ORTA ASYRLARDA ÝEWROPALYLAR WE KITAPLAR.
Orta asyrlar ýewropalylar üçin "Garaňky çag" bolsa-da, belli bir döwürden soňra okamaga başlan ýewropalylarda-da kitaphonlar köpelip ugrapdyr. Hatda könelip, zaýalanan, tegmil degen, elde tutup bolmajak derejä gelen kitaplary täzelemek işleri bilen meşgullanýan ylmy pudak hem döredilipdir. Bu pudagyň ady "bibliatriqe/tıbb-ıkütüb" ("kitap medisinasy").
Iňlis we nemes kitap söýüjileri öz aralarynda şeýle karara gelipdirler: kitaplary ýorgan-düşekde okamagy, sahypalarynyň gyralaryna bellik etmegi, täze kitaplaryň sahypalaryny goparmagy, eplemegi, arzan jilt goýmagy, sahypalary geçirmek üçin barmaklary öllemegi, kitaby nahar wagtynda okamagy, kitaby jiltleme işine ýaňy başlanlara kitaby jiltlemegi, kitap sahypalaryny barmak bilen kesmegi, üstüne çilim külüni gaçyrmagy, göze zyýan berýändigi üçin okaýan mahalyň çilim çekmegi, köne kitaplaryň sözbaşysyndaky mahlukaty (oýulyp ýazylan, haşamlanyp bezelen suratlary, ýazgylary) kesmegi, kitaplary ýüzüňe sylmagy, kitaplaryň arasynda gül ýa-da ýaprak guratmagy, kitaplaryň daşyna altyndan örtgi tutmagy, kitap üstüne asgyrmagy, sahypalaryny aýap saklamak üçin olaryň arasynda goýlan kagyzlary goparyp aýyrmagy, kitaplary hapa, köne esgi bilen süpürmegi gadagan edipdirler.
Mundan başga-da, olary gap-gaç goýulýan şkafa, tumboçkalara (çalyşmaly) salmak, dürli-dürli kitaplary bir ýerde sahaplamak, onuň gurluşyny, her dürli bahana bilen içindäki kartalary çykarmak, kitaplary saç, iňňe bilen kesmek, sahaplanan wagty rus teletini ulanmak, aýagy döwük stoluň ýa-da oturgyjyň üstünde kitap goýmak, pişikleriň ýa-da çagalaryň yzyndan kitap zyňmak, usullyk bilen açman, kitaplaryň arkasyny goparmak, peje ýa-da oda ýakyn bir ýerde kitap okamak, olary gämide ýa-da asma krowatlarda goýmak, kitaplary çyg, yzgarly ýerde saklamak, kitaplary açyk wagty bir-biriniň üstünde goýmak we üstüne kagyz goýup ýazmak, çagalaryň köp ulanýan suratlaryny kesip almak şol gadaganlyklaryň içine girizilipdir.
1777-nji ýylda Pariž kitaphanaçylarynyň biri jiltlerinden aýra düşen kitaplar barada bir gazet hem neşir edipdir.
Ýusuf ÖMEROGLYNYÑ "Näme üçin okamaly" kitabyndan bölek.
Taryhy makalalar