17:00 Derýaýew dymaýdy / ýumoreska | |
DERÝAÝEW DYMAÝDY
Satiriki hekaýalar
Derýaýewiň bu günler keýpi kökdi. Keýpi kök bolmaz ýaly hem däldi. Onuň direktorlyk edýän fabrigi önümçilik planyny aýba-aý artgy bilen ýerine ýetirýärdi. Uprawleniýeden bolsa sag bolsundyr berekella bary ýagyp durdy. Şonuň üçin hem onuň keýpi diýseň kökdi. Emma aýaly Maral onuň keýpine sogan dogrady oturyberdi. Bir gün Maral Derýaýewiň ýazzy maňlaýyna geçip oturdy-da: - Kakasy diýýän-ä, oglumyza köwüş alyp bermeseň-ä, bolar ýaly däl. Derýaýew öz gulaklarynyň eşiden zadyna ynanmajak boldy. Ol aýalynyň nurana ýüzüne çiňerilip seretdi. - Näme diýdiň? Maral sözüni gaýtalady. - Oglumyza köwüş alyp bermeli diýdim, köwüş! Köwüş! Elbetde, köwüş gerek. Onda-da mekdebe gatnaýan çaga gerek! Emma Derýaýewiň ogluna köwüş alyp bereli bäri entek salym geçmändi. Şonuň üçin hem aýalyndan: - Sen oňa köwşi düýn alyp bermediňmi näme? - diýip sorady. - Alyp berdim. Onuň eýýäm aşagyny gopardy! - Aşagyny goparan bolsa aýakýalaňaç gezibersin! - diýip, Derýaýew gaharly hem kesgitli jogap berdi. - Oňa günde bir köwüş alyp berip durar ýaly men millioner däl, heleý baý! - O bolmaz kakasy! - diýip, Maral onuň bu pikirine garşy çykdy. - Ol öýde aýakýalaňaç oňsa-da, mekdebe aýakýalaňaç gidip bilmez ahyry! - Aýakýalaňaç gidip bilmese, futboly azrak oýnasyn! - Ol düýn futbol oýnamasa näme, kakasy? - Onda länge oýnandyr-da! Tapawudy näme?! - Ýok, kakasy - diýip, Maral başyny ýaýkady. - Ol düýn länge-de oýnanok. Asla, ol düýn öýden çykanok. Derýaýewiň gahary geljek boldy, aýaly, oglunyň ýüzüni ýuwjak bolýandyr öýütdi. Şonuň üçinem ol azmly sorady. - Onda nädip aşagyny gopardy? Öz-özünden gopmadygyn-a bilýän! Maral gören zadyny görşi ýaly aýtdy. - Ol köwşüni öýde geýdi-de, iki ýana gezmeläp gördi. Şonda-da ýelimi açylyp, aşagy gopdy! Eger men muny gözüm bilen görmedik bolsam, ynanmazdym. Göreňsoň ynanmaly, alaç ýok. Maralyň bu jogaby Derýaýewiň gülküsini tutdurdy. - Aý, ýog-a?! Geýip görende gopaýdymy? Hawa, geýip görende gopaýdy! Derýaýewiň gülküsi has-da güýjedi. Ol gülküsiniň arasynda: - Bäh, ýaman gowy köwüş eken-ow! Haýsy fabrigiň önüm-aýt ol? - diýip sorady. Maral ýüz görüp durmady. - Siziň fabrigiňiziň önümi, kakasy sizizňki! - Hä?.. Näme?.. Derýaýew dymaýdy. Durdy ATAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 25.11.1967 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |