Elektron kitaplaryñ köpelmegi adamlaryñ kitap okama pişesini düýpgöter özgerdip taşlady. Neşir işini özgerden "Kindle" we "Nook" ýaly abzallar bilen birlikde adamlaryñ neşirýat pudagyna nähili girişmelidigini öwretme işi-de bu özgeriş bilen utgaşyklydyr.
Nýu-Ýorkuñ Kolumbiýa uniwersitetinde uniwersitetiñ uçurymlaryny meýletin neşirçilik işine taýýarlamak we kitaplara serenjam bermek, satmak, sahaplamak we mahabat etmek ýaly ugurlaryñ inçe sungatyny öwredýän alty hepdelik kursda eýýäm birnäçe ýyl bäri göze görnüp duran ösüş bolmady.
Ýöne 2011-nji ýyl welin öñkülerden has üýtgeşik boldy. Şol ýyl Kolumbiýa unuwersitetiniñ neşirçilik kursuna "elektron kitap söwdasynda" ökdelemegiñ ýollaryny öwredýän neşirýat işgärleri bu barada öz ýazan makalalary bilen hem-de kitap gatyşykly we iñ täze oýlanyp tapylandygy üçin heniz ady goýulmadyk "gysga görnüşli elektron neşirçilik" hakynda nutuk sözleýän wirtual neşirýat hünärmenleri gatnaşdy.
Bu üýtgeşmeler giñ möçberli bimaksatlyk diýmegi añladýar. Ýazyjy Duglas Stewart "Işe girişmek üçin hakykatdanam ýol garañky görünýär. Hemmämiz bu pudaga höwesjeñ girmek isleýän adamlara seredip şuny oýlanýarys: Bu işiñ şugünki günde edilmegi gowy başlangyçmy ýa däl, diýseñ endişelenýäris" diýýär.
Muña garamazdan kitaplaryñ az neşir edilmegi käbir adamlary gaty bir gynandyrybam duranok.
"The New York Times" gazetiniñ baş redaktory Bill Keller ABŞ-da kitap satuwynyñ 2005-nji ýyldan bäri pese düşýändigini göz öñüne tutulanda, redaksiýanyñ işgärleriniñ kitap ýazjak bolýandygyna geñ galýandygyny aýdýar.
Keller redaksiýada işleýän kitap ýazmaga höwesek tejribeli ýaş žurnalisti baradaky gynanjyny şeýle beýan edýär:
"Hawa, ol kitap ýazybam biler. Ýöne kimdir biri muny näme üçin islesin?"
Kelleriñ kitaplaryñ barha azalmagyna bolan tamasy onuñ şahsy egoizminden ýa-da redaksiýanyñ bähbidini öñe tutmagyndan gelip çykýan bolsa gerek.
"Elbetde, kitaplary göresim geler. Emma kitaplaryñ ölümi iñ bolmanda meniñ üçin juda ajy bir hakykatyñ eminden geler: Meniñ redaksiýamda işleýän işgärler kitap ýazjak bolup azara galmaz. Işgärlerimi hökman gaýdyp alaryn!"
Jeýms Gleýkiñ makalasynda aýdylşy ýaly kitaplar ýok bolsa, olaryñ ýerini tutjak birgiden "zatlar" bar.
2011-nji ýylyñ iýun aýynda Angliýanyñ Döwlet kitaphanasynyñ adminstrasiýasy iñlis taryhynyñ fransuz rewolýusiýasyna çenli döwrüni beýan edýän 40 million kitabyny ýörite wirtual sahypa görnüşinde yzygiderli internet okyjylaryna ýetirmek üçin "Google" şereketi bilen işleşýändigini mälim edipdi.
Ýewropanyñ elektron kitaphanasy (Europeana.eu) 2010-njy ýylda 1221-nji ýyldan galan bolgar dilindäki golýazmalary we Şwed taryhyna degişli 800-nji ýyllardan galan runik ýazgylaryñ 10 milliondan gowragyny internetde goýdy.
Käbirleri internetde gerekli edebiýaty çalt tapyp bolýandygy sebäpli, ylmy barlaglaryñ pese gaçjakdygyndan gorkýar.
Iñlis taryhçysy we halk deputaty Tristram Hant 2011-nji ýylda çykan makalasynda "tehnologiýa howpuna" bolan nägileligini bildiripdi. Hantyñ pikiriçe, "hemme zady internetden tapyp bolsa, taryhyñ syrlylygy ýiter gider". Ol makalasynda "Ýazgynyñ hakyky manysy diñe şol golýazmany eliñe alanda belli bolýar" diýip ýazdy.
Isaak Nýutonuñ 1659-njy ýyldan galan ilkinji depderini görende kalbyna aralaşan ünjüsini we bilesigelijiligini ýatlaýan Gleýk welin onuñ bilen bir pikirde däl. Gleýk makalasynda "Meniñ pikirimçe, bu pikir duýguçyllykdan, hatda was-wasylykdan döreýär. Bu onuñ kitap sahypalarynyñ ysyna bolan aşa söýgüsi bilen baglanyşykly" diýip ýazdy.
Eger Kelleriñ arzuwy amala aşaýsa, köpimiz "The New York Times" gazetinde kitaplar boýunça tankydy makala ýazan Brýan Burroughyñ başyna gelenlerden halas bolarys.
Burrough agzalan makalasynda "Gowy ýazyjylaryñ köpüsi biznes dünýäsinde bolup geçen ajaýyp hekaýalary ýazmaga synanyşýar. Ýöne stolumyñ üstüni dolduryp ýatan kitaplaryñ köpüsini wagt ýitirip okanyña degenok" diýip ýazdy.