11:51 Ene watan | |
ENE WATAN
Goşgular
Arassa howaňdan erkin dem alyp, ýaşajyk nahal dek ösdüm Watanym. Derdime, gamyma senden em alyp, Topragyň ýüregme basdym Watanym. Çünki topragyňda ösýän güllerden, Mähriban enemiň ysy gelip dur. Her zaman ýüzümi sypap ýeller-de, Mylaýym demini ýa-da salyp dur. • NAHALYM Elime pil alyp oglan mahalym, Ömrümde ilkinji eken nahalym, Bu gün daglar bilen egnini deňläp, Otyr howlymyzda, otyr seleňläp. Tomusyň jöwzasy, gyş boragany, Sähel hem gorkuzyp bilmedi ony. Günsaýyn boý alyp, ösdi mazaly, Ýigitlik göwüniň ösüşi ýaly. Durdy ATAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |