15:39 Daglaryň owazy / hekaýa | |
DAGLARYŇ OWAZY
Hekaýalar
Men ýüregimi ýeňmäge, onuň biweç isleglerine temmi berip, berk düzgüne uýgunlaşdyrmaga çalyşdym. Ýöne, şeýle günlerde ýüregim uly dert tapyndy. Ol indi maňa isleglerinden mahrum bolaňkyrlan telbe kimin, küýseýänlerini däl, ondan gaýry närselerden hem ýüz öwürýänligini duýdurdy. Men öz ýalňyşlygym zerarly uly ýitgä sezewar bolmagyň bäri ýanyndalygyma düşündim. Düşündim hem herekete geçdim. — Eýsem, saňa näme ýaraýar?! – diýip, men onuň hyzmatyna gaýymlygymy bildirmekçi boldum. Ol gursagyma sünjülip gidýärdi: — Hiç zat. Onuň ýaşaýşyň höwesinden sowap barýan duýgularyny ýaňadan näme edeňde oýaryp boljagy hakda çynlakaý pikire çümdüm. Bu köre-körlügüm üçin ondan ötünç soradym. — Meni bagyşla! Ol alyslara seredip gününi geçirýärdi. Arzuwyndan, umydyndan, yhlasyndan nam-nyşan galmandy. Hyjuwyny, joşup duran heýjanyny temmimiň ýeli uzaklara sowrupdyr. Ol delmuryp, ýitiren baýlyklaryna garaşýan ýalydy... Kükregimde kürşeýilip oturşyna bir ýerlere gitmäge hyýallanan keşpdedi. Hyýallarymy ýygnapdyr. Özüni ýalňyz, hiç kimsiz galan mysaly duýýardy. Dymýardy. Dymdygyça meniň içimi it ýyrtyp barýardy. Gözlerim oňa ýaraýjak geň-taň täzelikleri gözläp başlady. Ellerim içinde mejalsyz urnup, sütüni süýnüp barýan kalbymy göterýän gursagyma baglandy. Gulaklam oňa ýaraýjak heňleri eşitmäge çalyşdy. Şu pursatda burnumyň hem şonuň üçin, agyr, hem çalt-çaltdan dem alýanyny duýýan. Meniň ugrunda hozanak bolup ýörşümi görende ol ysgynsyz dillendi: — Biderek zatlar... Men şonda onuň terkidünýäligiň serhedinden hem geçip, nirädir bir ýerlere tutduryp barýanlygyny bilip galdym. Ol gyssanýardy. Men onuň yzyny eýgererli däldim. Ýykylyp-sürşüp barşyma oňa: — Biz nirä gyssanyp barýas?! – diýýärdim hem-de: — Nämä howlukýaň, tagapyl etsene! – diýip, ýalbarýardym. Ýönekeýje düşünişmezlik zerarly düýpsüz gorpa özüňi atmagyň iň soňky çykalga däldigini düşündirmekçi bolýardym. Ol halys surnuksa-da ümzügi öňedi. Men oňa dem ýetirip, ýetişibilemokdym. — Görýän weli, sen ýüreksizem ýaşap biläýjek ýaly?! — Bu mümkin däl. Ýüreksizem bir ýaşap bolarmy?! — Eýsem, sen hemme ýaşap ýörenler ýüreklidir öýdýäňmi?! Ýok! Ýürekli adamlar örän beýik adamlardyr. Olara şeýle bir göwnüň ýeter welin, hiç bir hereketine däl diýip bilmersiň. Gowy tarapy, olar hemişe hakykatyň tarapdary bolýar... Başdan geçirýänlerimi ýüregime sygdyryp bilemokdym. Ol sygdyrmak islemeýärdi. Oňa ýerlemek islän zatlarym atyp-atmankam «zomp» edip, yzyna çykýardy. Durmuşda ýazylmadyk kanunlar hem bar. Geleşik ikitaraply bolýar. — Men hyjuwly urup durkam ýüreklileň biri borsuň öýdüpdim... – diýip, ol näumytlyk bilen maňa syzdyrdy. Men indi çynym bilen onuň bu närazylygyny aradan aýyrmagyň kül-külüne düşüpdim. Bir gün daň Ýeri çyzanda ýüregimi elime alyp, naryň däneleri kimin şuglasyny akdyryp, dogup gelýän elwan Kuýaşa uzatdym: — Eý, Älemiň şamçyragy, ýüregime melhem et! Ol şuglasyny sogutdyryp, lagl deýin lowurdap, alawlap-alawlap ýüregimi daglamaga başlady. Ýüregim bolsa, barja mydaryndan hem aýrylyp, essinden aýyldy. Men jyzyrdap-jyzyrdap towusýan ýüregimiň halyna dözmedim. Onsoň, ýarygije ýene ýüregimi elime alyp, ony bolluk bilen Ýere nuruny eçilýän gijäniň Aýyna uzatdym: — Eý, tümlügiň ýagtyltgyjy, kalbyma dowa eýle! Ol nurly şuglasyny göni ýüregimiň üstünden guýup, şöhlesini jorladyp-jorladyp, akdyrdy. Kalbym birsellem rahatlanan ýaly bolsa-da, barybir, ýerine gelip bilmedi. Men ýüregimi elime alyp, dady-perýatlar çekip, daglara gitdim. — Eý, keremli daglar! Jigerime şypa eýläň! Daglar bagy-erem gözelligi bilen müň bir öwüşginli reňk alyp, kalbymy melul eýledi. Kert daşlary ýaryp biten agaçlar kalbymda hasam güýçli täsir galdyrdy. Ýüregimiň olary elläp göresi geldi. Haçan-da, olaryň adaty agaçdygyny bilende bolsa, dagy ýaryp bilşine haýran galdy. — Dagyň gaýalaryna serediň! Hamana, olara biri sünnäläp surat çeken ýaly – diýip, men hyjuwly duýgulary oýanyp ugran ýüregime ýüzlendim. Ol biraz demini dürsäp, üns bilen gaýalardaky şekilleri synlady. Olary gördügiňçe göresiň gelýärdi. Bir gaýada tes-tegelek Aý süýt reňkli gijäň büs-bütin gözelliginde, nokatjyk ýaly ýyldyzlary daşyna aýlap otyrdy. Beýleki bir şekilde nurly Kuýaşyň tyllaýy şöhleleriniň astynda türkmen sährasy altynsow tolkun atyp, ýaýylyp ýatyrdy. Ine, birdenkä kalbym gobsunyp: — Güýçli gelen sil gaýalarda keşbini galdyrypdyr – diýip, maňa syzdyrdy. Batly gelen çabgadan ýaňa jaýryk atan zolak-zolak çyzyklar, dynuwsyz ýagşy daşa oýup, çeken mislidi. — Nähili ajaýyp görnüş! – diýip, men, bu gözelligiň içindäki gözellige uly kanagatlanma hem-de minnetdarlyk duýgusy bilen nazar aýladym. Göwnüme bolmasa, gözelligiň içindäki gözellikden ata-babalarymyzyň ruhy dowamatynyň güýji keşp alyp, kalbymy ýerine getiren ýaly boldy... Buýsançly duýgulary heýjanly ýüregimiň hakykatdan hem barlygyny men indi bütin süňňüm bilen duýýardym. Ol «gürs, gürs, gürs» edip, kükregimi ýarara getirip, batly hem erjel urup durdy. Men ýüregimiň sesine bäs gelibilmän: — Haýran Mejnun bolup çyksam çöllere, Baryp mesgen tutam sizi, daglar, heý! – diýip, gygyrdym. Daglar hem: — Heý, heý, heý – diýip, joşgunly ýaň bilen meniň heňime goşuldy... Çeşmesi: https://br.com.tm/sections/5/311. 26.10.2022ý. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |