19:23 Tehnologiýa, petikleme, diýdimzorluk | |
TEHNOLOGIÝA, PETIKLEME, DIÝDIMZORLYK
Ylym we tehnologiýa
Adam erkinleşýändirin öýtdi welin, öñküden beter gula öwrüldi! Nähili tötänlik, 28-nji awgustda duşenbe güni Ýewropa ýurtlarynyñ birinden Birleşen Korollygyñ (BK) paýtagty Londona gitmek üçin uçara bilet alypdym. Ir säheriñ ajaýyp howasynda we Ýewropanyñ kenarýaka şäheriniñ howa menzilinde prosedura boýunça etmeli işlerimi ýeñillik bilen etdim. Uçaryñ meýilleşdirilen sagady günortan uçurlarydy. Uçara mündük, ýerlerimize geçip oturdyk, emma uçar ýerinden gozganmady. Biraz wagtdan soñ uçaryñ kapitan piloty uçmaly sagadyñ gijikjekdigini we BK-yñ ähli howa menzilleriniñ merkezi sistemasynda uçuş we iniş sistemasyndaky tehniki näsazlyk sebäpli haçan uçuljakdygyny we näsazlygyñ haçan bejeriljekdigini bilmeýändigini aýtdy. Bir sagatdan gowrak wagt uçaryñ içinde garaşdyk, soñra kapitan has köp wagt dar ýerde ýolagçylaryñ demigip oturmazlygy, bir zatlar iýip-içmegi we beýleki zerurlyklaryny etmekleri üçin uçardan düşüp, garaşylýan zala geçmegiñ has gowy boljakdygyny aýtdy. Ýolagçylar zala dagady, olaryn arasynda pyşyrdaşmalar başlady. Ýaş ýolagçylaryñ biri BK-dan elektron wiza alandygyny aýdyp, uçuşyñ goýbolsun edilen ýagdaýynda gaýtadan uçuş wagtyny we belgisini öz içine alýan täze wiza almak üçin iki-üç garaşmaly boljakdygyndan zeýrendi. Ýene biri uçuş wagtynyñ diñe iki sagat bolandygy sebäpli ähli dermanlaryny bagaža goýmaga beren sumkasyndadygyny we biraz wagtdan soñ derman içýän wagtynyñ bolýandytyny aýtdy. Üçünjisi telefonyny zarýada goýmak üçin zarýadnik gözleýärdi. Dördünji aýal ýolagçy gujagyndaky gyzjagazynyñ pampersini çalyşmak elewreýärdi. Köplenç şular ýaly ýagdaýda ýolagçylar biri-birine dost-doganlyk goluny uzadyp başlaýar. Internetde bu boýunça berilýän maglumatlary okap otyrkam, iñlis howa menzillerinee "belli bir derejede haos" bolup geçendigini gördüm. Köp sanly uçaryñ Ýewropanuñ beýleki ýerlerine ugradylandygy, uçmagyna garaşylýan käbir uçarlaryñ reýsiniñem näbelli wagta çenli goýbolsun edilendigi aýdylýardy. Bäş sagada çeken surnukdyryjy garaşmalaryñ yzyndan kiçijik uçarlaryñ birine geçirildik we uçarymyzyñ Londonyñ merkezindäki çaklañja howa menziline inmegine rugsat berildi. Birnäçe sagatlap uçuşyñ goýbolsun ediljekdigini we täzeden otellerine gaýdyp barmak ýa-da bilet almak ýaly kynçylyklara uçrajagyny pikir eden ýolagçylar Londona barylmagyny el çarpyşmalar bilen garşyladylar! Meseläniñ iñlis ygtyýarlylarynyñ sebäbini düşündirmedik tehniki näsazlykdygy aýdylanam bolsa, ertesi gün käbir gazetlerde howa hereketlerine gözegçilik edýän sistemanyñ petiklenendiginiñ gürrüñi edildi. Näsazlyk sebäpli hem-ä ykdysady pudak, hemem adamlar uly zyýana galdy. Işler agsady, kompaniýalar şol aýgytlaýjy sagatlarda millionlarça dollar ýitirdi! Adamlaryñ tehnologiýanyñ durmuşlaryny has gowulandyrjakdygyny we amatly şertleri getirjekdigini pikir edýän döwründe, başdan aýlap urmalaryñam bir ýandan galmaýan tehnologiýasyna geçiş döwrüni başdan geçirýäris. Dürli formalary bilen tehnologiýa adamlar üçin howply ýagdaýa öwrüldi we hatda häzirkizaman uruş gurallarynyñ arasyna girip ýetişdi. Adam tehnologiýanyñ guly boljak derejede özüni tehnologiýa tabşyrana meñzeýär. Indi çap edilýän gazetler okalmaýar. Birnäçe şäherde tradision gazet kiosklary gözden ýitdi. Eliñ aýasyna sygýan telefonlardaky sanly ulgam şertlerinde okamak ýörgünlileşdi. Adamlar indi akylly sagatlaryñ kömegi arkaly ganyñ süýjülik derejesi bilen bir hatrda gandaky kislorod ýa-da basyş derejesini-de anyklap bilýärler. Indi halkara setlerde bardygy üçin kitap satyn alýanam ýok, hasam beteri ýollary we ýerleri ýat tutanoklar, çünki Googl-yñ kartalar boýunça programmasy muny artygy bilen ýerine ýetirýär! Ähli şeýle tehniki ösüşler amatly mümkinçiler bilen birlikde howplary-da alyp gelýär. Bir ýanda petiklenme we kiberhüjüm howplary, beýleki ýanda otrisatel ulanyşyñ (diýdimzorlugyñ) getirýän howplary bar. Kiberhüjüm we petiklenme howplarynyñ öñüni almak kyn bolup biler, emma süýji keselinden ejir çekýänleriñ ulanýan insulin iññelerine meñzeýän we raýatyñ häzirkizaman tehnologiýasyny, aýratynam ähli şahalary we reñkleri bilen dünýäni gysyp-gowuran sosial mediýany ýaramaz formada ulanmakdan meýletin daşda durmagyny üpjün etjek jadylaýjy derman oýlanyp tapylmagyny umyt edýäris. Şonuñ kömegi bilen adamyñ diýdimzor nutuklaryñ hapa batgalygyndan daşlaşmagyny umyt edýäris. Şonsuzam birnäçeleri sosial mediýany azyndan arap medeniýeti boýunça ugurda söweş meýdanyna we paýyş sögünçleriñ, ýalan-ýaşryklaryñ, myş-myşlaryñ ýaýran, başga adamlaryñ garalanýan, myjabat atylýan ýerine öwürdiler. Käbirleri-de sosial mediýany ýas ýerlerine, toý zallaryna, bir-birlerini gutlaýan ýa-da lakgyldaşylýan süwümsiz ýerlere öwürdi. Çagalarymyz, aýal-gyzlarymyz, erkeklerimiz hemmesi bolmasa-da wagtynyñ köpüsini elektron enjamlara garaşly ýagdaýda geçirýär! Geçirilen käbir barlaglar adamlaryñ köpüsiniñ oýanyp-oýanmanka ýassykdaşyna "sag-aman ördüñmi?" ýa-da "ertiriñ haýyrly" diýmän, ilki telefonlaryna seredýändiklerini anyklady. Munuñ özi sözüñ doly manysynda haotiki, meçew beriji, öte nerw bozujy we wagtyñ bisarpa ulanylýan dünýäsi - bir tarapda köpçülikleýin milli ýa-da dini paranoýýa fenomeniniñ çäginde ýurtlatyñ garşylaşdyrylýan söz söweşine (haýsy ýurt beýleki ýurtdan has güýçli!) şaýat bolýarsyñyz. Beýleki bir ýanda "Hezreti Aly ibn Abu Talyby öldüren Mossaddyr!" diýme derejesine ýeten pöwhe aldawaja şaýat bolýarsyñyz. Ýa bolmasa özgeleriñ ýa-da başga halklaryñ ýañsylanýandygyny, WhatsApp hasabyñyzda özlerine hekaýa ugradylanlaryñ hamana hazyna tapan ýaly bu hekaýany paýlaşýandygy sebäpli ýene şol hekaýanyñ birden köp çeşme tarapyndan size ugradylýandygyny görýärsiñiz. Hasam beteri, meselem bir aýal "aýalynyñ göwnüne degen adama bir hepdeläp kir ýuwma jezasyny bermegi" teklip edýär! Bir adamam oña "onda äriniñ göwnüne degen aýala-da bir hepdeläp makiýaž etmek gadagan edilsin!" diýip jogap berýär. Käbirleri-de agzalaryna köpüsi sagdyn maglumatdan zyýat sowatsyzlyk bilen taýýarlanan "tölegsiz" saglyk reseptlerini hödürleýär. Beýleki bir ýanda "Alla oña rehmet etsin" bilen "Alla ony bagyşlasynyñ" arasyndaky tapawut - birinjisiniñ musulmanlara, ikinjisiniñem başga dinlilere aýdylmagynyñ jaýyzdygy bilen baglanyşykly gyzgyn jedel gidýär. Öñi-ardy ýok "dereksiz zatlar toplumynyñ" arasynda jedeller şeýdip içege ýaly süýnýär. Şol sanda peýdaly zady zyýanly zada, gowy zady biderek zada öwürme ýagdaýy bar. Tehnologiýanyñ ösmegi bilen munuñ syýasy, sosial, ykdysady, medeni zyýanlary-da artýar. Oýlanyp tapyljak şol derman adamzady däliremekden daşda saklap biler. Şonsuzam sosial mediýa wideogörnüşleriñ, suratlaryñ, sesleriñ owadandygyna we owazlydygyna, aýdýanlarynyñ adamlaryñ başyny-gözüni aýlap bilýändigine, pikirleriniñ wajyp we ýerliklidigine, adamlaryñ diñe şolary nusga almalydygyna ynanýan akmak toparlaryñ täsirinde galýar. Bularyñ halk köpçüliginiñ dykgatyna ýetirýän zatlary ylym-bilim bilenem, hatda akyl-paýhas bilenem hiç bir babatda baglanyşygy bolmadyk birgiden ýalan-ýaşryklardan, toslamalardan, rowaýatlardan, hyýaly we boş ynançlardan başga zat däl. Bu adamlar şöhrat gazanmak üçin töhmet atmak arkaly adamlara doly sowatsyzlygyñ ýoldaşlyk edýän antipatiýalaryny we süwümsizliklerini hödürleýärler. Ine, adama kömekçi bolsun diýip döredilen tehnologiýany adamyñ özi üçin dostdan duşmana öwrülýär duruberýär! Uzyn sözüñ gysgasy: adam erkinleşýändirin öýtdi welin, öñküden beter gula öwrüldi! Dr. Muhammet RUMEÝHI, Kuweýt uniwersitetiniñ sosiologiýa professory. Ýekşenbe, 10.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |