 25 ýyl mundan öň ýaňy ýazmaga başlanymda-da şeýledi. Men garradym, okyjylarym welin, garramaýar. Elbetde, öňki okayanlar häzir hem meniň kitaplarymy okaýarlar. Men 29 ýaşymda ýazyp başladym, hemişe-de "Men haçan bişip ýetişerkäm?" diýip oýlanýardym. Häzir hem şeýle pikirde. - Siziň eserleriňizde ýer-ýurt atlary seýrek duşýar. Eger Ýaponiýa bolsa onda ýöne Hokkaýdo adasy, eger Tokio bolsa onda Sindzýuki etraby. Gahrymanlaryň öz atlaram, barýan şäherleriniň adam yok. Ýaponlylardan "Murakami ýaponlylar üçin ýazýarmyka ýa-da daşary ýurtlular üçin?" diýen sowaly köp eşitdim. - Hawa, «Goýunlara şikarda», "Ahyrzaman" atly eserlerimde men Ýaponiýanyň daşynda ýaly, bitarap ýaly ýazdym. Soň ýagdaý üýtgedi, men okyjylaryň pikirini bilip "Ýaponiýanyň içinden" yazdym. Umuman, meniň irki eserlerimi başgaça okamaly. - Siz, ýalňyşmayan bolsam "Şemalyň sesine gulak as!" atly eserinizde, "Her bir adam dünýä bir zatlar aytmaga çyny bilen ymtylýar" diýýärsiniz. Siziň dünýä näme aýdasyňyz gelýär? Ýa-da tebigy ýagdaýda öz-özüňizi açýarmysyňyz? - Men powest ýazýaryn. Powest bolsa tebigy ýagdaýda ýazylýar. Şonuň üçin ol ýa-da beýleki eseriň näme diýjek bolýany meniň meseläm däl, ol ýazga degişli. Elbetde, ýazgym bilen meniň aramda belli bir baglanşyk bar, ýöne ýazgy bilen okyjynyň arasynda-da baglanşyk bar. Ony kesgitlemek bolsa meníň erkimde däl. Netijede şeýle bir üçburçlyk döreýär men, ýazgym we okyjy. Ýagny, men okyjyny isleýşim ýaly pikir etmäge mejbur edip bilmeýärin. Okyjy kitabymy şeýle görnüşde kabul etmeli diýmäge hukugym yok. Biz bir meňzeş derejede, beýiklikde durýarys. Ýazyjy bolanym üçin ýazgyma okyjydan gowy düşünip bilmeýärin. Eger siz özüňízçe garaýan bolsaňyz, bu siziň ýazgy bilen şahsy gatnaşygyňyz, men muňa garşy gidip bilmen. - Siz eserleriňizi haýsy yzygiderlikde okamagy maslahat bererdiňiz? - Tertip... yzygiderlilik bary bulam-bujar. "Şemalyň sesine gulak as!" we "Pinbol 1973" meniň ilki ýazan eserlerim bolany üçin olarda meniň özboluşly ýazyş görnüşim dolulygyna döremändi. «Goýunlara şikarda» eserimde powest stili mende emele gelip ugrady. Men şol wagtlar öz ýazyş stilimi gözleýärdim. Sonra "Ahyrzaman", «Norwegiýa tokaýy», «Serhetden günorta», "Hemra" we in soňunda-da ýakynda neşir edilen «Kafka». Şu tertipde yzarlansa meniň stilimiň ep-esli üýtgändigini görmek bolar. Bu edil merdiwana dyrmaşan ýaly - basgançakdan basgançaga... - Basgançak-basgançak ýokary galmak sizde hemişe dowam edermi, ýa-da gerekli beýiklige galdyňyzda indi tekizlikde öňe gidýärsiňizmi? - Bilmedim. - Emma siz ýazmagy dowam etdirmek isleýäňizmi ýa-da ýeten sepgidiňiz bilen kanagatlanýarsyńyzmy? - Meniň maksadym - «Doganlar Karamazowlar» ýaly eser döretmek ine, çür baş, belentlik. - Haçan başlamakçysyňyz? Ýa eýýäm başladyñyzmy? Belki, az-azdan, bölek-bölek ýazyp, soñ baryny birleşdirmegi niýet edinýänsiniz? - Ýok, bu geljegiň işi. Men ony iň soňunda ýazaryn. "Karamazowlary" ilkinji gezek 14-15 ýaşlarymda okapdym. Şondan soň hem dört gezek okap çykdym. Eser her gezegem ajaýyp duygular döredýär. Meniň pikirimçe bu ideal eser. - Ýaponlylar üçin Dostoýewskiý "agyr" dälmi? - Mümkin, agyrdyr, ýöne men özümiň iň gowy eserimi şol çuňlugyň derejesinde ýazasym gelýär. Dogrusyny aytsam, men geçen zatlar barada ýazmagy halamaýaryn, ýazýaryn unudýaryn, soň ýene ýazmagymy dowam edýärin. Şo sebäpden okyjym hem edil şonuň ýaly, ýazanlarymy yzly-yzyna okasalar begenerdim. - Onda siz kitaplaryňyzyň birinde "Diri ýazyjynyň kitabyny okamagyň manysy ýok" diýen pikiriňize garşymy? - Ilkinji eserlerimde nämeler ýazanym ýadyma düşenok. Başda men aforizmleri, degişmeleri ulanmaga höwesekdim. Powestiň nähili ýazylmalydygyny hem bilmeýärdim, şonuň üçin edýän pikirlerimden bölekleri bir ýere jemleýärdim, şeýdibem kitap edýärdim. - Murakami-san, size eseriňizi ýazmagyňyz üçin iş otagyňyz bolsa ýeterlikmi ýa-da bir yerlere gitmek, bir zatlar synlamak, adamlar bilen görüşmek, daşary ýurda gitmek, umuman, täze täsirlenmeler gerekmi? Ýa-da siz ähli temalary, başdan geçirmeleri öz dünýäňizden gözläp tapýarsyňyzmy? - Dogrusy, kitap ýazmak üçin wagtym juda az. Iki ýylyň içinde ýazyjylyga 7-8 aý sarp etdim. Mundan başga-da men ýöne ýaşaýaryn, daşary ýurda gidýärin, konsertlere barýaryn, kıtap okaýaryn. Adaty durmuşda ýaşanyňda daşyňda şeýle bir köp wakalar bolup geçýär. Günleriň birinde-de «Ýazyp başlaýyn» diýýän-de ýazýan. Elbetde, belli bir taýýarlyk döwri geçýär, ýöne ony duýmaýarsyň, "ýörite" däl. Bir zatlar etseň, hökman bir zatlar bolýar. Ýazyjy üçin ýörite bir yerlere gitmek, biri bilen duşuşmak - bu zatlar asla hökman däl. 16.09.2006 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |