03:09 Hat / hekaýa | |
HAT
Hekaýalar
Tanyş aýak sesleri eşidildi. Kitapdan ýüzümi galdyrman oturşyma, bu gelýäniň şoldugyny aňşyrdym. Ol säginjek ýaly etdi-de, geçip gitdi. Meniň bir zatlar diýmegime, garaşdymy, nämemi, ýene bolmansoň, yzyna öwrüldi: - Salam! Men bu salamy boş goýup biljek däldim: - Salam! - Gowumysyňyz, işleriňiz oňatmy?! Kitapdan ýüzümi sowman oturşymy görensoň, ol täzeden habar gatmaly boldy: - Be-e, beýle ünsüňizi bölmez ýaly, näme kitap okaýaňyz?! Men ýüzleý jogap gaýtardym: - Aý... bir kitap. - Mümkin bolsa, görüp bilerinmi?! Meniň hiç zat diýmedigim üçin, ol eşitmedimikä diýen terzde medeniýetli labzyny dowam etdi: - Belki, okamaga berersiňiz?! Ahyr başymy galdyrdym-da, munuň üýtgeşik kitap däldigini oňa düşündirmek isledim: - Bu bir rus sözlük kitaby, (men uludan demimi alyp goýberdim) muny islendik kitaphanada, ýa bolmasa kitap dükanyndan tapyp bolýar. Ol bada-bat aýlawly sözüni sugşuryp goýberdi: - Islendik tapan ýeriňden alyp bolmazmyka?! Nähilem bolsa, onuň alçaklygy maňa ýarady. Kitabymy ýapdym-da, oňa uzatdym: - Alyň, wagtynda gowşurmagy unutmaň! Ol kanagatlanma duýgusy bilen kitaba elini uzatdy. ...Daşlaşyp barýan aýak sesleri bolsa, mejbury ýagdaýa kaýyllykdan ädilýäne çalymdaş eşidilýärdi. Bir aýa golaý wagt geçipdi. Bir gün işden gelýärkäm onuň jigisi ýolumda duran eken. Ýetip-ýetmänkäm ol maňa ýüzlendi: - Salam! - Salam, gowumyň, jigim?! - Neme, ine, şuny size doganym iberdi. Taňryýalkasyn diýdi. Men kitaby aljagam bolmadym-da: - Jigim, muny doganyňa eltip berdejik: “Amanady öz elleriň bilen gowşursyn!” diýdi diý. Düşündiň gerek?! –diýdim. Ol beýle jogaba garaşmadyk bolar-ly, ikirjiňlenjek ýaly etdi-de, nalaç yzyna ýöneldi... ... Bir gün bolsa, işe gümra bolup otyrkam, ýene-de tanyş ädimleriň sesi gulagyma gelen ýaly boldy. Bu gezegem onuň islendik söz oýnatmalaryndan gapyl galmazlyk üçin özümi dürsedim. Ol geldi-de, başyny atdy. Menem başymy atdym. Biz salamlaşmagyň şeýle aňsat usulyny ulandyk. Ol agras görnüşde: - Ine, kitabyňyz-a okadym, sag boluň – diýdi. Men onuň sözlerini dykgat bilen diňleýärdim. Kitabyň täsirini barlamak üçin özüçe sorag beren boldum: - Nähili, kitap göwnüňize ýaradymy?! Ol şol adaty alçaklygy bilen jogap berdi: - Asyl ýöne... - Bolaýypdyr... Ol sagbollaşýan äheňde başyny atdy. Menem başymy atdym. Biz sagbollaşmagyň hem şeýle aňsat usulyny ulanmaly bolduk. Onuň bolşy bärden bahymrak gaýdanyny kem görmeýäne meňzeýärdi. Kitabyň baş sahabyny açanym hem şoldy weli, bir kagyz stola typyp düşdi. Men bu hatyň kitaba bir hepde mundan öň, oglanjygyň getiren güni salnandygyna okamsoň göz ýetirdim. ...Tanyş ädimleriň barha uzaklaşyp barýan sesi eşidildi. Göýä ol gitdigiçe ýüregimiň jümmüşine aralaşyp barýan ýalydy... Aýgül AŞYRMÄDOWA. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |