08:32 Iň soňky hat | |
IŇ SOŇKY HAT
Oýlanmalar
Ol gün gözlerimden gaçýan hünjüler ne seni birahat etdi, ne-de meni. Sebäbi ol gözýaşlarda buýsançdan artyk hiç hili duýgy ýokdy, ne gam bardy, ne-de alada. Sen Watan öňündäki gulluk borjuňy berjaý etmek üçin barýardyň. Seni bu mukaddes ýola barýarkaň ugratmak kalbymda üýtgeşik duýgy otarýardy. Iki ýylyň aýraçylygy gözüme görünmez derejede buýsanypdym şol gün. Wokzalda seniň ýaly Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý etmek üçin şaýlanan “esger” adyna mynasyp bolan oglanlar müňlerçedi. Ýöne sen barybir göwnüme Watanymyza wepaly ýigitleriň başydyň. Hawa, iki ýyl haýal geçýän ýaly bolsa-da, şeýle ýakymly pursatlara bezedi ömrümi. Esger hatyna intizar bolmak, soňam aýda bir gezek gelýän haty okap bagryňa gysmagam bagt berýän eken ynsana. Arzuwlaryň gujagynda bigam bagtyňa garaşmakdan ötri dünýäniň neneňsi lezzeti bolup biler?! Ýazýan hatlaryňy gitmeziňden öň sowgat eden gül bilen bezelen gutujykda üýşürip gün sanaýardym. Hatlaryň sany köpeldikçe, seniň gelmeli günüň golaýlaýardy. Her aýda bir hat. Bir gezekki hatyňda ýazan goşgyňy “Esger” gazetinde çap edipdirler. Okap gaty begendim. Okuw gutaryp ýylyň ahyrynda tabşyrylmaly synaglar başlandy. Seniň gelmeli günüň barmak basyp sanardan kän bolsa-da, golaýlapdy. Gutujygymyň gapagyny ýapara maý bermejek bolýan hatlar (ählisiniň mazmunyny ýatdan bilýän hatlarym) indi günde ýene bir gezek okalmaga başlanypdy. Şygyrlar bilen bezelen ak kagyzyň ýüzünde barmaklaryň yzy galan misli ezizdi bu hatlar. Ine, bu günem hat geldi. Iň soňky 24-nji hat. Ýene sanlyja günden Watan öňündäki gulluk borjuňy sag aman dynyp öýüňize dolanýanyňy ýazypsyň. Gözlerime nem indi. Näme üçindir iki ýyl birsalymda geçip, indi geçmeli günleriň agramy gerdenime ýük bolup oturan ýaly boldy. Göz öňüme gelen şol merdana esger keşbiň kalbymdaky küýsegimi alawlatdy. Iň soňky haty salamdan soň gutujygymyň gapagyny ýapyp goşlarymyň arasynda gizledim. Synaglary sag-aman sowup, öýe baramda gapyňyzdaky şagalaňa üýşüpdir hemmeler. Ejemem “Pylan gelnejäň ogly gullukdan gelipdir, esger toýy edýärler, menem bir “gözüňiz aýdyň” diýip geleýin” diýip size gitdi. Iň soňky ýazan hatyňy gursagyma gysyp oturyşyma sag-aman öýüňe dolanynyňa begendim. Bu gysgajyk hatymy sen belki, hiç haçanam okamarsyň, belki, bir gün okamagyňam ahmal. Ýöne bu meniň saňa ýazan iň soňky hatym bolar. Sebäbi sabyr bilen aýralygy ýeňen kalbymyz indi aýra galmajagyna ynanýaryn. Watanyny jany-teni bilen goraýan merdana esgere ykbalyňam arkaýyn ynansa bolar ahyry. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milki dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |