14:20 Hile / satiriki hekaýa | |
HILE
Satiriki hekaýalar
Bu günki umumy ýygnagyň başlanyşy üzlem-saplamdy. Sebäbi edilýän çykyşlaryň hemmesi resmi, bir äheňde geçýärdi. şonuň üçinem yzdaky hatarlarda oturanlaryň pallaşyp başlanlary hem bardy. Ine, birden direktoryň orunbasary Güýç Kuwwadow söz alyp, märekäniň öňüne geçdi. Ol çalarak ardynjyrap, ösze başlady: - Ýoldaşlar! Biziň işimizde üstünlik ýok diýip biljek däl. Ýöne hakykatyň ýüzüne dogry seretmek gerek. Kemçilik tarapymyz agdyklyk edýär. Munuň sebäbi - bu ýerde ýüz görüp, gapyrga syryp oturmagyň hajaty ýok. Biziň direktorymyz Rüstem Zalowiç kollektiwe dogry ýolbaşçylyk etmegi başaranok. Ol ýaranjaňlary, desmalçylary ileri tutup, bderek ýere boş geplere gulak gabardýar! Bu bolsa janypkeş adamlaryň göwnüne degýär, işden elllerini sowadýar... Direktoryň orunbasary Güýç Kuwwadow böwedi böwsen suw ýaly, barha güýjäberdi. Hakyky ýygnak, ine, şondan soň başlandy. Çykyp geplejegem köpeliberdi. Olaryň birnäçesi Rüstem Zalowiçiň külüni-külüne garsa, başga birnäçesi, ähli günäni diňe direktoryň boýnuna atýanlygy üçin, Güýç Kuwwadowy ýepbekledi. Uzaga çeken ýygnak gutardy. Her kim öýli-öýüne dargaşdy. Gün batdy. Bu wagt Rüstem Zalowiç bilen Güýç Kuwwadowiç ikisi öňlerine kellebaşaýak çorbasydyr gaýrylary alyp, ümmüldeşip otyrdylar! Rüstem Zalowiç püre-pür bulgurlaryň birini eline alyp: - Berekella, Güýç Kuwwadowiç! Sen maňa işgärlerimiziň haýysynyň içiniň nähilidigini bilip berdiň. Men indi olary näme etjekdigimi bilýändirin! - diýdi-de, ýylgyryp, bulgury çakyşdyryp goýberdi. Iki adamyň batnyksyz gülküsi otaga ýaýrap gitdi. Durdy ATAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |