21:09 Hojaguly | |
HOJAGULY
Goşgular
Nakyl bardyr owaldan: "Ýalançy hiç ýarymaz", Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly. Özüñ ýalançy bolsañ, işiñ uzak ýöremez, Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly. Hojaguly bir çopandy, topar goýun bakardy, "Möjek geldi, haw!" diýip, ýalan sözi çykardy, "Haý, ýetişiñ haraýma, goýny möjek apardy!" Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly. Meýdandaky daýhanlar şonuñ sözne ynanyp, Şol çopanyñ ýalanyn özlerine çyn sanyp, Topuldylar möjege öz işlerinden galyp, Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly. Kim goluna daş alyp, kimseleri taýakly, Kimse çarşagny alyp, kimseleri ýabakly. Kimiñ golunda gylyç, kimiñ goly pyçakly... Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly. Ýalan sözün çyn bilip, daýhanlar ýüwrüp geldi, Soradylar çopandan: "Hany möjek, ne boldy?" Aldanyp gelişlerne çopan şat bolup güldi, Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly. Soñra bir gün möjekler etdi goýna alaman, Taladylar sürini, özüne bir zat goýman, Gelmediler daýhanlar, çyn sözüne ynanman, Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly. Molladurdy. | |
|
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |