14:41 Haruki Murakami | |
HARUKI MURAKAMI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Haruki Murakami 1949-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Kioto şäherinde doglan ýapon ýazyjysy we terjimeçisidir. Onuň kitaplary 50-den gowrak dile terjime edilip, Ýaponiýada we başga-da köp ýurtlarda bestseller (iň köp satyn alynýan/okalýan kitaplar) bolup durýar. Onuň eserleriniň tankytçylar hem edebiýatçylar tarapyndan ykrar edilmegi, onuň edebi-çeper we ylmy eserleri üçin H.Murakamiň Ýaponiýada hem halkara derejelerde köp sylaglara mynasyp bolmagyna getirdi. H.Murakamiň has belli eserleri: “Goýun awy” (1982), “Norweg tokaýy” (1987), “Towly guşuň seneýazgylary” (1994-1995), “Kafka suwa düşülýän kenarda” (2002), “1Q84” (2009-2010). Ol öz ýazyjylyk we ylmy işinden daşgary, Raýmond Karwer, Jerom Selinjer ýaly ýazyjylaryň eserlerinem ýapon diline terjime edipdir. H.Murakamiň eserlerinde esasan Riçard Brotigan, Reýmond Çandler we Kurt Wonnegut ýaly günbatarly ýazyjylaryň täsiri ýiti duýulýar. Şol sebäpdenem Ýaponiýaň edebiýat jemgyýetçiligi häzirki güne çenli H.Murakamiň eserlerini “ýaponruhly” däl diýip hasaplaýar. H.Murakamiň çeper eserleriniň aglaba köpüsi sýurrealistik (fransuzça: surréalisme – durmuşy hakykatdanam aňyrdaky hakykat, superrealizm, has real reallyk) we gara gussa (melanholiki) häsiýetli. Olaryň waka ýordumyna Frans Kafkaň döredijiligine mahsus köpçülikdäki ýalňyzlyk, jemgyýetde ýekirilmek, adamlardan ýadyrgamak, özüňi olardan üzňeleşdirmek duýgulary eriş-argaç edilip girizilýär. Dürli çeşmelerde bellenilişine görä, H.Murakami ençeme gezek Edebiýat boýunça Nobel baýragyna hödürlenipdir. H.Murakamiň kakasy Kioto şäherinde ýaşan nusgawy filologiýa mugallymydyr. Onuň atasy bolsa keşiş (butparaz ruhany) ekeni. Ol kiçeňräk ybadathanany saklapdyr. Onuň kakasy mekdepde ýapon dilini hem edebiýatyny okadypdyr, işinden boş wagty bolsa budda dinini ýaýmak bilen meşgullanypdyr. H.Murakamiň kakasy Wasedada uniwersitetiniň Teatr sungatlary bölüminde “nusgawy drama” hünärinden okapdyr. H.Murakami 1971-nji ýylda öz synpdaşy Ýoko öýlenýär we häzire çenlem şonuň bilen başdaşlykda ýaşap gelýär. Olaryň çagasy ýok. H.Murakami 1974-nji ýylda Tokioň Kokubundzi etrabynda “Piter Ket” atly jaz-baryny açýar. 1977-nji ýylda bolsa öz baryny şäheriň Sendagaý etrabyna göçüripdir. 1978-nji ýylda ol beýsbol ýaryşyna tomaşa edip otyrka, özüniňem kitap ýazyp biljekdigi hakynda pikire gelýär. Bu pikiriň öz kellesinde näme sebäpden emele gelendigine özüniň häzirem düşünmeýändigini H.Murakami aýdýar. Şol günden başlabam ol öz baryny ýapyp, her gün gijelerine onda ýazmak üçin ýygy-ýygydan galmaga başlaýar. Ol ilkinji ýazgylaryny adaty syýagalam bilen adaty kagyzyň ýüzüne ýazar ekeni. 1979-njy ýylda H.Murakamiň ilkinji powesti “Ýeliň aýdymyny diňle” (“Alakaň Trilogiýasy” atly eseriň birinji bölegi), çap edilipdir. H.Murakami bu eseri üçin “Gundzo” žurnaly tarapyndan her ýylda başlangyç ýapon ýazyjylaryna gowşurylýan “Gundzo sindzin-sýo” baýragyna mynasyp bolupdyr. Şondan biraz soňrak bolsa “Bungeý” žurnaly tarapyndan hut şonuň üçine “Noma adyndaky baýragy” alypdyr. Ýylyň ahyryna çenli H.Murakamiň bu eseriň gaty sahaply görnüşde (bahasy ýumşak sahaply kitapdan gymmat), 150 müň sanysy satylypdyr. 1980-nji ýylda H.Murakamiň “Pinbol 1973” atly ikinji powesti – “Alakaň Trilogiýasynyň” ikinji bölegi neşir edilipdir. 1981-nji ýylda bolsa H.Murakami öz jaz-baryny dolandyrmak hukugyny satyp, professional ýazyjylyga baş goşupdyr.Ol 1982-nji ýylda özüniň ilkinji romany “Goýun awy”-ny – “Alakaň Trilogiýasynyň” üçünji bölegini tamamlapdyr. Şol eseri üçinem “Noma” baýragyna mynasyp bolupdyr. 1983-nji ýylda ýazyjyň iki sany hekaýalar ýygyndysy neşir edilipdir: “Haýaljak gaýykda Hytaýa” we “Kenguru üçin gowy gün”. 1984-nji ýylda H.Murakami “Ýaldyrawuk, saraýy otlamak we beýleki wakalar” atly hekaýalar ýygyndysyny çap etdirýär. 1985-nji ýylda onuň “Togtadyjysyz Täsinlikler ýurdy we Kyýamat” atly romany çap bolýar, şol ýylam bu roman “Tanidzaki baýragyny” alypdyr. Ondan başga-da şol ýyl H.Murakamiň “Goýnuň Täze ýyly” atly çagalar üçin ertekiler ýygyndysy hem-de “Atjagazly hiňňildigiň ölüm howry” atly çagalar üçin hekaýalar ýygyndysy neşir edilipdir. Şondan bärem, H.Murakami ýylyň-ýylyna täze-täze eserleri ýazmagyny dowam etdirip gelýär. Tankytçylardyr, okyjylaryň onuň eserlerini garşylaşyndan çen tutsaňam ýazyjyň ussatlygy ýylsaýyn artýar. H.Murakami häzirki döwürde çeper kyssanyň embiýent (iňlisçe: ambient – gurşap alýan, gurşaýan, gallaýan, gujagyna dolaýan) žanrynda ýazýan ýazyjy hökmünde ykrar edilýär. Bu adalga aslynda saz sungatyna degişli bolup, ol saz sungatynda 1970-nji ýyllarda ýüze çykyp başlaýar. Bu žanryň mazmuny adamyň ruhuny bildirmezden gurşap alýan, onuň aňyna basyş görkezmän göwnüne aralaşýan, köplenjem haýsydyr bir has özüneçekiji owazlaryň aňyrsynda gizlenip, pessaýja eşidilýän mukamy aňladýar. Çeşmesi: https://ru.wikipedia.su/wiki/Мураками,_Харуки. 08.09.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |