12:22 Eli egrä | |
ELI EGRÄ
Goşgular
Eseriñ öwgä mynasyp, Iblise çokunypsyñ!.. Siñe bakdym, añdym señ del Mülke aýak sekeniñ. Oljañ bezäp goşgyñy: Ýöne, haýp, çekinipsiñ: Bölüp-büçmän hemmesini, Alaýmaly ekeniñ! II. Her egniñde bir ylham: Onuñ biri edebiýat! Her egniñde bir ylham: Onuñ birem - plagiat! Biri seniñ sogabyñ - Adalatly dogrulyk: Birem seniñ günähiñ - Ol ysnatly ogrulyk! Ol ylhamlañ haýsyna Bagly borka kysmatyñ? Ol kemallañ haýsyna Gol bererkä hyzmatyñ?.. Pähim - ýardyr her zada!.. Gadymdan gelýän kada: Dogruluk hak, Galplyk nähak! Hakykata - ak ýol! Nähaka - ýok ýol! Anna MUHADOW. | |
|
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Pyragyny okasañ! / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |