00:25 Ysraýyl raýatyna açyk hat! | |
YSRAÝYL RAÝATYNA AÇYK HAT!
Publisistika
Ysraýyl tarapynda-da pöwhe haýbat atmalar, "kül-uşak etmäge" we "gyryp-gyrjaşdyrmaga" edilýän çagyryşlar bar. Emma akylly-başly adamlar bir zady bilýär: güýji näçe pes bolanda-da palestin halkyny ezip-mynjyradyp we ýok edip bilmezler. Fotosurat: Ronen Zwulun / Reuters Ýönekeý raýata däl-de, açyk pikirli, dünýäde bolup-geçýänlerden habarly, wakalary deñeşdirip we sapak alyp bilýän ysraýyl raýatyna Geçen hepde Gazadan bir topar palesitinaly raýat bilen ysraýyl goşunynyñ we hemişelik göçüp gelýän toparlaryñ arasynda Gaza sektoryny gurşap alýan şäherleriñ raýonlarynda bolup geçen çaknyşyk birnäçe formada düşündirilip bilner. Bulardan käbiri umumyarap we ysraýyl añynda öwrenişilen "komplimasiýa" düşünjesiniñ içine girýänem bolsa, görnüşi ýaly gysgaça aýdanda "agressiýa agressiýany döredýär" sözüniñ subutnamasydyr. Eýýäm birnäçe ýyl bäri Ysraýylyñ daş-töweregindäki araplar bilen bir hatarda bütin dünýä Palestinanyñ ýerinde her gün bir ýa-da birnäçe palestinalynyñ ýa ýaragly goşun bölümleri ýa-da hemişelik göçüp gelýän jöhitler tarapyndan öldürilýändigini görüp-eşdip gelýäris. Şol bir görnüşde ýaragly adamlaryñ we göçüp gelýänleriñ palestin raýatlaryny urup-ýençmek, olary tüpeñiñ gundagy bilen urmak, öýlerini ýykmak, olary aýal-ebtatdyr çaga-çugalar bilen birlikde müñlerçe adamyñ saklanýan tussaghanalaryna soraga çekmezden dykmak ýaly degnaña degiji çäreleri geçirýändiklerini teleýaýlymlar arkaly görüp-eşdip gelýäris. Faşistik Germaniýa döwründe äpet gazly peçlere salnyp amala aşyrylan köpçülikleýin gyrgynçylygynyñ yzyndan dünýäniñ jöhitlere simpatiýa bilen seredýändigi hak. Emma köpçülikleýin gyrgynçylyk bilen üýşüp-üýşüp sferalaýyn ýagdaýa öwrülen ýekeleýin gyrgynçylyklaryñ arasynda näme tapawut bar? Olam genosid, bulam genosid! Gazaly raýatlar haýsy syýasy garaýşa eýedigine garamazdan, gapysy ýok kapasa gabalyp goýlan ýagdaýda. Hiç kimse duran ýerinden butnap, dogduk depesinde ine-gana ýaşap, ýa-da kesellände saglygyna seretdirip bilenok. Ölüm zarbaly gabaw arkalu adam hökmünde deñli-derejeli ýaşamak üçin zerurlyk duýulýan hemme zat ellerinden alynan ýagdaýda. Derman-däri ýok, iýip-içere zat ýok, yzygiderli elektrik togy ýok. Bularyñ hemmesi nurbaty islendik wagt açyp-ýapyp oturan Ysraýylyñ elinde. Deñizdäki güzeran dolar ýaly ýerlerem birnäçe kilometr bilen çäklenýär. Çäklendirmäni bozanlar iñ agyr jezany alýar. Şular ýaly ölüm zarbaly atmosferada birnäçe kişi şeýdip ýaşandan öleniñem gowy boljakdygyny pikir edýär. Gübatar Şeriada hem hemmeler gabaw astynda. Ýollar islendik pursat ýapylyp bilinýär. Birinden şübhelenseler, şobada öldürip bilýärler. Hiç hili jezalandyrmak ýa sorag-ideg etmek diýilýän zat ýok. Habar beriş serişdelerinden biri sesini çykarman imisala ýagdaýda geçip barýanam bolsa şeýle ýagdaýa uçrap bilýär. Gynansak-da, dünýä her gün bolup geçýän bu azaby görenok ýa-da görse-de inkär edýär. Käbir adamlar bu azaba berk jogap berýär, üstüne her dürli hapa-paýyş sözler ýagýar. Ysraýylyñ harby press-sekretarynyñ geçen hepde arap teleýaýlymlarynyñ birinde eden çykyşynda munuñ mysalyny gördük. Ol hapa we ýürekbulanjy sözleri ulanyp, agzyndan gelenini aýtdy. Munuñ özi "ýagdaýyñ syýasy we hatda strategiki düşünişmezlikdenem beter milletparazçylykly ýigrençdigini" görkezýän subutnamadyr. Halkyñyzyñ Günbatardan gelen gatlaklary bilen Gündogardan gelen gatlaklarynyñ bilen arasyndaky düşünişmezligi size aýdybam durjak däl. Siz şonsuzam giñden ýaýran bu milletparazçylykly çemeleşmäni gaty gowy bilýärsiñiz. Köpçüligiñ dykgatyna ýetirilen edebiýatlarda jöhitleriñ özüniñem şeýle zatlary ýazgarýan ýazgylaryndan doly. Size aýdyp berjek zadymam tutuş bir halkyñ ýerleşdirilen "kapasasydyr". Soñky çaknyşygyñ arap ýurtlarynda we Ysraýylda ähli agressiýa rezerwlerini oda berendigini bilýärin. Şol bir wagtyñ özünde "ýeñişi" gabardýanlaryñ bardygyny-da bilýärin. Biziñ öwrenişip giden bu gabartmalaryñyz bize merhum Ahmet Saidi ýatladýar. Ysraýyl tarapynda-da pöwhe haýbat atmalar, "kül-uşak etmäge" we "gyryp-gyrjaşdyrmaga" edilýän çagyryşlar bar. Emma akylly-başly adamlar bir zady bilýär: güýji näçe pes bolanda-da palestin halkyny ezip-mynjyradyp we ýok edip bilmezler. Şeýle-de akylly-başly adamlar gowy bilýändirler, derýanyñ ugry bilen deñize çenli "ýerleri hakas etmek" aldaýjy we ýalñyşdyryjy şygardyr. Aýdylyp bilinjek bir zat bar: iki halk bir topragyñ üstünde agzybir ýaşamaly bolar. Ýa hemmeleriñ deñ tutulýan ýeke-täk demokratik döwleti gurulmaly ýa-da bir topragyñ üstünde iki goñşy döwlet gurulmaly. Ahyrsoñunda iki tarapyñ şuny etmeli boljakdygy görnüp dur. Üçünji ýol bolsa garşydaşyñ güýjüni gowşatmakdyr. Emma şuny boýun almak gerek: Ysraýylyñ hernäçe garşy tarapyñ güýjüni gowşadýandygy palestinalylaryñ urjak zarbasyndan has güýçli bolsa-da, netijede ikitaraply gowşamalar bolar. Ysraýylly syýasatçylar uzak ýyllaryñ dowamynda çäkli möçberde ilaty bolan kiçijik ýurduñ "duşmanlar deñiziniñ" ortasynda durandygyny propogandirledi. Bu bahana Ysraýyldaky syýasatçylar tarapyndan ýurduñ içinde we daşynda goldanýardy. Emma indi ýagdaý beýle däl. Müsür, Iordaniýa ýaly iki uly goñşy ýurt bilen dil tapyşyldy, beýleki arap ýurtlary bilenem gatnaşyklar kadalaşmaga başlady. Bu kadalaşmalar entek sowugragam bolsa, belli bir derejede "duşmanlar deñizi" argumentini gowşadyp bildi. Bu giñ möçberli kadalaşmalar ýakyn wagtda Ysraýylyñ premýer-ministri tarapyndan BMG-nyñ Baş Assambleýasynda buýsanç bilen agzaldy we Ysraýylyñ töwereginiñ "parahatçylygyñ" ýaşyl lentasy bilen gurşalandygy aýdyldy. Bu siziñ üçin ýer paýlaşygy we ikitaraplaýyn ýaraşyk babatda iñ ýakyn goñşularyñyz bilen ylalaşyga gelmegi üpjün eden ýol bolup bilerdi, emma doly tersine boldy. Ysraýylly syýasatçylar kadalaşnagy boýun egmek we palestin halkyny ezmek maýyrmak üçin "mugt petek" hasapladylar. Şonuñ üçin pursat peýlemäge ýöneldiler. Hatda häkimiýet başynda oturanlaryñ belli bir bölegi "nasistik" düşünjä ýykgyn etdi. Munuñ özi döwletiñiziñ gurulyşyndan ýetmiş ýyl ýa-da ondan has uzak wagt bäri akmaklarça diýilmese-de, ýalñyş çemeleşmedir. Häzir Ysraýyl ähli palestin şäherlerine hüjüm edip we harby at-abraýyna ýeten şikesiñ "aryny" alyp biler. Emma bir nokatda çaknyşyk täzeden ot alar we gowşamalar dowam eder. Tutuş bir halkyñ bähbitlerini we hak-hukuklaryny gözden salyp bolmaz. Eger şeýle bolan bolsady, Günbatar ýurtlarynda jöhitleri ýok etmäge gönükdirilen işlerden soñ jöhitleriñ ýaşar ýaly howpsuz ýer tapylmazdy. Jöhitler on müñlerçe ýyl soñam ýaşaýar, palestin halky-da ýaşamagyny dowam etdirer. Hatda onuñ ýitip-ýok bolup gitmezligini üpjün edýän faktorlar beýleki tejribeler has ýakyn durýar. Bir dilde gepleşilýär, medeniýetimiz bir we birinji-ikinji synp bölünişigini edýän ýok! Geçmişde käbir paýhasly akylly-başly adamlarymyz oýnuñ düzgünlerine düşündiler we ýaraşygyñ meýilnamalaryny hödürlediler. Emma bularyñ bir bölegini goldawçylary öldürip zyñsa, beýleki bir bölegini syýasy taýdan öldürip bir gyra zyñyldy. Akyl-paýhasyñ öñdeligi bolmazdan, ösen tehnologiýalar hem, mawy asman hem, badyhowa şygarlar hem bizi gorap bilmez. Jemläp aýdanymyzda: Bir asyyryñ üçden ikisinden gowragynda Palestinadaky çaknyşyk töwerekdäki köp sanly çaknyşyga ot berdi, ösüşe badak urdy, adamzadyñ ösen siwilizasiýasynyñ derejesine çykmaga päsgel berdi! Muhammet RUMEÝHI, Kuweýt uniwersitetiniñ sosiologiýa professory, ýazyjy. Ýekşenbe, 15.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |