11:51 Deňiz golanlarynyň festiwaly / hekaýa | |
DEŇIZ GOLANLARYNYŇ FESTIWALY
Hekaýalar
Deňiz golany gündiz birde peýda boldy. Haçan-da dälizde jaň sesi eşidilende, men nahardan soň çilimläp durdym. Gapyny açýanam welin, aňyrsynda – ol! Hiç zady göze dürtülip durmaýan, başbitin adaty deňiz ýolbarsy – oň ýala islendik ýerde duşmagyň mümkin! Onuň gara äýnegem, “Bruks Brazersden” penjegem ýokdy. Deňiz şirleri, umumanam, ýakyn geçmişdäki hytaýlylara meňzeş. -Salam,-diýdi, deňiz peleňi:-Eger-de men size päsgel bermedik bolsam, ýagşydyr. -Äý, dogrusy...ýok,-diýip men serimsal jogap gaýtardym. Ýeri gelende aýtsam, deňiz arslanlaryna diňe olaň özi üçin häsiýetli bolan goragsyzlyk mahsus, şolam meni olar bilen her sapar sataşanymda gereginden artyk müýnürgemäge mejbur edýär. -Siz maňa on minut wagtyňyzy sarp edip bilmersiňizmi? Men ýüzümiň ugruna sagadyma seretdim, ýöne dogrusy, hereketim manysyzdy. -Men siziň köp wagtyňyzy almaryn,-diýip ol, şelaýynlyk bilen üstüne goşdy. Nämäň nämedigine henizem düşünmän, men ony otaga goýberdim-de, sowadylan arpa çaýyny hödürledim. -Goýaweriň, alada galmaň,-diýip deňiz peleňi müýnürgän ýaly etdi. Şol birwagtda-da lezzet bilen bulguryň ýarysyny boşadyp, çilim otlady:-Bäý bü yssyn-aý! -Howwa-la. -Gowy zady, bolmanda irden, agşam salkynrak! -Şeýle bolmalam – sentýabr! -Emma!...Ine...Okuwçylaň beýsbol ýaryşy tamamlandy, hünärmenler – “Mähnetler”, ýeňişden ýarym ädimlikde. Galany bolsa – gyzykly zat ýok! -Hakyky. Meň söhbetdeşim akylly keşpde baş atdy-da, otagy nazaryndan geçirdi. -Bagyşlaň, siz ýeke ýaşaýaňyzmy? -Ýok. Diňe aýalym syýahatçylyga gitdi. -O-how! Ýanýoldaşlar aýry dynç alýarlar? Enaýy!-diýip ol şadyýan kikirdäp goýberdi. Her niçigem bolsa meň özüm günäkär. Näçe serhoş bolsaň-da – Sindzýuku barynda ýanymda oturan nätanyş deňiz golanyna çakylykçamy bermeli däl eken. Muny hemmeler bilýä, özüni sylaýan ýeke adamam hiç haçan deňiz peleňine çakylykça bermez. Muňa ters düşüniler we bu diňe ýakymsyzlyklaň üstünden elter. Men deňiz golanlaryny halamog-a diýip bolmaz, Men hatda, olary halamazlyk mümkin dälem diýip hasaplaýan. Ýöne, ajaýyp günleň birinde maňa kiçi uýam olaryň birine durmuşa çykmakçydygy hakynda yglan edäýse, men hökmany ýagdaýda oňa aklyňa görä ýanýoldaş saýlamagyň iň gowusydygyny düşündirmäge çalşaryn, ýöne muňa gazaply garşy çykjak bolup dyzamaryn. Eger-de söýüşýän bolsalar – ahyrsoňunda nikalaşarlar. Emma, deňiz golanyna uzadylan çakylykça – düýbünden başga zat. Size mälim bolşy ýaly, deňiz şirleri nyşançyllygyň (simwolizmiň) kenarsyz ummanynda ýaşaýarlar. “A” “B”-ň nyşany (aňlatmasy, simwoly). “B” – “W”-ň nyşany. “W”- “A” we “B” üçin umumy nyşany. Şunuň ýalyrak-da. Deňiz peleňleriniň birleşmesi ine şeýle nyşançyllyk ähreminiň (piramidasynyň) esasynda gurulýar-da...ýa-da bulam-bujarlygyň. Iň çürbaşynda bolsa...ýa-da merkezinde-de çakylykça gomparyp otyr. Hut şonuň üçinem deňiz arslanynyň ýansebedinde hökmany suratda çakylykçagap bardyr, şoň galyňlygam oň birleşmedäki ornuny aňladýar. Bu-da edil käbir guşlaň monjuk toplaýşy ýaly bir zat-da. -Siz ýakyn günleň birinde meň tanşyma çakylykça beripsiziň,-diýip ol aýtdy. -Aý goýuň-a!-diýip men akmaksyramaga synanyşdym:-Şeýlebir içipdirin – hiç zat ýadymda däl. -Tanşym örän şatdy. Men sowuk çaý içen bolup, bahana oýlap tapmaga gümradym. -Hym-m, neme-e, zoňtarlygymy bagyşlaň...Birhili, towakga bilen ýüz tutmagam gelşiksiz welin...Elbetde, çakylykça-da belli bir derejede täsir edendir... -Haýyş bilen?!-diýip men, gaýtadan soradym. -Hawa, iňňän biderejik-le. Senseýden (halypa, mugallym) biziň salgymyza ýöne bir (simwoliki) hemaýatjyk hakda haýyş etmekçidik. Baram şol! Deňiz golanlary öz gürrüňdeşlerini esasan senseý diýip atlandyrýarlar. -Ýöneje bir kömek?! -Howwa! Tanyşmagy undaýypdyryn!-diýip deňiz ýolbarsy şygyrdadyp sebedinden çykardy-da, maňa çakylykçasyny uzatdy:-Baş üstüne! -Deňiz golanlarynyň festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň Başlygy,-diýip men onuň wezipesini sesli okadym. -Umyt edýän, siz biziň festiwalymyz hakda eşidensiňiz-le? -Ýygyjy-ýygyjadan, ýöne öňräk...özem diňe adyny. -Bu festiwal – deňiz golanlary üçin iňňän wajyp, belli bir manysynda bolsa tüýs nyşanlykly (simwoliki) hadysa. Özem diňe biz üçinem däl-de, bütin dünýä üçinem diýip aýtsaň bolar! -Hä-ä-ä! -Başgaça aýdanyňda, deňiz golanlary, şu günki günde ýokary derejede biderejik jandarlar diýlip hasap edilýär. Emma...bu ýerde bir “emma” bar,-diýip ol jümlesini täsirli üzdi-de, küldanda köräp duran çilimini basym bilen öçürdi:-Ýöne, deňiz şirleri dünýäň gurluşunyň özeninde ýatan bir mese-mälim ruhy kesgitleýji şerte eýedirler. -Bäh, bü temany... -Biziň maksadymyz – deňiz golanlarynyň galkynyşy (renessansy). Şol birwagtda bütin dünýäň galkynyşyna öwrüljek Galkynyş. Hut şoň üçinem biz, deňiz golanlarynyň şu güne çenli mümkin boldugyndan ýapyk bolan festiwalyny düýpli özgerdip, ony jümle-jahana ýüzlenmä, özboluşly köprä öwürmek isleýäris. -Düşnükli. Onsoň takyk näme... -Festiwal – edil islendik baýramçylyk ýaly: dabaraly hem öwüşginli, ýöne, şeýle aýdylanda, bu yzygiderli hereketleriň netijeleriniň ýekeje biri. Şol yzygiderlilikde-de, ýagny başga sözler bilen aýdylanda, deňiz golanlarynyň meňzeşleşdirilmegi boýunça işde-de, onuň hakyky manysy jemlenýändir. Şeýlelikde, festiwal – bu, şo hereketleriň ratifikasiýa edilmeginden artykmaç zat däldir. -Hereketleň ra-ti-fi-ka-si-ýa-sy?! -Çensiz-çaksyz deža-wýu! Men nämäň nämedigine hiç düşünmän baş atdym. Deňiz golanlarynyň ýörgünli tilsimi – olaryň adaty gepleýiş edebi. Oňa diňe içini boşatmaga mümkinçilik beräýmek galýar. Emma, olar ýaman niýetsiz gürleýärler. Olary diňe alyp gaçýar. Ahyrsoňy, deňiz golany, üçüň ýaryndan biraz soňrak köşeşdi. Men oňa çenli eýýäm sykylan meýmuruşa çalym edýärdim. -Ýeri, nähili,-diýip ol gyzyklanma bildirdi-de, zarp bilen eýýäm ýyly çaýy içip boşatdy:-siz mazmunyny alyp bildiňizmi? -Gysgaça aýdaňda – aýdan-diýenimdä (sadaka)? -Ahlak goldawy,-diýip deňiz golany düzetdi. Men gapjygymdan aldym-da, oň öňünde iki sany müň ýenligi goýdum. -Bagyşlaň elbetde, azdygyna, ýöne şumat başga ýok: irden ätiýaçlandyryş hem-de gazetler üçin tölemeli boldy. -Hiç-le, hiç-le,-diýip ol goluny salgady:-esasy zat möçberde däl-de, duýgudaşlyk. Deňiz golany, özünden soň “Deňiz golanlarynyň jemgyýetiniň habarçysy” atly ýukajyk žurnaly hem-de ýelmewajy galdyryp gitdi. Ýelmewaçda haýwanyň şekili hem-de “Deňiz golany – metafora hökmünde” diýen ýazgy ýalpyldaýardy. Men ony nirä nämetjegimi bilmän, gadagan edilen ýere ýakynda goýlan gyzyl “Selikaň” alyn aýnasynyň ortarasynda ýelmedim. Baý, syzýan-a, şo sürüjiň ony sypyrmak üçin birneme dümtünmeli boljakdygyny! 1981ý. © Haruki Murakami | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |