22:36 Iki arakhor | |
IKI ARAKHOR
Goşgular
Şäher... Hümer... Dar trotuar... Döwrana duş geldi Eldar. Ikisem hor, Ikisem har, Ikisem süpük arakhor... - Essalawmaleýkim, Döwran! - O-how! Neneñ hal, güzeran?! - Hal harap, dost, sazlaşyk ýok! - O nähili, düşünemok? - Arak bolsa, höregim ýok, Hörek bolsa, aragym ýok... - Aý onda, dost, men bagtyýar, Maña baky sazlaşyk ýar: Tünegimde ne-hä çörek, Ne-de dostum, arak... Bar! • HEMME BILÝÄNDIR - Doktor, şübhe bar mende, Berhizläp nan-höregin, Bejerdiñiz böwregin, Emma welin o bende Öldi tutup ýüregin?! Indi hiç-le teselli... - Ýok, ýok, agam, ynanmañ, Meñ bejerýän kesellim, Şo dertden hem ölýändir!.. Ony hemme bilýändir! • ÝOL ÜSTÜNDE - Nämüçin sen meni mydam Tankytlap ýörsüñ, Atam? - Gulluk edýäñ "iki tañra", Onsoñam özüñ ýañra!.. - Ýalan! O nähili "iki tañra?" Şo bir işim, bir edara, Ynanmasañ, bar-da sora... Aýt indi, goýma añra! - Biri - Haýra! Birem - Şere!.. Birinjä ujypsyzja, Soñka-da ýop-ýoñsuzja!.. • OTUZ IKI DIŞ - Okuwmy gutarsam, kaka şeýdäýjek, Ýürek doktorlyga okuwa gidäýjek, - Ýok, onyñ hatar iş, Diş doktor bolaý! Adamda bir ýürek, otuz ikem diş! Bolýandyr, jan ogul, şony sen biläý! * * * Kimkä şunça ejir çeken, Bu saz eserler üçin?!. Aperin! Tüýs eser eken, Gulagy kerler üçin! Men-ä, inim, telpek goýdum, Arman, gulagymam ýoýdum! Anna MUHADOW. | |
|
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 30.09.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |