11:16 Kitap gurdy, kitap dälisi, kitap hassasy... | |
KITAP GURDY, KITAP DÄLISI, KITAP HASSASY
Pedagogika we edep-terbiýe
Kitap biziň medeniýetimiziň içinden şeýle bir eriş-argaç bolup geçipdir welin, kitap hakda, okamak hakda dilimizde birgiden aýtgylar (frazeologizmler) döräpdir. Muňa mysal edip «kitap gurdy», «kitaba gyzykýan», «kitaphon», «kitap dälisi», «kitap aşygy», «kitap hassasy» ýaly sözleri görkezip bolar. Onsoňam, daşary ýurt dillerinde «bibliýoman» diýip giňden ýaýran söz bar. «Bibliýoman» diýmek «kitap hassasy» diýmekdir. Ýagny “kitapsyz oňup bilmeýän”, “kitap bilen kesellän”, «kitap dälisi» diýmekdir. Bu sözüň Osmanly medeniýetindäki manysy bolsa, «mejänin-i kütüp”, ýagny “kitabyň mejnunlary” ýa-da “muhibbän-y kütüb”, bu bolsa “kitaby söýüjiler” diýmekdir. Indi bolsa, sizi kitap aşyklarynyň haýran galdyryjy dünýäsi bilen ikiçäk galdyrmak isleýäris: Kitap dälileri “Kitap dälileri” diýlen düşünje, aslynda, kitaphon, kitapsöýüji we durky-düýrmegi bilen kitaba berlen adamlar üçin ulanylýar. Köp kitap okaýan adama “kitabyň dälisi” diýip bolar. Muny islendik adam özünde synap görüp biler. Ýöne “kitap dälisi” diýlen düşünje başga manylarda hem ulanylýar. Şu aňlatma bilen kitabyň daşky görnüşine, maddasyna, onuň gadymylygyna bolan hormatyň göz öňüne tutulýan ýeri hem bar. Kitap dälileri kitap söýüjilere meňzemeýärler. Olar diňe kitap ýygnamak bilen meşgullanýarlar. Olaryň poçta nyşanlaryny, aýakgaplary, şybygy (temmäki çekmek üçin ulanylýan uzyn naý), haşamly agaç önümlerini, ýumurtgany ýygnamak bilen meşgullanýan adamlardan kän parhy ýok. Kitap dälileri kitabyň içki many-mazmunyna hiç hili üns bermeýärler, olar diňe kitabyň maddy gymmatyna we seýrek duşup-duşmaýanlygyna üns berýärler. Kitap söýüjiler kitaba bolan söýgülerini jylawlamagy başarman, hetden aşsalar, “kitap dälisi” adyny almakdan gutulyp bilmezler. Mysal üçin, Lord Spenser atly bir iňlis Rimde bir ýyllap gadymy basma ýazgylary ýygnap ýörşüne, hiç ýere aýlanmandyr. Hatda Watikan saraýyna, Rimiň meşhur, täsin, görüp bolaýjak taryhy owadan eserlerini synlaman öz ülkesine gaýdypdyr (1473ý). Kitap dälileri hiç kime amanat kitap bermeýärler, hiç kimiň kitabyndan- da peýdalanmaýarlar. Kitaphanalara girmeýärler. D.Alembert astronomiýa degişli bir kitabyň dälilerinden biri hakynda gürrüň berýär. Ol adam bu kitabyň bir harpyna-da düşünmeýän ekeni. Saint Simon (1760- 1825) ýatlamalarynda Kont Istre atly bir adamyň elli iki müň bäş ýüz jilt kitaba eýe bolsa-da, hiç hili okap bilmeýändigini aýdýar. Kitap satuwy (artdyryp satmak – auksion), kitap dälileri üçin iň uly pursatlaryň biridir. Bir gezek kitap dälileriniň birinden başga bir kitap dälisi kitap alyş- çalyş etmegi teklip edende, ol adam garşy çykypdyr. Şonda soran adam: “Nesip bolsa, mirasyňdan alaryn” diýipdir. Kitap dälileri pul töläp, kitap almak üçin baýlyklaryny-da, özlerini-de heläk edip bilerler. Hatda namyslaryny-da howp astyna salyp bilerler. Iňlis lordlarynyň biri Ser Edward Jeran kitap ogurlap, bellentgi bolupdyr. Ol bir gezek Nord Serland köşgünden kitap ogurlap barýarka, ony aýaly tutupdyr. Bir gezegem Parižde dürli dillerde çap edilen bir Injili ogurlanda ele düşüp, iki ýyl zyndanda oturypdyr. Liberi atly biri bolsa, şol wagta çenli görülmedik täsin usul bilen Pariž kitaphanalarynyň ählisinden dürli golýazmalary, seýrek duş gelýän kitaplary ogurlap, daşary ýurtlara satypdyr. “Kitap dälisi” diýen söz düzümi, her näçe, ýokarda agzalan aýratynlyklary bolan adamlar üçin aýdylan hem bolsa, onuň biziň medeniýetimizde-de şeýledigini kabul etmek mümkin däl. Sebäbi bizde kitapsöýüjilere-de “kitap dälisi” diýýärler. Kitap duşmanlary Kitap örän gymmatly baýlykdyr. Ol baýlygy okamazlyk hem-de ýok etmek örän uly ýalňyşlykdyr. Geň ýeri, taryhda kitaplary ýakyp ýok edenlerem bolupdyr. 1933-nji ýylda faşistik Germaniýada dabaraly ýagdaýda kitap ýakma däpleriniň geçirilendigi hemmämize mälimdir. Emma wagtyň geçmegi bilen şuňa göz ýetiripdirler: “Kitaplaryň ýakylan ýerinde, biraz wagt geçensoň, ynsanlaram ýakylar”. Birnäçe sebäplere görä, ideal pikirleri beýan edýän kitaplaryň köpüsi syýasat, ahlak we beýleki taraplardan howply hasaplanypdyr hem-de bu hili kitaplar kilisäniň başda durmagynda, döwlet we dürli guramalar tarapyndan ýazgarylypdyr, gadagan edilipdir. Bu kitaplary ýazan ýazyjylar bolsa adamlary dinsizlige, dönüklige we ahlaksyzlyga çagyrýar diýen bahanalar bilen örän agyr jezalara sezewar edilipdir. Şol kitaplaryň arasynda, elbetde, gadagan edilmäge laýyk kitaplar hem bolupdyr, ýöne olar bilen bir hatarda beýtmäge dözüp bolmajak kitaplar hem gaty kän eken. Taryhyň sahypalarynda kitaphanalaryň ýakylyp, küle döndürilendigi, hatda beýik danalaryň, alymlaryň diriligine topraga gömülendigi baradaky maglumatlara hem gabat gelinýär. Yslam dünýäsiniň belli syýahatçysy Ibn Batutanyň ýazmagyna görä, 1258-nji ýylda mongollar Bagdatda ýigrimi dört müň sany ylym bilen iş salyşýan adamy öldüripdirler. Munuň bilenem çäklenmän, olar şäherdäki kitaphanalardan ýüz müňlerçe kitaby çykaryp, Tigr derýasyna zyňypdyrlar, kitaplaryň köplüginden ýaňa derýada bir bent emele gelipdir. Mongollar derýanyň joşmasyndan ätiýaç edipdirler we şonuň üçin galan kitaplary otlapdyrlar. Hawanig-No Hytaý diwaryny gurdurandan soňra, Hytaýdaky bilim we medeniýetiň öz döwründen başlanýandygyny görkezmek üçin, özünden öňki döwürde ýazylan zatlaryň ählisiniň ýakyp, ýok etmeli diýip buýruk beripdir, döwrüniň iň meşhur 400 sany bilimdar, sungat işgärini diriligine gömdüripdir. 1933-nji ýylyň 10-njy maýynda talyplar musaýy – ýewreý dinine uýýan ýazyjylar tarapyndan ýazylan 25.000 kitaby bir ýere üýşürip, Berlin unwersitetiniň öňünde ýakypdyrlar. Hatda degişli maglumatlara görä, çisňeýän ýagşyň astynda güýçlenen bu alawlary 40.000 kişi synlap duran eken. Soňra bu oduň alawlaryna seredip duran 5000 sany mýunhenli talyplara şeýle diýlip ýüzlenilýär: “Nemes duşmanlary bolan kitaplary ýakan bu ot siziň kalbyňyzda watan söýgüsini tutaşdyrsyn”. Otda ýakylan eserleriň arasynda Maksim Gorkiý, Karl Marks, Sigmund Freud, Ernest Hemingueý, Troskiý, Alfred Adler, Lenin, Albert Eýnşteýn... ýaly tanymal kişileriň kitaplary hem bardy. Ýöne kitap ýakanlar bir zada düşünmändirler: hiç kimem isleýşi ýaly pikirlenmek we ynanmak azatlygyndan ýüz öwürmez. Başgalaryň pikiri, käbir adamlaryň düşünjesine gabat gelmeýän hem bolsa, olary bu zäherlerden daşlaşdyrjak başga çärelere ýüz urmaly. Hatda olardan dynmak üçin kitaplaryny ýakdyran adamlar, gaýtam, olaryň hasam meşhur bolmagyna sebäp bolupdyr. Kitaplary gaty köp dile terjime edilen adamlaryň arasynda öz döwründe kitaplary gadagan edilen adamlaryň barlygy bizde ýaňky gelen netijämiziň dogrulygy barada ynam döredýär. Ýakyn geçmişimizde gadagan edilen kitaplaryň arasynda Risale-i Nur Külliýaty-da, her näçe gadagan edilen hem bolsa, häzir ol iň köp okalýan eserleriň birine öwrüldi. Ençeme gezek kazyýet tarapyndan derňelip, içinden şübhelenere hiç-hili delil tapylmadyk bu kitaplary, elbetde, ýokarda ady agzalan, gadagan edilen kitaplar bilen bir hatarda goýup bolmaz. Taryhda gadagan edilen kitaplaryň arasyndan Risale-i Nuruň eserleriniň birentegi bilen tanyşmagymyz bolsa ykbalyň bize gülüp bakmagynyň nyşany bolsa gerek. Osmanlydan soňra kitaba beren (bermedik) ähmiýetimiz Kitap aşyklaryndan bolan Peýamy Safa 30- njy ýyllarda Osmanlydan soňra ýurdumyzda kitabyň ýagdaýy barada şeýle gürrüň berýär: «Türkiýede kitap ýaly gadyrdan gaçan başga hiç zat ýok bolsa gerek. Hamidiýe suwy däl, çilimiň galyndysy, kirli sary giden esgi, köne köwüş, boş çüýşe, gurluşykdan galan zyňyndylaryň içinden çykarylan döwük tagta ýa-da demir bölekleri kähalatda öz agramyndan agdygrak baha satylýar, şolaryňam alyjysy tapylýar. Emma kitap bar-a, şu bagtygara kitap, görgüsi ýaman kitap welin, ýerde ýatyşyna, itiň tezegi bilen deň derejede görlüp, aşagyna bir bölek mata ýazylman bazara çykarylýar. Öz ylymlaryny, edebiýatlaryny dabanlarynyň derejesinde gören, beýnisiniň iýmitini ýerde süýräp ýören bir halkda kitabyň abraýynyň iň bolmanda dükanlarda iki metr belentlikden asylan sübsäniňkiçe-de däldigini aýtsa bolar. Ýazuwyň täzesi-könesi, ýazyjynyň beýigi-pesi, eserleriň gündogarkysy-günbatarkysy, ýazylan ýa-da terjime edilen, ýazuwyň, ýazarlygyň we hiliň her dürli görnüşi aýak astynda. Mähriban ildeşim! Bu betbagtçylygyň aňyrsynda bir duşmanyň topraklarymyzy eýelemegi ýaly gorkunç howp gizlenip ýatyr. Mähriban ildeşim! Uly-uly apatlar, kitabyň gadyr-gymmatyny bilmeýän milletiň bütin galkynyş hereketlerini ýok eder. Mähriban ildeşim! Gowy-erbet, degerli-degersiz, ýazylan- terjime edilen näme bolsa bolsun, bu kitaplardan paýyňa düşenini al. Ýorganyňy sat, ýöne al, olaryň mertebesini galdyr!» Kitabymyzyň ikinji bölüminde ýakyn geçmişde kitabyň we okamagyň ünsden düşürilmeginiň döreden netijelerini we çekilen zyýanyň statistikasyny aýdyň görersiňiz. Ýusuf ÖMEROGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |