22:54 Islendik möwsümiň hekaýaty: Boz laçyn bilen sary ýylan | |
ISLENDIK MÖWSÜMIÑ HEKAÝATY: BOZ LAÇYN BILEN SARY ÝYLAN
Goşgular
Sary ýylan ýakyp-ýandyryp barýan ýaz güneşiniň astynda, güne çoýunyp, dynç alýardy. Üstinde ýatan gaýasy bolsa Güneşiň ähli mähir-yssysyny özine siňdirip, sary ýylanyň derisine siňňinlik bilen geçirýärdi. Bulutsyz, şemalsyz, goh-galmagalsyz bir ýerde rahat süýnmek, onuň iň isleýän zatlarynyň biridi. Bu ýerde onuň ümsimligini, rahatlygyny bozup biljek hiç zat ýokdy. Garny dok, duşmany ýok bolandan soň, muňa dokuzy düzüw diýmän näme diýip bor ahyry?! Ýylan keýp çekýärkä, belent asmanda ganat ýaýyp ýören boz laçynyň gözlerine ildi. Ýyldyrym çaltlygynda aşaklygna waz ýasady. Keýp çekip ýatanam bolsa sary ýylan boz laçynyň hereketini görip, dag köwekleriniň birine sümilip ýetişdi. Boz laçyn köwegiň agzyna gelende içi ýananyň gülkisi diýilýänini edip: – Namart, meýdana çykyp çarpyşmaga derek, köwege gizlendiňmi – diýdi. Sary ýylan ýerinden arkaýyn bolansoň, oýun edip bozlaçynyň çetine degmekden çekinjegem bolmady: – Näme üçin çarpyşaýyn? Bu ýerde rahat dynç almak barka nä sebäpden, süýji janymy howp astyna salaýyn? Söweş akmaklaryň işidir! – diýeninde boz laçynyň gahardan ýaňa gözleri gyzardy. Çüňkini sary ýylanyň duran köwegine urup, jogap berdi: – Senem älem-jahanyň bütin gorkaklary ýaly söweşe akmaklyk diýýärsiň. Çünki ozal-ebetde hamyrmaýaň namartlykdan ýugurlypdyr. Ýerde süýrenip ýörmäge ram bolupsuň. Duşmanlaryňy gizlinlik bilen zäherleýäň, güýçliler bilen darkaşmaga gaýrat sende ýokdur. Diňe gara garnyň üçin gydyrdanýaň. Namys üçin söweş gurmak saňa ýat. Bu sözlerden soň sary ýylan jak-jaklap gülip başlady: – Bar öz ýoluňa akmak! Näme namys garyn doldurýarmy? Namys diýip, darkaş gurap bir gün tükge düşip, gatap galarsyň. Seň namysly bolanyňam ýetik. Men halymdan hoşnut. Boz laçyn söweşmäni üçin gahar-gazapdan ýaňa ganatlaryny pasyrdadyp, köwegiň agzyna çüňkini bat bilen urýardy: – Binamys. Gaýratyň bolsa çyk, saňa bütin dünýäni görkezeýin. Köwege girip, syparyn öýdýämiň. Seniň ýaly nije gorkaklar gördim, dag jaýryklaryna, köweklere bukulan.. Olaryň hemmesiniňem, soňunda her parçasy gulaklarym ýaly boldy. Sary ýylan bu atylýan haýbatlara gülip jogap berýärdi. Boz laçyn bolsa gahardan ýaňa dälirän ýalydy. Köwegiň agzyna topulup-topulup gidýärdi, her topulanda-da bir bölejigini goparýardy. Ýylan birden gorkudan saňňyldap başlady. Beýdip köwegiň agzy ulalyberse boz laçyn girip ony parçalajakdy. Oýun eden bolmagyň peýdasyzdygyna düşinip, hilegärlik ulanyp görmegi ýüregine düwdi: – Mähribanym, sen ýöne ýere gaharlanýarsyň. Bu köwege girmegimiň sebäbi senden gorkanym üçin däl ahyry. Gel ikimiz güýç synanşaly. Meselem, ilki, kim şu dagyň depesine çykmaşak edeli. Boz laçyn bu sözlere asla garaşmandy. Gahardan pel-pelleýän ganatlary ýatyşyp, gözleri gahardan däl, haýran galmakdan tegelendi: – Ýaryşalymy?.. Senmi meň bilen ýaryşjagam? Sen nädip ýaryşjak meň bilen? – diýip, bir giden soraglary yzly-yzyna suňşurdy. Sary ýylan syrtaryp: – Howa seniň bilen ýaryşjak. Şu dagyň depesine kim ilki çykmaşak.. Neneň? Razymyň? Sary ýylan ýaryşda ýeňiläýende-de käbir zatlary wada bermäge niýetlendi. Ýöne ol muňa ýetişmedi. Boz laçyn bolgusuz lakgyllaşmadan şeýle bir ýadapdy, göge tarap uçmakda ýaryşmagyň begenjinden ýaňa şeýle diýdi: – Hany, çyk. Saňa dyrnagymam batyrmaryn. Sen dagyň depesine çykýançaň, men ol ýere näçe gezek, münip-düşenimi hasaplamak isleýärin. Sary ýylan boz laçynyň söziniň eýesidigini bilýärdi, köwekden süýnip-sarkyp çykdy. Deňme-deň durdular. Sary ýylan heniz bir, iki diýip, üç diýip-diýmänkä, bar güýji bilen öňe okduryldy. Boz laçynam göge ok bolup atyldy. Howa şemalsyz hem yssy bolansoň, saga-sola öwrilmän ýol öndirýärdi. Boz laçyn bolsa her pursatda ägä bolup ganat ýaýyp barýardy. Birnäçe menzil ýokardaky agaçlykda höwirtge gurnan gargalar bir boz laçynyň özlerine tarap gelýändigini görip, çagalaryny goramak üçin oňa tarap ganat ýaýdylar. Boz laçyn ýoluny dowam edenliginde, gargalar onuň yzyna eýeribem biljek däldiler. Ýöne ol özine sürinýän duşmanlaryny ahmal etmez. Yzyna aýlanyp, garga sürisine topuldy. Bir az wagt garpyşdylar. Çüňkidir ganatlary bilen birentegini yza serpikdirdi. Beýlekiler gaçdylar. Keýp bilen ýene-de ýokarlygna atyldy. Boz laçyn gargalar bilen çarpyşýarka, sary ýylan süýrenip daga dyrmaşýardy. Ýolda uklap ýatan kirpini ses-selemsiz çakyp, ýoluny dowam etdi. Edil şo pursatda belent asmanda pel-pelleýän Akşuñkar ony görip depesinden şaglap gaýytdy. Bu gezek sümüläýer ýaly deşigem ýokdy. Ýalançylyk bilen halas bolsa-ha bolany, ýogsa-da.... Ak şuñkar oňa golaýlap gelýärkä sesinde baryny edip: – Dur Akşuñkar doganym, dur! Menem seň ýanyňa gelýärdim. Boz laçyn seniň tepbediňi okamaga gelýär. Seretsene, bu ýere ýetinçäm neneň ýadadym! – diýdi. Ak şuñkar jogaba derek, boz laçyny görip oňa tarap atyldy. Boz laçynam namysjaň duşmanyny görip, ýaryşdan el çekip, oňa ýöneldi. Ah, söweş serhoşlugy... Iki güýçli duşman gazap bilen uruşýardy. Howanyň ýüzinde inçejik çyzyklar çyzyp, soň bat bilen biri-birine tarap atylýarlardy, penjeleri bilen urup, çüňleri bilen bir-birlerini ýolmalaşyp, uçuşlaryny peseltmäge çalyşýarlardy. Ýylan bir pursat garpyşyga tomaşa kyldy. Munuň uzak wagtlap dowam etjekdigi hakda düw-dagynak pikirleriň ummanyna çümdi-de daga dyrmaşmaga başlady. Uruş sary ýylanyň çak edişindenem uzak dowam etdi. Boz laçyn hem ganatyndan, hem döşinden ýaralanypdy. Ýöne şonda-da Akşuñkar ýeňip, galmaz edipdi. Ýiti gözleri bilen daga tarap nazar aýlady. Ýylanyň özinden öňdedigini görninde öňe tarap ganat ýaýmak isledi. Emma ýaralanany üçin öňkisi ýaly ganat ýaýyp bilmeýärdi, ýöne şonda-da ýylan süýrenip depä çykýança arkaýyn bäş-on gezek münip-düşip biljekdi. Bir-iki gezek ganatlaryny ýumup-açanda sary ýylanyň deňine ýetdi we deňesinden geçip barýarka: – Gargalar bilen ak şuñkar bilen garpyşanym üçin gijikdim, ýogsam bu çaka çenli depä iki gezek münip-düşýärdim! – diýeninde, ýylan demi-demine ýetmän jogap berdi: – Näme diňe sen uruşdyňmy. Men ýolda kirpi bilen garpyşyp ony saň gaty etdim. Şaglap barýan boz laçynyň gulagyna bu sözler ilmedem. Dagyň depesine golaýlapdy. Ýöne ol ýerde mesgen tutan gara bürgüt bir nätanyşyň gelenini görip, ýolunda keserdi. Boz laçynyň kellesi ýeňiş serhoşlugyndan sämeýärdi. Özinden ejizleri hem özi bilen deň bolany ýeňipdi. Indi özinden has zor biri bilen güýç synanşjakdy. Eý, Hudaý!... hiç hili serpaýa garaşmazdan söweşip ýeňmekdäki şan-şöhrat küýseginde neneňsi gudrat bar?! Boz laçyn çarpyşmakdan boýun towlamady. Ýaraly bolsa-da bürgüdiň urgysyna urgy bilen jogap berdi. Howada batly-batly ganat sesleri eşdilýärdi. Kuwwatly ganatlardan howalanýan bu ses, dagyň iň belent ýerlerinde öwüsýän şemalyň sesi bilen meňzeşdi. Sary ýylan barha gyzyşyp ýokarlygyna barşyna, howanyň sowaýandygyny duýdy. Şemal ony aşaklygyna zyňaýjak- zyňaýjak bolýardy. Bir pursat içinden: – “Bürgütler, şuñkarlar, laçynlar munuň ýaly belent ýerlerde neneň ýürek edip ýaşaýarkalar” – diýen ýaly pikirler gelip-geçdi. Bularyň ýaşaýyşy müşgil uruşlardan ybaratdy. Ýiti göz, güýçli ganat, ýyrtyjy penjeler gerekdi. Bularyň birden biri gowşagrak bolsa ömriň söňky nokadyny goýup biljekdi. Ýylan döşini gabartdy. Öz-özinden monça boldy. Ynha, dagyň depesine ýakynlaşypdy. Dik depesinde darkaş gurýan iki ýyrtyja nazar aýlady. Neneň beýle söweşýärledi. Bularyň zäheri ýokdy, gaçmak hakda bolsa pikirem etmeýärdiler. Hilegärlik etmeýärdiler. Yza öwrilmekleriniň özem bat almak üçindi. Biri-birlerine tarap okdurylyşlary, uruşlary hat-da seredişlerem, sary ýylana şeýlebir keýp beripdi welin, ýerde süýrenmek üçin ýaradylandygyny hem unudyp, edil şolar ýaly uçup urşa goşulmak üçin, bar güýji we ýyndamlygy bilen howa atyldy. Eý-ho!.. ýerden diňe bir garyş göterilip bilipdi we ähli agramy bilen ýene topraga gaçypdy. Ilki- hä gynanan ýalam boldy. Soňundanam bolgusyz pelsepelerini bir ýere toplap şeýle pikirleri aňynda aýlady: – Uçup, darkaş gurmak nämäň alyndan?!. Ine, häzir biri öler. Beýlekinem ýene bir gün başga biri öldirer. Mydama gopgun, mydama howp-hatar näme üçin? Men öz dünýämde şeýlebir rahat ýaşaýan. Duşmanymy bukdaklap, gizlin zäherleýän. Öldirýän. Eger esasy zat belende çykmak bolsa, bozdogany hem geçip belende çykdym. Çyndanam, sary ýylan dagyň edil üstindäki gaýaň depesine çenli çykypdy. Şol wagt gara bürgüt bilen bozdoganyň urşy tamamlanyp barýardy. Söweş gara bürgüdiň ýeňşi bilen tamamlandy. Boz laçynyñ bir ganady döwilip, bir gözi bolsa ýumulup, endam-janyndan gan syrygyp, barha aşak düşýärdi. Sary ýylan keýplidi. Ýeňişine begenjinden ýaňa, bozdogana sesinde baryny edip bagyrdy: – Ýaryşda ýeňdim. Senden öň bu ýere geldim. Men senden belentde-e! Boz laçyn ajy sesi bilen gülip, şeýle jogap berdi: – Süýrenip çykmak, beýgelmek diýmek däldir. Sen näçe ýokary galsaňam, ýene pesdesiň. Men aşak düşýärkämem belentde. Sen ýylan ýaly ýokaryk galdyň. Men laçyn ýaly aşak gaýdýaryn. Nihal ATSYZ. Terjime eden: Nureddin KESEARKAÇLY. | |
|
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |