08:29 Ajaýyp aprel säheri / hekaýa | |
AJAÝYP APREL SÄHERI
Hekaýalar
Tokionyň şowhunly Harajuki etrapçasyndaky darajyk köçede birkemsiz gözel gyzyň deňinden geçdim. Dogrusyny aýtsam, ol o diýen owadanam däldi. Onda hiç bir babatda göze ilerlikli zadam ýokdy. Gyzyň egin-eşikleri-de sadajady, saçlaram ýaňy ukudan açylanyňky ýaly buýr-bulaşykdy. Ol gaty bir ýaşam däl, bolsa otuz ýaş töwerekleri bolup, ulugyza çalym edýärdi. Ýöne men şonda-da 50 ädim daşrakdan aňdym: ol meniň üçin birkemsiz gözeldi. Ony gören badyma gursagym galagoply gürsüldäp, agzymam, hamala diýersiň, çölde gezip ýören ýaly gup-gurudy. Belki, siziňem zenanlarda aýratyn halaýan taraplaryňyz bardyr? Mysal üçin, aýdaly, inçemik goşarly, ýa aýdaly, okara gözli, sülük barmakly ýa-da bolmasa, naharyny howlukman iýýän zenanlara sebäpsiz ýere gyzyklanmaňyz bardyr. Meniňem, elbetde, öz göwnüme ýaraýanlary bar. Kämahal naharhanada garbanamda gapdalymdaky stolda oturan gyza biygtyýar bakanymy duýman galaýýan, sebäbi onuň burnunyň gurluşam göwnüme ýarap bilýär. Emma hiç kim birkemsiz gözeli tanap boljakdygy hakda öňünden jedel edip bilmez. Olaryň burunlaryny möhüm hasaplasamam, şol gyzyň burny ýadyma düşmän biler – ýeke burnunyň bardygynam unudyp bilerin. Anyk ýadyma düşürip bilýän ýeke-täk zadym – bu gyzy beýle owadan hasaplap bolmajaklygydy. Nähili täsin! – Düýn köçede bir kemsiz gözele duşdum – diýip, birine aýtdym. – Şeýlemi? – diýdi. – Ýeri onsoň, owadan ekenmi? – O diýen-ä däl – diýip jogap berdim. – Eýse, sen nähili gyzlary gowy görýäň, hä? – Bilmedim-dä. O hakda hiç zat ýadyma düşenok. Gözleriniň şekili ýa-da… – Täsin-aý! – Hawa, çyndanam täsin. – Onda – diýip, ol mydyrdady. Birazajyk keýpi gaçan dek: – Näme etdiň? Onuň bilen gepleşdiňmi? Yzyndan gitdiňmi? – diýip sorady. – Ýo-o-o-k. Ýöne biri-birimiziň deňimizden geçdik. Gyz-a günbatara tarap barýardy, menem gündogara… Dogrudanam, ajaýyp aprel säheridi. Käşgä onuň bilen gepleşip bilsedim. Munuň üçin ýarym sagadam ýeterlik. Ondan özi barada bir zatlar sorardym, özüm hakynda-da aýdyp bererdim. Bu durmuşdan nämä garaşýanymy aýdardym. 1981-nji ýylyň şeýle ajaýyp aprel säherinde Harajuki etrapçasyndaky darajyk köçede biri-birimiziň deňimizden geçmegimize sebäp bolan ykbalyň kötel ýollary hakda aýdardym. Buda dünýäni ümsümlik gurşap alýan wagty, gadymy sagadyň işleýişi ýaly, ýakymly syrlardan doly bir zat bolardy. Biz azajyk gepleşenimizden soňra, bir ýerlerde nahar edinerdik. Biz belki-de, Wudy Alleniň filmine giderdik. Şonda bolup biläýjek bu zatlar ýüregimiň çalt-çaltdan gürsüldemegine sebäp boldy. Ynhada, ikimiziň aramyzda on bäş ädim galdy. Oňa golaýlap bilermikäm? Näme diýsemkäm? “Ertiriňiz haýyrly bolsun, hanym! Gürleşmek üçin maňa ýarym sagadyňyzy bagyş edip bilermisiňiz?” Örän bimany. Edil ätiýaçlandyryş edarasynyň işgärine meňzärin. “Bagyşlaň weli, şu töwerekde egin-eşik arassalaýan ýeri bileňizokmy? ” Ýok, bu has-da gülkünç. Elimde bolsa, egin-eşigem ýog-a. Kim şunuň ýaly ýalana ynanar öýdýäň? Belki-de, sada hakykat jaýdar bolar. “Ertiriňiz haýyrly! Siz meniň üçin birkemsiz gözel…”. Onuň muňa-da ynanasy ýok-laý. Ynanaýsada meniň bilen gürleşesi gelmän biler. Gynansak-da, ol “Men siziň üçin birkemsiz gözel bolup bilerin, emma siz meniň diýýänim däl” diýip biler ahyryn. Eger şeýle ýagdaýda galaýsam, megerem, asman depämden inerdi. Şol pursat çykgynsyz ýagdaýdan ugur-utga tapyp bilmezdim. Özümem 32 ýaşymda. Garrylyga sary ýönelmek şu zeýilli zat-da. Biz gül satylýan dükanyň öňünden geçip barýarys. Meniň ýüzümi mymyjak şemal sypalaýar. Asfaltyň ýüzi çygly we men gülleriň hoşboý ysyny alýaryn. Men özümi onuň bilen gürleşmäge mejbur edip bilemok. Gyz ak ýeňsiz geýipdir. Ol sag elinde heniz möhür goýulmadyk ak bukja saklap dur. Ýagny, kimdir birine hat ýazypdyr. Megerem, uzak gije çirim etmän ýazandyr. Ony ukusyz gözlerinden hem aňmak bolýardy. Onuň ähli syry şol bukjanyň içinde bolup biler. Men birnäçe ädim ýöränimden soň, yzyma dolanýaryn. Ol bolsa, mähelläniň içinde ýitirim boldy. Men indi oňa näme aýtmalydygymy bilýärin. Dogrusyny aýtsam, gürrüň uzaga çekjek. Oňa özümi aýan etmekde çekjek kösençligim uzyn… Kelläme gelýän pikirleriň hiç birine-de tejribe eleginden geçen diýip bolmaz. Bor-da! Hekaýam “Bir bar eken” diýip başlanyp, “Nähili gynançly!” diýip gutarmagy mümkin. Gadym zamanlarda bir gyz bilen bir oglan ýaşar eken. Oglan 18 ýaşynda, gyzam 16 ýaşyndamyş. Oglan o diýen görmegeý däl eken. Gyzda-da aýratyn bir görk ýokmuş. Umuman, olaram hemmeler ýaly, adaty oglan bilen adaty gyz eken. Emma olar özleri üçin dünýäniň bir ýerinde birkemsiz gözeliň, şeýle-de, birkemsiz ýigidiň ýaşaýandygyna çyn ýürekden ynanypdyrlar. Hawa, olar gudrata hem ynanýan ekenler. Şol gudrat bolsa, hakykat ýüzünde amala aşypdyr. Olar bir köçäniň künjünde biri-birlerine gabat gelipdirler. Oglan : – Taýsyz, üýtgeşik maşgala – diýipdir. – Men seni ömürboýy gözledim. Sen muňa ynanman bilersiň. Emma sen meniň üçin birkemsiz gözel. Gyz hem: – Senem meniň üçin ähli babatda edil göz öňüne getirişim ýaly birkemsiz ýigit. Hamala diýersiň, bu bir düýş mysaly – diýipdir. Juwanlar seýilgähde oturgyçda oturypdyrlar. Olar birnäçe sagatlap el-ele berip, biri-birine gyzykly gürrüňler beripdirler… Indi olar ýalňyz däl. Olar kemsiz taýlaryny tapypdyrlar. Bu bir gudrat, uly keramat! Emma olar şol ýerde şeýdişip otyrkalar ýüreklerinde kiçijik bir şübhe döräpdir. Heý-de, adamlaryň arzuw-hyýallary şeýle çalt amala aşarmy? Şeýlelik bilen, gürrüňleri bir pursat togtapdyr. Oglan gyza: – Hany, özümizi bir gezeklik synap göreli. Hakykatdanam, biri-birimiz üçin birkemsiz jübüt bolýan bolsak, şol wagt başga bir zaman, gaýry bir ýerde täzeden duşuşarys. Bu amala aşanda bolsa, ýagny biziň birkemsiz aşyk-magşukdygymyza doly ynansak, arkaýyn durmuş gurup bileris… Sen muňa nähili garaýaň? – diýipdir. Gyz: – Hawa – diýip, jogap beripdir. – Hakykatdanam, biz şeýtmeli. Onsoň olar aýrylyşypdyrlar. Gyz gündogara, oglanam günbatara tarap ötä gidipdir… Şeýle hem bolsa, olaryň bu synag hakdaky pikirleri ýerliksizmiş. Beýtmeli däl ekenler. Sebäbi olar biri-birleri üçin birkemsiz taý ekenler. Olaryň duşuşmaklarynyň özem bir gudrat ekeni. Ýöne gaty ýaş bolansoňlar, muny aňmandyrlar. Olary ykbalyň yzgytsyz, sowuk tolkunlary rehimsizlik bilen aýra salypdyr. Köp wagtdan soň, gyş günleriniň birinde gyzam, oglanam möwsümiň iň agyr dümewi bilen dümewläpdirler. Şonda olar ýaşaýyş bilen ölümiň arasynda çarp urup, öňki başdan geçiren wakalaryny unudypdyrlar. Ýaşlar aýňalsalar, göýä diýersiň, aňlary ýaş D.G.Lourensiň pul gutujygy ýaly boş eken. Şonda-da iki juwan, örän akylly we aýgytly bolupdyr. Olar wagt ýitirmezden, ýadawsyz tagallalary arkaly ýene-de jemgyýetiň doly hukukly agzasy bolmak üçin ýeterlik bilim we tejribe edinipdirler. Janlary sag bolsun! Olar metro geçelgesinden beýleki tarapa nähili geçjekdiklerini, poçta baryp haty nädip iberjekdiklerini bilýän adamlar bolup ýetişipdirler. Hatda ýigit bilen gyz täzeden halaşypdyrlaram. Olaryň söýgüsi kämahal-a ýetmiş bäş göterimlik, kämahalam segsen bäş göterimlik derejede bolupdyr… Aýlar-günler geň galdyryjy tizlik bilen geçip, basym oglan-a 32, gyz bolsa, 30 ýaşapdyr. Ajaýyp aprel säheri şol gyz Tokionyň Harajuki etrapçasynyň darajyk köçesinde eli hatly gündogardan günbatara tarap ýöräp barýarka, özüni rastlamak üçin bir bulgur kofe içesi gelen oglanam günbatardan gündogara tarap ýöräp başlapdyr. Olar köçäniň orruk ortarasynda biri-biriniň deňinden geçip gidipdirler. Gysga pursatlygam bolsa, olaryň huşdan uçan ýatlamalarynyň sähelçe uçgunlary ýüreklerini ýagtyldypdyr. Olaryň ikisi hem gursaklarynda güýçli gürsüldi duýupdyrlar. Olar bilýän ekenler: – Ol meniň üçin birkemsiz gözel… – Ol meniň üçin birkemsiz ýigit… Emma ýatlamalarynyň yşygy örän körek bolupdyr. Olaryň aňlary 14 ýyl mundan ozalky ýaly dury dälmiş. Olar ýeke agyz hem gürlemän, biri-biriniň deňinden geçip, mähelläniň içinde ýitirim bolupdyrlar. Müdimilik… Gynançly hekaýa. Şeýle dälmi? Hawa, şol gyza aýtmaly zatlarym hut şulardan ybaratdy… Haruki MURAKAMI | |
|
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |