10:24 Şahyryň düýşi / satiriki hekaýa | |
ŞAHYRYÑ DÜÝŞI
Satiriki hekaýalar
Ol nähili ýadanda-da, nähili arak içende-de, mahlasy hiç-haçan bular ýaly gorkuly düýş görmändi. ...Bir mahal, dem almasy öz-özünden kynlaşyp başlady: özüni çüýşe gabyň içinde ýaly duýdy. Kellesini emelläp çykaran ýaly boldy. Emma barybir dem almasy kynlaşdy. Seretse, öz aýaly iki eli bilen bokurdagyny bogup dur. Ýa alhazar, öz aýaly?! – Hatyja, näme boldy, huşuň-zadyň ýerindemi. Göýber boýnumy, ölüp barýan! – Hä, edebiýata girmedik ýasama şahyr, diliň çykyp galdymy? Ölümden gorkýaňmy? – Näme üçin ýasama. Dört sany kitabym çykan... Demim gysyp gitdi, göýber. Waý, kömek ediň, adamlar... – Biderek gygyrma, hiç kim eşitmez. Ele salyp bilmän ýördüm özi: häzir elimi bir gyssam, O dünýäde bolýaň arak içip öldi, ýa ýüregi agyryp öldi diýsem hemme ynanýa. Şahyr bolanyň hemmesi O ýana şeýdip gidýä özi. – Dur, Hatyja, men saňa näme ýamanlyk etdim? – Näme, ýamanlyk etmek üçin başgalar ýaly her gün içip gelip goh turuzmak, bedenim gögerýänçä urmak şertmi? Nirä barsam, adamlar «Jüýki şahyryň aýaly geldi» diýip üstümden gülýeler . – Off, öýkenim ýapyşdy. Näme üçin "jüýki" bolýan. Mundan otuz ýyl öňdi o zatlar. Häzir adamlar tanaýa. Bilýäň-ä, kitabyma halk şahyrlary sözbaşy ýazan. – Bilýän, sözbaşyny nädip ýazdyranyňy, kitaby kimiň puluna çykardanyňam bilýen. Ol şahyrlara oturşşma berip, arkasyna don ýapsaň, seni özündenem ökde edip ýazyp bilýe. – Edil beýle-de däl. Özi adamlar goşgy okamasyny goýdy. – Adamlara dil ýetirme. Geregini, gowusyny alyp okap ýörler. Saňa meňzeş ýasama şahyrlaryňkyny bolsa bank başlygy, prokuror ýa ýene biri haýyş bilen, kitabyňy satyp ýörler. Özüm ýalňyşlaryny düzedip beren kitabyňy düýn kassirimiz aýlyga goşup özüme satdy. – Bolýa-da, şoňa şunçamy. Bogazymy göýber, şol puluňy häzir iki esse edip berjek... Iň bolmanda, bagşylaryň aýdym edip aýdan şygyrlaryny hasaba al. – Eeý, şo biderek bagşylarmy?.. Ene hüwdüsini eşitmän, manysyny bilmän, sazyny birinden ogurlap, saňa meňzeş bimaza şygryň soňuna «seni söýýän» diýen sözi goşup, 5-6 gezek gaýtalap aýdym edýeler-dä. Ýene-de bagşy-şahyr diýip gaýşaryşyňyza öleými?! – Hä, indi, hetdiňden aşma, heleý. Näme-de bolsa, adamlar her gezek «goşgyňyz gowy çykypdyr» diýýe. Biderek aýtmasalar gerek şular üh-he. – Adamlar-adamlar, diýýeň. Haýsy adamlar? Saňa meňzeşler olar. Senden peýda bolansoň «gowy» diýýeler. Näme, soňky kitabyňdaky goşgularyň ýarsyny neşirýatdakylar ýazyp berenini bilmemi olar? Olara pul töleseň boldy, bir emelläp çykaryp göýberýe. – Bogulyp gitdim. Eliňi aýyr, üh-he. Menden näme islegiň bar, özi? – Hä, ine indi özüňe geldiň. Ertirden başlap goşgy ýazmagy taşla. Başlyk men, pulum bar diýip ady kitap çykarýanlar ýetik sensizem. – Bolýa, goşgy ýazmasam hem günüm geçer. Eliňi aýyr. – Ýok, bu häli hemmesi däl. Sen şygyr dälisi bolan adam. Goşgy ýazyp däl, ony gazetlerde çykaryp keýp edýäň. Atly-atly gazetleriň sahypasyny pylan manada satyn alýaň. Ana şu işiňi hem goýmaly bolýaň. Neşirýatdan, gazetlerden goşgylaryňy gaýtaryp al! Şahyryň jany damagyna geldi. Bar güýjüni jemläp aýalynyň elini iterip goýberdi we ukudan oýandy. Hopugyp-hopugyp dem aldy. Şükür Allam. ... Şahyr gorkydan we sandyramadan penjiräň ýanyna bardy gözüni aýnadan düşüp durun günüň nurundan gandyrdy. Ýüz -gözüniň derini syrdy. Daş-töweregine seretdi. – Şükür Allam, düýşüm eken... Estagfirulla, beýle-de erbet şüýş bolar eken-ow... Görse, sagat sekizden geçipdir. Aýaly işe giden eken. Dürli hyýallar bilen stoluň başyna geçdi, stoluň üstünäki hata gözi düşdi: «kakasy, çagalar mekdebe gitdi, süýji ukuda ýatansoň, seni turuzmadym. Ertirlik aşhanada. Goşgularňyzy düzedip, maşynkadan çykaryp goýdym. Neşirýata alyp gitmegi ýatdan çykarmaň. Häzirlikçe hoş». Şahyr aýalynyň taýarlap giden ertirligini iýdi, papkasyny goltuklap daş çykdy. Görnüşinden bir karara gelene meňzeýär. Emma bu kararyň nämedigini menem bilemok. Belki, siz bilersiňiz.) Farmon TOŞEW, özbek ýazyjysy. Terjime eden Merdan HUDAÝGULY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |