IKI KESELI NÄHILI TAPAWUTLANDYRMALY?
«Bir gezek ýakyn goňşymyň döşünde agyry döräp, garyn töweregine ýaýrady. Biz onuň ýüregi agyrýandyr öýtdük. Ýöne «Tiz kömegiň» lukmany ýüregini diňläp, garyn töweregini barlandan soň, pankreatit keselini güman edip, syrkawa derman içirdi we oňa gastroenterolog lukmana ýüz tutmagy maslahat berdi. Pankreatitiň tutgaýyny ýüregagyrydan nädip tapawutlandyrmaly?»
Hurma MÄMMETSÄHEDOWA,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby.
Gözel ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, dosent:
— Pankreatit aşgazanasty mäziň gaýnaglamasydyr. Onuň ýiti we dowamly görnüşleri bolup, ikisinde-de birmeňzeş alamatlar ýüze çykýar. Bu keseliňdöremeginiň 3 sany esasy sebäbi bardyr:
1. Ýagly, gowrulan, ajy, ýiti tagamly önümleriň we alkogolly içgileriň köp ulanylmagy.
Agzalan önümler bilen alkogolly içgiler bilelikde ulanylanda pankreatitiň ýüze çykmak ähtimallygy has ýokarlanýar.
2. Bedene zor salýan agyr zadyň göterilmegi.
3. Aşgazanasty mäze urgynyň alynmagy (agyr zat bilen urulmagy ýa-da nähilidir bir betbagtçylykly hadysa, meselem, köçe-ulag hadysasy) zerarly mäziň şikeslenmegi.
Pankreatit ilkinji gezek ýüze çykanda ýiti başlanýar we tutgaý tiz-tizden gaýtalanyp duranda dowamly görnüşe geçýär. Dowamly pankreatit wagtyň geçmegi bilen ýene-de ýitileşip bilýär. Bu ýagdaý lukmançylykda «dowamly pankreatitiň ýitileşme döwri» diýlip atlandyrylýar. Dowamly pankreatitiň gowşan döwründe kesel alamatlary onçakly bildirmeýär. Pankreatit keselinde ýüze çykýan agyryly tutgaý käte ýürek myşsasynyň nekrozynyň (jansyzlanma) emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýän miokardyň infarktynyň gastroabdominal (garyn) görnüşinde döreýän tutgaýy ýatladýar. Ýöne ünsli seredilende, bu keselleri bir-birinden tapawutlandyrmak kyn däldir.
1. Pankreatitde ýiti agyry epigastral töwerekde, döş süňki bilen göbegiň aralygynda ýüze çykýar. Guşak görnüşli agyry göbekden ýokarda başlanyp, çep we sag taraplara ýaýraýar we arka, oňurga töweregine berýär. Miokardyň infarktynyň gastroabdominal görnüşinde bolsa, hanjar sokulýan ýaly güýçli agyry döş töwereginde, aşgazanyň deňinde döreýär. Agyry käte çep ele berýär. Aýratyn hem, çep eliň külembike barmagy güýçli agyrýar.
2. Agzalan keselleriň ikisinde-de näsagyň gusmagy mümkin.
Ýöne pankreatitde ýap-ýaňy kabul edilen önümler gusuk bilen daşary çykýar. Miokardyň infarktynyň gastroabdominal görnüşinde bolsa, gusukda diňe bir ýakynda iýlen önümleriň däl-de, 3-4 sagat öň iýilen iýmitiň hem bölejikleri görünýär.
3. Panktreatitde garyn ýellenýär (meteorizm), içiň geçmegi mümkin. Miokardyň infarktynyň gastroabdominal görnüşinde içgeçme alamaty ýüze çykmaýar. Iç ýellenme alamaty bolsa, pankreatitdäki ýaly tutgaý tutan dessine däl-de, eýsem, 2-3 günden soň peýda bolup bilýär.
4. Pankreatitde ýürekde üýtgemeler ýüze çykmaýar. Ultrases barlagy (USB) aşgazanasty mäziň ulalandygyny, çişendigini görkezýär. Miokardyň infarktynyň gastroabdominal görnüşinde elektrokardiografýa (EKG) barlagy ýürekde üýtgemeleriň ýüze çykandygyny görkezýär.
5. Pankreatitiň tutgaýy tutanda näsag agyrydan ýaňa ynjalykdan gaçýar. Ol özi üçinoňaýly, agyry azalar öýdýänýagdaýyny tapmaga synanyşýar: kä sag, kä çep tarapyna öwrülýär, kä arkan, kä ýüzün ýatýar, çabalanýar, top ýaly «togalanýar». Miokardyň infarktynyň gastroabdominal görnüşine duçar bolan syrkaw ysgyndan gaçýar, aýaklarynyň üstünde durup bilmän ýykylýar, demi tutulýar. Agyry onçakly güýçli bolmadyk ýagdaýlarda näsag çydamaga çalyşýar. Ýöne eger, nekrozly meýdanlar uly bolup, kardiogen şok ýüze çykan bolsa, onda ol huşuny ýitirýär.
6. Pankreatitde käte agyryny aýyrmak ýa-da azaltmak üçin fermentler toparyna girýän dermanyň, meselem, pankreatiniň, festalyň ýa-da kreonyň 2 tabletkasyny kabul etmek ýeterlik bolýar. Miokardyň infarktynyň gastroabdominal görnüşinde öň kömek eden nitrogliserin onçakly täsir etmeýär. Ýöne bu derman kabul edilenden soň agyrynyň sähelçe köşeşmegi mümkin. Bu keselleriň ikisinde-de derman içmek bilen oňmaly däldir. Pankreatitde gastroenterolog ýa-da hirurg lukmana, miokardyň infarktynyň gastroabdominal görnüşinde bolsa, kardiolog lukmana ýüz tutup, anyklaýyş-bejeriş işleriniň geçirilmegini gazanmak hökmandyr.
Syrkawyň özüni alyp barşynyň bejerginiň netijesine gös-göni täsir edýändigini ýatda saklamaly. Stres döredýän ýagdaýlardan, bedene artykmaç fziki agram salmakdan gaça durmaly, zyýanly endiklerden daşda bolmaly, dogry iýmitlenmeli. Lukmanyň maslahaty bilen ber- hiz tutmaly. Pankreatitde sarygülüň (zweroboý) we ýandagyň gülle- rinden, atgulagyň (podorožnik) ýapraklaryndan, itburnuň (şipownik) miwelerinden taýýarlanylan melhemlikleri, ýürek kesellerinde alyçyň (boýaroşnik) miwesiniň, narpyzyň ýapraklarynyň, waleriananyň otunyň melhemliklerini ulanmaly. Ýurdumyzyň şypahanalarynda saglygyňy dikeltmeli, aşgazan-içege kesellerinde Berzeňňi, Arçman, Ýyly suw, Daşoguz, ýürek kesellerinde Baýramaly, Farap şypahanalarynda dynç almagyň kömek edýändigini ýeri gelende bellemeli.
Biziň bilen 43-85-28 belgili telefona jaň edip, habarlaşyp bolýandyr.
Medisina