00:59 Pidakärlige we ýitgä fransuz nukdaýnazary | |
PIDAKÄRLIGE we ÝITGÄ FRANSUZ NUKDAÝNAZARY
Publisistika
Ysraýylyñ demirgazyk, Palestinanyñam günorta ýurtlary bilen bir hatarda ýer almagy bilen global güýç sazlaşygynda belli-külli üýtgeşmeler bolup geçýär. Fotosurat: Fatima Şbair / AP Dinamiki yslamy öwrenmek bilen gyzyklanan fransuz alymy Žil Kepeliñ "Genosidler. Ysraýyl, Gaza we Günbatara garşy uruş" atly täze kitaby çapdan çykdy. Kitap Arap terjime merkezi tarapyndan 2024-nji ýylyñ maý aýynda arap dilinde çap edildi. Kepeliñ Gazada bolup geçýänler boýunça öz pikiri bar we munuñ ýokary okuw jaýyndaky işinden kowulmagyna sebäp bolandygyny aýdýar. Kitap barada aýdanda bolsa, meseleleri "akly-garaly" görnüşde görýänlere okamagy maslahat beremok. Kitap krizisiñ giñ, gök zolakda ýarym obýektiw prezentasiýasyny, ony böleklere bölüp, soñra bir ýere üýşürip, täsiri sebäbe baglanyşdyryp, diýseñ kesgitli görnüşde orta goýýar. Ideologiýanyñ ýerine maglumat tilsimini goýýar, bir bölegi mälim, bir bölegi bolsa ýatlanmaga mynasyp ylmy-barlaglaryñ we seljermeleriñ netijesinde ilkinji gezek üstünden barylan maglumatlardan doly. 7-nji oktýabrda bolup geçenleriñ iteriji güýçlerini has giñ çarçuwa, ýagny dünýädäki iki güýjüñ Demirgazyk (Günbatar) bilen Hytaýdyr Russiýanyñ başyny çekýän Günorta ýurtlary we ösýän orta güýçleriñ halkara çaknyşygy başdan geçirýän döwrüni öz içine alýan ramka ýerleşdirýär. Ysraýylyñ Demirgazyk ýurtlary bilen, Palestinanyñam Günorta ýurtlary bilen bir hatarda ýer almagy global güýç sazlaşygynda demografik we ykdysady taýdan belli-külli üýtgeşme bolup geçýär. Bu has biñ baglanyşygyñ içinde iki hüjüm bolup geçdi. Birinjisi, 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda bolup geçdi we bir bölegi hadtsany jümle-jahana göni efirden beren wideokameralary alyp barýan agressorlar tarapyndan sesli we wideogörnüşli köpçüligiñ dykgatyna ýetirildi. Munuñ özi ysraýyllylara gandöküşligiñ aýylgançlygyny ýatladýan hadysa boldy we Günbatardyr fransyz jemgyýetlerinde ýiti täsirleri galdyrdy. Fransuz jemgyýetçiligine aýratynam radikallaryñ Fransiýadaky birden köp terrorçylykly aktlaryny ýatlatdy. Şonuñ üçinem başky hepdelerde adam ýitgilerine we jebir çekenlere garşy duýgudaşlyk döredi. Ysraýylyñ deñizde, howada we guryýerde raýatlary nyşanalaýan rehim-şepagatsyz garşylygy bolan ikinji hüjümi bolsa has köp adam ýitgisi, has gorkunç agressiw hadysalary we has açlykdyr ýok etmeler bilen gutardy. Bulam ýörgünli duýgudaşlygyñ çaknyşygyñ taryhynyñ ganlary bilen ýazylan ezilen halkyñ goldanmagyna ýönelmegine sebäp boldy. Awtor 2021-nji ýylyñ Manhetten teraktyndan soñ 7-nji oktýabry ýatladýar. Şol gün Bin Ladin şuny jar edipdi: "Gökleri beýgelden Allanyñ adyna ant bolsun. Palestina howpsuz ýagdaýa gelýänçä ABŞ-nyñ hem başy belada bolar!" Kitap Palestinadaly çaknyşygy uzak wagtlap çaknyşyp gelýän taraplaryñ teologiýany syýasat bilen garmagynda görýär. Ysraýyllaryñ aglaba bölegi ylahy haka ynansa, palestinalylaryñ aglaba bölegi-de ylahy ýeñişe ynanýar. Awtor Ysraýylyñ geçmişde birnäçe güne, birnäçe hepdä çeken köp sanly uruşyna öwrülip seredýär we häzirki bolup geçýän wakalaryñ şolardan düýpgöter tapawutlydygyny aýdýar. 1967-nji ýylyñ urşunyñ arasyna ABŞ giripdi. 1973-nji ýylyñ urşunda Saud Arabystany patyşalygynyñ nebit geçirijileruni kesme babatdaky pozisiýasy kesgitleýji rol oýnapdy. Häzir bu uruş onunjy aýyna girdi. Şol bir wagtyñ özünde ne ýaraglar dymandan soñam örän uly netijeleri döretjek içerki çaknyşyklaryñ içinde bolan Ysraýylam ýeñiş gazanyp bildi, ne-de "Hamas". Awtor "Hamasyñ" toparlaýyn gurluşyny-da mälim edýär we iki liniýadan emele gelendigini aýdýar. Birinjisi, käbir ýurtlaryñ üpjün edýän maliýe goldawlarynyñ deregne, ABŞ bilen gatnaşyklary dowam etdirmäge meýilli syýasy liderlik. Awtoryñ pikiriçe, munuñ özi "Ihwanyñ" ("Musulman doganlar" guramasynyñ" manýowrçy liniýasydyr we (awtoryñ atlary we sanlary bilen agzaýan) pullary bilen arkaýyn bolup geçýär. Ikinji liniýa bolsa, Eýranyñ Rewolýusion gwardiýasynyñ liniýasyna meñzeş içerki liderlikdir. Awtor Sinwaryñ 2017-nji ýylda Eýrana ýakyn durýan "Al-Mayadeen" teleýaýlymyna beren reportažynda "Kuddus güýji" goşun bölüminiñ serkerdesi Kasym Süleýmanynyñ "Hamasa" berýän çäksiz goldawyna yşarat edendigini ýatladýar. Şol bir wagtyñ özünde (Mossad tarapyndan 1995-nji ýylda Maltada öldürilen) "Yslаmy Jihаt" toparynyñ gurujysy Fethi el-Şikakiniñ hem-ä Hasan el-Benna, hemem Homeýnä bagyşlap ýasan "Homeýni. Yslam alternatiwasy" kitabyna-da ýüzlenýär. Kitap bu ýerde "Hamasyñ" ikinji liniýasy we şol bir wagtyñ özünde "Yslamy jihat" bilen Eýranyñ (Rewolýusion gwardiýasynyñ) arasynda organiki baglanyşyk bardygyny pikir edýär. Eýranyñ bolsa Liwandaky "Hizbullah" bilen organiki baglanyşygy bar. Awtor "Hizbullahyñ" 7-nji oktýabr wakalary boýunça öñünden habarlydygy barada aýdylýanlary ýalana çykarandygyna ünsi çekip, bu tutuma çemeçil (!) özüni aklama hökmünde baha berýär. Birnäçe aýa çeken ölüm howply çaknyşyklaryñ yzyndan Ysraýylyñ raýatlaryny goramak meselesinde onçakly güýjüniñ ýokdugy belli boldy. 7-nji oktýabr wakalary boýunça öñünden habarlydygyna garamazdan, duýduryşlara pitiwa etmedi. "Hamas" bilen Palestin hökümetiniñ arasyndaky içerki oñşuksyzlyga we ilkinji liniýa (syýasy liderlik) bilen mälim edilmeýän ylalaşyklara bil baglaýan Ysraýylyñ goşuny radikallaryñ islegi bilen Günbatardaky ilatly punktlaryny goramaga we giñeltmäge ýöneldi. Awtoryñ näme diýmek isleýändigine düşünip bolýar: Eýran we ABŞ çaknyşygy çözjek bolanoklar-da, dolandyrjak bolýarlar. Çünki birinhisi yzyna eýerijilerini indiki maksatlary üçin elinde saklajak bolýar, ikinjisi bolsa ýaranyna täsir edenok. Jemläp aýdanymda, ýokardakylar bu kitapda ýerleşdirilen maglumatlaryñ we analizleriñ gysgaça beýanydyr, emma gyzyklanýanlar kitaby hökman okasynlar. Dr. Muhammet RUMEÝHI, Kuweýt uniwersitetiniñ sosiologiýa professory. Ýekşenbe, 23.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |