INTERNETE HÖWRÜGIP ÝAŞAMAK - ÝEKE ÝAŞAMAGY AÑLATMAÝAR
Ýeke özüñ ýaşamak diýen düşünje öñler gaýgy-ünjini, ýalñyzlygy we belli bir derejede joşgunly durmuşdan çetleşmegi añladýardy.
A indi bolsa dünýäniñ iñ ýokary gatlakdaky adamlary elindäki puly ýeke özleri köpüñ gözünden çetiräkde ine-gana ýaşamak üçin sowurýar. Häzir döwürde adamzat taryhynyñ hemme döwrüni alanda-da, ençeme esse köp adam ýeke ýaşaýar. "Aşyklar şäheri" Parižiñ öýleriniñ ýarysyndan gowragynda ýeke ýaşaýan adamlar bar, Stokgolmda bolsa statistiki maglumatlar 60%-i görkezýär.
Sosial-ykdysady şertler gowulananda ýeke ýaşamagy halamak, birnäçe medeniýetleriñ utgaşmasy esasynda dörän jemgyýetlerde köp duş gelýär. Amerikalylar çydamlylyk häsiýeti we ýekebara medeniýetleri bilen öwünseler-de, Fransiýa, Angliýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlarda ýeke ýaşaýanlaryñ sany ABŞ-dan has köp.
Ýeke ýaşaýanlaryñ sanynyñ iñ köp artýan üç ýurdunyñ (Hytaý, Hindistan, Braziliýa) şol bir wagtyñ özünde ykdysadyýeti-de çalt ösýär.
Ýeke ýaşamak - häzirki döwrüñ üns berilýän aýratynlygy bolan şahsy erkinligi, öz üstüñde işläp, özüñ bolmagy añsatlaşdyrýar. Hususanam ýeke ýaşamak indi izolirlenmegi we has ujypsyz sosial durmuşy şertlendirmeýär.
On ýyla golaý dowam eden barlaglaryñ dowamynda, ýeke ýaşaýan 300-den gowrak adam bilen gürrüñdeş bolundy. Barlaglaryñ netijesi ýeke ýaşamagyñ ujypsyz däl-de, gaýtam has köp sosial çykdajylara eltýändigini görkezdi. Uzak wagtlap belli bir topara we patriarhat maşgala gurluşyna bagly ýagdaýda kesgitlenen durmuşymyz indi dünýä jemgyýetleriniñ biri-birine baglanyşykly ýagdaýa gelendikleri sebäpli, ýeke ýaşaýanlaryñ sanyny üzül-kesil artdyrdy.
Dinamiki dolanşyklar, ösýän şäherler we açyk aragatnaşyk ulgamlary döwrebap erkinligi has özüne çekiji görkezdi. Bu artykmaçlyklar bize ýeke ýaşaýan wagtymyzda-da başgalar bilen islän wagtymyz habarlaşyp bilmäge mümkinçilik döretdi. Aslynda ýeke ýaşamak sosiallaşmagy añsatlaşdyrýar, ýöne maşgala jogapkärçilikleriniñ ýok ýerinde başyboşlaryñ sosial çärelere gatnaşmak üçin boş wagtlary köp bolýar. Öýlenenler bilen deñeşdirende sallahlaryñ dost-ýarlary ýa goñşy-golamlary bilen wagt geçirme, kafedir barlara gitme, sungat kurslaryna we sapaklara gatnaşma mümkinçiligi has ýokary.
Nýu Ýorkuñ Kornell uniwersitetinden sosiolog Erin Kornwell (ABŞ-nyñ ilatyny döwlet derejesinde açyp görkezýän bir görkezijä esaslanyp) jemgyýetçilik anketasyndan 2000-2008-nji ýyllarda çykan netijeleri analiz etdi. Kornwell 35 ýaşly we 35 ýaşdan geçen sallahlaryñ goñşudyr dost-ýarlary bilen wagtyny geçirme mümkinçiliginiñ aýaly ýa-da "gezýäni" bilen ýaşaşýanlardan has ýokarydygyny anyklady. Kornwelliñ ady agzalan uniwersitetde işleýän sosiolog adamsy Benjamin Kornwelliñ muña degişli bir makalasy 2008-nji ýylda ABŞ-nyñ "Sosiologiýa" žurnalynda çykdy.
Makalanyñ awtory ýaşy ötüşen ýeke ýaşaýan sallahlaryñ we maşgalaly erkekleriñ arasyndan birnäçe tanşynyñ durmuşyna seredip, ýeke ýaşaýanlaryñ sosiallaşma mümkinçiliginiñ has köpdügini öñe sürdi.
Anketalar hem maşgalalylaryñ sallahlara görä öýde has köp wagtyny geçirýändigini görkezýär. Uly howluly jaýlarda ýaşaýanlar köplenç ýalñyz galmak üçin öz otaglaryna sümülýärler. Indi her dürli sensorly el telefonlar, kompýuterler, wideooýunlar ýa-da telewizion gepleşikler her öýde islän wagtyñ tapylyp duran zat. Häzirki wagtda öýde ýeke galmak bilen öñki döwrüñ öýde ýeke galmagynyñ arasynda dag bilen deñiz aratapawut bar. Bütin bu zatlara göz aýlanyñda, bizi birnije adamlar bilen, bilmedik zatlarymyz we pikirlerimiz bilen tanyşdyran internetiñ adamlary hakyky dostlukdan we dostana gatnaşyklardan sowaşdyrmaýandygyna düşünmek kyn däl.
Häzirki wagtda ABŞ-da 18-34 ýaş aralygyndaky 5 million adam ýeke ýaşaýar. Bu san 1950-nji ýyldaka seredende 10 esse köp. Emma ýeke ýaşaýanlaryñ köpüsi orta ýaşan adamlar. 35-64 ýaş aralygyndan 15 million adam ýeke ýaşaýar. Ýeke ýaşamagy saýlap alanlar muña köplenç nädogry adam bilen bile ýaşamagyñ sebąp bolandygyny aýtdylar.
Nýu Jersiniñ Rutgers uniwersitetinden sosiolof Debora Karryñ geçiren barlaglary aýaly ölenine 18 aý bolan uly ýaşly erkekleriñ dörtden biriniñ we aýallaryñ altydan biriniñ ikilenç durmuş gurma niýetindedigini görkezdi. Erkekleriñ üçden biri we aýallaryñ ýediden biri gelejekde kimdir biri bilen nikalaşmagy niýetine düwýär. Dört erkekden diñe buri we on bir aýaldan biri derrew nikalaşmagy isleýär. Uly ýaşly dullaryñ we aýrylyşan adamlaryñ aglabasy ýeke ýaşaýar.
Ykdysatçy Ketlin Makgerri "Girdejileri artanda we nähili ýaşajakdyklaryna degişli karar bermäge mümkinçilik tapanlarynda, bu adamlar ýeke ýaşamagy makul bilýär. Özbaşdaklygy satyn alýarlar" diýýär.
Çikagoda 1995-nji ýylda bolup geçen çendenaşa jöwzaly howada ölen ýüzlerçe adam boýunda geçirilen barlaglar saglygyny ýitiren käbir gartaşan adamlaryñ howply ýagdaýda izolirlenendigini görkezdi.
Ýewropada 2003-nji ýylda bolup geçen çendenaşa jöwzaly howada müñlerçe garry aradan çykdy. Olaryñ 65 ýaşdan ulularynyñ köpüsi uzak wagtlap ýeke ýaşan adamlardyr.
Indi jemgyýetiñ agramly bölegi ýeke ýaşamagy amatly görýär. Ýeke ýaşamagy halaýanlar munuñ üçin ummasyz pul harçlamaga kaýyl.
Köstli ykdysadyýetiñ gowy iş tapmadyk ýaşlaryñ köpüsini ene-atasynyñ ýanyna dykylmaga mejbur edendigi dogry. Emma ABŞ-da 20-29 ýaş aralygyndaky ýeke ýaşaýanlaryñ sany haýal azalyp 2007-nji ýyldaky 11,97 %-den 2011-nji ýylda 10,94%-e düşdi.
Umumy ilat boýunça alanda ýeke ýaşamak üýtgewsiz şekilde ýaýrady. ABŞ-daky soñky ilat ýazuwynyñ berýän beýannamasyna esaslanan hasaplamalara görä, häzir 32 milliondan gowrak amerikaly ýeke ýaşaýar. Bu san 2000-nji ýylda 27,2 million bolsa, 2011-nji ýylda 31 milliona geldi. Ähli maglimatlar gelejekde ýeke ýaşamagyñ kämillik ýaşyna ýetenleriñ her tapgyrynda we adamlaryñ özlerine amatly hasap eden her ýerinde hasam ýaýrajakdygyny görkezýär.
# TheNewyorkTimes/2012/02/16/
Edebi makalalar