15:26 Intellektual we diktator! | |
INTELLEKTUAL we DIKTATOR!
Publisistika
Diktatorlyk ilkibaşda belli bir derejede üstünlik getirse-de, ahyrsoñunda ullakan nul we betbagtçylykdyr! Illýustrasiýa: Usame Hajjaj Käbir arap ýurtlary agyr ýollary geçdi. Mysal bermeli bolsa, Ýemen, Liwiýa, Yrak, Siriýa dürli derejelerde totalitar we diktatura režiminde dolandyryldylar. Munuñ bilen birlikde diktaturalar medeniýetlidiklerini öñe süren "kömekçileri", şol bir wagtyñ özünde bu režimleri el çarpyp goldan, şolañkyny dogry eden we edenlerine sesini çykarmadyk şaýatlary bolan hökümetler hökmünde-de häsiýetlendirilýär. Elimde diktaturalary görkezýän ähli mysallara degjek başga bir mysalym bar, olam Sadun Lewlahyñ ýatlamalary. Sadun özünde hiç hili kemçilik ýokdugyna garamazdan, öz aýtmyşyndan familiýasy Lewlahdan utanandygy üçin ony Hammadä öwrüpdir. Ýakyn wagtda (2022) Katardaky 'Arap ylmy-barlag we syýasy işleri merkezi" tarapyndan çap edilen bu ýatlamalar awtoryñ Yragyñ BAAS partiýasynyñ agzasy we ygtyýarlysy, şeýle-de Yrak döwletinde birnäçe ýokary ygtyýarly wezipelerde işlän biri hökmünde syýasy işlerinden toplan tejribelerini öz içine alýar. Kitabyñ girişinde awtor "hakykatlary aýtmakçydygyny" ýazýar, ýöne sözüniñ dowamyna şuny goşýar: Hemme bilýän zadyñy aýdyp bolmaýar! Şeýle diýmek bilen ol "bilýän" we "aýdyp boljak" zatlarynyñ arasyny bölýär! Gündogardan Günbatara dünýä liderleri bilen geçiren duşuşyklary barada gürrüñ berýändigine garamazdan, onlarça gezek duşuşan kuweýtli syýasatçylarynyñ ýekesiniñem adyny agzamaýar! Umumy synymyz awtoryñ ýatlamalarynda "hakykaty aýtmagy ýatdan çykaranlygy" boldy. Çünki kitabyñ dowamynda "ABŞ-nyñ Yrak okkupasiýasy" kesgitlemesi berende (bu onuñ hukugy)n okkupasiýa sözüniñ ýerine birnäçe gezek "Kuweýte girmek" sözüni ulanýar! Beýrut Amerikan unuwersutetindäki ilkinji synanyşyklarynyñ gürrüñini edýär we BAAS partiýasynyñ birinji emele gelmeleri barada aýdýar. Beýleki bir ýandan nasionalistleriñem gürrüñini edýär. Juda hormatlaýan Jorj Habaş, Wedi Haddad dagyny agzaýar, emma üçünjilerini - doktor Ahmet el-Hatibi, belki-de, kuweýtli bolandygy üçin doly görmezlige salýar! ABŞ-daky geçiren günlerini ýatlaýar we "ol ýerdäki hoşniýetli ruh, özgäni ykrar etme we demokratiýa gözüme dürtülip durdy" diýýär, emma "ABŞ-ny halamaýaryn!" diýibem sözüniñ üstüni ýetirýär. Abdylkerim Kasymy gazaply tankyt edýär, Abdysalam Arif hakda "žargon söz leksikonyny" ulanýar. Bir ýandanam BAAS partiýasynyñ ganatlarynyñ arasyndaky ganly göreşiñ gürrüñini berýär. Kasym bilen BAAS-yñ arasyndaky düşünişmezligiñ üstünde durup geçýär. Kasymyñ Müsür bilen "konfederal bileleşik", BAAS-yñ bolsa "derhal" bileleşik isländigini aýdýar. Emma awtoryñ özüniñem gatnaşan uzak wagtlyk BAAS häkimiýetiniñ dowam eden ýyllarynda elbetde "milli bileleşigi" ýola goýup bolmady. Partiýanyñ Kasymdan soñ häkimiýete gelen badyna eden ilkinji işi möhüm adam hukugyny, ýagny "mirasda aýalyñ erkek bilen deñligini" aradan aýyrmak boldy! Awtor şärikdeşlik eden häkimiýet ýyllarynda "maýyşgaklygy" ündeýän ýaly Yrakdaky monarhiýa hökümetini tankyt edip, "maýyşgaklykdan binesipdigini, çünki oppozisiýany oñlap, oña ýol açan bolanlygynda yrak jemgyýetiniñ tebigy ýagdaýda ösjekdigini we rewolýusiýa mätäçlik duýmajakdygyny!" aýdýar. Hasam beteri özüne çapraz ýaly ýagdaýda kitabynyñ başga bir ýerinde BAAS partiýasynyñ garamagyndaky "Milli gwardiýanyñ" kommunistleriñ "köküni köwleme" hereketlerini öwýär! Şärikdeş häkimiýetini örän çekinjeñ çemeleşme bilen şeýleräk tankytlaýar: "Häkimiýete gelip bäsdeşlik aradan aýrylanda, jogapkärçilikler birigende, käbir bähbitler ulalanda, serediji hereketler köpelende janlylygyñ körelendigiji we inisiatiwa kemterligini duýdum". Awtor tejribelerine goldanyp (şu boýunça oñky dogry), şeýle diýýär: "Biz araplar düşünişmezligi parahatçylykly ylalaşyklar bilen çözme ukybyna eýe däl. Her bir düşünişmezlik maýda-çüýdeden başlaýar, çalt ulalýar, köplenjem çaknyşyk we bir tarapyñ beýleki tarapy derbi-dagyn etmegi bilen gutarýar". (66-njy sahypa). Awtoryñ pikiriçe munuñ sebäpleri "ýalñyş netijelerden, psihologiki we men-menlikçi faktorlaryñ dürüşdesinden" döreýär. Beýle diýmek bilen ol partiýanyñ öz içinde we partiýa bilen syýasy garşydaşlaryñ arasynda emele gelen göreşleri göz öñüne tutýan bolmagy mümkin. Nämüçindir ol ýalñyş netijeleriñ bir böleginiñ "Arap bileleşigi" şygary we onuñ "demokratiýasy" bilen baglanyşdyrylýanlygyndan gelip çykýandygyny görmeýär. Ha birinji bolsun, ha ikinji, BAAS partiýasyny ähki ganatlary bilen "bileleşigi" amala aşyryp bilmedi. Şygarlar diñe köpçülikleýin gatlaklaryñ gözüni baglamak üçindi. Ýatlamalarda iñ göze ilen zat - awtoryñ "Menden goldaw tapmadyk we rewolýusion hökümetiñ gyssagly ýönelen işleri" atly bölümde ýazanlary. Bu ýerde ol "Kuweýt bilen gatnaşyklar meselesininiñ" üstünde durup geçýär. Rewolýusion hökümet bu boýunça käbir işleri edip, Kuweýt bilen gepleşiklere başlapdyr we ylalaşyklar baglaşylypdyr (1963-nji ýyldaky BAAS-yñ birinji häkimiýetiniñ gürrüñini edýär). Awtor sözlerini şeýle dowam etdirýär: "Men muña tarapdar däldim, ýöne elimden hiç zat gelenokdy". Awtor bu ýerde Kuweýt bilen baglaşylan we döwrüñ premýer-ministri Ahmet Hasan el-Bekiriñ tassyklamagy bilen Hardan el-Tikriti, Salih Mehdi Ammaş tarapyndan gol çekilen ylalaşygy göz öñüne tutýar. Yrak ylalaşyk bilen "1963-nji ýylyñ fewral rewolýusiýasynyñ" şehitleri üçin 30 million sterling aldy! Awtoryñ bu sözleri bizi Yragyñ 1990-njy ýylda Kuweýte çozmagyna taýýarlygyndaky roluna alyp barýar. Eýran-Yrak urşunyñ gutarmagyndan soñ Saddam Hüseýin ony meýilnama esasynda Kuweýte ýollapdy we meýilnamada ýerleşdirilen pikirleriñ arasynda "Kuweýtde yrak harby bazalarynyñ, suw-guryýer koridorynyñ gurulmagy, uly möçberde pul tölenmegi!" bardy! Kuweýt tarapy şu döwürde Kuweýtiñ garaşsyzlygyna we territorial bitewiligine hiç bir tarapdan zeper ýetirmeýän görnüşde Yraga kömek etmäge taýýardy. Awtor gitdi-de, Saddam Hüseýine bolmadyk gaty köp zatlary aýdyp berdi we (has soñ mälim bolşy ýaly) hakykatlary ýoýdy. Awtor Saddam Hüseýiniñ Kuweýte çozmagy ýaly samsyklaç kararynyñ doly sebäpkäri bolmasa-da, esasy sebäpkärleriniñ biridi. Hammadiniñ ýatlamalarynyñ 80-nji sahypasyndaky paragrafda "Uýgunlaşma, problema çözme, aşa men-menlik, döwlet dolandyryşyny öz gysymyña alma we ş.m..." hakda aýdýan ähli süýji sözlerine garamazdan, şu babatdaky masgaraçylykly pozisiýasyny aç-açan görkezýär. Awtor şärikdeşlik eden häkimiýetiniñ kemçiliklerine we nogsanlyklaryna ünsi çekmekden gaça dursa-da, 213-nji sahypada "karizmatiki liderlik we aşa güýç ulanyşygy" paragrafynda diktatorlyga aýlawly sözler bilen degip geçýär: "doly we absolýut hakykata eýedigine ynanýan lider halkyñ bähbidine däldir". Emma awtor gatnaşan häkimiýetiniñ ýagdaýyna degişli ýönekeýje tankydy bellikleri-de etmändir. Awtor häzirkizaman arap diktaturalarynda işlän we gussaly tejribelerini gürrüñ berýän beýlekiler ýaly elementar tankydy bellikleri-de etmeýär. Ol şindizem göz boýamalara we howaýy şygarlara bent bolan ýagdaýda. Ýatlamalar futboly, woleýboly, basketboly "ýeke-täk oýunda" birleşdirme pikiri ýaly örän köp geñ-tañsylyklary-da öz içine alýar! Jemleýji söz: diktatorlyk ilkibaşda belli bir derejede üstünlik getirse-de, ahyrsoñunda ullakan nul we betbagtçylykdyr! Muhammet RUMEÝHI, Kuweýt uniwersitetiniñ sosiologiýa professory. Ýekşenbe, 23.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |