"Nýu-Ýork Taýms" ("New York Times") gazetinde çap edilen 600 sahypalyk maglumatda Ikinji jahan urşy tamamlanandan soñ amerikan gizlin gulluklary tarapyndan gözleg yglan edilen nasistlere we olaryñ soýuzdaşlaryna ABŞ-da ýaşamaga rugsat berilendigi aýdylýar.
Amerikan hökümetiniñ nasistleriñ ele salynmagyny analiz edýän habarnamasynda "Süteme uçran adamlara gaçybatalga bolmakda öwünýän Amerika zalymlaryñ sümelgesi bolmaga başlady" diýip, gynanç bilen bellenilýär.
Diñe 1979-njy ýylda ABŞ-da nasistleri ýüze çykarmak üçin Adalat ministrliginiñ garamagyndaky OSI (Office of Special Investigation) müdirliginiñ talaby boýunça taryhçylar, aklawjylar we kriminoglar tarapyndan alnyp barylan işleriñ netijesinde 10 müñe golaý nemes faşistiniñ ABŞ-da ýaşap ýörendigi anyklandy.
Hususanam, 1954-nji ýylda ABŞ-nyñ Merkezi Razwedka uprawleniýesiniñ (MRU) işgärleriniñ barypýatan nasist jenaýatkäri Adolf Eýhmanyñ kömekçisi Otto fon Bolşwinge edilen kömegiñ beýan edilýän resminamasynda "Germaniýany ýewreýlerden halas ediş" operasiýasyny taýýarlamaga gatnaşyjy Bolşwingiñ uruşdan soñky ýyllarda MRU-nyñ hasabyna işländigi aýdylýar. Dünýäni ýangyna gaplan we millionlarça adam pidalaryna getiren jahan urşy tamamlanandan soñ ABŞ-nyñ Ýaragly güýçleriniñ razwedka gullugy (Counter Intelligence Corps) tarapyndan ABŞ-na getirilen Bolşwing 1949-njy ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasynyñ ilkinji kontrrazwedka gullugynyñ düýbüni tutujy nasist ofiser Reýnhard Geleniñ ýolbaşçylyk edýän "Gelen toparyna" goşuldy. Ol munuñ yzysüre Günbatar Ýewropa ýurtlaryna kommunizmiñ aralaşmagyna garşy ABŞ-nyñ öñbaşçylygynda alnyp barylan göreşiñ esasy wekiline öwrüldi.
"Nýu Ýork Taýms" gazeti ABŞ-nyñ Adalat ministrligi tarapyndan nasistik geçmişi paş edilensoñ, 1981-nji ýylda ýurtdan deportasiýa edilmek islenen Bolşwingiñ şol ýyl 72 ýaşynda aradan çykandygyny hem ýazdy.
Habarnamada ýigrimä golaý nasistiñ adyny beren gazet Germaniýanyñ Mittelwerk ýarag zawodynyñ hojaýyny Artur Rudolfyñ hem ady agzalýar. Faşistik Germaniýada işlän alymlary bir ýere jemlemek üçin taýýarlanan "Ot operasiýasy" (“Operation Paperclip") meýilnamasynyñ çäklerinde raketa önümçiligi boýunça ökde hünärmendigi sebäpli 1945-nji ýylda ABŞ-na getirilen Rudolf birnäçe ýyl geçensoñ ABŞ-nyñ Kosmos gullugy (NASA) tarapyndan ýörite baýraga mynasyp görüldi. Rudolf Amerikanyñ "Saturn-5" raketasynyñ önümçiligini ilkinji goýan adamdyr.
ABŞ-na getirilen ýene bir meşhur nemes nasisti Werner fon Braundyr. Faşistik syýasatyñ hökmürowanlyk sürýän döwründe "Ar alyş ýaragy-2-ni" döreden Braun uruşa sebäpkär jenaýatçylaryñ oturgyjyna oturdylyp, sud edilmegiñ deregine ABŞ-na äkidildi we "Apollon" taslamasynyñ raketalaryny kämilleşdirmäge gatnaşdy.
ABŞ-da neşir edilen "Ot operasiýasy. Nasist alymlary Amerika getiren gizlin kontrrazwedka programmasy" (“Operation Paperclip: The Secret Intelligence Program that Brought Nazi Scientists to America) atly kitap ABŞ-nyñ Goranmak ministrliginiñ 1945-nji ýyldan soñ 600 müñden gowrak nemes alymlaryny nädip ýurda getirişini anyk resminamalara salgylanmak arkaly gürrüñ berýär. Amerikan žurnalistkasy Anni Ýakobseniñ ýazan bu kitabynda hut şol alymlaryñ käbiri Adolf Gitlere zarin gazyny we hyýarjymak çumany köpçülikleýin gyryş serişdesine öwürmekde ýardam edendigi aýdylýar. Şeýle-de, kitapda ABŞ-nyñ öz himiki we biologiki ýaraglaryny öndürmek hem-de howa gullugy we kosmos lukmançylygy boýunça öñe gitmek üçin "Üçünji Reýhiñ" beýni güýjüni peýdalanmak maksady bilen "Ot operasiýasynyñ" taýýarlanandygy aýdylýar.