04:07 Kelan babanyň duzhaltasy / satiriki hekaýa | |
KELAN BABANYÑ DUZHALTASY
Satiriki hekaýalar
Kelan baba Mirzaýew elli ýyl çopançylyk edip pensiýa çykan. Häzirem boş oturmazlyk üçin bäş-alty sany goýun bakýar. Kolhozyň iým ammary Kelan babalaryň ýanynda. Şonuň üçin hem ammar müdiri Sapar agalara haýyş bilen baryp. – Saparbaý, howa diýseň, toý başlamakçy bolýan. Goýunlar semränak. Azrak iým berermikaň diýip gelenim. Näme diýseňem, elli ýyllyk çopan men. – Wah babam jan, döwür ýaman. Bolýa azrak bolsa bereýin. – Dünýäni almajagym bell-ä, inim. Bir duzhaltam bar. Şony dolduryp alsam, boldy. – Bolýa-da, goýmadyňyz tizräk alyp gidiň ýöne. Ammar müdiri bir aýlanyp, gaýdyp gelse, Kelan baba hälem iým gaplap ýör. Seretse, duzhalta diýeni ganar ýaly bir zat eken. – Wä, babam jan duzhaltam bar diýipdiňiz-le. – Bilmedim, inim, daýzaň ýalňyşyp şu haltany beripmi ýa-da iými görüp haltam ulalyp gitdimi. Bolýa-laý, indi boldum, inim, gel bir haltany ýükleşip göýber. Şu gürrüňlerden bäri Karnabda biri başga birine zat bermekçi bolsa, «Haltaň Kelan babaň duzhaltasy ýaly dälmi?» diýip gülüşýärler. Farmon TOŞEW, özbek ýazyjysy. Terjime eden Merdan HUDAÝGULY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |