06:13 Syýasy paýhas maşky | |
SYÝASY PAÝHAS MAŞKY
Publisistika
Ýakyn Gündogaryñ gapgarylan uly syýasy batgalygyndan akla-huşa sygmajak şygarlara esaslanýan ideologiýany ýykmazdan çykmak mümkin däl Eýran režimi ekstremistik syýasy pähim-paýhasa eýemi? Ýogsa-da, syýasy pähim-paýhasa eýe adamlar gazan çukuryna düşüp bilermi? Eýranyñ häzirki daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyñ Beýrutda "el-Mahaja el-Baýda" neşirýaty tarapyndan çap edilen we Eýran Respublikasynyñ ýakyn geografiýadaky Arap ýurtlary - Yrakda, Siriýada, Liwanda, Pars aýlagynda we şu sebitde arman-ýadaman alyp barýan işlerini "goşulyşmaçy syýasat" (!) diýip kesgitlän "Şam säheri" kitabyna göz aýlan okyjy bu kitabyñ nämüçin edil häzir çap edilendigi bilen gyzyklansa gerek. Eýranyñ Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyñ "Şam säheri" atly kitaby çap edildi Käbirleri Eýran Respublikasynyñ syýasatyny tankyt etmegi "şaýy mezhebini" tankyt etmek bilen deñ hasaplaýar. Akylly-başly adamlaryñ eýran syýasatynyñ "milli" bolşy ýaly, "mezhepçi" hem däldigine göz ýetirmeginiñ wagty geldi. Eýran ilatynyñ aglabasynyñ şaýy mezhebine uýýandygyny biz bilýäris, ýöne şaýylaryñ hemmesi eýranly ýa-da Eýrana wepaly däl hem-de akylly-başly adamlar üçin syýasaty tankyt etmegiñ mezhebi tankytlamak bilen dahylly ýeri ýok!!! Biziñ elimizde töweregine kök urmaga niýetlenen döwlet derejesindäki eýran maksatnamasynyñ käbir yşaratlary bar, muña şeýle düşünmek gerek. Bu maksatnama boýunça berilýän beýanatlarda birnäçe adamy "şaýylaryñ arkasynda durýandygyny" we sebitdäki duşmanynyñ "Uly şeýtan ABŞ-dygyna we onuñ golastyndaky Ysraýyldygyna" ynandyran taktika ulanylýandygyny bilmeli. Režim ABŞ-dyr Ysraýyl bilen gatnaşygy barlary "goranyş halkasyna degişli däller", "garşydaş lagere degişliler" diýip atlandyrmakdan keýp alýar, emma "goranyş halkasynyñ" özi bähbidine gezek gelende gerek bolsa wagtal-wagtal "Uly şeýtan" bilen ikiirjiñlenmän işleşip bilýär! Eýran isleýşi ýaly görnüşde toparlara bölmäge we özüne laýyk kesgitlemeleri öñe sürmäge haky bar, emma başgalaryñam onuñ syýasatyny pähim-paýhasly analizlere esaslanyp derñemäge haky bar. Abdullahiýanyñ ýatlamalaryny öz içine alýan "Şam säheri" kitaby Şol sebäpden ministriñ kitabynda iki garşylygyñ arasynda "baglanyşyk gurmak" boýunça birnäçe synanyşyga ýüz urlandygyny bize açyp görkezendigini aýdyp bileris. Mysal üçin, Tunisiñ Wekiller Mejlisiniñ öñki başlygy Gannuşiniñ Siriýadaky ýagdaýy goldamagyny ýola goýmak üçin agyr synanyşyklara ýüz urlandygyny, Gannuşiniñ bolsa syýasy totalitarizmi ret edýän we siriýa rewolýusiýasyna ýakynlyk duýýan ideologiki pozisiýasyna esaslanyp muña garşy çykandygyny gürrüñ berýär. Bärde peýkamyñ ujy adalatsyzlyga garşy çykmaga däl-de, Eýranyñ öz bähbitlerine gönükdirilen. Beýleki bir ýandan "Arap baharynyñ" amerikan-ysraýyl maksatnamasyna garşy rewolýusiýadygyna, eýran rewolýusiýasyna meñzeş yslam rewolýusiýasydygyna yşarat edýär. Emma onuñ pikiriçe "kontrrewolýusiýadan" başga zat däl siriýa rewolýusiýasy muña girenok!! Okyjy "eýran düşündirişinde din bilen syýasatyñ bir-birine garym-gatym edilen teoretiki dykylmanyñ" bardygyny açyk-aýdyñ görýär. Abdullahiýanyñ özüne aşa ýokary baha berýändigi ýaşyryn däl we ol muny 2021-nji ýylyñ tomsunda Yragyñ şol wagtky premýer-ministri Mustafa el-Kazimi tarapyndan guralan, Fransiýanyñ prezidentiniñ çagyrylan we sebitden köp sanly döwlet ýolbaşçysynyñ gatnaşan taryhy Bagdat duşuşygynda-da mesaña belli edipdi. Ýatlama suratyna düşülende duşuşyga gatnaşan ähli daşary işler ministrleri we kärdeşleri düzgün boýunça ikinji hatara düzülende, Hüseýin Emir Abdullahiýan birinji hatarda durjak bolup eñek diräpdi. Yrakly ýolbaşçylaryñ biriniñem onuñ bu hereketine garşy çykmaga het etmezligi, onuñ pikiriçe yrak döwlet dolandyryşynyñ üstünde Eýranyñ näderejede "agramynyñ bardyny" görkezýärdi. Ministr kitabynda "Kuddus güýji" goşun bölüminiñ serkerdesi Kasym Süleýmanynyñ aýratynam Siriýadaky we Yrakdaky "mukaddes ýerleri" goramak maksady bilen iki ýurtda ýaragly milisiýa otrýadladyny döretme we olara arka durma tagallalarynyñ üstünde durup geçýär! Ýogsam bolmasa bu ýerlere häzirkizaman taryhyñ hiç bir döwründe howp abanmandygyny hemmeler bilýär. Eýran syýasatynda logiki taýdan sagdyn pikirlenip bilýän adamlaryñ gözünden sypmajak çapraz ikidürlilik bar. Emma bu çaprazlyk Gazadaky soñky wakalara çenli käbirleri üçin gizlin bolup gelipdi. Gaza konflikti Eýranyñ bähbitleriniñ eýran syýasatynyñ ugrudygyny, munuñ üçin göni çaknyşyga girmezden özlerine tabyn käbir arap toparlaryny ulanmakdan gaça durmaýandygyny, rewolýusion ideýalaryñ funksiýasynyñ ýalñyşdyryjydygyny, onuñ üçin bu ideýalaryñ iş ýüzüne däl-de, dilujuna degişlidigini jemgyýetçilige görkezdi. Abdullahiýan Kasym Süleýmanyny "adatdan daşary" artykmaçlyga eýe adam hökmünde sypatlandyrýar. Şol döwrüñ Daşary işler ministri Jewad Zarif Abdullahiýany Arap meseleleri boýunça koordinator wezipesinden aýyrjak bolanda, Süleýmany onuñ wezipede galmagyna kömek edendigi üçin oña aç-açan minnetdarlygyny bildirýär. Süleýmanynyñ syýasy, harby, hatda medeni gatnaşyklarynyñ giñ we çylşyrymlydygyny aýdýar. Wladimir Putine "duşmanyñ birdigini", ýagny ABŞ-dygyny aýdyp, Siriýa goşun salmaga yrza edeniñem Süleýmanydygyny ýazýar. Sülemanynyñ öldürilmegi barada aýdanda bolsa, awtor muña Saud Arabystany-Eýran ylalaşygyna barýan "ýoly petiklemek" hökmünde garaýar! Görnüşine seretseg-ä, Abdullahiýanyñ nusgalyk gahrymany Süleýmany ýaly. Sebäp olam gahrymanynyñ roluny oýnasy gelýär! Kitapda ünsi çekýän ýene bir zat hem Bahreýne gep kakdyrýan jümleleri öz içine alýan beýanatlaryñ bardygy. Bahreýn Eýranyñ içerki işlerine goşulmagyndan şeýle bir zyýan çekdi welin, 2015-nji ýylyñ sentýabr aýynda Eýranyñ diplomatiki wekili ýerli sosial işlere goşulýandygy sebäpli Manamadan kowlupdy. Kitapda bolsa Abdullahiýan garaşsyzlygy BMG tarapyndan ykrar edilen, hatda Eýran Yslam Respublikasynyñ özüniñem ykrar eden Bahreýn döwleti hakda düşnüksoz gep kakdyrma bilen gürrüñ edýär: "Pehlewi režiminiñ ýaramaz döwlet dolandyryşy sebäpli 1971-nji ýylda Eýrandan bölünen kiçijik ada!" Eýran diplomatiýasynyñ başynda oturan adamyñ galamyndan çykan bular ýaly söz üçin aýdyp boljak iñ bärkije zat - Eýranyñ daş-töweregine gönükdirilen çägini giñeltme niýetiniñ bardygyny görkezýär. Şeýle-de kitaby okap çykanyñda, soñky ýarym asyrda "eýran aýratynlygynyñ" eýran nasionalizmi bilen şaýy mezhepçiliginiñ arasynda çaknyşygy başdan geçirýändigine, munuñam geljekde öñi alynmasa, dogan-dogany çapýan çaknyşyklara şert taýýarlaýandygyna göz ýetirip bolýar. Edil häzir eýran çykyşynyñ ejir çekýän konflikti Gazada bolup geçýän wakalardan gözbaş alýar. Birgiden söz berdi, gylawlandyrdy, küşgürdi, duşmançylykly çykyşlary möwç aldyrdy. Çaknyşyk boldam welin, Arap we hatda käbir palestinaly yzyna eýerijileriniñ özüni aklamaga gönükdiren çykyşlary bir ýana, çaknyşykdan öñki çykyşynyñ ähli prinsiplerinden daşlaşdy oturyberdi. Hemme zady aýyl-saýyl edip bilýän jemgyýetçilik barada aýdanda bolsa, gözüniñ dañysy çözüldi. Eşidilýän düzetme synanyşyklary, belki-de, düzedip bolmajak zady düzetme synanyşygyndan başga zat däl eken! Ministr Abdullahiýanyñ kitabynda öñe sürlen pikirler umuman alanda syýasy pähim-paýhasa yşarat edýärmi? "Şam säheri" kitabynyñ regional bähbitlere ýetmek üçin biriniñ diri galmagyny ýurduñ ölümine we jemgyýetiñ ýok bolmagyna çalyşan detallary öz içine alýandygy üçin "Şam tümlügi" diýip atlandyrylmagy gowy bolmazmydy? Soñky söz: Ýakyn Gündogaryñ gapgarylan uly syýasy batgalygyndan akla-huşa sygmajak şygarlara esaslanýan ideologiýany ýykmazdan çykmak mümkin däl. Dr. Muhammet RUMEÝHI, Kuweýt uniwersitetiniñ sosiologiýa professory. Ýekşenbe, 10.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |