00:13 Howlugýaňmy? | |
HOWLUGÝAŇMY?
Goşgular
Gün-günden ulalýaň, oglum, Parhyna barýanam dälsiň. Aý, barjagam bolma şoňa, Bu duýgy bir mende galsyn. Ýatsaň-tursaň arzuw edýäň Basymrajyk ulalmany. Çyn eken günäsiz çagaň Arzuwnyň hasyl bolýany. Ösüp barýaň ers-mers bolup, Düýnki köwşüň bu gün kiçi. Asyl saňa dar görünýär Tutuş öýümiziň içi. Basymrajyk ulaljak-da, Ýazlyp-ýaýrap ýaşajaksyň. Ýaşajaksyň, Ýöne welin Şuny bilgin, köşejik sen. Ulalmaga howlukma-da, Çagalykda gal azajyk. Ululara bir nazar sal Çagalykda galagajyk. Arkasynda ýükli halta “Bir başly, müň işlileriň”. Güni pikir edişiňçe Däldir olaň hiç biriniň. Ine, olar ulalypdyr, Tüýs seniň diýýän ýaşyňda. Ýöne haýsy birin görseň, Sypalan bolup başyňdan, Gözügidijilik bilen Serederler saňa, bala. Şu aýdanym ýeterlikmi Ululary tanamaga?! Gyssanyp ýol alyp bolmaz, Wagty geler, ulalarsyň. Mekdep... Soňra uniwersitet, Bir gün kaka-da bolarsyň. ...Şu gün näme diýenimi Ana, sen şonda bilersiň. | |
|
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Garry söýgi — gamly söýgi / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |