04:09 Hemme gep orunbasarda / satiriki hekaýa | |
HEMME GEP ORUNBASARDA
Satiriki hekaýalar
Ussa Törnyýaz aga obanyň iň tejribeli dellegi. Saç-sakal aldyrmaga gelenler dünýä täzeliklerini şu ýerde eşidýärler. Obanyň aksakgaly Ysmaýyl Zakirow hem şu dellege saçyny aldyrýar. Bu gezek Törnyýaz aganyň gürrüňi başgaça boldy. Her iki gepiniň birinde «Bir märekäm bar», «Bir märekäm bar» diýiberdi. – Ussa, agzyňda aş gatyklama, näme kömek gerek? – Bi, aksakgal, bir goýun berseňiz, diýip sorap bilmän duruşym. – Bolýa, iki goýna arza ýazyp ber, rugsat menden. Törnyýaz aga begendi. Ertesi arza ýazyp edara barsa – aksakgal ýok. Ondan soňky günem ýok. Bir hepde geçirip ýene bardy. Kоmissiýa gelen eken, ýanyna eltmediler. Ussaň gahary gelip gapyň ýanyna barsa, aksakgalyň orunbasary Tohtamyrat Usanow çykdy. – Hä, ussa, edara näme iş bilen geldiňiz, gowlykmy? – Aksakgal iki hepde öň iki sany goýun berjek diýipdi. Arzam bilen geldim menem. Ýanyna goýbermediler. – Hany, maňa beriň arzaňyzy. Tohtamyrat aga arzaň depesine "ýaşula iki sany goýun berilsin" diýip gol çekdi. – Ynha, buhgalterden kwitansiýa alyp, ammara barsaňyz, berip göýbererler. Törnyýaz aga haýran galdy. – Bir hepdeden bäri aksakgalyň yzynda gezip ýörün. Hemme zady çözýän orunbasar eken. Ysmaýyl Zakirowyň bu işi orunbasaryna tabşyranyndan ussanyň habary ýokdy. Farmon TOŞEW, özbek ýazyjysy. Terjime eden Merdan HUDAÝGULY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |