01:41 Kitap aşyklary we kitapsöýüjiler | |
KITAP AŞYKLARY WE KITAPSÖÝÜJILER
Pedagogika we edep-terbiýe
Dilçi alym Jahyz we onuň ylma bolan söýgüsi Öz döwrüniň kitap aşygy el-Jahyz ylym öwrenmegiň yşkyna düşüpdi. Onuň kitap almaga puly bolmansoň, kitap dükanlarynyny kireýine alypdyr we gijelerine gapyny daşyndan gulpladyp, tä daň atýança kitap okamak bilen meşgul bolupdyr. Dilçi Jahyz ajal şerbetini hem, edil ýaşan ömri ýaly, kitaplaryň arasynda dadypdyr. Ol töwerek-daşyna kitaplary diwar ýaly örüp oturmagy endik edinipdir we ýarawsyz günleriniň birinde jilt-jilt kitaplaryň üstüne ýykylyp, dünýäden ötüpdir. IBNÜL-JEWZI WE ONUÑ WESÝETI Beýik alym Ibnül-Jewzi, durmuşynyň ýeke pursadyny-da boş geçirmändir. Ol tutuş ömrüni ylma sarp edipdir. Käbiri 20 jiltden ybarat bolan 340-dan gowrak eseri bize miras galdyrypdyr. Meşhur alym ylmyň ähli ugry boýunça kitap ýazypdyr. Eger-de, onuň ýazan eserleri ýaşan ömrüne paýlansa, her gününe dört depderden düşjek ekeni. Ibnül-Jewzi, ömri boýunça ylymlar bilen içgin gyzyklanypdyr we biri-birinden gymmatly eserlerini ýazmak üçin ulanan galamlarynyň ýonuşgalaryny ýygnapdyr, ölenden soň özüni ýuwmak üçin suwy şol ýonuşgalar bilen gyzdyrmagy wesýet edipdir. Beýik alym dünýeden ötüp, onuň wesýeti berjaý edilen mahaly ýonuşgalar onuň suwuny ýylatmaga ýetipdir. Ibn Rüşdi we kitap okalman geçirilen iki gije X asyryň beýik alymlaryndan biri-de Kordowa halyflygynda (Endülüs döwleti) ýaşap geçen Ibn Rüşddür. Onuň bütin ömri boýunça kitap okaman geçiren iki gijesi bolupdyr. Olaryň biri – öýlenen gijesi, beýlekisi bolsa kakasynyň aradan çykan gijesi bolupdyr. Orta asyrlar ýewropalylar üçin “Garaňky çag” bolsa-da, belli bir döwürden soňra okamaga başlan ýewropalylarda-da kitaphonlar köpelip ugrapdyr. Hatda könelip, zaýalanan, tegmil degen, elde tutup bolmajak derejä gelen kitaplary täzelemek işleri bilen meşgullanýan ylmy pudak hem döredilipdir. Bu pudagyň ady “bibliatrique/tıbb-ı kütüb” (“kitap medisinasy”). Iňlis we nemes kitap söýüjileri öz aralarynda şeýle karara gelipdirler: kitaplary ýorgan-düşekde okamagy, sahypasynyň gyralaryna bellik etmegi, täze kitaplaryň sahypalaryny goparmagy, eplemegi, arzan jilt goýmagy, sahypalary geçirmek üçin barmaklary öllemegi, kitaby nahar wagtynda okamagy, kitaby jiltleme işine ýaňy başlanlara kitaby jiltletmegi, kitap sahypalaryny barmak bilen kesmegi, ony çem gelen ýerde açyp goýmagy, üstüne çilim külüni gaçyrmagy, göze zyýan berýändigi üçin, okaýan mahalyň çilim çekmegi, köne kitaplaryň sözbaşysyndaky mahkukaty (oýulup ýazylan, haşamlanyp bezelen suratlary, ýazgylary) kesmegi, kitabyň sahypalaryna ýazgy ýazmagy, kitaplary ýüzüňe sylmagy, kitaplaryň arasynda gül ýa-da ýaprak guratmagy, kitaplaryň daşyna altyndan örtgi tutmagy, kitaplaryň üstüne asgyrmagy, sahypalary aýap saklamak üçin olaryň arasyna goýlan kagyzlary goparyp aýyrmagy, ähmiýetini ýitiren kitaplary satyn almagy, kitaplary hapa, köne esgi bölegi bilen süpürmegi gadagan edipdirler. Mundan başga-da, olary gap-gaç goýulýan şkafa, tumboçkalara(çalyşmaly) salmak, dürli-dürli kitaplary bir ýerde sahaplamak, onuň gurluşyny, her dürli bahana bilen içindäki kartalary çykarmak, kitaplary saç, iňňe bilen kesmek, sahaplanan wagty rus teletinini ulanmak, aýagy döwük stoluň ýa- da oturgyjyň üstüne kitap goýmak, pişikleriň ýa- da çagalaryň yzyndan kitap zyňmak, usullyk bilen açman, kitaplaryň arkasyny goparmak, peje ýa-da oda ýakyn bir ýerde kitap okamak, olary gämide ýa- da asma krowatlarda goýmak, kitaplary çyg, yzgarly ýerde saklamak, kitaplary açyk wagty bir-biriniň üstünde goýmak we üstüne kagyz goýup ýazmak, çagalaryň köp ulanýan suratlaryny kesip almak şol gadaganlyklaryň içine girizilipdir. 1777-nji ýylda Pariž kitaphanaçylarynyň biri jiltlerinden aýra düşen kitaplar barada bir gazet hem neşir edipdir. Kitap aşyklary, kitaplary diňe bir ýygnamak üçin däl, eýsem ylmy derňew işleri we hünärmenlik üçin hem alýarlar. Olara: “Munça kitaby name etjek?” ýa-da “Haçan okajak?” diýen ýaly soraglary berip bolmaz. Sebäbi olar kitaby derňemekde, başarjaň, ukyply adamlar bolansoň, elindäki kitaplaryň ählisini okandyklaryna hem-de her biriniň nädereje peýdalydygyny bilýändiklerine ynanmalydyrys. Ýusuf ÖMEROGLY. "Näme üçin okamaly" kitabyndan | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |